21:35 Nejip Mahfuz | |
NEJIP MAHFUZ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Nejip Mahfuz, dünýä belli müsürli ýazyjy. Ol 1911-nji ýylyñ 11-nji dekabrynda Kairde dünýä inýär. Nejip Mahfuz 1988-nji ýylda Nobel Edebiýat baýragyna eýe bolan ilkinji musulman we ýeke-täk arap ýazyjysydyr. Oña "Orta Gündogaryň Balzagy" diýip at berilýär. • Ömri we döredijigi: Mahfuz Kairiň Jemaliýe sebitinde alty çagaly maşgalanyň iň kiçi perzendi bolup dünýä inýär. Baý tüçjaryň ogly Mahfuz öz adyny özüne dünýä inmeginde ýardam eden professor Nejib Paşa Mahfuzdan aldy. Ýetmiş ýyllyk ömür dörediljilik ýolunda 34 roman, 350 hekaýa döretdi. Kitaplarynyň aglabasynda ömrüniň köp bölegini geçiren we Nobel baýragyny almak üçin aýrylmadyk şäheri bolan Kairiň taryhy ýerleriniň ýaşaýyşy, häzirki zaman we dowam edip gelýän ýaşaýyş durmuşynyň arasyndaky deňagramlylygy saklamaga çalyşan adaty adamlar barada söz açdy. Birnäçe kitaby arap kinofilmleriniň döremegine esas bolup hyzmat etdi. Edebiýata bolan baglanyşygy 1920-nji ýylda Mustafa Lutfy el-Manfulutynyň makala we şygyrlaryny okamgy bilen başlandy. Abbas Mahmud el-Akkad, Taha Hüseýin, Ybraýym el-Maziny, M.Hüseýin Heýkel ýaly ýazyjylar ilkibaşda has köp täsirlenen ýazyjylarydy. Döredijilik ýoluna 1928-nji ýylda Selame Musanyň çykarýan “el-Mejelle el-Jedide” jurnalynda başlady. Kair uniwersitetinde filosofiýadan bilim alan Mahfuzyň ilkinji romany “Abes el-Akdar” 1939-njy ýylda neşir edildi. 1957-nji ýylda çykan “Kair Üçlemesi” eseri bilen arap edebiýatynyň giňden tanalýan ýazyjylarynyň birine öwrüldi. Bu trilogiýada Kairde ýaşaýan bir maşgalanyň üç arkasynyň Birinji Jahan urşy we 1952-nji ýyldaky Nasyr öwrülişigine çenli başdan geçirenlerini we Müsür jemgyýetçiliginiň özgerişlerini beýan etdi. Dürli ýerlerde zähmet çeken Mahfuz soňra Medeniýet ministrliginde hem işledi. 1971-nji ýylda bu işinden pensiýa çykdy we “el-Ahram” gazetinde ýazyjy bolup döredijilik ýoluna dowam etdi. Müsüriň döwlet baştutany Enwer Sedata Ysraýyl bilen baglaşan ýaraşyk şertnamasynda beren aç-açan goldawy sebäpli birnäçe arap ýurdunda kitaplary gadagan edildi. 1988-nji ýylda Nobel Edebiýat Baýragyny alandan soňra bu gadagan edilşikler aradan aýryldy. 1989-njy ýylda müsürli fanatik ulama Omar Abdylrahman tarapyndan ölüm fetwasy çykarylan Nejip Mahfuza 1994-nji ýylda Kairdäki öýüniň öňünde üstüne pyçakly hüjüm edildi. Kast edilşikden ölmän sag-aman sypan Mahfuz sag golundaky siňirler zäherlenendigi zerarly ýazmakda kynçylyk çekmäge başlasa-da, mazaly garrandygyna garamazdan döredijilikden daşlaşmady we gysga hekaýalar ýazmaga dowam etdi. 2006-njy ýylyň iýul aýynda kellesinden ýaralandy. 2006-njy ýylyň 30-njy awgustynda Kairde 95 ýaşynda aradan çykdy. 2006-njy ýylyň 31-nji awgustynda Kairde döwlet derejesinde soňky ýoluna ugradyldy. • Eserleri: · Old Egypt (1932) مصر القديمة ; · Whisper of Madness (1938)همس الجنون ; · Mockery of the Fates (1939) عبث الأقدار ; · Rhadopis of Nubia (1943) رادوبيس ; · The Struggle of Tyba (1944) كفاح طيبة ; · Modern Cairo (1945) القاهرة الجديدة (Kair-30 ady bilen Müsürde kinofilm hem düşürildi); · Khan al-Khalili (1945) خان الخليلى ; · Midaq Alley (1947) زقاق المدق (Midak köçesi); · The Mirage (1948) السراب ; · The Beginning and The End (1950) بداية ونهاية; · Cairo Trilogy (1956-57) الثلاثية "Kair trilogiýasy"; · Palace Walk (1956) بين القصرين ; • Köşkdäki gezelenç" ("Kair trilogiýasy" -1); · Palace of Desire (1957) قصر الشوق "Söhwet köşgi" ("Kair trilogiýasy" -2); · Sugar Street (1957) السكرية Şeker köçesi (Kair üçlemesi 3) · Children of Gebelawi (1959) أولاد حارتنا , “Jebelawy köçesiniň çagalary”; · The Thief and the Dogs (1961) اللص والكلاب (Ogry we itler) · Quail and Autumn (1962) السمان والخريف; · God's World (1962) دنيا الله; · Zaabalawi (1963)? · The Search (1964) الطريق ("Gözleg"); · The Beggar (1965) الشحاذ ("Dilegçi"); · Adrift on the Nile (1966) ثرثرة فوق النيل ; · Miramar (1967) ميرامار ("Miramar"); · The Pub of the Black Cat (1969) خمارة القط الأسود; · A story without a beginning or an ending (1971)حكاية بلا بداية ولا نهاية; · The Honeymoon (1971) شهر العسل ; · Mirrors (1972) المرايا ("Aýnalar"); · Love under the rain (1973) الحب تحت المطر ; · The Crime (1973) الجريمة ; · al-Karnak (1974) الكرنك ; · Respected Sir (1975) حضرة المحترم ; · The Harafish (1977) ملحمة الحرافيش ; · Love above the Pyramid Plateau (1979) الحب فوق هضبة الهرم ; · The Devil Preaches (1979) الشيطان يعظ ; · Love and the Veil (1980) عصر الحب ; · Arabian Nights and Days (1981) ليالى ألف ليلة ("Müň birinji gijeden soň") ; · Wedding Song (1981) أفراح القبة ("Toý mekany"); · One hour remains (1982) الباقي من الزمن ساعة ; · The Journey of Ibn Fattouma (1983) رحلة إبن فطومة ; · Akhenaten, Dweller in Truth (1985) العائش فى الحقيقة ; · The Day the Leader was Killed (1985) يوم مقتل الزعيم "Lideriň öldürilen güni"; · Fountain and Tomb (1988) · Echoes of an Autobiography (1994); · Dreams of the Rehabilitation Period (2004) أحلام فترة النقاهة ; · The Seventh Heaven (2005) . | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |