15:08 Nätanyş / hekaýa | |
NÄTANYŞ
Hekaýalar
Motor üzüm dalbarynyň deňesinde togtasa-da üstündäki adam düşmedi. Aýagyny ýere diräp, elini ruldan aýyrdy. Gerinýän ýaly eginlerini ýazyp dikeldi. Soňra ýaltalyk bilen üç gat jaýa tarap seretdi. Gabadyndaky eýwanyň gapysynyň öňündäki tagta tekjännň üstüňi syryp ýören aýalyň bäri bakaryna garaşdy. Gymyldaman oturşyna: — Daýza, salawmaleýkim — diýip gygyrdy. — Şu Nurylaň öýümikä? — Hawa, şüý-ä Nurylaň öýi. Aýal elindäki sübsäni ýere urman motorla biynjalyk garap durdy. Nätanyş haýal-ýagallyk bilen motordan düşdi. Jalbarynyň gumuny kakdy. Üsti-başyna serenjam berenden soň, dalbara bakan gaýtdy. Ädim urşy haýaldy. Garnyna agram düşendenmi, biraz sojap dem alýardy. Tozandan ýaňa garaýagyz etlek ýüzi çaňjaryp, ony hasam ýadaw görkezýärdi. Ol golaýa geleni bilen garşysynda duran aýalyň ýüzüne garamady. Öňden gelip ýören tanyş dek göni bardy-da tekjäniň gyrasynda aýagyny sallap oturdy. Tebsiräp duran galyň dodaklaryny saralan iri dişleri bilen iki-üç öwre gazap gyzartdy. Soňam: — Hany, bir kürşge suw alsana, daýza — diýdi. Ol doly kürşgäni üç owurtda başyna çekdi. Ynjalyp uludan demini aldy. Dodaklaryny lezzet bilen şapbyldatdy. Kürüşgäniň sapy bilen gönümel burnunyň çep taýyny gazady: — Daýza, sen Nuryň ejesi bolmalymy? — Hawa, ejesi. Size kim diýýärler? — Maňamy? Maň-a gurluşygyň proraby diýýärler, daýza. Seň ogluň meň elimde praktika geçýä. Me, kürüşgäňi bir al. Suwuňuz-a süýji ekeni, çeşmäňki öýdýän. — Ahmal. — Daýza, bu gün bi Nurudan derek bolmady-la? — Ol-a nähoşlady. Nätanyş bu jogaby büs|-bütin perwaýsyz garşylady. Kemteresinden iki ädim gapdalynda duran aýalyň ýüzüne-de garamady. — Be, nähoşlaýdy diýsene. Ol bu sözleri göz-görtele ynamsyzlyk äheňinde aýtdy. Nätanşyň bolşy şu mahala deňiç Jemaly geňirgendiren bolsa, indi onuň biraz gaharyny getirip başlansoň, olam bilgeşläňe nygtady. — Hawa, şol-a ňähoşlady. — Ol-aýt, düýnem-ä sagdy. — Düýn sagam bolsa, şu gün nähoş-da. Özem dogtora gitdi, häzirem gelmeli, oturyberiň. Jemal sübsäni gahar bilen gapdala zyňyp, öňi aýnaly eýwana girdi. Nätanyş başyny galdyrmasa-da, ýaňsyly ýylgyryp, aýalyň hereketine göwnüýetmezlik edýändigini duýdurdy. Geplemedi. Eýwandan gap-gaçlaryň şakyrdysy eşidildi. Nätanyş esli garaşdy, Jemal daş çykmady, eýwanda güýmendi. Ahyry ol: — Daýza — diýip gygyrdy. — Sen maňa gahar etme-de, gel, gowusy, habarymy al. Men göwün diýen habar bilen gelmedim. Eýwandaky şýakyrdy bada-bat galdy. Jemal dessine bosaganyň öňünde peýda boldy. Ol indi tünňerip oturan adama gorky bilen seretdi. — O nähiln habar? — Düýn biziň pistoletimiz ogurlandy. Şony, daýza, seň ogluňdan başga alan adam ýok. Bi günki ýaramok diýmesem, işde görünmejek bolup tapan bahanasy bolmaly. Jemal gyssandy: — Ol-a uzak gnje tamdyr ýaly gyzyp çykdy, indi sizem utanman ynanmazlyk edýäňizmi? — Men näme üçin utanmalydygymy bilemok. Oň gyzdyranyny görmesem, eşitmesem... — Siz maňa bir ynanmaly ahyry. Men Nuryň ejesi. Uzynly gije kirpikli gözümi çalman çykdym. Eger muňa-da ynanmasaňyz baryň gidiň, dogtordan soraň. Hol-ha, ulagyňyz ýanyňyzda, wagt ýitirip oturman. Weý, adam pakyr ýaşap ýörse her zada duşjak ekeni. Onsoňam nireden bilip aýdýaňyz, ýa Nuryň ogurlanyny gözüňiz bilen gördüňizmi? Gören bolsaňyz şo mahal tutmaly ekeniňiz-dä. Nätanyş howlukmady, öňküsi ýaly haýal-ýagallyga saldy: — Daýza, galmagal derkar däl. Biz köp zady bilýäs. Biziň üçin görmek hökmanam däldir, şuny bek bellegin. Oň üçinem ganymyzy gyzdyrman, gel, akylly-başly gürleşeli. Siziň ýagdaýyňyzy bilemsoň, öňürti ile duýdurman özüm geldim. Düşün ahyry, daýza! Milisiýa iberlen bolsa-da bolardy. Etmedim, sebäp ýagdaýyňyzy bilýän. Adamyňyzyň ölendenem habarly. Nuryň gazanjyna garaşýanyňyzam bilýän. Bizem adam ahyry, daýza. Praktikasyny abraý bilen gutarsa, hä diýmän ogluňyz ekzamene barar. Aňyrsy iki-üç aýdanam allanäme hünäriň eýesi bolar, walla! Pol edip dünýäň gazanjyny alar. Ýene bir zat aýdaýyn. Biziň berýän pulumyzça, hol, alymsumaklaram alyp bilýän däldir. Ynha, geçen aýda biri üç ýüz elli manat aýlyk aldy. Üç ýüz elli manat! Gaty uly pul! Gapdalynyň gyrp-çyrpyny nätjek! O sebäplem, daýza, häzir seň ogluňa abraý gerek. Şu habary alagadan uçilişä ýetiräýsem, näderler? Ogluňy bir minudam goýmazlar, kowarlar. Dur, daýza, sen gepiňi soň aýt, häzir maňa gulak as. Gel, gowusy, döwletli bir maslahat edeli. Bildirmedejik pistoleti maňa çykaryp ber, menem adam ogluna görkezmän alyp gideýin. Soň gepem bolmaz, gürrünem, ant içýän. Jemaz özüne ýaltalyk bilen irginsiz garaýan kirpikmen gözlere gorka seredip jibrindi: — Bolmadyk zady men nireden bereýin. Nuryjan pistoleti başyna ýapsynmy?! Nätanyş lezzet bilen başyny ýaýkady: — Oh-ow, daýza, beý diýmäweri. Pistolet bilen köp zat edip bolýandyr. Şoň bilen ataýmasaň, ol galyň betony deşip bolýamy näme! Jemal ýaýdanmaç dymdy. Bu oturan nätanyşa egilşik etdigiň Nura ýöňkelýän günäni boýun almak bolar. Ýok, boýun almak ejizligi aňladar. Nätanyş ondan diňe ejizlige garaşýar, şonuň üçinem ol iňňän arkaýyn. Gözi bilen görmese, ogly hakdaky aýdylan ýakymsyz habara Jemalyň ynanjak gumany barmy? Ynanmaz! Onuň ogly öýe pistolet ogurlap getirjek ogul däldir. Nätanyş şony bilmezlige urýan bolsa, gaty öte geçýär. Nury ejesine gulak asýan oguldyr. Ol maşgala baş boljak oguldyr. Dogry, onuň entek oglanlyk edýän mahallary bar. Işe kelleýalaňaç gitme diýip Jemal oňa näçe sapar aýtdy. Etmedi. Ahyry Gün onuň merkini beripdir. Bu ýigrenji adam bolsa, Nurynyň nähoşlandygyna ynananok. Eneleriň sözüne ynanmaýan adamlary näme üçin prorab edip goýýarkalar? Jemal oňa mazaly gaýtawul bermegi ýüregine düwdi. — Düýn işden gelende Nury janyň eli boşdy. Gülen bolmaň, men hudaýlygymy aýdýan. Nätanyşyň çaňjaryp duran ýüzündäki ýylgyrma aýrylmady. Ol içýakgyç arkaýynlyk bilen: — Meni ynandyrmak kyndyr, daýza— diýdi.— Bar, wagt ýitirme-de öýüňi agtaryp gör, taparsyň. Bar, diýleni et. Nätanyşyň arkaýynlygy, onuň ynamly gep urşy Jemaly kösedi, ätiýaç etdirdi. Öňki bady gaçdy, pikir etdirdi. Eýsem, ol ähli zadyň änigine-şänigine ýetip geläýdimikä? Her zat diýse-de, Nurynyň agşam gyzdyryp ýatany hak. Eger Nury nähoşlaman, başga bir sebäbe görä işden galan bolsa, nätanyşyň delili ýerine düşäýjek ekeni. Nähilem bolsa, bu adamyň göwnüne gara gitmez ýaly öýi barlap görmeli. Ýokdur, hiç zat ýokdur. Düýn agşam işden gelende Nurynyň iki elem boşdy ahyry!.. Jemal içeri girdi. Öňi bilen Nurynyň bolýan otagyna geçdi, stoluň çekerini açyp gördi. Oglunyň geýim-gejimlerini görüşdirdi, jübülerini ýekän-ýekän barlaşdyrdy. Eline ilen zat bolmady. Begendi. Burçda duran gara çemodany açdy. Pistolet gözledi. Üýtgeşik zat gözüne ilmedi. Hasam begendi. Indi birden bolup ýörşi oňa gülkünç göründi. Daşarda oturan nätanyşyň bolşam gülkünç, baryp ýatan akylsyzlyk. Ýumruk ýaly çaga pistolet nämä derkarmyş! Ony bet ýola iterjek bolup duran ýakymsyz ýoldaşam-a ýok. Käşge ýassyndan bärde öýe gelmän, şäherde entäp ýören bolsa. Ýeke gezek tomsuň salkyn gijesi ýoldaşy bilen howludaky göm-gök çaýryň üstünde uklap galany üçin Nury ejesinden gaýta-gaýta ötünç sorapdy. Şeýle ogly barka, näme üçin Jemal nätanyş adamyň getiren şum habaryna gulak gabartmalymyş! Ol bat alyp daş çykdy. Nätanyşyň henizem düňderilip oturşydy. Onuň arkaýynlygy indi Jemaly gorkuzmady, gaýta öjükdirdi: — Meň öýümde pistelitem ýok, mende pistelit ogurlajak ogulam — diýdi. — Ogluň haçan gelmeli? — Haçan gelende näme! Ýaramaýan çaga bilen işiňiz bolmasyn. — Işimiz bolmaly bolar, daýza. Çaga diýen bolup, olaryň edenine däl diýmeseň näme boljagyny aýdaýynmy? Erteki gün eliň düwünçekli türmä gatnar ýörersiň. Meň bir goňşym bar, ogly on aý bäri türmede otyr. Bäş-alty ýetginjek bolup, gije bir bigünäniň daşyna geçipdirler. Urup-urup, sypyryp gidipdirler. Şolam ilki-ilkiler ogluny ak guş hasap edýärdi. Men siz aýallara uçursyz beletdirin. Siziňki derrew çagaň tarapyny çalmak bilen. Şu häsiýeti üçin, bir ýola aýalymyň tultuk suwuny çykardym. Çagalary öňi bilen bozýan siz, walla çynym! — Nätanyş galyň penjesini ýokary galdyryp ony haýbat bilen mäkäm ýumdy. — Bi zamanyň çagasyny demir gysaçda saklamasaň bolmaz. — Mende gysaçda saklar ýaly bozgak çaga ýok. — Ogurlyk bozgaklygyň baryp ýatanydyr. — Hudaýa şükür, meň oglum henize deňiç kişiň gapysyndakyny galdyran daldir. — Kişiňkini galdyrmasa, döwletiňkini galdyrýa. Şol pistoleti seň oglundan başga alan adam ýok. Bi taýda, daýza, biderek hossarlyk derkar däl. Eger öz eliňiz bilen tapyp bermeseniz, walla, ertir milisiýany önüme salyp gelerin. — Tur, güm bol meniň gapymdan. Nätanyş ýene ýylgyrdy: — Daýza, aklyňa aýlan, beý diýme. Men döwletiň zadyny talap edýän, men mamladyryn. — Sen müň mertebe mamla bolsaňam, häzir güm bol! — Däliräbermesene... Nätanyş bilgeşläne äwmezlik edip ýerinden turdy. Jemalyň bolsa gany beýnisine urup, gözi garaňkyrady. Ol dyzyny epip, maňlaýyny tutdy. Nätanyş gyssanman motoryny otlady. Ol bolan gürrüňleri eýýäm unudan ýaly kemteresinden jaýa tarap gözünem aýlamady. Motoryny haýbatly harladyp, ara açdy gitdi. Jemal aglady. Iki ýyl mundan öň heläkçilige düşüp ölen ärini ýatlady. Eger ol indi bar bolan bolsa, bu şum habara ynanarmydy? Elbetde, ynanmazdy. Äri bolanlygynda ýaňky ýigrenji şeýdip ýürek bulap gidermidi! Nätanyşyň goňşusynyň ogly hakda aýdanynyň dogry bolmagam ähtimal. Ýetginjekleriň bezzatlygy, bozgaklygy barada Jemal öňem telim sapar eşidipdi. Şeýle bozgaklyk edýän çaganyň arkasyny tutýan enä telek edýärsiň diýse-de bolar, ýöne näme üçin Jemal ogly baradaky şum habara bada-bat ynanmalymyş! Nätanyşyň aýalymy urdum diýmesi çynsa çyndyram, ol şekilli adamdan her zada garaşsa bolar. Ýöne gapysyndan baraga-da, ogluny ogurlykda aýplasaň, şolam ynanmaz. Onda näme üçin öz etmejek zadyny Jemaldan talap edýär. Ertir gelse gelibersin, goý, milisioner alyp gelsin. Öňi bilen subut etmeli bolarlar... Subut edilse-edilmese-de şeýle ýagdaýda gapyňdan gelinmegi gelşiksiz ahyry. Goňşular näme diýer, näme aýdar. Käbiri Nurynyň günälidigine ýa-da däldigine seretmän, diline bat berse bilýärmiň. «Kakalary bolmasa boljagy şudur» diýäýmeklerem ähtimal. Ýeri, Nurydan kiçilere näme jogap berersiň? Olaram-a gapydan gelen adamyň bir delil bilen gelýändigini aňarlar, onda-da milisionerli gelseler... Jemal Nurynyň maşgalabaşy hökmünde hemişe jigileriniň öňünde päk, görelde alarlyk bolmagyny arzuw edýärdi. Eýsem şol arzuw indi başa barman duruberermikä?.. Jemal üçin durmuşyň asudalygy bozuldy. Barha howsalasy artdy. Eli işe barmady. Ýaňadandan içerini gyzyl dörjük edip çykdy. Sermenip ýörşüne häzirki gözlegiň diňe ätiýaç üçindigini öz-özüne düşündirjek bolýardy. Ätiýaç oňat zat, emma ol günäni boýnuňa almak däl. Ol hiç zat tapmady, ýöne şonda-da ynjalmady. Oglunyň gelerine howlukdy. Ogly gelensoňam ilki ony naharlady. Soňam ýakymsyz gürrüňi agzap bilmän esli mahal ýaýdanyp oturdy. Ýene Nury çaý içip bolýança sabyr etdi. Oglunyň darajyk maňlaýyndan inýän burçak-burçak deri görüp begendi. Derlese derdi çykar, goý, derlesin. Ynha, ýatyp turar, özüni mazaly dürsär, şondan soň aýdylsa-da bolar. Jemal diýşi ýalam etdi. Ogly öýle guşluk ukudan turanda oňa bolan wakany gür berdi. Ejesini geň galdyran zat oglunyň sowukganlylygy boldy. Ol ediljek kakasyna çekipdir. Kakasyna çekenligi gowy weli, onuň arkaýynlygy häzir Jemaly halys ynjalykdan aýyrdy. Ýa-da ol entek çaga bolansoň özüne ýöňkelýän günä düşünmezlik edýärmikä? Näme üçin ol bada-bat gyzybermedi, özüniň päkligini ejesine ynandyrmaga howluganok. Diňe: — Ýalan aýdypdyr, ynanmagyn — diýdi. Şunuň bilen mesele çözülen ýaly sowujak çal içip, dymdy. Wah, Jemala aýtmak näme gerek, ol öňem ynananokdy. Pistolet gözläp oglunyň kiselerini döküşdirip ýörkä-de ynanmandy. Häzirem ynananok. Ýöne mesele käşgä şuňa bagly bolsady! Ertir prorab geläýse, onuň öňünde durmaly bolar. Bigünädigiňi subut etmek gerekdir, Nury muny başararmyka? Nury birden gepläp başlady: — Ile ogurlyk ýapar ýaly ol adamyň özi bir arassa bolsady. Geçen aý biziň eden işimiziň hakyny özi aljak bolupdyr. Ussamyz bilmedik bolsa, alýan ekeni. Özüm bolsam aýdardym weli... gör, oň meň ýokkam gelşini. Jemal begendi. Şol ýigrenji adama gaýtawul bermäge oglunda delil bardygyna begendi. Eger nätanyşyň elegriligimi öňräk eşiden bolsady, onda Nura ýetirmän ýüzüne basardy. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. — Eje, senem pistolet diýseler meň jübülerimi dörüp azara galyp ýörmegin. Ol atylýan pistolet ýaly jübä sygýan zat däl-ä. — Bilmesem näme, pistelit diýseler hemmesi bir atylýan sapançamyka öýdýän. Nury başardygyndan beton deşýän guraly ejesine düşündirdi. Soňam uly adam ýaly: — Sen azara galma, eje — diýdi. — O gelen adam bilen özüm gürleşerin. Jemalyň göz öňünde Nury şu pursat çagalykdan büs-bütin ara açdy oturyberdi. Onuň gep urşy, arkaýynlygy, özüne ynamy ediljek kakasy. Kakasy Jemalyň dargursaklygyny halamazdy. Hernä, ogly kakasyna meňzäpdir. Elbetde, bu tapylgysyz zat. Ol ölse-de gowy häsiýetini oglunda galdyryp gidipdir. Indi Jemalyň ýeke arzuwy bar. Nurynyň ömri kakasynyň ömrüne meňzemäwersin! Ertesi Nurynyň ýeke özi gitdi. Ejesiniň bile gitjek bolmagyna bütinleý garşy boldy. Şonda-da Jemal ýöne oturmady: — Ussaňyzy tapyp bile bargyn, oglum — diýip ýalbardy. Ýogsa ol ýigrenji saňa hezil bermez. Töhmet ýaman zatdyr. Nury söz bermedi. Jemal ogly gidensoň, aýagy bişen ýaly bir ýerde oturyp karary bolmady. Ahyram özüne erk edip bilmän, Nurynyň yzyndan gitdi. Nury baranda prorab wagtlaýyn salnan darajyk jaýynda ýalaňaç döşüni sypalap çaý içip oturan ekeni. Gapdaldaky üç gat jaýdan çekiç bilen paltanyň urgy sesleri tertipsiz eşidilýärdi. Nury proraba bilgeşleýin salam bermedi. Hany, salamyň? Özüňden ulyň ýanyna şeýdip ýüzüňi turşardyp gelerlermi? — Salamymy ogurladym. Prorab tüýlek döşüni lezzet bilen sypalap güldi: — Gör-le, bujagazyň diýýän zadyny. Seň bu sapar bagtyň çüwdi, han ogul. Pistolet ogurlanman ekeni. Ol samsyk Şady kel äkidipdir. Agasy täze jaýa göçenmiş. Şolaň diwaryny deşip berdim diýýä. Soraşman döwletiň zadyny äkideni üçin entek ol akmagyň gözüne görkezerin. Döwletin emlägini ýerinden gozgamaga hiç kimiň haky ýokdur, şuny bek belläp goý. — Seň maňa töhmet atmaga hakyň barmy? — Ýeri, ýeri jikjeriberme. Pistolet ýitäýen bolsa, meň oýnumy şonda görerdiňiz. Henizem tapylanyna şükür ediň. Hany, geç, otur, uruşjak horaz ýaly bolup durma. Bir käse çaý beräýmegimem ähtimal. Saglygyň neneň? — Soran bolup, näme, melhem ederin öýdýäňmi? — Melhemi dogtorlar eder, sen maňa haçan işe çykjagyňy aýt. — Seň ýanyňa iş diýip gelmen! — Ä-he! Sen, han ogul, ejeň öwredip goýberen sözlerini aýdyp durmuň? Azara galman onuň özüni iberäýmeli ekeniň-dä. Nury jogap bermäge ýetişmedi. Açyk gapynyň öňünden ejesiniň sesi eşidildi: — Ejesi öwretmände-de oglum aýtjak sözüni özi bilýändir. Nury içeri giren ejesine tarap öwrülip janagyrly sorady: — Öýde otur diýýmedimmi, eje, saňa? — Diýdiň, oglum, ýöne kararym ýetmedi. Töhmet ýaman zatdyr, seni horlarlar öýtdim. Oňa ýüz uran adamyň ynsaby bolmaz. Ynsapsyz adamdanam her bela garaşaýmalydyr. Prorab ara düşdi: — Beý diýme, daýza, men eşidip otyryn. Gaharym geläýmesin birden. — Eşidýäniňi bilemsoň diýýän, ýüzüňe diýýän! Jemalyň gany gaçan ýuka dodaklary titräp başlady. Nury ýene durup bilmän gygyrdy: — Eje, bar, gaýt. — Ýok, gelipdirin, indi ýüregimdäkini aýdyp giderin. — Eje, seň işiň ýok şu taýda. — Nury, bes et, päsgel berme. Jemal ogluna hemle ursa-da, nätanyşdan otlukly garaýşyny sowmady. Ol gapa ýönelen oglunam saklajak bolmady. Asyl ol Nurynyň öýke bilen siltenjiräp barýanyna üns hem bermedi. Onuň üçin häzir diňe bir adam bardy. Olam, ynha, edil maňlaýynda döşüniň çöpürini aýylganç edip otyr. Degnasyna deglen aýalyň ajysyny pürkesi geldi. Howlukdy. Şunuň ýaly tolgunyp gaharlanan mahaly, aýtjagyny aýdyp bilmän, aglap, ejizlik edýän pursaty bolýardy. Häzir şol ýagdaýyň dörmeginden diýseň ätiýaç etdi. Düýnki töhmeti bilen bu adam Jemalyňam, Nuryňam asuda durmuşyny bozdy. Äri ölenden soň birinji sapar şu ýigrenji onuň gapysyndan şum habar bilen bardy. Töhmetçi, biynsap! Hemmesini ýüzüne aýtmaly, goý, gaharyna ýarylyp ölýän bolsa ölsün! Nätanyş önürtdi: — Daýza, men senden ötünç soraýan. — Maňa seň ýalyň ötünji derkar däl. Näme maksat bilen meniň gül ýaly arassa ogluma töhmet atanyňy aýt sen?! Nätanyş ýene Jemal üçin ýigrenji görnen arkaýynlygyny etdi: — Äl, ogluň ikiňiz beýle ganygyzgyn-la, daýza. Bolmaz-a beýle zat. Dur, gulak as maňa! Şu sapar-a hernä, döwletiň zady ogurlanmandyr, tapyldy. A eger ogurlanan bolsa, men kimem bolsa, biriniň ýakasyndan ilmelimi, dälmi? Şu görýän zatlaryň hemmejesine jogap berýän men, düşün maňa, daýza. Jogapkärlik gursun. — Näme diýip sen bigünäň ýakasyndan ilmeli? — Bular köplük, men ýeke bolýan. Kimiň nähilidigini bilip bolýamy, daýza. Käşgä, men ertekilerdäki jadygöý bolsam. Şoň üçinem meň usulym biçem däldir. Düş biriniň üstünden, bilse-hä ol kimiň edenini aýdar, bilmese-de... —Bilmese näme? — Bilmese-de jogap bermeli bolar. Sadalyk etmesene, daýza. Bar zada meň ýeke özüm jogap berip bilmen-ä. Şeýdemde şowuna düşen gezeklerem boldy. Adamlaň jogapkärçilikden gorkuşlaryny sen bilýän dälsiň, daýza. Howp abanmasa, günäkäri görüp duranam bolsa aýdanoklar. Men weli, aýtdyrdym. Daýza, sen düşünseň bu zatlar iňňän gyzyklydyr. Aýdyp bereýinmi nähili bolanyny?.. — Maňa ertekiň derkar däl, ýöne sen ýigrenji adam ekeniň. — Sen ýigrenersiň, başga biri söýer, ýolbaşçyňky hemişe şeýledir. Jemal gahardan galpyldap durşuna iň soňky sözüni aýtdy. — Bu sapar seniň öz ýakaňdan ilerin. Nätanyş üýtgemedi. Käsesine çaý guýup oturşyna: — Keýpiň kelläňde, daýza — diýdi. — Arza ýazjakmy? Ýaz, isleseň kagyz bilen galam bereýin. Töhmet atdy diýersiň, diýiber. Men-ä boýnuma alman, başga-da şaýadyň ýok. Ogluňam kömegi ýetmez. Men baramda dogtora giden ekeni. Şaýadyň bolmasa-da kanunyň ýanynda seniň sözüň bir aşyk. Eýsem meň aýdanymyň galat ýeri barmy? Ol sary dişlerini görkezip güldi. Jemal nalaçlykdan doňup galdy. Birdenem ogluna gulak asman şu ýere geleni üçin özüni näletledi. Ýigrenji adam bilen ýüzbe-ýüz duranyna namys etdi. Gapyň agzyna baransoň yzyna öwrüldi. — Oglumyň ussasy häzir şu taýdamy? Nätanyş birden syçrap ýerinden turdy: — Oň şaýat bolmaga haky ýokdur. Ol bi gürrüňleri eşidenogam, bilenogam. Jemal höküm etdi: — Otur! Sen tetelliler üçin şaýat nämä gerek. Maňa ynanarlar, ynha, görersiň, ynanarlar. Men enedirin, maňa ynanmasalar bolmaz! Ol daş çykanda aşa tolgunmadan ýaňa gözi garaňkyrady, ýöne dyzyny epmedi. Ysgyndan gaçsa-da durman gitdi. Ony häzir ägirt bir alada gaplap alypdy. Ol alada diňe oglunyň aladasy däldi... 1970 ý. | |
|
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |