18:30 Nureddin Mahmyt Türkmen | |
SALAHEDDIN SOLTANYŇ HALYPASY NUREDDIN MAHMYT HAKYNDA TARYHY SÖHBET
Taryhy şahslar
Nureddin Beýik Seljukly döwletiniň Halap atabegi Ymadeddin Zeňňiniň dört oglunyň ikinjisidir. Nureddin Mahmyt 1118-nji ýylda Halapda dogulýar. Ýigitlige gadam basan döwürlerinde Jaber galasyny gabaýan wagtynda kakasy Ymadeddin Zeňňiniň öldürilmegi, edermen gerçegiň daşynda jemlenen güýçli goşunyň içine dowul salsa-da, Nureddin sowukganlylygy elden bermeýär. Kalbyny howsala bermedik Nureddin kakasynyň jogapkärli wezipesini öz gerdenine alýar, şol bir wagtyň özünde-de, howsala düşen goşunyň kalbynda ynjalyklyk duýgusyny oýarýar. Çünki ähli wagtda bolşy ýaly, goşun hakyky baştutana mätäçdi. Şeýlelikde, atasyndan galan miras hökmünde Ymadeddin Zeňňiniň döwleti iki dogan arasynda paýlaşylýar. Gündogary – Mosul şäheri we töweregini Seýfeddin Gazynyň, Halap merkezli günbatar bölegi bolsa Nureddin Mahmydyň paýyna düşýär. 1146-njy ýylda ýigrimi dokuz ýaşyndaky Nureddin Halaba uly dabara bilen girýär. Döwleti diňe gylyjyň güýji bilen saklap bolmajakdygyna düşünen Nureddin, özüçe birleşmegiň täze çemeleşmelerini gözläp ugraýar. Ol milli diplomatiýanyň gerimini giňeldip, öz döwründe – XII asyrda wagyz-nesihat işlerini güýçlendirip ugraýar. Döwletiniň içindäki alymlara, halkyň içinde sylanýan adamlara, şonuň ýaly-da, gerek pursadynda garşydaşlaryna-da dürli mazmunly hatlary ýollapdyr. Poçta düzgünini ýola goýupdyr. Gursagyndaky haçlylara gönükdiren maksadyny olar üçin, hakykatdan hem, gorkuly syýasy güýje öwürmegi başarypdyr. Musulman dünýäsiniň aglaba bölegini öz baýdagynyň astyna jemlemegiň hötdesinden gelipdir. Elbetde, onda hökümdara ýaraşýan sadalyk, pespällik, adalat, döwletine bolan söýgi, duşmanlaryna garşy gazap häsiýetleri jemlenipdir. Nureddin hakynda orta asyr taryhçysy Ibn Esir: «Ýaşap geçen hökümdarlaryň ömri hakyndaky wakalary okadym. Olaryň arasynda ilkinji halyflardan başga, Nureddin ýaly gaýratly, adyla gabat gelmedim» diýýär. Ol bugdaýreňk, uzyn boýly, çokga sakgal, giň maňlaýly, ýüzi nurana, gözleri bolsa tegelek adam eken. Indi bolsa onuň şeýle tebigy häsiýetleriniň netijesinde egsilmez şöhrat getiren ilkinji ýeňşi bilen tanyş bolalyň. Çünki beýik serkerdeler taryhda öz gazanan ýeňişleri bilen orun alýarlar. Haçlylar Ymadeddin Zeňňi aradan çykansoň, Urfa şäherini eýeleýärler. Sebäbi olar üçin Urfa şäheri musulmanlar tarapyndan unudylan şähere meňzeýärdi. Bu meseläniň atabegligiň abraýydygyna düşünýän Nureddin, Halapdan toplan on müň atlysy bilen ýyldyrym çaltlygynda Urfa tarap ýola düşýär. Gije-gündiz at çapdyryp, sähel salymjygam dem-dynç alman Urfa barýar. Nureddiniň beýle hereketine garaşmadyk haçly serkerdeleriň birnäçesi howsala düşüp, gaçyp ýetişmegi başarýar. Emma köpüsi Halaply esgerler tarapyndan jezalandyrylýar. Nureddin Mahmydyň bu ýeňşi geljekki at-abraýynyň başlangyjy bolýar. Onuň bu edermenligini ählitaraplaýyn öwrenýän goňşy döwletleriň birnäçesi onuň bilen duşmançylykdan el çekip, dostluk goluny uzatmaga mejbur bolýarlar. Goňşulary bilen dostlukly gatnaşyk saklaýan Nureddin Siriýa (Şam) häkimligini berkidýär we ol ýerde parahatçylygy ýola goýýar. Ýöne bu parahatçylyk uzak dowam etmeýär. Urfanyň eýelenmegi baradaky habar tiz wagtda Ýewropa-da baryp ýetýär. Olar ikinji Haçly ýörişine taýýarlyk görüp başlaýarlar. 1147-nji ýylyň ahyrynda müňlerçe haçparazlar Kiçi Aziýa tarap akyp başlaýar. Taryhy çeşmelerde sanlarynyň ýüz müňe golaýdygy aýdylýan Frank goşuny 1148-nji ýylyň tomsunda Şamyň paýtagty Damask şäheriniň eteginde düşleýär. Şol wagt ol şäher at-abraýly Mugyneddin Ineriň elindedi. Haçlylar Damasky gabap başlaýarlar. Şäher ilaty olar bilen söweşýärler. Iner goşun ýygnap, Damasky goraýar we Seýfeddin Gazy bilen Nureddin Mahmyda ilçi ugradyp, kömek soraýar. Nureddiniň Halap goşunlary bilen, Seýfeddin Gazynyň bolsa Mosully esgerler bilen geljekdigi baradaky habarlar şäher halkyny rahatlandyrýar. Gеrmanlaryň Dаmaskdan çеkilmekleri üçin ýеrli Frаnklara gizlin ýаgdaýda köр mukdаrda аltyn bеrip, уrmagy bаşarýarlar. Тomsuň кssysynyň, suw ýеtmezçiliginiň, üstеsine-de, gаýduwsyz еsgerleriň hüjümlеrine uzаk çydаmadyk hаçlylar Dаmaskdan çеkilmäge mеjbur bоlýarlar. 1149-njу ýуlyň tоmsunda Пntakýa grаfy Rаýmond tаlaňçylyk mаksady bilеn Наlabyň üstünе ýöriş еtmek islеýär. Nureddin muny eşidip, duşmanyndan öňürdip, güýçli esgerleri bilen haçlylaryň üstüne ýöriş edýär. Iki goşun Ýagrada duşuşýarlar. Söweşde Nureddiniň goşuny uly ýeňiş gazanýar. Haçly serkerdeleriň köpüsi gyrylýar. Raýmondy görnükli serkerde we emir Şirkuh öldürýär. Nureddin köp olja ýesir alýar. Soňky ýyl Nureddin haçlylaryň elinden Efamiýe galasyny alýar. Duşmanlaryna gazaply Nureddin, goşun toplap, Halabyň demirgazygyndaky Tel Başyr, Aýntýap, Agzaz we beýleki haçly şäherlerini eýelemek üçin ýola çykýar. Ýöne bu gezek Nureddiniň goşuny ýeňilýär. Nureddin bu ýeňlişi ýekeje pursadam undup bilmeýär, tä haçlylaryň serkerdesi Joskelinden aryny alýança asla ynjalmandyr. Nureddin gönümel hüjümler bilen Joskelini ele salyp bilmejekdigine düşünýär. Şonuň üçin hem ony hile bilen ýesir alýar. Rowaýatlaryň birinde, Joskeliniň ömrüniň ahyryna çenli Halabyň zyndanynda saklanandygy aýdylýar. Onuň eýeligindäki ýerler goňşy musulman döwletleriň arasynda paýlaşylýar. Nureddin Mahmyt haçlylara garşy güýjüni artdyrmak we Müsüre gidýän ýola eýe bolmak üçin 1154-nji ýylda kakasy Ymadeddiniň ýetip bilmedik arzuwyny amala aşyryp, Damasky eýelemegi başarýar. Siriýanyň iki uly şäheri Halap we Damask, Franklaryň çozuşyndan bäri, ilkinji gezek otuz ýedi ýaşyndaky Nureddin Mahmydyň üstünligi bilen bir döwlete birikdirilýär. Nureddin Damask şäherini eýeländen soň, Baalbek şäherini-de eýeleýär. 1157-nji ýylda Siriýada güýçli ýer titreme bolýar. Döwletiniň parahatçylygyny we abadançylygyny ähli zatdan ýokarda tutýan Nureddin atabegliginiň düzümindäki zyýan çeken şäherleridir galalary täzeden dikeldýär. Şol galalara aýlanýan wagtynda Nureddin agyr syrkawlaýar. Ýylýarym töweregi düşeginden galmaýar. Şol döwürde haçlylar Nureddiniň ýerlerine çozuş edip, birnäçe galalary almagy başarýarlar. Nureddin syrkawlykdan gutulansoň haçlylara jogap edip, 1163-nji ýylda Trablusy gabamak üçin ýola çykýar. Esgerleri bilen Hysny Ekrat diýen ýerde düşleýär. Şol wagt haçlylar dagyň aňyrsyndan duýdansyz üstlerine çozýarlar. Netijede, Nureddiniň goşuny ýeňilýär. Aradan birki ýyl geçenden soň, Mahmyt goşunyny jemläp, Harym we Damaskyň ýakynynda ýerleşýän Banýas galasyny haçlylaryň elinden alýar. Şol wagt Fatymy döwletiniň içinde garşylyklar köpelip, syýasy ýagdaý erbetleşip başlaýar. Nureddin ilki başda üns bermese-de, fatymy weziriniň çakylygy bilen Müsüre hüjüm etmäge razy bolýar. Nureddin bu wezipä uly emiri we görnükli goşun serkerdesi Esededdin Şirkuh ibn Şadyny belleýär. Şirkuh (dag arslany) geljekdäki Eýýubylar döwletini esaslandyryjy Salaheddin Eýýubynyň agasydyr. Şirkuh ýanynda özünden kiçi dogany Ýusuby, ýagny Salaheddini alyp, Nureddiniň ady bilen Müsüre üç gezek ýöriş edýär. Şirkuh üçünji ýörişinde Fatymy döwletiniň weziri wezipesine bellenilýär. Ýöne Şirkuhyň aradan çykmagy bilen ýerine Salaheddin Eýýuby bellenilýär. Nureddin Fatymy hutbasynyň ýatyrylyp, ol hutbany Abbasy halypasynyň adyna okatmagyny talap edip hat ýollaýar. Salaheddin köp garaşmaly bolmaýar. Iň soňky Fatymy halyfynyň aradan çykmagy bilen Fatymy döwleti ýykylýar we döwletiň çäkleri Nureddiniň häkimligine tabyn bolýar. Nureddiniň Müsüri ele almagyndan gorkan haçlylar, ýewropadan gelen kömegiň netijesinde Dimýat şäherini gabaýarlar. Nureddin bir tarapdan Müsüre goşun ugradýar, bir tarapdan bolsa, haçlylara garşy hüjüm edýär. Haçlylar Nureddiniň hüjümine garşy durup bilmän, gabawy bes edip, yza çekilmäge mejbur bolýarlar. Beýik serkerde, adalatly döwlet baştutany Nureddin Mahmyt 1174-nji ýylda Müsüre gitmek üçin taýýarlanýan pursadynda, altmyş ýaşynyň içinde, Damask şäherinde aradan çykýar. Onuň jesedini Damaskda jaýlaýarlar. Nureddin Mahmyt özünden öň ýaşap geçen döwlet adamlaryndan tapawutlylykda, döwletiniň güýçlenmegi we berkemegi ugrunda uçursyz köp işleri bitiripdir. Adalatlylygy üçin oňa «el-Mälikul-adyl» lakamy berlipdir. Öz döwrüniň belli serkerdesi bolan Nureddin her egninde bir sagdak göteripdir. Bu bolsa onuň hem çepbekeý hem saglakaý ukybynyň bolandygyna güwä geçýär. Ol söweşiň gyzgalaňly pursady sagdagyndan birbada jüp ok alar eken. Sebäbi ol ýaýyndan birbada jüp oky atyp, iki nyşanany deň urmagy başaran ussat bolupdyr. Çapyp barýan atyň üstünde dürli oýunlary etmegi başarypdyr. Uly söweşlerde, gorky-ürküsiz söweşe giripdir. Orta asyrlar döwründe ylmyň, medeniýetiň ösen ýeri Halap we Damask şäherlerinde medreseler gurdurypdyr. Hepdäniň belli bir gününde raýatlaryny kabul edip, olaryň arz-şikaýatyny diňläpdir. Onuň döwründe halkyň hal-ýagdaýy gowulanypdyr, kerwen ýollary ygtybarly bolupdyr we söwda ösüpdir. Biz Nureddin Mahmyt baradaky söhbedimizde oňa mahsus bolan häsiýetleriň birnäçesi hakynda gürrüň etdik. Ol häsiýetler taryh sahypalarynda hemişelik orun alan türkmen serkerdeleriniň, serkerde hökümdarlarynyň aglabasyna mahsusdyr. Diýmek, ol häsiýetler biziň şu günki nesillerimize-de mahsusdyr. Halkyň we Watanyň abraý-mertebesini beýgeltmek üçin ähli başarnygyňy orta goýmak bize pederlerimizden miras galypdyr. Şeýle tanymal şahsyýetlerimiziň biri-de biziň şu günki söhbedimiziň gahrymany Nureddin Mahmytdyr. Magtymguly Pyragynyň «Mert bolar men diýseň, merde hemra bol», «Är ýanynda gezseň, är dek bolar sen» diýýän setirleriniň taryhy hakykatdygyny Nureddin Mahmydyň tälimini alyp, üçünji haçly ýörişiň ýeňijisi bolup, älem taryhynda öz mertebesini hemişelik berkiden Salaheddin Eýýubynyň şöhratly terjimehaly hem doly tassyklaýar. Çünki Salaheddin lakamy bilen meşhur bolan Ýusup Eýýuply Zeňňiler hökümdarlygyny esaslandyran Ymadeddin Zeňňiniň ýoluny dowam eden we ony öz döwrüne laýyk kämilleşdiren Nureddin Mahmydyň sözüň doly manysyndaky şägirdidir. Salaheddin Eýýuplynyň her nahardan soň öz agasy Şirkuh bilen Nureddin Mahmyda degsin edendigini we Beýik Biribardan özüni-de şolaryň derejesine ýetirmegi barada doga-dileg edendigini tassyklaýan taryhy maglumatlar biziň günlerimize çenli saklanypdyr. Nureddin Mahmyt şeýle şägirtleri ýetişdirip bilen ählitaraplaýyn ussat türkmendir. Agaberdi SUHANOW, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |