18:44 Nejmeddin Kubra | |
NEJMEDDIN KUBRA XII-XIII asyrlar türkmenleriñ we umumy yslam dünýäsiniñ ylymda medeniýetde, syýasatda we dini ugurlarda ösüşlere gadam basan döwrüdir. Bu döwürde Ymam Gazaly, Muhiddin ibn Araby, Seýit Ahmet Rifaýy, Ebul Hasan Şazyly, Ebun Nejibi Suhrawerdi, Jelaleddin Rumy, Sadreddin Konýewi, Ferideddin Attar, Hoja Ahmet Ýasawy, Hoja Ýusup Hemedany ýaly tasawwuf we taryhat pirleri ösüp ýetişipdir. Nejmeddin Kubra hem hut şu döwürde yaşap geçen beýik pirleriñ biridir. Geliñ, Nejmeddin Kubra barada öñ bize mälim bolan we mälim bolmadyk birnäçe gyzykly maglumatlary bilmäge çalyşalyñ. ■ Nejmeddin Kubra kim bolupdyr? Nejmeddin Kubra 540/1145-nji ýylda Hywada dünýä inýär we 618/1221-nji ýylda bolsa mongollara garşy bolan söweşde Ürgenç şäherinde şehit bolýar. Asyl ady Ebul Jennab Ahmet ibn Omar bolupdyr. Nejmeddin ady oña Kubra lakamy bilen birlikde ýaşlygyndan ýiti zehini, we girişen her bir ylmy jedellerden ýeñiji bolup çykýandygy üçin halypasy tarapyndan berilýär. Altmyşa golaý müridi welilik derejesine çenli ýetmäge eden uly hyzmatlary üçin oña "welileriñ şeýhi" derejesi berilipdir. Söwda bilen meşgullanmak bilen birlikde dini bilimleri öwrenmeklige ähmiýet beren maşgalada kemala gelen Nejmeddin Kubra ýaşlyk ýyllaryny Horezmde geçireninden soñra ylymyny çuñlaşdyrmak üçin öz döwrüniñ möhüm ylym merkezlerine syýahat edýär. Nişapur, Hemedan, Yspyhan, Mekke, Aleksandriýa ýaly şäherlerde döwrüniñ meşhur halypalaryndan hadys öwrenen Nejmeddin Kubra Aleksandriýada wagty düýşünde Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesselämiň özüne "Ebul-Jennab" ýagny, "dünýäniñ özüne çekiji gözelliklerinden we ahyretde ryswa bolmakdan çekinen" manysynda at berýär we oña hadys ylmy bilen has-da meşgullanmaga hem-de gijelerine hasam köp "Gurhan" okamagy nesihat edipdir. 35 ýaşyna çenli hadys ylmy bilen meşgullanan Nejmeddin Kubra soñra tasawwuf ylmy bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Zahyry ylymlary ýeterlik öwrenenden soñra ruhy taýdan kämillik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen kämil mürşidiñ gözlegine çykýar. Şol wagtlar Dizful şäherindekä hassalaýar we şäheriñ tanymal şeýhlerinden Ysmaýyl Kasrynyñ dergähinde myhmançylykda bolýar. Zahyry ylymlardaky alan garaýşynyñ ony tekepbirlige uçratmak ähtimallygynyñ bolaýmagyndan çekinen Ysmaýyl Kasry ony terbiýelemek we irşad üçin Ebun-Nejibi Suhrawerdiniñ halypasy Ammar Ýasir el-Bitlisiniñ ýanyna iberýär. Bitlisiniñ ýanynda hem sowukganlylygyny saklap bilmändigi üçin Bitlisi Nejmeddin Kubrany Kairdäki Kazerunly Ruzbihan el-Wezzan el-Müsriniñ ýanyna ugradýar. Aýtmaklaryna görä, Nejmeddin Kubra Şeýh Ruzbihanyñ ýanyndaka örän ujypsyz mukdardaky suw bilen täret alyp durandygyny görýär we şol wagt şeýh onuñ üstüne birnaçe damja suwy serpýär, Nejmeddin Kubra gulagynda bat bilen urulan ýumrugyñ urgysy ýaly urgy duýýar. Şeýlelikde onuñ içindäki men-menlik duýgusy ullakan zarba görýär, şeýdip onuñ ol ýerik ugradylmaghnyñ asyl maksady orta çykýar. Ol ýerde şeýhiñ terbiýesinden geçip we onuñ gyzy bilen nikalaşandan soñra gaýtadan Şeýh Ammar Ýasyryñ ýanyna gelip ylym almagyny dowam etdirýär. Müsüre gaýdyp barýarka, Şeýh Ruzbihan Şeýh Ammara bermek üçin bir hat berýär. Ol hatda "Sende näçe mis bolsa ugrat, men olaryñ hemmesini sap altyna öwreýin" Bu söz arkaly Nejmeddiniñ kämillige ýetendigine yşarat edýärdi. Rowaýatlara görä, Nejmeddin Kubranyñ tasawwuf ylmyna gönükmeginiñ sebabi Töwrizde ylym öwrenip ýörkä, Baba Fereç Töwrizli atly bir derwüşe sataşanlygyndadyr. Bu derwüş oña zahyry ylymlardan daşlaşdyryp, Nejmeddin Kubra köne derwüş hyrkasyny geýdirmegi başarýar. "Bir elde noş kylyp iman şerabyn, Nejmeddin Kubranyñ kümmeti ýurdumyzyñ Daşoguz welaýatynyñ Köneürgenç etrabynda ýerleşýär we halkymyz bilen bir hatarda daşary ýurtlylaryñ hem iñ köp zyýarata gelýän ýeridir. ■ Nejmeddin Kubranyñ döreden eserleri: 1)."Usuly Aşere"; ■ Nejmeddin Kubra hakynda ýazylan kitaplar: 1). Süleýman Gökbulut "Nejmeddin Kubra" ■ Nejmeddin Kubra çeper edebiýatda: 1). Aşyrmät Garly "Jenneti gapy ýapylmasyn" / hekaýa; 2). Hemra Şirow "Nejmeddiniñ ýyldyzy" / hekaýa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |