15:23 Nasist jemagaty | |
NASIST JEMAGATY
Publisistika
Paul Şefer Şneýder (1921-2010)… Nemes antikommunisti, ruhany. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän Ýaş ýigitleriñ hristian assosiasiýasynyñ (YMCA, ИМКА, от англ. Young Men’s Christian Association — «Юношеская христианская ассоциация») agzasydy. Gözünde näsazlyk bolandygy üçin Ikinji jahan urşunda fronta gatnaşmady. Fransiýada gospitalda işledi. Uruşdan soñ ABŞ-nyñ Azat ýewangelistler buthanasynyñ garamagynda gezende wagyzçy bolup işledi. Diñleýjileriniñ artmagy bilen 1953-nji ýylda Çagalar we ýetimler öýüni gurdy. Iki ýaş ýigdekçäni zorlumakda aýyplanyp, tussag astyna almak hakda karar çykaryldy. Germaniýanyñ Çilidäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniñ kömek etmeginde ýurduna gaçyp geldi. Hökümet başyndaky konserwatiw Prezident Horhe Alessandri Rodriges “Dignidad Rahman” lagerini gurmak üçin Parral şäheriniñ golaýynda 4 müñ 400 gektarlyk ýeri almaga rugsat berdi. Jemagatyñ agzalary 1963-nji ýyldan başlap şol ýerik göçüp geldiler. Germaniýadan gaçan nasist lukman Ýozef Mengeläniñ käbir gizlin barlaglaryny bu ýerde geçirendigi üçin lagere "Nasist koloniýasy" diýilmäge başlandy! Koloniýada çagalar ene-atalaryndan aýry jaýda saklanýardy. Çünki Şefer çagalar bilen jynsy gatnaşyga girýärdi! Çagalardan Wolfgang Kneese we Hartmut Hoop 1966-njy ýylda koloniýadan gaçyp, hakykatlary Germaniýanyñ Çilidäki ilçisine gürrüñ berdi. Emma hökümet Şeferiñ towugyna tok diýmedi, çünki gerimi barha giñeýän sosialistleriñ häkimiýet başyna geçme ähtimallygy güýjeýärdi, şonuñ üçinem Germaniýadan gizlinlikde ýarag getirýän antikommunist Şefere zerurlyk duýýardy! • GLADIO ZORLUGY Sosialist Salwador Alýende, 1970-nji ýylda hökümet başyna gelenden soñ Şefere we onuñ koloniýasyna garşy herekete geçdi. Konserwatiw sudýalaryñ köplük edýän sudlary Şeferiñ tarapyny çaldy. Şol ikiarada... Alýendäniñ hökümetinden birahat bolan ABŞ-nyñ MRU-si (CIA) Şefer bilen nasist gaçgagy Walter Tiemäniñ ogly "Watan we azatlyk" hereketiniñ lideri Roberto Tieme Şirsandy bir ýere jemledi. Maksat - Alýendäni agdarjak döwlet agdarlyşygyna şert döretjek Gladio operasiýalaryny geçirmek! Bet pygyllaryny-da amala aşyrdylar: Alýende öldürilip, döwlet agdarylyşygy bolup geçdi. Yzyndan "Dignidad Rahman" nasist koloniýasy agdarlyşykçylaryñ tussag edilenleri gynaýan we öldürýän merkezleriniñ birine öwrüldi. "Mon Pelerin"-iñ agzasy F.Haýekdir M.Friedmanyñ okuwyndan geçen çilili baý maşgalalaryñ "Çikagoly oglanlar" ady berilen pulçy ykdysatçylary ýurtda neoliberalizmi gurmak üçin ýeñlerini çermäp işe girişdiler. Ýagny, nasist gaçgaklary bilen "azatlykçy" diýilýän neoliberalizm dil birikdirdi... Agdarlyşykçy Augusto Pinoçet ilkinji nobatda nasist koloniýasyna bardy. Şefer täze arkadagy Pinoçete "Mercedes limuzin" gulluk awtoulagyny sowgat etdi. Şeýle-de, Şefer Çiliniñ Gizlin gullugynyñ (DINA) hormatly ýolbaşçylygyna saýlandy. Öwezine Çilide altyn we uran gazmaga hukuk gazandy. Faşist Tieme bolsa Pinoçetiñ gyzyna öýlendi... 1990-njy ýylda Pinoçet häkimiýetden çetleşdirilensen soñ, Şefer azyndan 26 sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagany zorlamakda we 20 sany başga jenaýatda aýyplandy. Gaçdy, bukuldy, emma ele düşdi. "Santýago de Çili" türmesinde öldi... “Dignidad Rahman” lageriniñ ady üýtgedilip, “Villa Baviera” edildi we ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin ekzamenlere taýýarlanýan abuturientleriñ bolýan ýerine öwrüldi. Bir mahallar gabahatlygyñ mekany bolan bu lagere aram-aram turistik syýahatlar gurnalýar. Geleliñ, esasy gürrüñimize: • SOSIALIST ŞEMALLARY 2021-nji ýylyñ 19-njy dekabry. Gabriel Borikiñ ýolbaşçylygynda çepçi front Çilide häkimiýet başyna geldi. Ýagny, Salwador Alýende üstünlik gazandy. Ýagny, jemgyýetçilik üstün çykdy. Ýagny, Pinochet ýeñildi. Ýagny, neoliberalizm ýeñildi. Ýagny, aslynda ABŞ-nyñ MRU-si ýeñildi. Çili sosializmi şirin janyny orta goýup göreşen elli ýyllyk göreşinde ýeñiş gazandy. Diñe Çili däl... Amerika yklymyndan jümle-jahana sosialist tolkun ýaýylýar. MRU ne ganlary dökdi, ne hasratlary başdan geçirtdi, barybir sosialist şemaly togtadyp bilmedi: Nikaraguada Daniel Orteganyñ ýolbaşçylygyndaky sandinistler-de ýeñiş gazandy… Boliwiýada Ewo Moralesiñ oruntutary Luis Arse hem ýeñiş gazandy… Peruda Pedro Kastillo hem ýeñiş gazandy… Şeýle-de: Sosialist Andres Manuel Lopez Obrador eýýäm üç ýyl bäri Meksikada häkimiýet başynda… Peronist Alberto Fernandez hem eýýäm iki ýyl bäri Argentinada häkimiýet başynda… Çepçi Karlos Alwarado Kesada hem eýýäm üç ýyl bäri Kosta Rikada häkimiýet başynda… Ýurdunyñ ilkinji zenan Prezidenti boljak Iris Siomara Kastro öñümizdäki ýanwar aýynda Gondurasda iş başyna geçmeli... Ekwadorda çepçiler ýeñiş gazanmanyñ bäri ýanyndan gaýtdy. Braziliýada öñümizdäki ýyl geçiriljek saýlawlarda sosialistleriñ ýeñiş gazanyp, häkimiýet başyna geçmegine uly umyt bilen garaşylýar. Nebitine, altynyna ABŞ-nyñ çökmegine ýol bermändigi üçin embargo arkaly ýok edilmek islenen Wenesuela aýak direýär. Edil Kuba ýaly... Ýeri: JHP başlyklaýyn, türk çepçileriniñ şu zatlardan ders alma niýeti ýokmuka? 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabrynda bolup geçen harby agdarlyşykdan soñ boýnumyza dakylan neoliberalizmiñ indiden beýläk ýykylyp ýok edilmegi gerek dälmikä? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |