19:12 Nar bişende / hekaýa | |
NAR BIŞENDE
Hekaýalar
Güýzüň soňky aýlarydy. Dumly-duşda baldagyndan tänip düşen sary ýapraklar üstli-üstüne düşüp ýeri bagyrtlap ýatyrdy. Olar ýere düşmezden ozal az wagtlygam bolsa al howada adaja öwüsýän şemalyň ugruna iki-baka çaýkanyp, täsin bir üýtgeşik hereketler edýärdi. Bu ýagdaý zemine güýzüň düşendiginiň täsiridi. Jülgäniň ugrundaky hersi goşa ýumruk mysaly gyzaryşyp duran enarlaryň agramyna bolsa barly agaçlaň baldaklary ýere degsem-degsem diýýärdi. Döwletgeldi bagşynyň aýdymynda wasp edilişi ýaly, ýokarsy Daýna ýetýän gözel Sumbaryň säher dogan Günüň symgylt şöhlesine-de bulduraşyp duran narlar göreniň gözüni gamaşdyrýardy. Taýagatym beýleräkde bolsa obaň gelin-gyzlary toparlanyşyp, nar ýygýardy. Başlaryna ak ýaglyk daňynan ýygymçy gyzlardan biriniň has-da keýpiçagdy, alçakdy, nar ýygyp ýörşüne her tüýsli gep tapyp, deň-duşlarynyň armasyny ýetirýän ýalydy. Ol gyz „wäşi“ lakamly Umsagüldi. - Gyzlar, meniň Bekgimi görmediňizmi? –diýip, şo mahal Täji eje adamsyny gözläp ýörenini aýtdy.Umsagül wäşä-de gep gerek. --Seň Bekgi burnuň ýaňam şu taýdady-la gyz, burnuny göterip bilmän bir ýerlerik ýykylan bolsa näbilýäň--diýdi. Muňa gyz-gelinler pyňk-da-pyňk boluşdylar, ýöne gaty gülmejek bolup zordan saklandylar. Täji eje bu ýerde eglenmändi, asyl Umsagülüň näme diýýänine gulagam asmandy, şol gelşine günortana golaý turýan tüweleý ýaly olaryň duşundan şabyrt edip geçip gitdi. --Umsagül. Sen gyz, Täji eje göwnüne alar hem öýtmediň-le. Gaty görmez öýdýäňmi? --Men näme edipdirin?! Eýse, adamsynyň durşuna burun bolup durany ýalanmy? Il-günem oňa ýöne ýere Bekgi burun diýýän däldir-ä. Ýogsa-da onuň äpet burnunyň barlygyndan Togta eje bihabarmy? --Bir zady hergiz unutma, gyzym.--Bu gürrüňleri boýdan-başa diňläp oturan Akjagül eje torbaly naryny gapdalynda goýansoň gürledi.--Kele kel, kere ker ýa bolmasa köre kör, agzaga agsak diýseň, halanmaz balam, gaty görerler. --Akjagül eje, Bekgiň burunlak adamdygy ýalanmy, ony hemmelerem bilýä. -- „Ýigit gowusy burunlak hem erinlek“ diýilýändir. Iliň ýetip bilmeýän zady ol. A sen bolsaň... Aslynda her kesiň öz ata-enesiniň dakan çyn ady tutulsa ýagşy. Ynha, saňa-da „wäşä“ derek „ýaňra“ lakamyny daksalar halarmyň? Halamarsyň. „Ody özüňe bas, ötmese kesekä“ diýlendir. Şondan soň hiç kesden ses çykmady. Togta eje-de gaýdyp geplemedi, Umsagülem. Gyzlar nar ýygmagyny dowam etdirdi. Bir görseler Täji eje-de olaryň ýakynynda nar ýygyp ýör. Ylla hiç zat bolmadyk ýaly, onuň şol bir parahatlygydy. Gyzlaryň elleri biri-birinden çalasyn işleýärdi. Olar üýşüp bir agajyň daşyna aýlandyklary bes, derhal şol agajy saplardylar. Günortan arakesmesine çykylýança gaýraky narly mellegi doly boldum etdiler. Ýygymçy gyzlaryň biriniň mydama gülüp duran ýüzi beýleki gyzlara meňzemeýän mawymtyl gözleri, ýakup gaşlary, ýüzüne gelşip duran burnunyň çep ýanynda owunjak goşa haly bardy. Al ýaňagy enarydy. Adynyň Narmeňli dakylmagam meger şonuň üçin bolmaly. Şol belligem ony bir-birine meňzeş geýnen, al-ýaşyl lybasa bürenen gyz-gelinlerden parhlandyrýardy. Narmeňli dymmady, aşa dymma hem gowy görülýän häsiýet däldi. Dogry, degişmäni ol hem gowy görerdi. Ýöne beýleki boýdaşlary onuň ine-gana jak-jaklap gülen wagtyna gabat gelmändi. Birentek degişmäni şol günüň ertesi ýadyna salybam ýylgyrardy. Gül ysyn herýan saçyp, iýmişe baý deräniň deňine gelip ulagdan düşen ýaş ýigidiň bu ýerdäki jana lezzet berýän, çeşme suwundan ganan nar agaçlarynyň köplügini görüp göwni galkynjyrady. Aýy dere hatar-hatar bagly-bakjaly, iýmişleň seresi bolan naryň, injir-hozuň hem-de gelin barmak üzümdir üljeleriň bol bitýän ýeridi. Ol göni gyzlaryň köplük bolup duran ýerine gaýtdy. Bu gelen Şadyýandy. Şadyýan oba Medeniýet öýünde işleýärdi. Ol birki ýyllykda Medeniýet institutyny tamamlap gelipdi. Onuň aýdýan aýdymlarynyň muşdaklary kändi. Ol toparlanyşyp nar ýygýan gyzlara has golaý geldi. Soňam açyk dury ses bilen: --Armaň gyzlar!--diýdi. Ýigidiň „Armaň gyzlar!“ diýen sesi ylla öň eşidilmedik aýdym ýaly: „Salam diýseň salam diýip, jogabyny beren daglarda“ ýaňlanyp has-da owazly eşidildi. Oňa ähli gyz dilleşen ýaly: --Bar boluň oglan, özüňizem armaň!--diýip hor bolup jogap berdiler. --Aý, oglan, sen nar ýygmaga kömekleşmäge geldiňmi ýa-da bize aýdym aýdyp bermäge?--Umsagül onuň Narmeňli bilen halaşýanlygyndan habarlydy. Şonuň üçinem hemmeden öň ony utandyrmak isledi. Gyzlaryň ýüzüne ýylgyrjaklap duran Şadyýan: --Aslynda-ha işlemäge geldim, isleseňiz soňundan aýdymam aýdyp bererdim—diýdi. --Bolýar, Şadyýan. Işiň ahyrynda seniň aýdymlaryňy diňläris. Sözmi? --Söz. --Eşitdiňizmi, gyzlar! Işden soň hiç ýana butnamaly däl. Şadyýanyň aýdymlaryny diňlemän gaýtmarys. Şadyýan assyrynlyk bilen Narmeňlini synlady.Onuň bilen gürleşmek isledi. Ýöne töwerekdäki gözlerden, aýratyn-da Umsagülüň kakdyrmasyndan soň bu pälinden gaýtdy. Birsellem der döküp işledi. Garrylar bu ýeriň dagy-düzi, depesi-oýy Magtymguly şahyryň torç eden ýerleri bolmaly diýýädiler. Şonuň üçinem bu ýeriň dagy-daşydyr gojaman çynary hem oňa şahyryň juwanlygynda yşgyň peşine düşüp, ençeme eser döreden Meňli gyzynyň nurana keşbini özünde saklan ýaly syrly bolup görünýärdi. Göýä, ol çynarlara dil bitip,“Meňli jan, meniň duýgymam sende söýgimem. Nädeýin, näler urunsamam döwran bize dönmedi. Ýaşlygyň dolanmajagyna, geçene gaýdyp gelmek ýokdugyna gözüm ýetip dur.Ýöne, sen meniň ýaşlygymsyň, sen meniň elýetmez bagtym-çyragymsyň. Yşgyň maňa ömürboýy zynat berdi hem güýç-kuwwat berdi“ diýjek ýalydy. Basym arakesmä çykyldy. Gülüstan ejäniň taýýarlan günortanlyk naharyndan üýşüp iýdiler, çaý demlendiler. Çaý-nahardan boldum edilensoň Möwsüm aga toý töwirini galdyrdy. Şadyýan ýassygyna gyşaryp oturan ýaşula ýüzlendi. --Möwsüm aga, siz o gün naryň rowaýatyny gürrüň berjek diýip söz beripdiňiz. Ynha, şu mahal tüýs wagty. Eger-de... Möwsüm aga dikelip jaýlaşykly oturýança gyz-gelinler onuň daşyna halka boldular. Narmeňlem gelip olara golaý ýerde oturdy. --Dogry, balalarym, söz beripdim--diýip, Möwsüm aga gürrüňine başlady.--Men bu gürrüňi garry atamdan eşidipdim. Olam öz atasyndan eşiden eken. Gadym wagtlarda şu görýän beýik bir depeleriňiziň biriniň üstünde belent diwarly gala bolup, onuň daş-töwereginde ýaşyl baga bürenip oturan uly şäher ýaýylyp ýatan eken. Galada kyrk gyzly bir şa ýaşapdyr. Şa parasatly, adyl-adalatly bolansoň onuň saýasynda ilat bagtyýar ýaşaýar eken. Patyşanyň akylly, görmegeý, mert hem edermen gyzlarynyň at-owazasy dünýä ýaýrapdyr. Haýsydyr bir döwletiň hany bu ýerdäki gyzlar barada eşidip, bu ýeri eýelemegiň, gyzlary ele salmagyň küýüne düşüpdir. Duşman tüweleý ýaly hüjüm edipdir, galada gizlenen adamlar duşmana berk gaýtawul bermegi başarypdyr. Muňa hanyň gahary gelip, goşunyna galany bütinleý ýumurmagy buýrupdyr. Gala barýan suwy bütinleý kesdiripdir. Galadakylar şonda-da per bermändirler. Aldym-berdimli söweşlerde galadaky erkek ugry şehit düşüp, dine aýal-gyzlar, çagalar galypdyr. Şanyň gyzlary erkek lybasyny geýip mertlerçe söweşipdirler. Han olardan galany açmagy, boýun egseler olara rehimdarlyk ediljegini aýdypdyr. Gyzlar welin duşmana boýun egenden janlaryndan geçenlerini gowy görüpdirler. Gündiz söweşip, gijelerine galanyň diwaryny galdyryp, depesine çenli ýapmagy başarypdyrlar. Ahyry gahar-gazaba münen hana täzeden güýç toplap galany bütinleý tekizlemek başardypdyr. Deň bolmadyk söweşde şa gyzlarynyň ählisi-de mertlerçe wepat bolupdyr. Möwsüm aga çaýyndan birki gaýta owurtlady. Gelin-gyzlardan ses-seda çykmady. Her kes gürrüňiň yzyna diň salyp otyrdy. Möwsüm aga şondan soň ýene-de hekaýatyny dowam etdirdi: -- Şondan soň bir günden bir gün nähak gan dökülen şol garry galanyň ortasyndan üýtgeşik bir gudratly agaç gögeripdir. Ol soňra gülläp, miwe getiripdir. Miweleriň hersi ýumruk ýalymyşyn, özem gyz ýaňakly, depesindäki ýiti uçly iňňejikleri şalaryň başyna geýýän altyn täjine meňzese, gyzyl gabygy, onuň içindäki gyzyl-ala şireli dänejikleri göýä gymmat bahaly daşjagazlar deýin bir-biri bilen örän çalymdaşlygy hem jebisligi adamlara dogumly hem gaýduwsyz kyrk gyzy ýatladypdyr. Şonuň üçin hem kyrk gyzyň hormatyna gyzyl reňkli bu miweli ösümlige nar diýip at beripdirler. Nar ekýän hojalyklaryň häzirki güne çenli hasyl ýygnalýan mahallarynda her öýe bir çanak nar paýlap, nar agajyny mukaddes saýmaklary-da şo-ondan galypdyr diýýärler -- diýip, Möwsüm aga sözüni tamamlady-da, taýagatym ýerde buýsançly başyny belent tutup, bilmen niçe ýaşlaryndaky pälwan sypatly daglary seleňläp oturan Garrygala bakan nazar aýlady. Hiç kesden ses-seda çykmady. Möwsüm aga-da, Umsagül wäşi-de şondan soň gürlemedi. Bu gussaly gürrüňden soň Şadyýan hem aýdym aýtmagy ýerliksiz hasaplady, aýdym diňlemäge höwes edenem bolmady... Ondan bäri aý aýlanyp ýyllar geçip gitdi. Naryň emele gelşi hakyndaky Möwsüm aganyň gürrüň beren hekaýaty welin heniz-henizlerem dilden-dile geçip, il arasynda ýaşap ýör. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |