22:20 Nesip eýlediñ | |
NESIP EÝLEDIŇ
Goşgular
Musulman parzyny berjaý etmäge, Allam bu gün maňa nesip eýlediň. Käbä geldim, Pygamberi görmäge, Allam bu gün maňa nesip eýlediň. Başym goýdum keramatly daşyňa, Aýlandym men togap edip daşyňa, Ömür goşduň ömürüme-ýaşyma, Allam zyýaraty nesip eýlediň. Gahryman Arkadag ýolumy açdy, Dillerim dogaly, kelamlar seçdi, Zemzem suwy Saňa gözlerim düşdi, Allam, içmekligi nesip eýlediň. Gördüm Resulyllaň gezen ýerlerin, Söweş gurup, kelam düzen ýerlerin, Musulmana pata beren ýerlerin, Bulary hem görmek nesip eýlediň. Kybla bakyp namaz okap hoş boldum, Bu toprakda keramata duş boldum, Öňkimden beýgeldim, juwan-ýaş boldum, Allam guwanmaga nesip eýlediň. Käbe barmak hemmäň arzuwy ahyr, Sabyrly bolana Allahym ýetir, Yhlas edenleriň parzyny bitir, Sabyrly bolmagy nesip eýlediň. Amansähet, seniň köňlüň hoş boldy, Musulmanlar bir-birine duş boldy, Gaýgy, gussa bizden uzak daş boldy, Umytly günlere nesip eýlediň. Mekge şäheri, 25.08.2018. | |
|
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |