11:35 Nazar Baga: Bagşy bihaýa duşdy | |
• Bagşy bihaýa duşdy
Aýdym-saz sungaty
Ýene bäş günden boljak Aýböwürde bir toýdan Nazar baga habar geldi. Nazar baga muňa dört gün öňünden gitdi. Ýolda üç ýatyp, toý güni aýdym wagtyna bardy. Toý güni Nazary ullakan bir seýishanada aýtdyryp başladylar. Bagşy Muhannesden çykypdy. Soň halypasynyň beýleki ussatlarynyň wesýetlerini unutdy. Unutsa unutsyn. Gözi näme görerkä; aýdymyň arasynda gyjakça şu gün bir emelleşdiräýeli diýdi. Iliň algysy barmy? bagşy ganymat joşup ugrapdy. Seýis hananyň agzynda daýaw sary hopbuş çorşuk içmekli biri söýenip durdy. Birdenem şol adam ili äsgermeýän ýaly çarygy bilen nebir düşekleri basalap gelip bagşynyň ýanyna geçdi. Bagşynyň synyny dyzyna basdy. Soň çorşukdan ujy kesilen tüpeňini çykardy. Tüpeňiň göti bilen bagşynyň sagrysyna hütletdi. Soňra bolsa tä bagşy aýdymy soňlaýança kümpüjine ýuwaşyrak nykyp otyrdy. Bagşy bozmady. Ýaňka şonça ýakaly ilden geplän ýekeje adam bolmady. Bagşy bozmady. Onsoňam onuň kimdigi nähili adamdygy belli däl. Belkäm bu bir guralan işmi, kim bilsin. Ýogsam Nazar baga beýitjek adam ýokdy. Gaýtam sylardylar. Ussadyny unudanlar urular Gözüne bir gudratlar görüner. Bagşy entek şol toýda aýdyp otyrdy. Märekede: tüwelemesini alkyşyny ýetirip otyrdy. Märekede Gazagystandan gelen bir aksakal baý gazak adamsy bardy. Bu adam bagşynyň aýdymyna aňk bolup otyrdy. Edil bagşa düşünýän ýaly suw-sil aglap başlady. Muňa hemmeler gözleşýär. Nazar baga aýdymyň dyngysyna sebäbini sorady. Ol şeýle jogap berdi. Biz gyrdaky ýurdumyzda çarwadyk. Şonda meniň atamyň ullakan bir goýun erkeji bolardy. Şol suw içensoň kellesini silkeläp çekreýärdi. Ine şu bagşy aýdanda şol erkejimiz, atam pahyr, ýurdumyz gezen ýerlerim hemmesi göz öňüne gelip saklanyp bilmän hamsygýan. Muny eşiden Nazar baga gazaklaryň Tölegen diýen dessanyndan gazakça yraw aýdyp başlady. Ýaňky adam beter aglap başlady. Soň rugsat alyp bagşynyň ýanyna geldi. Bagşa pul berdi. Bagşy almady. Döwrüniň kadasy boýunça maňlaýyna degirip gaýtaryp berdi. Soň egnindäki ileriniň düýe ýüňünden dokan inçe çäkmenini berdi. Bagşy almady. soň ýaňky adam eger meniň (awulyma) obama baryp aýtsaň bir bota-köşek bererdim diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |