12:29 Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy | |
Goňşular soňra ýene bir salym häzirki ýagdaýlarynyň Daşkentdäki ýagdaýlaryndan dem ganymatlygy, ýalazy ýerde Günüň aşagynda gazalyp durandan ýörelen mahaly ganymat bolýanlygyny öz mysallarynda ýatlaşyp, “Daşkent, Daşkent!” diýilse, kaşaň şäher görmegiň ýerine Marynyň öňüni dolan bir şäher görendikleri barada mesawy gürleşip otyrdylar. Orazgeldiniň sag tarapdaky goňşusy, Gully eminiň doganoglan inileriniň biri Abdysemet bilen öz aralarynda wagon diwarynda bir el sygar ýaly deşik bardy. Otly ýörän mahaly şondan köwsarlap, arassa şemal gelýärdi. Onuň öňi indi goňşy oturan maşgalaryň çagalary Allanazar bieln Çolugyň, Abdysemediň ogly Tyllanyň köp oturýan ýeridi. Oglanlar gezekli-gezegine şol deşikden dünýäni synlaşyp oturardylar. Daşarda näme görenlerini bir-birlerine aýdyşardylar. Hemişe diýen ýaly il bilen näme gürrüň etjegini bilmeýän deý düňleräk gezýän Orazgeldiniňem çagalardan artsa, güýmenje tapýan ýeri şu ýerdi. Ol indi iki gün bäri şol deşikden dünýäni synlap, iki günden bäri hem töwerekde şol bir üýtgemän duran tükeniksiz sargylt-goňur sährany görýärdi. Şol pursatda otly hem ýöremän, şol bir ýerde öňe-yza leňňer atyp, demir ýollarynyň üstünde taýyp durana dönerdi. Orazgeldi bir gezek otly duranda şol yşgalaňdan seredip, gazak aýallarynyň düzüm-düzüm edip kakadylan balyklary ellerinde sereşledişip, satmak tamasy bilen otla tarap seredişip duranlaryny gördi. Olaryň birnäçesi bolsa wagonlara has golaý gelip, bir-birlerine çolaşýan ýaly bolşup: «Balyk!», «Balyk alyň!» diýşip, otlynyň gapdaly bilen ylgaşlaşyp, aljaga-almajaga öz harytlaryny hödürläp aýlanyşyp ýördüler. Golaýda Aralyň çaýkanyp ýatanyndan habarsyz Orazgeldi: «Bu itgyran çölüň içinden gazaklar balygy nireden alýarkan?» diýip geň galýardy. Gazaklaryň maldarlygyny ýatlabam: «Ýa bularyň goýunlary bir garyn-ýarym garyn dagy balygam göteräýýärmikä?» diýibem oýlanýardy. Töwereginde gögerip oturan ýeke düýp bagy wokzal jaýy bolan bu sähranyň içinde diýseň ýalňyz görünýärdi. Birnäçe ýerlerde, gyssagly maslahat bişirýän ýaly adamlar hümer bolşup durdular. Ýeňseden düýeler, olaryň gäwüş gaýtaryp töweregi parhsyz synlap duruşlary görünýärdi. Orazgeldä otly gidip barýarka bu ýerden dünýäni synlamak hasam ýarady. Bu aşyrym atyp, tolkuna öwrülip oturan depeleriň üstünden käte tanyş çöl otlarynyň ysy burna haplap urardy. Ol bolsa onuň sähraýy keşbi bilen sürgünlere özleriniň bilelikde nalaç yzynda galdyryp gaýdan, ot-çöp ysy bilen heýjana gelip oturan ýurduny ýatladýardy. Otly Orenburga üç gije-gündizde geldi. Ol şol ýerdenem gündogara tarap öwrülip, Orski, Torski... diýip, ýüzüni Sibire tutup ýöräp ugrady. * * * Göräýmäge Murgabyň akyşy ýaly durmuş hem akyp durdy. Kimseler ondan häzir gaýkyldap akyp barýardy, kimseleri bolsa ol eýýäm özüniň hokurdan-aýlaklarynda aýlap, girdaba alyp gidipdi. Ýene birnäçeler şol akyşyp baryşlaryna çar tarapa çawjaşyp, aman galmak üçin haýsydyr bir kenara ýüzüp ýetmäge jan edýärdiler. Gully emindir Kymyşyň neberesiniň yzysüre ahyrzaman obanyň döwletli maşgalalarynyň ýene birisi – Taganlaryň üstünden indi. Taganlar halkyň içinde Merwiň üstünde, basybalyjy daşky duşmanlar bilen bolan söweşlerde özüni görkezen, duşman läşinden seňňer ýasan Gulla batyryň neberesi hökmünde tanalypdy. Emma duşman naýzasy ahyrsoňy onuň özünem aman goýmandy. Garnyndan gapy açyp, ony körük ýaly ýel alyp-çykaryp duran edipdi. Tebipler soňra ol ýaranyň ýel alyp durmasyny galdyrmak üçin, oňa täze soýlan göle hamyny, syk dokalan kendirik bölegini hem goýup sarap görüpdiler. Ýöne, ýarany mylaýym suw bilen ýuwup, adaty iňňe-sapak bilen tikäýmek weli, şol wagt hiç kimiň kellesine gelmändi . Gulla batyr şol ýaradan hem wepat bolupdy. Gulla batyryň oglanlary hem soňra atalaryndan galan gurply maşgalanyň ýagdaýyny saklamagy oňarypdylar. Olaryň biri gidip, Buhara medresesinde okasa, ýene birki sanysy döwrüniň atarman-çaparman adamlary bolup ýetişipdiler. Sowet hökümeti gelen ýyllarynda Söýünalynyň sowady çykan adamlarynyň ençemesi hut şol Gulla batyryň ogly Tagan sopynyň oglanlary bolupdylar. Onuň bäş oglunyň birinden başgasy döwlet işlerine çekilip, raýonyň pylankes diýen adamlary bolup ýetişipdiler. Bu döwür barada il içinde bar bolan: «Maryny Mergenler, Tagtabazary Taganlar aldy» diýen gürrüňem şol döwürlerde döräpdi. Kolhoz gurluşygy başlanan mahaly olar özleriniň alty sany ýük düýesini, iki sany goş öküzini ilkinjileriň biri bolup döwlete tabşyryp, soňra özlerine bu meselede gep geler ýaly etmändiler. Emma ýakynda bularam bir bahana bilen durmuş kerebine çolaşypdylar. Onda-da Taganlar topbagy bilen erbet çolaşypdylar. Şol günleriň birinde raýonda Döwlet taýynlaýyş komitetiň başlygy bolup işleýän Aga Tagan ýüzüni garaňka tutup, bir adam bilen tirkeşip, Söýünalydaky öýlerine geldi. Onuň bilen gelen başyna türkmen telpegini, harby geýimiň üstünden gowaldaňrak don geýen bir harby orus adamsydy. Ol köne tanşy Aga Taganyň ýanyna, özüniň serhetden aşmagyna kömek eder diýen tama bilen gaçyp ýörite gelipdi. Aga Taganam ony OGPU-nyň ýer ýykyp gözleýänligine seretmezden, serhetden geçmäge garyndaşlarynyň üsti bilen kömek etmek üçin bu ýere getiripdi. Emma Taganlara şonda myhmany bada-bat abraý bilen görmedikden, bilmedikden bolup, serhetden geçirip goýbermek başartmandy. OGPU bolsa ony ele salmak üçin ürç edip serhedi berkidip, ähli ýollar bilen ony aňtap-yzarlap gözleýärdi. Şonuň üçinem doganlar myhman bilenem maslahatlaşyp, ony biraz wagt geçip, serhet-beýlekiniň hem ony geçip gidendir öýdüp goragyny gowşadýança öýde gizläp saklamaly diýen karara gelipdiler. Obada adamlaryň kulakçylyga çekilip ugralmagy bilen bir wagtda, täze hökümet hem öz adamlarynyň üsti bilen il içinde alyp barýan wagyz işlerini mese-mälim güýçlendiripdi. Olar oba öýme-öý aýlanyp, hamala özüne uýmaýanyň hem ýetikligini aňýan ýaly, Sowet ýolunyň ýeke-täk hak ýoldugy, bu ýoldan ýöränleriň bagtly menzile ýetjekdigi, baý-kulak eziji synplaryň bolsa asyrlarboýy garyp gatlagy ezip, egin ýagyny gemrip gelendigi hakynda wagyz edilýärdi. Bu geçirilýän işler adaty wagyz işlerine däl-de, has dogrusy, haýsydyr bir edilmesiz gabahat işi edip, indem bu işde özüniň ýeke-täk mamladygyny subut etmäge, özüni aklamaga çalyşýana meňzeýärdi. Eger şol gezek Hanuma, özi ýaly bir täze durmuşyň janköýeri gelin bilen Taganlaryň aýallarynyň arasyna wagyz işlerini geçirmäge gelmedik bolanlygynda, bu ilden-günden ýaşyran iş ýüze çykmasaa-da çykmazdy. Geläýende hem iç işikde bukurak ýerde goýlan, ýalpyldap duran komandir ädigini görmedik ýa-da ony derejeli işlerde işleşip ýören Taganlaryň biriniň ädigidir öýdäýenem bolsa, bu syr açylmasa-da açylmazdy. Telim günden bäri «Şu ýerlere aralaşypdyr» diýip, OGPU-nyň Tagtabazaryň ähli ýerinden elek-soky edip patyşa ofiserini gözleýänliginden Hanuma habarlydy. Şonuň üçinem öýdäki bu aýratynlyk köpi gören, ýiti gözli gelniň synyndan sypmandy. Hanumanyň getiren habary ilki Ýagdyny oýlandyrdy. Onuň, gör, nämelerdir bir zatlary ýatlap, bir pursadam bolsa aňyna diň salanlygy hem belli boldy. Ol Hanuma ynamsyz seretdi: –Sen ony şoldur öýdýäňmi? Hanuma ynamly gepledi: –Şoldur! –Ýadyňdan çykarma, eger gepiň ýalan çykaýsa, soň olar bize hezil bermezler. Taganlar oýun eder ýaly çöp-ä däldir! –Şoldur! – diýip, Hanuma ýene-de pert, ynamly gepledi. Olaryň goňşusy Gara tikgiliň heleýi Taganlaryň aýalyna: «Her gün gije öýüňizden gaty-gaty ýöräp, biri aýak ýoluna çykýa-la, oturyp-oturmanam ýene turup gidýä, käte don bürenibem çykyberýär» diýende, ol aýal: «Adamymyň birki gün bäri içi geçip, garny heläk edýär, gyssansa, näme eline ilse, egne alyp gidiberýär» diýipdir. Şundan soň Ýagdam: “Onda ol, dogrudanam, şol patyşa ofiseri bolmaly» diýip, onuň sözüne ynanypdyr. Hanuma şundan soňra Ýagdynyň gözleriniň adam iýiji möjegiňkä meňzäp, otlukly ýalpyldap gidenini görüpdi. ...Ýagdynyň Taganlara bolan hyrşy aňyrdandy, gizlindi. Ýogsam onuňam maşgalasy indi bireýýämden bäri Taganlar bilen adybir taýpa bolup otyrdy. Taganlaryň ýaşkiçileri onuň kakasyna we beýleki ýaşulularyna hormat bilen olaryň atlarynyň yzyna özleriniň ýakyn birileridigini aňdyrýan «akga» sözüni goşup, mertebeläp tutýardylar. Onuň kakasy özi üçinem Taganlaryň ululary pylany akgadylar. Toý-sadakada öz-özleri aýakda-gol bolşup gatnaşardylar. Ýöne il içinde heniz-heniz-lerem olaryň atlaryny geçmiş bilen baglap, gürrüňçilikde beýlekide: «Haýsy Ýagdy ol?» diýlende: –Aý, hol, Narly guluň ogly Ýagdy gul-da! – diýlerdi. Ol şura bellenilenden bär-ä Ýagdynyň şol eşitmek islemeýän lakamy bilen-ä onuň adyny hasam köp agzardylar. Ýagdydan azar gören adamlar: «Aý, süňňi pes adamdyr-da, olardan gowulykdan başga hemme zada garaşyber!» diýen manyda hamala ol wezipede ig adamlardan biri oturanlygynda ýagdaýyň juda beýle bolmajagyna, onuň ile has sahawatly boljagyna ynanyp, Ýagdynyň adynyň yzyna göwnüýetmezlik bilen «gul» lakamyny goýup gürleýärdiler. Öz ýanynda bu lakam judabir agzalyp barmaýan-da bolsa, Ýagdy munuň indi hiç ýerde hem agzalmagyny islemeýärdi. Kimdir biriniň bir ýerde öz adyny şeýdip kemsidip tutanyny eşitse-de: «Guly men seniň gözüňe görkezerin!» diýip, oňa hym edip öjügerdi. Ýogsam bu nakyl onuň kakasy bilenem däl, atasy Haýdaraly bilen baglydy. Haýdaraly orus gelmezinden öň alamançylyk eýýamynda Söýünala gelip düşen bendileriň biri bolupdy. Gulla batyryň inisi bir gezek alamana gidende: «Maňa ýeten paý-a şu boldy!» diýip, oba iki sany on iki-on üç ýaşly oglanjygy alyp gelipdi. Soňundanam olaryň birini «Hyzmatyňyza ýaradarsyňyz» diýip, agasy Gulla batyryň maşgalasyna beripdi. Ýakyn bir janköýer garyndaşlaram ýokmy-nämemi, soňundan oglanlary yzyna äkitmek üçin sorag salyp, gözläp gelenem bolmandy. Şeýlelik bilenem olar gelen ýerlerine höwrügişip, iliň birisi bolşup gidiberipdiler. Oglanlaryň ikisinem Gulla batyryň neberesiniň adamlary il içinden olaryň öz deňräklerini tapyp, öý-işik edipdiler. Olaryň ikisi hem şu ýerde ogul-gyzly bolupdylar. Gulla batyryň inisiniň özüne talaban edinen oglanjygyndan soňra Dowlat baý diýen ogly Söýünalynyň atly baýlarynyň biri bolup oturypdy. Ol sahawatly bolup, soňra özlerini ýalkan adamlardan hem hemaýatyny gysganmandy. Ol ýurda täze hökümet gelen döwri bu ýerde barly adama dury gün görkezilmejegini aňyp, irgözinden, süri-süri maly bilen maşgalasyny alyp, Owgana geçip gidipdi. Ýagdynyň kakasyna bolsa Dowlat baý ýaly rysgal-döwletli bolmak miýesser etmändi. Onuň zähmetiniň üstünden aýlanyp duran ýykma-ýykylma güzerany bolupdy. Narly gamyşçy käte öýünde, gürrüň arasynda özleriniňem bu oba bir ýerlerden gelip düşen adamlardyklaryny ýatlasa-da, geçmiş üçin kimdir birinden göwün-kine edip ýören adam däldi. Munuň Hudaý halan ykbal işidigine ynanyp ýaşaýardy. Emma Ýagdy welin soňra bu ýagdaýlardan özüçe sapak çykaryp, şony yzarlap ugrapdy. Göwne gelen gümanly pikirler soňam gol ýaýradyp, onuň kalbynda öýke-kinä öwrülipdi. Indi köpden bäri bolsa ol häzirki Taganlara bu geçmiş işiň degişli hem däldigine seretmän, olara-da bu etmiş ýöňkäp: «Hemmesi bir pohdur-da» diýip, asla bagyşlap bilmeýärdi. Emma pyglyny gizlin saklaýardy. Taganlar kuwwat-mertebedediler: sähel sep berip, gaňňaňy garnyňa alaýýanlygyňy aňdyrdygyň depgiläp, mynjyradyp gidiberjekdiler. Şura bolup derejelenenden bäri-hä onuň Taganlara bolan öýke-kinesi hasam ulalyp, indi ol ar almak höwesine hem öwrülipdi... Ol Hanumany diňlänsoň, Taganlar bilen ata-baba aryny haklaşmagyň pursady gelenine kemsiz düşündi. Şol günüň öýläni Ýagdynyň habar edip, şäherden çagyran OGPU işgärleri göni gelip, Taganlaryň öýlerinde rus ofiserini tussag etdiler. Gidenlerinde Taganlaryňam ähli erkek göbeklisiniň ellerini arkalaryna baglap, olaram tussag edip, özleri bilen äkitdiler. Bir hepde geçip geçmänkä-de, orus ofiseri bilen birlikde Taganlaryňam dördüsine atuw jezasy yglan edildi. Ýöne tizden Taganlaryň Hudaý diýen ýerleriniň barlygy belli boldy. Obada komsomol-beýleki bolup ýören Berdi kartbazyň, öz adybir agalaryny bu beladan halas etmegiň ugruna arza çykyp, Aşgabada gidenligi belli boldy. Berdi kartbaz Aşgabada gelip, prokuraturadan ýüz tapmansoň, Atabaýewiň kabulhanasyna geldi. Atabaýew ýokdy. Ony Atabaýewiň özi bilen arz diňleýän işgärleriniň biri kabul etdi. Berdi kartbazy diňläp, işiň gaýragoýulmasyzdygyna göz ýetiren wekil oňa Atabaýewiň sapardan gaýdyp gelerine garaşyp durman: «Sen, inim, göni ýoldaş Kalininiň özüne telegramma bilen kömek sorap çyk, beýle zatlary esasanam häzir ýurtda şol çözýär» diýip maslahat berdi. Berdi kartbaz ol ýerdenem degerli haýyşnama taýynlamaga kömek berip biläýjegini ýatlap, Oba hojalyk-ýer işleri ministriniň orunbasary bolup işleýän öz obadaşy, deň-duşlukda bile oýnap ösen oglany Çary Özbegiň üstüne gitdi. Aňyrsy sähel wagtdanam Çary Özbegiň kabinetiniň öňünde oturan gyz olaryň iki bolup taýynlan arza-telegramma hatyny iki nusga edip çykaryp, öňlerinde goýdy. Berdi kartbaz erjeldir, ol erjelligini hem eder. Her zat eder, bir zat eder ýoldaş Kalinine-de öz arzyny ýetir. Töwekgeliň işini bolsa Taňryň oňarmaýan wagty barmy näme?! Berdi kartbaz gidenine bir hepde boldy diýlende, yzyna Tagtabazara gaýdyp geldi. Ol Aşgabatda, Kalinine ataran arzynyň netijesine birki gün garaşansoň Mara gaýdypdy, ol ýerde hem bir-iki gün bolup, öz işleri bilen bagly alada-larynyň ugrunda bolupdy. Asmany çaňjaryp duran şemallyja gündi. Şemal demir ýol wokzalynyň ýeňse tarapynda oturan rus agaçlarynyň etegini galgadyp, şygyrdadýardy. Gözýetimde ýylgynly kölüň ýaşyl gamyşlarynyň düýrlenip-üşerilenip, goýry tüssä meňzeşip oturyşlary görünýärdi. Berdi kartbazyň ýaňy gelip düşen otlusy indi demir ýoly yzarlap, alatüsse bolup, taýzarlyp, Guşga tarap barýardy. Är işi bitirilipdi. Ýöne, mundan entek Berdi kartbaz habarsyzdy. Ol öz azabynyň ýerine düşenligini, Taganlara berlen ýokary jezanyň sürgün, türme bilen çalşylýanlygy baradaky Moskwadan gelen habary oba gelensoň eşider. Şol günleriň birinde ol şäherde Aman OGPU-a duşdy. Ol Berdini tanap, ýörite aýak çekdi. Onuň ýüzüne çytylyp, nägileligini aňdyryp seredip durşuna: –Sen, komsomol, uly adamlary azara goýup, kimleri gorap ýöreniňden habaryň barmy? –Bar! –Kimi? –Ýoldaş Aman OGPU, men öz agalarymyň aladasyny etdim. Olar bolsa sowete ok atan duşman däl. Men ýoldaş Kalinine hem şony ýetirdim. Onsoňam men agalarym ol ýagdaýa düşüp durkalar, elimden gelen kömegi etmän durubam biljek däl. –Ýöne sen ýalňyşýaň, ýigit! –Mümkin. Aman OGPU köpmanyly, ajy ýylgyryp gapdalyndan geçip gidensoňam, Berdi şol duran ýerinde onuň yzyndan seredip, oýurganyp esli durdy. Süňňüniň ony görenden ysytma tutup ugran ýaly, öz-özünden sähelçe saňňyldaýanlygyny duýdy. Ýagdy bolsa şol günler: «Özüm bu mesele bilen göni girdim OGPU başlygynyň ýanyna. Näme etseňiz ediň-de, ýöne atmaň!» diýdim. Diýseň-diýmeseň bizem raýonda sözi ýer tutýan adamlaryň bir-ä. Onsoňam Taganlaram bize keseki-de däl, öz adybir Hangulymyz» diýip, olaryň ýene bir öwrümde gaýdyp gelerlerini çak edip, il ugruna delalat eden janköýer bolandan bolup gepläpdi. Ýöne, iliň hasaby özündedi. Ol Ýagda bu gepleri diýýämisiňem diýmedi. Berdini welin är işini bitiren ogul hökmünde minnetdarlyk bilen ýatlady. Şonda iliň göwnüne Gully emindir Kymyş duzça hem wagtynda Berdi ýaly bir janköýer tapylaýanlygynda, olary hem sürgünden saklap bolaýjak ekenligi barada giçki pikir peýda boldy. * * * Baýyrlaryň arkasyndan çykyp, birden boý dartyp ösen ýaly bolan Gün ep-esli asmana göterilen hem bolsa, dünýä heniz özüniň gijäniň bir wagty tapan serginligini doly ýitirmändi. Bir bakyşda Günüň hereketdedigem oňly duýulmaýar hem ol şeýdip pasyrdap, tamdyr agzyndan göterilen gyzyl ot bolup, hemmişe durarly görünýär. Serpigi serpilip, ter howanyň öňi açylan öýünde Jemal mama agtyklary Akjagüldür Ogulbike bilen çörek bişirinmegiň ugruna çykyp otyrdy. Düýn öýländen soň Akjagül bilen Ogulbike bir puta golaý däne äkidip, ony goňşularyň el degirmeninde iki bolup üwäp, ýatar wagtyň öňüsyrasynda üst-başlaryny ak çaň edişip, ýüpek ýaly mymyk un edip getiripdiler. Jemal mamanyň özüne galsa-ha, ol hamyr etmegiň ugruna irräk çykmakçydy, ýöne degirmen aýlap ýadap gelen gyzlary düşen-düşen ýerlerinde uklaşyp ýatyrdylar. Garry olary turuzmaga dözmändi. Hamyr etmegiň ugruna bolsa, olar ýagşy ukusyny alyp turansoňlar çykylypdy. Akjagül enesiniň gapdalynda hamyr edip otyr. Onuň şindi ýeterlik güýjüni almadyk ýumrujyklary hamyryň ýeterlik derejede ýugrumyny ýetirerden biraz ejizräk gelýär. Oňa bolsa Oguljumanyňky, Jemal mamanyň kiçi gelni Amangülüňki ýaly gujurly, hamyry öz islegine görä, ýugrup-ýasap bilýän gollar, towlanyp duran goşa ýumruk gerek. Gaýta, öňler gelinler hamyr edenlerinde gyzlaram ýanlaryna çygyryp: «Geliň, oturyň kendirigiň başynda, öwrenersiňiz!» diýenlerinde, hamala agtyklarynyň çagalygy elinden alnyp barylýan ýaly gaýynenesi olara: «Ediberiň özleriňiz etmeli işleriňizi, olaram başlaryna düşende öwrenerler!» diýip, olary ezizläp goraglardy. Ýöne şol wagt Jemal mama gelinleri bilen beýle işleriň gyzlaryň başyna düşjek gün şeýlebir golaýdadyram öýtmändiler. Gelinlerine wagtynda bu işleri gyzlara öwretdirmänligi üçin, indi garrynyň özi agtyklaryna bu zatlary öwretmeli bolupdy. Ol Akjagüli gapdalynda oturdyp, oňa «eýt-beýt» diýip, ýugrumy ýeten hamyryň çöreginiň gowy bolýanlygyny agtyklarynyň gulagyndan geçirýärdi hemem öň ýanynda duran kündükdäki ýörite taýynlanan mylaýym suwdan wagtal-wagtal gerek bolanda, hamyr ýugrulýan kerseniň gyrasyna ýanap, ondan sähelçe guýup bererdi. Ogulbike gapdalda bir mamasyna, bir Akjagüle seredip, amat peýläp ete bökjek pişik ýaly gerlibräk otyrdy. Onuň bäsdeşlerçe Akjagüle seredişi, onuň hamyr ýugruşyna juda- bir göwni ýetip-de barmaýana çalym edýärdi. Biraz öýkeli: “Mamam hamyry maňa ýugurdan bolsa, men ondan gowy ýugratdym, Akjagül ýumruklan wagty hamyr, ukuda tamşanýan ýaly, çala «şyp-şop» edýär, şonuň üçin dolaşyp, ele-de ýapyşyp dur, hany, şony hykyladyp-hykyladyp bir ýumrukla, eliňe ýapyşaýarmykan? Şonda-da mamam hemişe şuň ýaly işi, hilbir adam ýaly edip, şuňa ynanýar» diýip, içini gepledip otyrdy. Ýöne, bu öýde öňem-soňam çagalara degişli bolan işler, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, hemişe ilki Akjagüle ynanylardy. Ogulbike bolsa muňa özüne ynam edilmeýän ýaly görüp kemsinerdi. Bu ýagdaý bilen asla ylalaşmazdy. Ogulbike ýene-de durup bilmedi: –Gatyrak ýumruklasana, gyz! –Işiň bolmasyn, özüm bilýän näme etjegimi! –Et-dä onda bilýän bolsaň! Akjagül kerseniň üstüne eglip-irkilip oturyşyna mamasyna çyny bilen arz etdi: –Mama, aýtsana munyňa, şehit ýaly hüňürdäp oturmasyn gapdalymda! –Ýene başladyňyzmy, haý, saçy kesilenler. Goýuň hany çit-de-mit bolmaňyzy! – diýip, Jemal mama agtyklarynyň ikisine-de şol bir wagtda abaý-syýasat etdi. Soňundanam Ogulbikä tarap seredip: – Saňa-da nobat ýeter, oglum. Şu gezegem ol suw çalyp, ýumruklap agdaryp alsyn, soňundan galan eýini özüň ýetirersiň! – diýip, mähirli gepledi. Goldoly maşgalanyň uly bölegi bölünip sürgüne gidensoň, indi bu öýde öňki ýaly tamdyr dolup çörek bişmezdi. Iki garry, iki gyz aslynda iýende näme iýýär? Iki-üç çörek bişirseler, olaryň üç-dört gün iýerine bolýar. Tomusda-ha hasam gök-ak, başga-da iýere zat ýetik bolansoň, nan juda köp iýlibem ýörülmezdi. "Jany saga dünýäniň lezzet-hezili köp" diýlenidi. Jemal mama agtyklaryna hamyr etdirip, tamdyr odunyny tamdyryň başyna getirdýänem bolsa, entek olary aýap, ýaşrak görüp, tamdyra salmazdy. Goraglardy. Oňa derek: «Haý, gelinler, haýsyň eliboşurak bolsaňyz, geliň-de, şuny bir tamdyra ýelmäp berip gidiň!» diýip, töweregini çagyrardy. Jemal mama çagyrsa, gelinlerem edip ýören işlerine ýaltanyp durmazdylar. Onuň çöregini gelip, birde ugurdaş oturan eltiler: Hürtegiň, Sähetdurdynyň, Gullaryň, Ahmetdir Ballynyň aýallary ýapyp gitseler, ýene bir-de sesýetimlikdäki goňşylaryň biri, ady agza düşen Taganlaryň aýal dogany, Muhammetnazar ýegeniňem «Lekgan» lakamly gelni hyzmat görmän, taňryýalkasyna ýapyp berip giderdi. Gelinler Jemal mamany sarpaly öýüň enesi hökmünde hatyralaýardylar. Jemal mama şeýdip kem-kemden täze durmuşyna öwrenişýärdi. Ýöne garraňdan soň dagy bu durmuşyň eline düşen özüň bolma, onda-da beýdip silkilip-seçilip duran mahalyňda. Üstesine, iliň dilem bir ýanyňdan. Oba içinde häli-şindi sürgünler barada herhili myş-myşlar ýaýraýardy. Bu gezek hamala OGPU-nyň öz äkiden adamlarynyň ýarsyny Daşkende eltip atanlygy, aýal-ebtatlary, oglan-uşaklary bolsa äkidip: «Näme bolsaňyz, şol boluň!» diýip, Sibiriň tokaýlygyna eltip dökenligi, ol ýeriň bolsa aldajy sowugynyň sähel ýeňilräk geýnen adamlary gökdaş edip doňduryp taşlaýanlygy barada gürrüňler edilýärdi. Ýagdaýyň şeýle bolmagyny adamlaryň özleri hem isläp barmaýan-da bolsalar, ol özünden başga degişli bolanda, käbirleri beýle gep tapsalar, hezil edip myş ýasaýarlar. Soňky ýaýran «myş» gürrüňi eşiden gününiň agşamsy Jemal mama düýş gördi. Düýşünde-de ol başga bir ýerini däl-de, soňky döwürde gürrüňi köp edilýän hut şol sowuk Sibiriň özüni gördi. ...Töwerek küde-küde, seňňer tutup oturan gar bolup ýatyr. Adamlar onda batyşyp-çomuşyp, gar gujaklaşyp gezişip ýörler. Jemal mama çiňerilip-çiňerilip, ol adamlaryň arasyndan öz çagalaryny gözleýär. Ýöne, olar hiç ýerde görnenoklar. Jemal mama töwerekdäki ýapraksyz ýalaňaç, äpet bir jandaryň skelet-galyndysyna meňzäp oturan agaçlaryň üstüne çykyşyp, üşäp-büküdişip oturan adamlardan: «Kymyşyňkylary görmediňizmi?» diýip soraýar. “Olar ýaňyja hem bardy” diýip, oturanlar töwereklerine garanjaklaşýarlar. Şolbarmana, Jemal mama agaçda oturanlaryň arasyndan Gully eminiň ogly Kämirany tanaýar, bugdaýreňk, atýüzli, ýiti garaýyşly bu ýigit hut şol. Olam başgalar ýaly, egnini gysyp, elini serip, näbelli gürrüň aýdýar. Jemal mama oňa: –A, Kämiran, başgalar bilmese-de, sen-dagy bilmel-ä meňkileriň niredeligini! Adybir obadaş bolup oturdyňyz. Gaýdanyňyzda-da bile gaýdypdyňyz! – diýýär. Kämiran ýene «Näbileýin?» diýen manyda oturan ýerinde bir elini gapdalyna serip, egnini gysýar. Jemal mama ýene kimselerden sorap, olaryň: –Şol ýerinem bir görüň! — diýip, salgy beren tarapyna gar mongalap ugraýar. Içinden bolsa: «Heý, munça-da bir gar bolarmy?! Eremän ýatýandyr-da. Ýogsam, eräýsä-hä dünýäni suw aldyr bi» diýip oýlanýar. Garda ýöremek bolsa barha kynlaşýar, kimdir biri ýeňseden yza çekýän ýaly, ädimler kynlyk bilen ädilýärler. “Salgy berlen ýerden hem tapmasam, onsoň olary nireden gözlemeli bolarkam?” diýip, Jemal mama ýolda barýarka aladalanýar. Şol barmana-da onuň üstüni gara basdyryp, ak öý bolup oturan arçanyň düýbünde ot ýakyşyp oturan agtyklary Allanazar bilen Aganazara gözi düşýär. Ana, bular, gör, nirelerde eken?! Jemal mama agtyklaryny gujaklap, bagryna basmak üçin olara tarap hamsygyp howlugýar. Oglanlar ony tanaman, tisginişip, yza çekilýärler. Mama bolsa: –Alla jan, Aky jan, nirä gaçýaňyz? Bu men, mamaň! – diýip, özüni tanatjak bolup, olaryň yzlaryndan ylgaýar. Olar bolsa tazygan mal ýaly, garyň üstünde galgaşyp, barha gaty gaçýarlar. Ene olardan beýlekilerini hem soraşdyryp dereklemekçidi. Ýöne dur nire, durmak nire, ýeňilaýak oglanlary bolsa kowup ýetjek gümanyň barmy? Garry: «Alla-jan-uw, Akyjan-uw...» diýip, galyň garyň içinde gygyryp ýör... –Mama, mama, düýşüňde samyrdaýaň, oýan! – diýip, gijäniň birwagty ony Akjagül yralady. Sibiriň garyny mongalamak kyn-da bolsa, oýanansoň hem Jemal mamanyň ýene-de düýşüniň yzyny göresi geldi. Göwnüne taýçanak bolup jyzzynlaşyp gaçyp barýan agtyklarynyň yzyndan ýetäýjegem ýalydy. Ýöne, garry bolsaň, hany, başyňy ýassyga goýanyňdan uklap bolýarmy? Jemal mama soňra gözlerini ýumup, näçe uklamaga çalyşsa-da, uklap bilmedi. Pikiri bolsa, onuň henizem ýas-ýaňy sorag salyp aýlanyp ýören garly Sibirindedi. Jemal mamanyň «myş-myşlara» ynana-synyň gelmeýşi ýaly, asla olary eşidesi-de gelmeýärdi. Indi obada «myş-myş» ýaýranda hem onda göwün göteriji gürrüň bolmaýardy. Onsoňam, Jemal mama öz sürgüne gidenleriniň gözi-gulagy bilen habaryny alyp bilmeýän-de bolsa, ol ýüregi bilen aňynyň bir ýerlerinde oturan pynhan duýgy bilen öz jiger janlaryny yzarlap, goraglap otyrdy. Şonuň üçin Jemal mama näçe eşitse-de, «myş-myşlaryň» yzyna düşüp, olary yzarlabam ýörmezdi. «Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup bolmaz» diýip, Taňra sygnyp, oňarsa, bu gürrüňlerden gaçardy. Ýöne, ýaman ýeri, şeýle «myş-myşlaryň» soňra hakykata öwrülýän, göni şol diýilýän zat bolmasa-da, şoňa meňzeş bir zat bolup çykaýýan pursatlary-da az bolmaýardy. Näçe giňlige salýanam bolsa, Söýünalynyň süňňüne sarsgyn beren soňky «myş-myş» gürrüň welin Jemal mamanam öz gününe goýmandy. Ol "myş-myşlary" göwnüne jaý edip bilmän, özüne bu betlagam gürrüňe gulak gabartmazlygy maslahat berýäne meňzäp: –Iliň içinde agzyna sygan gepi samahyllap ýören gytmy? Çala eşidip, çatma ýykýanyň gürrüňidir bi. Orus adamlary tüw-tark atjak bolsa, bir ýerden başga bir ýere äkidip atmanda, egriň boýunda ýer gytmy? Kimem bolsa täze hökümet gelip, ýagyrnysyna ýel çalan, bu zatlaryň şeýle bolmagyny hem özi içinden kem görmeýäniň ýaýradan «myşydyr» bi – diýip samyrdady. Agşamky gören düýşi onuň ýüregine biraz teselli berýärdi. Ol töwerekde münder-münder bolup duran ak gar, kiçirägem bolsa agtyklarynyň öňünde alawlap ýanyp duran ot görüpdi. Düýşdäki düşünmezliklere seretmezden, gar il içinde «Ak zat – alnyňa», ot «Ot – oraz» diýlip, hemişe gowulyga sanylýan alamatlardy. Düýşünde agtyklaryny garyň içinde kowalap ýetip bilmänligine lapykeç bolan hem bolsa, soňra oýanyp, özüne gelip, düýşüni özüçe ýoran wagty ol ýerde görnen alamatlardan hoş bolup biraz gurplanypdy. Özüniň hemişe: «Meniň ýüregime giňlik ber, Taňrym!» diýip diläp ýören dilegini kabul edenliginiň alamaty hökmünde görüpdi. Agtyklaryny kowalap, yzlaryndan ýetip bilmedigini bolsa, öz ýanyndan şeýle ýorupdy. "Taňrynyň duşurjak güni aňyrrakdadyr. Bähbit bol-a! Ölmänkäm güler ýüzlerini görsem razy" diýip, ýene şüküranalyga saalypdy. Bu gezek şäherden desslapky «myş-myşlary» Ýagdy şura getiren bolmalydy. Soňky döwür şeýle habarlary oba, köplenç, şol gidende alyp gelerdi. –Kimden eşitdiň? – diýip, eşidilen gepiň yzyny çalyp ugrarsyňam welin, olam köplenç ýene-de baryp, Ýagdy şuradan çykardy. Jemal mama ilki: «Bu gepleriň aňyrsyny şol bilýändir!» diýip, Ýagdynyň öz dilinden anygrak bir zat eşitmek üçin, Kymyş duzçy gawun başyndan gelende, onuň ýanyna şonuň özüni ugratmagyň pikirini edipdi. Ýöne, gyzlary ataryp habar edäýmeseň, onuňam haçan geljegi belli däl. Gaýta, onuň özi her gezek agtyklary baranda: «Gawunlar ýetişip, ötüşip, kesege siňip barýar, mamaňyza aýdyň, gazanyny getirip, söküni, şirnisini şu ýerde taýynlasyn, berekedini gaçyryp, dökän-saçan edip ýörmän» diýip, özi habar üstüne habar iberýärdi. Hamyr ýugrulyp, üsti basyrylyp, gapdala süýşürilip alaryna goýlansoň, Ýagdy şuranyň ýanyna gitmäge hyýal edip oturan Jemal mama, tapýança onuň gözleginde ol ýerlerde özüniň ep-esli eglenäýmeginiň hem mümkinligini pikir edensoň, derrew Ogulbikäni ylgadyp, Ahmediň gelnini ýanyna çagyrtdy. Gelin köp garaşdyrman, Ogulbikäniň yzysüre ýetip geldi. Jemal mamanyň golaýyna gelip: –Mamasy, çagyran ekeniňiz – diýip, gelinlere laýyk hormat bilen eglip salam berip, ýaşmak dişläp durdy. –Hä-ä, çagyrdym, gelin. Men oba syrmaga gitjek. Gyzlar ýaňyrak hamyr edip, alaryna goýdular. Men eglensem, hamyr çişip, ajap gitmesin. Wagtyragynda özüň bir gelip, habar alyp git. Gerek bolsa, tamdyra ot goýberip, özüň ýelmäbem beresiň! –Bor, mamasy – diýip, gelin biraz aşak gaçan ýaşmagyny ýene-de burnunyň etegine ýokary çekip hyzmata taýynlygyny mälim etdi. –Düýn-öňňinlikde Ýagdy şäherden gelip, sürgünler barada bir ýerde bir zatlar-a samahyllapdyr. Düýn Soltanýazam baryp, ondan özüniňkiler hakynda soraşdyryp, habar alyp gaýdanmyş. Olar hakynda bir zat eşitseň, durup bolýarmy näme? Menem gidip, şonuň aýdanyny kişiden däl-de, özzünden öz gulagym bilenem eşitsem. “Däne daşamaga gerek” diýip, iki-üç sany çuwalymyzy alypdylar, özlerinden-ä bilip, taňryýalkasyny bilen getiren ýok bulardan. Şol töwerege barsam, şolaram bir sorap-idäp derekläýsem diýýän – diýip, öz hyýalyny ýüzugra hasam anyklady. –Mamasy, siz arkaýyň gidiň-de-geliberiň! – diýip, garrynyň agtyklaryny entek ýaşrak görüp, özüniň bu ýere ätiýaç üçin çagyrylanyna göz ýetiren gelin göwünjeň halda gözlerini güldürip gepledi. Jemal mama aýtmalysyny aýdyp, tabşyrmalysyny tabşyransoň, Ýagdy şurany däne saraýdan ýa-da şonuň töwereginden taparyn diýen niýet bilen ýola düşdi. Gündogardan ýuwaşja aşyrym-aşyrym şemal öwüsýärdi. Gumak ýolda aýak astyndan sähelçe tilki tozany gopýardy. Jemal mama köçäniň boýuny syryp, gapdaldan-gabatdan çykylyp berilýän salamlary alyp, hiç ýerde uzak eglenmän ýöredi. Töwerekde bolsa şolbir tanyş öýler, tanyş ýerler küren tutup otyrdylar. Täze hökümet ýurdy ele alany bäri Söýünalyda bolup bilen zatlar ýeterlik bolan hem bolsa, obanyň keşmeri şonda-da öňküsinden o diýen üýtgemändi. Şonuň üçinem haçanda oba ünsüň düşende, dünýädäki üýtgeşiklikleriň hiç birisi-de bolmadyga meňzeýärdi. Onda-munda oturan barly adamlaryň gara öýleriň gapdalynda keserdip salan jaýlaryny indi başga-başga adamlar eýelärdiler. Olar towuklar arasynyň hekemje horazlaryna meňzäp, hekgerişip oturyşlaryna gylawlyja görünýärdiler. Jemal mama Guwandyk baýyň soňky döwürde ady «Däne saraý» hem diýlip tutulýan howlusyny nazarlap barşyna, ol ýerde döwlete diýlip kolhozdan, ýekebara hojalyklardan toplanyp alnan dänäniň dag bolup, depesine guş-gumrulary göterip oturany göz öňüne geldi. Ýagdynyňam köplenç ol ýerde bolýanlygyny ýatlan mahaly, her ýyl obadan şähere däne daşalyp ugralmagy mynasybetli gurulýan dabara hem onuň ýadyna düşdi. Öňden ýörejek düýäniň üstüne haly ýapylyp, iki ýanyndan düýebaşlyklar asylyp, hamala, ony dolap sataýjak ýaly çolap bilen zatlaryny çolap, bezärler biparh janaweri. Üstündenem bereketliligi alamatlandyrýan, agzyndan bugdaý çogup duran haly horjun ýüklärler, düýäniň boýnunyň gutaran ýerindenem iki öň aýak aralykdan çekerler ýüzi ýazgyly gyzyl matany. O-da «Watan, kabul et Söýünalynyň guşgursak dänesini!» diýlip ýazylandyr. Bir hoşroý ýigidiňem eline gyzyl baýdak berip gondyrlar onam soňra düýäň üstüne. Ana, onsoň, Pendi jülgesini dolduryp akyp barýan däneli kerweniň bardyr! Söýünalylar ilkiler bu gyzyl kerweni dabara bilen oba bolup ugradardylar. Galyberse-de, onuň täzelik bolany üçin, hem ozallarky Owgandan, Merwden, Buhar-Maşatdan özünden öň «logurdap» jaňynyň sesi gelýän kerwene meňzeýänligi üçin hem ony synlamak ýakymlydy. Ilkinji şeýle gyzyl kerwenleriň birki sanysyna Orazgylyç hem gatnaşypdy. Bir gezek bolsa ol: «Hälem özüm gidenim gowy bolupdyr, şäher kabul edişinde şeýlebir adam, düýe, araba-gaýry üýşüpdir welin, başga ýerde adam galdymyka?» diýdirýär. Hemmeler hut şu gün dänesini tabşyraýmasa, ertir giç bolar diýip pikir edýäne çalym edýärdi. Birgiden çuwallaryň içinden zordan öz belgili çuwalymyzy tapyp alaýdym. Däne diýeniň bolsa, telim bir ýerde dag bolup dur. Gapandan geçirdigiňem, birtopar gollaryny çyzgaşyp duran ýigitler bar. Olar hasanaklaşyp gelip, goldaşan çuwalyny bir zarbada agramy ýok ýaly edip, bugdaý dökülýän ýörite gurnalan depä çykaryp, soňam şol ýerdenem ony silkip dökýärler. Çuwalyňy bolsa, şundan soň, haramy bar ýaly, elleriniň tersi bilen gapdala, bir ýere zyňyp goýberýäler» diýip, ondan gelensoň gürrüň berip oturanyny ýatlady. Jemal mama däne saraýy alkymlap geliberende, onuň derwezesinden siňeklän ýaly kakynjyrap, hüňürdäp gelýän syrdam, uzyn boýly Sapar daraz göründi. Ol Jemal mamany görüp, aýak çekip salam berdi: –Gelneje, salawmaleýkim! –Amanmy, Sapar, Ollak gelnem gurgunmy? –Gelneje, onsoň, Orazgeldi akga dagydan näme habar? –“Gideniň habary özi bilen” diýleni-dä. Iliň «myş-myşyndan» başga biziň-ä bilýän zadymyz ýok. Hamala, uçup ara gatnaýany bar ýaly, il-ä tapaýýar bir gepler. –Aý, ilçilikdir-dä – diýip, Sapar daraz Jemal mamanyň özi samyrdap, özbaşyna gepläp gelşini birhiliräk görüp, peltesine nirede ot degenini ýatlady. –Bu kolhoz diýeniň munuň asla işi gutarmajak eken. Hemişe ekin-tikiniň eňňeresi alnansoň, biraz dynçlyk bolardy. Gaplaňlaryň dagy Kymyş akga ýalylaram üýşüşip, Jedel depede nähili düzzümler, keçe-keçeler oýnalardy?! Indi dagyn ol zatlaryňam hemmesi öz-özünden ýat bolubam barýar. “Ýygyljak bugdaý ýyglyp, tabşyrylmaly däne tabşyry¬landan soňam, baryp däne saraýda işlemeli” diýdiler, işledim. Indem Ýagdy ýaňy ýanyna çagyryp: «Bu ýeriniň işi sabap gutaryp barýar, sen şäheriň däne kabul edilýän ýerine gitmeli, ol ýere-de halta-çuwal çekmäge seniň ýaly daýaw adamlar gerek» diýýär, özem şähere gitseň, başyňy alyp, ýatyrlaý gitmeli. Hany, atly-eşekli gatnap duraýara saňa golaý-goltumda şäher barmy? Üstesine, çaý-nahar aladaňam özüňden bolmaly, garasaý, günüň itiň güni ýaly bolmaly-da... Sapar darazam ýurtda nämeleriň bolýanyna oňly düşünmese-de, ilugruna bir goş öküzi bilen kolhoza girenleriň biridi. Öz öküzleri bilen kolhozyň ýerini sürüp, ekinini ekip güzeranyny aýlaýardy. Onuň otlukly sözleýşinden uzynyň akyly giç geler edip, Ýagdy şura bilen ýap-ýaňyja jetleşip, gygyryşyp alanlygy duýulýardy. Jemal mama Sapar darazyň bir görseň Ýagdydan göwni galana, bir görseňem kolhoza girenine ökünýäne meňzäp aýdan äm-sämräk gepine göwünlik beriji äheňde gürledi: –Kolhoz bolsa, belkem, şeýle bolmalydyr-da? Kömeg-ä öňem bardy. Beleňleň gazysy gutarmasa, siz gidip gazyşardyňyz. Size kömek gerek bolanda, olar gelerdi, şoňuň ýaly bir zatdyr-da bu-da. Jemal mama çuwallaryny dereklemelidigini ýadyna salyp, Sapar darazdan salgyny alyp: "Iki işimem bir ýerden bitäýjek öýdýän" diýip, aňyrdan gelen wagty Ýagdy şura ýük urlup duran arabanyň gapdalynda ýene-de iki sany adam bilen gürleşip durdy. Ýagdy biline ykjam edilip guşalan aşyrma kemeriniň bir gapdalyny bykynynyň ýanyndan gysymlap, bir goltugyny köweldip durdy. Ol öňünde duran togalakkelle, başy tahýaly däne saraýyň başlygyna bir söz bilen sürünýäne meňzäp, egilibräk durşuna bir zatlar düşündirýärdi. Olaryň gapdalragynda üçünji bolup, peşeneli garaýagyz, başy Stalin papakly ýat adam dur. Ol şäherden Söýünala bugdaý tabşyrmagyň barşyna göz-gulak bolmak üçin raýkom tarapyndan ýörite goýlan adamdy. Ol häzir Ýagdy dagynyň gürrüňine goşulman diýen ýaly, ernini gyşardyp, duýlar-duýulmaz sähelçe ýylgyryp durdy. Jemal mamanyň aňyrdan gybyrdyklap, öz ýanlaryna ýetip gelýänini görüp, olar birsalym: «Hany, bu garrynyň bir habaryny alalyň» diýen hörpde üşerilişip, gürrüňlerine dyngy berdiler. Ýagdy Jemal mamanyň süssenekläp gelşini görüp, halamazlyk bilen çytyldy. Kemerinden elini aýryp, elýaglygy bilen maňlaýynyň derini syldy. Onýança garry: – Ýagdy, men-ä seni bir göräýeýin diýip geldim! – diýdi. Ýagdy: –Hä, menlik näme işiňiz bar? – diýip sorasa-da, özi çen bilen garrynyň näme üçin sorag salyp gelenini aňýardy. –Hany, sen sürgünler barada şäherden bir habar alyp gelenmişiň-le? Il-ä eýýäm olaryň kimisini atyp, kimisini Sibirden çykaryp, özüçe oňaryşdyrdy. Şeýle bolsa, şu gepleri seniň öz diliňden bir eşideýin diýdim. Eşidemsoň, durup bilmedim. Ibereýin diýsem, baba-da gawun başynda, şonuň-a indi oba-da gelesi gelenok... –Aý, meniň-ä, garry, saňa aýdara anyk bir habarym ýok. Ýöne, raýispolkomyň orunbasary ýoldaş Guljaşow ýygnakda: "Şol gidenler Sibir tarapa-da gidipdirler" diýib-ä bir ýatlady. Ýöne, “pylankes gidipdir” diýip, at tutdy diýsem-ä, ýalňyş bolar – diýip, Ýagdy göwünsiz gürledi. Ýagdy ýygnagy, onda raýkomyň birinji sekretarynyň bu işi bitirilen uly iş hökmünde nygtap, Sowet döwletiniň ösüşine badak atýanlaryň birnäçesinden dynylanlygyny aýdyp, özüne hem bu işde işjeňlik görkezeni üçin ýörite minnetdarlyk aýdylanyny öz ýanyndan hoş bolup ýatlady. Soňam ýagdaaýa görä, mümkin boldugyça, sypaýyçykly geplemäge çalyşdy. Enäniň leňňer alan kalby susdy. Bu sözi eşiden mahaly ol damarlaryna ot goýberilen ýaly bolup gidenini duýdy. Ýüzüni köneldip, sähelçe içini çekip aplykdy. «Iliň aýdýany hem bir ugrundan barýan eken-ow» diýip örtendi. –Narly çöpçiň ogly! Sen bu ýerde habara garaşylýanyn-a bilýäň. “Sibire gitdi” diýlende, «Kim-kimler?» diýip soraýmaly, anyklaýmaly ekeniň-dä. – Garryň gürrüňi janagyryly eşidildi. Ýagdy: –Aý, olar näbilsin! – diýip, başyny göterip, kemerinden ýapyşyp, wajypsyrap gürlese-de, garrynyň gözüne göni seredip bilmedi. Onuň häzir öňünde mätäç günleri enesi hökmünde adyny «oglum» diýip, mähirli tutan aýal durdy... Jemal mama ogullaryny sürgüne ugradansoň, Ýagdynyň-da kimligi belli bolansoň, ara sowuklyk düşüpdi. Indi garrynyň onuň adyny «oglum» diýip, öňküsi ýaly mähir bilen tutasy gelmeýärdi. Ol hem indi iller ýaly onuň adyny keseki diýen manyda «Ýagdy gul» diýip tutýardy. Ene soňra hiç zat diýmän yzyna dolandy. Ýene onuň pikiri Sibire – çagalarynyň ýanyna gitdi. Olara garylyp-gatylansoň bolsa, tiz özüni unudyşy ýaly, Ýagdy şuranam unutdy. Gaýgy-hesret bolsa ýüregi ezip barýar. Egninden basylan ýaly, ýegşerilip-küýkerilip ýöredi. Gözüniň öňünde bolsa ýakalaşyp, magallak atyşyp, oýnaşyp, hezil edişip ýören agtyklarynyň, ogullarynyň, gelinleriniň özüne seredişip duran mähriban keşpleri... –Men sizsiz nädip ýaşaryn indi? – diýip, garry birden böwsülip-aglabam goýberdi. Asmana göterilen Gün indi içinden aýak çykan, çog bolup oturan gyzylly harmana meňzäp lowurdaýardy. Meýdanyň yssysam ýeterlik bardy. Ýöne, öz pikirleri bilen urnaşyp-alşyp gelýän ene häzir bu zatlary duýmaýardy. Çuwallaryny soraman gaýdanlygy öýüne ýetip barýarka onuň ýadyna düşdi. Yzyna dolanmagyň ýerine: «Haý, akmak heleý, ol çuwallaryň hak eýeleri elden gidensoň, seniň ol atam eýýämden galan köne ahladyň kime derkar diýsene?» diýip, özüne janyýangynly käýindi. * * * Ýurtda ýanamalar barha örç alýardy. Türmä basylýanlaryň bir ujy eýýäm baryp Truhanskiden, Workutadan, Magadandan çykypdy. Ol günler otlular ýetişiksiz gara günde bolşup, ýele-yga şeýlebir adam çekýärdiler, şeýlebir adam çekýärdiler! Sürgünleriň ahy-nalasyndan Sibir, Gazagystan, ýeneki ýüzlerçe ýurtlar, ýerler lerzan alýardylar . Soňabaka otlular bendileri çekmäge şeýlebir öwrenişip¬dirler welin, olaryň başga zatlary asla ýük edip arkalaryna alaslaram gelmeýänine meňzeýärdi. Orenburga ýetilensoň, howanyň üýtgänligi mese-mälim belli boldy. «Ýer ala – ýurt ala» diýleni Orta Aziýa-ha häzir ýandyryp-howurlap otyr. Bu ýeriniň howasy bolsa ýazyň güni ýaly, bir görseň, ýagyp dur, ýene bir görseňem ýalpyldap, Gün çykyp dur. Soňky iki günden bäri wagtal-wagtal ýagyş ýagyp, çygly şemal öwüsýärdi. Otlynyň iki gapdalyndanam indi telim gün bäri galman gelýän tokaý agaçlarynyň tükenmeýşi adamlary geň galdyrýardy. Agaçlaryň arasyndan birde öý ýaly edilip basylan ot küdeleri, eşekgeriş edilip gurlan jaýlaryň töwereginde otlyny gözleri bilen ugradyp duran adamlar, çagalar görünýärdi. «Baý bu ýerde bu agaçlaryň köpdügini?! Näçe jaý gursaňam arkaýyn ýetjek. Bil tutup, äpet-äpet bolup gidenlerem bar...» diýşip, bu tükeniksizligi gözügidijilikli synlaşyp pikir öwürýärdiler. Haçan seretseň, töwerek agyn tokaý agaçlary bolup dur, şemal öwsende asman-zemin aralygy owsunyp, umman bolup tolkun atýar. Bu görnüşi hatda häli-şindi asmany tutup, bir ýerden bir ýere ýörişe ugraberjege meňzeýän, üýşüşip-çaşyşyp ýören herdemhyýal gara bulutlaram bozup bilmeýärdi. Agajyň munça bollugyny nirede görüpdir şindiki türkmen?! Sürgünleriň bolup baryşlary şol öňküsi ýaly gara görgülikdi. Ýer-ýurt üýtgän-de bolsa, ýagdaý üýtgemändi. Görülýän görgüleriň köpüsem sürgünleri alyp barýan adamlaryň sürgünlere bolan garaýyşlarynyň üýtgemeýänligi bilen baglydy. Olary asyrlarboýy garyp gatlagy ezip, hakyny iýip gelen eziji synp hasap edýänligi, bulara şeýle gatnaşyk etmek bilen, özüniň bolşewik messebine wepalydyklaryny subut edýändiklerine ynanýardylar. Öň otlynyň içine adam boýy ýeterden ýokardaky wagon penjirelerinden çöl çägesi syran bolsa, indi ol ýerlerden hazylap, süňňi gijelerine dagy hasam çigrekleýän çygly şemal urýardy. «Dyksana, akgasy, şony. Hazylap, sowuk gelýär» diýip, Rahmangulyjygy ýanap emdirip, kese ýatan Oguljuma ýatan ýerinden adamsyndan gabatdaky diwaryň deşigini ýapmagy sorady. Ozal şemal gelip, hezil berenem bolsa, häzirki gelýän şemalyň weliň mazasy ýokdy. Wagt bolsa gijäniň gaýry bir mahaly. Töwerekdäki adamlaryň hemmesi burunlaryny «hyşy-wyşy» etdirişip, agyzlaryny tamşandyryşyp, süýji ukuda ýatyrdylar. Orazgeldi gobsunyp, uzyn düşüp, üstünde ýatan keçesini diwara tarap biraz çekip, onuň bir etegi bilen şemal gelýän deşigi petiklänsoň, ýassyk edinen sary içmegini hem egnine geýip, arkasyny şol ýere diredi. Orazgeldi otlynyň birsydyrgyn sarsgynyna meýmiräp oturyşyna howanyň öwzaýy barada oýlanyp, düýnki asmany synlan wagty gören şekilini göz öňüne getirdi. Ol şonda asman agylyna, ýaňy gyrkylyp üýşmek-üýşmek edilip goýlan goýun ýüňlerine meňzeş çalymtyl bulutlaryň ol agyla gabalan goýun sürüsi ýaly dyknyşyp, bir-birlerini tirsekleşip, dyzanyşyp duranlaryny görüpdi. Şemal güýçlenip ugran mahaly bulutlaryň etegi galgan ýaly, şemalyň ol bulutlaryň öňüni-yzyny gaýtaryp, sürläp çopan bolup ýöreni göründi. Jebisläp, sürüp ugrana meňzäpdi. Şeýle-de, ol çyg ysy bilelikde barha tereňleşýän ýakymly tokaý süňňüniňem ysyny getiripdi. Indi uly adamlar hem ir ertir, giç agşam galyňrak geýäýenlerini kem görmeýärdiler. Orus tomsunyň talaby şeýle bolup çykdy. Otly süsňäp, Orusýetiň çetinden girip ugransoň, howanyň owzaýy mese-mälim üýtgäpdi. Indi çagalaryň ýorgana çolanybrak ýatyrylaýany kem görülmeýärdi. Agşamlaryna, ertir irden dagy sowuk şemal ösüp, howa hasam sowan ýaly bolardy. Adamlar öz aralarynda: –Sibirimiz-ä ahyr geldik öýdýän! –Asman, toýnak salaýasy gelip duran ýekesiňir ata meňzäp çytylyb-a dur. –Aý, bu iliň tomsy dagyn bolmaýarmykan? –Özi Sibir boljak bolsa, onuň tomsy nireden bolsun?! –Indi öňki ýaly öz tomsuňy görüp bolansyň! –Şeýle bolaýarmykan-aý?.. – diýen gürrüňler edişýärdiler. Tebigatyň üýtgemegi ähli zada öz täsirini ýetirene meňzedi. Otly Çelýabinskiden ymykly çykandan soň hem sürgünleriň halyndan gelip habar alan bolmady. Otly howlukmaçdy. Kiçi duralgalarda dagy sähel säginen ýaly edýärdi-de, ondanam geçiberýärdi aňyrlygyna, üstünden ätlän ýaly edip. Sürgünler indiki baryp ýetjek uly şäherleriniň Petropawlowskidigini Çelýabinskide duranlarynda eşidipdiler. Dogrusy, özleriniň nirä alnyp barylýanlygy ykbalyna kaýyl bolan adamlary indi öňküsi ýaly, juda bir gyzyklandyrybam durmaýardy. Galyň bende indi bir ýerik tizräk eltilse kaýyldy. Wagondaky dara-dire durmuş hemmeleriň halys degnasyna degipdi. Otlynyň bu gezegem uzak gün ýöremegi bilen, sürgünleriň halyndan ýene-de ýeke gezegem hatda ol bu ýerlerde duran mahaly-da habar alynmazlygy wagon içinde dürli howatyrly çaklamalaryň döremegine sebäp bolupdy. Adamlar ýene-de Çelýabinskide hem Daşkentdäki ýaly öz daşlaryndaky goragyň başga-başga zabun adamlar bilen çalşyrylandygyny, olaryňam özlerini unudandyklaryny çak etdiler. Ýene birleri günäni başga ýerden däl-de, özlerinden gözlediler hem Çelýabinskiniň töwereginde beýleki wagonlaryň birinden başga-da bir Nurýagdy ýalynyň gaçyp, özlerini alyp barýan saklawyň gaharyny getirenligine, şonuň üçinem bu zabunlyga sezewar bolandyklaryna ynandylar. Ilki suw ýetmezçiligi duýlup başlanypdy, çagalar hyk-çok edişip, eje-kakalaryndan suw soraşyp ugrapdylar. Ýana alnan suwlar bolsa indi gutarypdy, öňler wagtly-wagtynda suw beýleki getirilip durlansoň, adamlar köp suw ýanlaryna aljagam bolmandylar. Suw meselesi tizden hemmeleriň aňynda owsun atyp duran ummana öwrüldi. Adamlar orta ýolda ýene-de bir bela duşandyklaryna düşündiler. Üme-çüme düşün¬meýän çagalar bolsa: «Suw!» diýşip, barha beter mäleşdiler. Ýöne suwuň dökülip duran ýeri ýokdy. Üstesine, çagalara-da muny düşündirip bolanokdy. Onsoňam asmanda ýagarman bulutlaryň bu lemmerlenişip, beýdip otlynyň öňüni kesip, yzyndan kowalap ýagyp ýörşüne suwa dagy gytlyk bolmajak ýaly welin, emma ýagdaý başgaçady. Galyberse-de, haýsy zat teň bolsa, adamlaram şoňa suwsar eken. Aç towuk düýşünde dary gören bolsa, indi sürgünler düýşlerinde, oý-hyýallarynda, owsun atyp akyp ýatan öz Jeýhun, Murgap, Tejen derýalaryny, daglaryň göwsünden bygyrdap çykyp duran çeşme suwlaryny göz öňlerine getirýärdiler. Mundan biraz öň iň soňky owurt suwy iki jigisi bilen bölüşip içen Allanazar tebsirän dodaklaryny çömmeldibräk oturyşyna öz howlularynyň aşak etegini ýalap akýan jary göz öňüne getirip otyrdy. Ol ýerde deň-duşlary henizem suwa düşüşip, kowalaşyp, çägä agynaşyp, hezil edişip ýörler, oglanlaryň gapdalyndan bolsa lummurdap suw akyp ýatyr. Oňa girip-çümüp ýören oglanlar gähneşip-gähneşip, suw içäýjegem ýaly welin, asla beýle däl, pagşyldaşyp ýörüşlerine olaryň işi oýun bilen. Allanazar bu zatlaryň hyýaldygyny unudyp, oglanlara igendi: –Eý, näme suw içeňizok siz! Ana, güzeriň gapdalynda gamyşlyk bilen aralykda durlanypjyk duran suw bar, içiň-dä, näme, şondan! Ýöne bu barýanlara häzir bütin dünýä suw bolup çaýkanyp ýatanda hem peýda bolmajagy düşnükli bolupdy. Çagalaryň ýerli-ýerden suw soraşyp, mäleşip ugramagy soňra olaryň biçäre ene-atalarynyň kalbyny hem lerzana getirip ugrady. Olar sojaşyp, iňezeleşip suw soran wagtlary kakalar zöwwe-zöwwe ýerlerinden turanlaryny hem duýman galýardylar. Aýallar mahal-mahal bürenjekleriniň syny bilen gözlerden biygtyýar syrygýan gözýaşlaryny sylyp oturyşlaryna halys suw diýip ýürege düşen çagalaryny: «Ana-ine» bilen tizden bol suwly ýere ýetiljegini aýdyp, köşeşdirmäge çalyşýardylar. Uly adamlar kalplaryny ezişip, takwalyk bilen geçeniň, geljegiň üstüne pikir toruny atyşyp, hamala öz gözleýän soraglarynyň jogabyny hem göýä şol toruň aşagyndan goja balykçynyň altyn balyjagy tutup alşy ýaly alaýjaga meňzeşip, oýurganyşyp, ynjalyksyz otyrdylar. Bu meselede ýogsam häzir ulularyňam hal-ýagdaýy çagalaryňkydan öwerlik däldi. Dodaklary gurap, agyzlary çölde galanyňky ýaly taplap, kepäp durdy. Üstesine-de, sürgünleriň ýanlary bilen göteren, hökümetiň wagtal-wagtal berýän günemasynyň gapdalyndan goltgy bolýan azyk-owkatlary hem egsilip gutaryp barýardy. Diňe tygşytlyrak aýallarda henizem biraz azyk-owkat ätiýajy bardy. Ýöne, beterinden beteri diýleni, hemmeleri suwsuzlyk belasy has beter köseýärdi. Otly her gezek haýsydyr bir duralgadan ugrap, beýleki bir duralga golaýlap, badyny gowşadyp ugran mahaly adamlar: «Hä, ind-ä duraýsa gerek, biziňem halymyzdan habar alaýsalar gerek» diýip tama edýärdiler. Ýöne, näçe garaşylsa-da, gelip habaryňy alýan welin ýokdy. Ol soňam wagty bilen bolmady. Hamala, sürgünleriň saklawyndaky esgerleriň hemmesi otludan böküp-böküp düşüp, bir ýerlerde galyberen ýalydy. Bu ýagdaý ozal il öňüne düşüp gezen adamlaryň ýene-de bir ýere üýşmeklerine sebäp boldy. Gully emin, Seýitmyrat aga, Orazmyrat ahun, Tätän baýdan ybarat kiçiräk topar maslahat etmek üçin ýene-de wagonyň gapysynyň öňüne üýşüşdiler. Otlynyň şakyrdysy-güpürdisi bilen olaryň gürrüňi özlerinden başga hatda golaýda oturanlara-da eşidilmeýärdi. Seýitmyrat aga edähedine görä düňderilibräk oturyşyna bir zatlar diýýär. Gully emin käte kükregini ýapyp duran gelşikli sakgalyny sypalap, gürrüňe goşulýar. Tätän baý çommalan ýerinde ýaşululary diňläp, hyzmat bolsa onuň bir ýanynda durmaga özüniňem taýynlygyny mälim edip, göýä barmaklaryny döwüşdiräýjege meňzäp, ellerini ynjalyksyz owkalaşdyryp otyr. Hemmäniň kalbynda: «Nädip suw tapyp bolarka? Heý, biziň halymyzdan habar alan, garaşyk eden bolmazmyka?» diýen pikir bar. Bu mesele häzir hemmeler üçin jogapkärçiligi duýan erkek adamlaryň kalbyny has-da heýjana salýardy. Ahyrsoňy garaşylan pursat hem gelip ýetdi. Otly barha badyny peseldip, ýene-de haýsydyr bir wokzala golaýlap gelendigini äşgär etdi. Gapynyň öňünde oturan adamlar söm-saýak bolşup aýak üstüne göterildiler. Hamala islegli janany duýdansyz öňünden çykan ýaly, adamlaryň ýürek urgulary üýtgedi... Soňundanam olar ýerli-ýerden gapyny ýumruklaşyp, öz arzlaryny gowşurmagyň ugruna çykdylar. Aýasyny diwara berip, beýleki eli bilen gapyny ýumruklaýan Gully emin özüniň bilýän ýeke-iki rus sözlerini dile alyp: «Orus, boda, boda ber, boda...» diýip, zowladyp gygyrýardy. Zarynlaýardy. Barybir, müdimilik ýapylana meňzän gapy bolsa ýene-de açylmaýardy. Açylmasa-da, hany, sen suwy nireden aljak? Wagonyň diwarlaryny döwmäge, gapyny ýaryp, ýyrtyp açmaga bolsa seniň hakyň ýok. Onuň soňunyň nirä baryp, näme bilen gutarjagy hem belli däl. Eýsem, agyr milleti oljalap alyp barýanlar bularyň hem adamdyklaryna, özleri ýaly elli-aýakly, iki gözli, agyzly, iýmeli, içmeli, tebigy hajatlarynyň barlygyna düşünmeýärmikäler? Düşünmänmi? Düşünip aňyrsyna-da geçýändirler. Ýöne, düşünesleri gelýän däldir. Ana, bu eýýäm, başga mesele! Ýogsam adamlary adam hökmünde görmek, duýmak üçin şeýlebir artyk azara galmak hem hökman däldi. Olara bir döwüm çörek bilen içere-de suw berseň ýeterlikdi. Bular, eýsem, bolýan zatlara telim bir günden bäri kaýyl bolşup gelmeýärdilermi näme? Sürgünlere ýene-de öz gamlaryny özlerinden başga iýjek adamyň ýoklugy belli boldy. Wagon diwarlarynyň ýüzünde, boý ýeterden ep-esli ýokarda, edil depedäki petigiň aşak ýanynda, her ýerde-her ýerde goýlan, kelle sygardan kiçiräk, şemal düşer üçin ýörite goýlan ýanyn-kese deşikler bardy. Howa çigräp sowap ugransoň adamlar ony sowuk gelmez ýaly tapan-tupan zatlary bilen dykyşdyrypdylar. Mahal-mahal daşarda ýagyş ýagan wagty şol şemal düşerleriň oňly ýapylmadyk birki sanysyndan, aşak etekde ýerleşen adamlaryň üstüne ýagyş damjalary syçrardy. Bu ýagdaý ahyrsoňy tebsireşip oturan adamlaryň ünsünden sypmady. Bir gezek şol çalarak ýapylan ýeldüşerleriň biriniň aşagynda oturan ortaboýly, egni täzeçe tikilen dikýaka ak köýnekli, ýigrimi-ýigrimi bäş ýaşlaryndaky Beki Seýitmyrat şabrap depesinden damja seçelenip ugran mahaly, onuň aşagyndan sowulmak üçin omzap, çagalaryna tarap süýşdi, soňundanam bir zat ýadyna düşüp, kömelek tapan çaga ýaly begenip, gapdal goňşusy Agajan murta eserdeňlik bilen ýüzlendi: –Agam, suw içesiň gelýärmi? –Ony näme üçin soraýaň? –Size suw tapyp beräýsem näme? Agajan murtuň ünsüni özüne çekensoň, ol nädip suw tapmakçydygyny oňa gysgaça düşündirdi. Beki soňra eline akja çaga köýnegini alyp, Agajan murtuň egnine münüp ýokary göterilen mahaly ol elindäki köýnek bilen ýeldüşeriň açyk ýerini şonuň bilen ykjamlap ýaparly göründi. Beki ýeldüşere dykylan paty-putyny aýran wagty daşarynyň çygly howasy, ýagyş syçrantgylary bilen bilelikde hapylap onuň kükregine urdy. Suwsan millet şundan soň Bekiniň ýagşa tutup alyp berýän öl-myžžyk matalaryny uly kanagatlanma, höwes bilen kabul etdi. Adamlar aşakdan: «Meniňkinem ölläp al-da, meniňkinem al» diýşip, yzly-yzyna oňa mata böleklerini uzadyşyberdiler. Hudaý bir gapyny ýapsa-da, başga birini açyp goýarmyş diýleni boldy. Çygly mata bölekleri tebsiräp kepän dodaklara diýseň hoş ýakdy. Diňe şundan soň sürgünler özleriniň göresi günleriniň tükenmedigine ynandylar. Bu ahwalat adamlarda hamala öz horluklaryny ýokardan Hudaý görüp, özlerine gol uzadan ýaly ýakymly duýgy döretdi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |