01:31 Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy | |
* * * Kymyş duzçynyň kempiri Jemal mamanyň şol günden soň kolhoza berlen sygrynyň öz gazygyny ýatlap, köne ýatagyna aýlananyny görüp, onuň gelmegini öýüne ýeneki geljek gowulyklar bilen baglap eden ýagşy dileg-ybadatynyň ýerine düşüp ugranlygy soňra belli boldy. Şol günüň ertesi gijara indi telim bir wagtdan bäri obanyň ýokarsyndaky Galagammar diýen ýerde, işiň başynda ýatymlaýyn bolup, suw haky üçin gazy gazyp ýördüler. Orazgeldi bilen Orazgylyç ikisi aga-ini bolşup, bir ata artlaşyp, ýere-laýa sanjyla-sanjyla aýna ýaly lowurdap duran gazy pillerini öňlerine kese basyşyp gaýdyp geldiler. Maşgala hem indi bir hepde-on gün bäri: «Olaryňam-a indi gelmeli wagty bolup barýar, ertede-birigünde bir ýerden gara beräýseler gerek» diýşip, ýagşy dilegde bolup otyrdy. Gazy bu ýyl hem, hemişekileri ýaly, uzaga çeken surnukdyryjy azap bolupdy. Obany ýene tutuş bir ýyl goldajak bähbit iş edilipdi. Ekin meýdanlaryna suw alynjak ýaplaryň hemmesi kemsiz gazylyp-gyrçalyp, suw sürnäýjek ýerler gaçylanyp, derýanyň suwy gerek bolanda eldeki mal ýaly, baş atdygyň, yzyňa düşüp, oba geler ýaly edilipdi. Orazgeldi irden oýanansoň, donuny geýmek üçin, biraz eglenip, öýden çykan mahaly, töwerek henizem alagaraňkydy. Daşarda Gün dogup, heniz onuň mylaýym demi bilen gatyşmaga ýetişmedik tüsse ysly sowujak, çygly şemal öwüsýärdi. Orazgeldi agşam daýhan jandurmazlygy bilen, derýa boýundaky güýzlük bugdaýynyň pikirini edip, ertede dagy onuň üstüne aýlanyp, halyndan habar alyp gaýtmagyň pikirini edip ýatypdy. Daşarda palçykdan bitirilen ojakda eýýäm ot alawlap ýanyp durdy. Ýene-de maşgalada hemişe hemmelerden ir turýan iki garrynyň aýak üstündedikleri belli boldy. Jemal mama oduň başynda görünmese-de, sygyrýatak tarapdan onuň sygyr saganda “Höwlim, jana” aýdýan tanyş, mylaýym sesi eşidilýärdi. Hemişe sygry irden gelinleriň biri, köplenjem uly gelni Oguljuma sagardy. Bu gün bolsa garry ene telim wagtyň aýraçylygyndan soň öz ýarlarynyň yhlasyna gowşan gelinleriniň entegem öz arzyly ýerlerinde has uzagrak bolmaklaryny isleýärdi. Aýraçylykdan soň ýaryna gowşan gelinleriň ukusynyň nähili süýji bolýanlygyny Jemal mama ilden sorap bilmeli däldi. Orazgeldi hatar oturan erik agaçlarynyň gapdalyndaky suwsuz goljukdan ätlän mahaly mellegiň aňrybaşyndan gaýd¬ýan ýoda bilen kakasynyň ertir namazynyň täretini alyp, eli kündükli owşanaklap gelýänini gördi. Ataly-ogul gabatlaşan mahaly goja oglunyň ýüzüňiň öňküsinden biraz horlanandygyny, ýadawdygyny saýgardy. –Entejik ýatyberseň bolmaýarmy? –Derýaboýa, däne üstüne bir aýlanyp gaýdaýsam diýýän. –Gazyň agyr ýadawlygy süňňüňden çykýança, üç-dört gün dem-dynç almaly ekeniň-dä! Bugdaýyň taby hiçneneň däl. Menem bäş-on günlükde çagalar bilen birki araba ders äkidip, oňa sepeläp gaýdypdym. –Aý, ders köplük etmez. Menem bir araba ders äkidip, görüp gaýdaýyn. –Onyňam-a şeýle... Gapdalyndan geçen mahaly Kymyş duzça oglunyň kalbynda bu zatlardan başga-da haýsydyr bir ünji-aladasy hem bar ýaly bolup göründi. Agaryp daň atyp barýardy. Emma düýn giçlik, barha garalyp, garamtyl-goýry çal matadan tikilen zenan köýnegine meňzäp asmandan inen, soňundanam ähli zady öz etegi bilen basyran gijäniň, häzir bolsa, ol etegiň ebşitlenip tutulyp, ep-esli ýokary göterilen ýaly bolmagyna seretmezden, dünýä henizem onuň täsirindedi. Ilerki Pendi baýyr jülgeleriň arasynda, hemişe gündiziň ýagtysy özge ýerlere seredeniňde, biraz gijigip düşýän çöket ýerlerde henizem gijäniň goýy garaňky galyndylary ümürläp ýatyrdy. Orazgeldi ýola çykmazdan ozal arabasyna goşjak ýabysyny ýene biraz gurplandyrmak üçin halaýan höregi bilen iýmlemekçidi. Her gün şeýdip iýmlenilýän alaşa häzir ýatagynda, öz paýyny almaga gyssanyp, üstaşyr bir ýere seredýän ýaly bolup, tamakinlik bilen hokranyp, eýesine tarap seredip durdy. Kakasy ýanyndan gidensoň, Orazgeldi ýabysyny köp garaşdyrmady. Aňyrdan gelşine, ýabynyň duran töweregi çöp agylly, depesi gamyş üçekli bassyrmanyň agaç sütünleriniň birinden asylgy, ýetimiň ýeketaý çarygyna meňzäp duran at- torbany aldy-da, öwrülip kümä girip, ol ýerdenem ony arpadan dolduryp çykdy. Soňra ol ot küdesine syrtyny diräp, uzyn-uzyn agaç-oklaryny asmana somaldyp, ol ýerdäki barha çalaryp, gelin ýörişini edişip barýan bölek bulutlary öz oklaryna ildirip alyp galaýjaga meňzäp duran at goşulýan arabanyň ýanyna geldi. Onuň asmany «tüpeňläp duran» çykym-oklaryny aşak basyp, olaryň arasyna ata derek özi girensoň, ony yzyna tirkäp alyp gaýtdy, getiribem mellegiň ol başyndaky howlynyň çykalgasynyň gapdalynda, alnyp gidiläýmäge häzir edilip goýlan, üýşmek tutup duran dersiň gapdalyna ýanady. Ders tümmeginiň depesi, aşagy ýaňy tutaşyp ugran odun üýşmeginiň ýokarsy ýaly, sähelçe bugaryp durdy. Onuň gaňşyrawygyňy tütedip barýan goýry, ajymtyk ysy bardy. Orazgeldi işe geýýän donudyr telpegini almak üçin dolanyp öýe giren mahaly, aýaly Oguljuma ýaňyrak aglap turan kiçi ogly Rahmangulyny ýanap emdirip, arkasyny sypap köşeşdirip ýatyrdy. –Eýýäm turdumy? – diýip, Orazgeldi aýaly bilen oguljygyna tarap sähelçe baş atyp goýberdi. –Daň towug-a bi! – diýip, Oguljuma mähir bilen gülümsiräp, Rahmangulynyň maňlaýyny sypap buýsandy. Oguljuma oýanmasyna-ha, ýaňy adamsynyň yzysüre oýanypdy. Ol, endigine görä, adamsyny iýdirip-içirip, naharlap ýola salmak üçin daşary çykmakçydy. Rahmanguly oýanyp, ony işden goýupdy. Oguljuma çagasynyň gaýtadan uka gidenine göz ýetirensoň, onuň başynyň aşagyna ýassyk eden elini usul bilen ol ýerden çekip aldy. Soňundanam onuň togarlanyp gidibermezligi üçin, gapdalyndaky ýassyklaryň birini alyp, ony ýakynda kä ymyzganyp, käte agdarylyp ýatan Rahmannazaryň togarlanyp, depäýmezligi üçin, aralykda goýdy. Adamsyna: – Ine, häzir turdum. Gazanyň ýüzüniň gaýmagyny syryp getirjek – diýip, daşaryk howlukdy. –Derkar däl, meniň häzir zat işdäm ýok. Çagalar iýer. –Onsuzam, çagalar iýmän ýörenoklar. Iki dişlem nan bilen iýip git-dä özüň. Ýüregiňi tutar! Oguljumanyň mylaýymdan gelen aladasy Orazgeldini ýene daýandyrdy. Birzatlar iýdirip-içirip goýbermese, onuň göwnüne jaý edip bilmejegine düşündi. –Hany, onda getir näme getirseň tizräk! – diýip, Orazgeldi aýalynyň bir gyrasyny serpip, taýynlan saçagynyň başyna çökdi. Ýaňyja çalşyryp, ýapbaç geýen telpegini ýene-de çykaryp, gapdalynda goýup, başy tahýaly oturdy. Oguljuma köp garaşdyrman, bir okara gaýmagy getirip, adamsynyň öňünde goýdy. Onuň şeýdip, adamsyny öz göwnüne jaýlap naharlap goýberse, hyzmat bitiren ýaly özünden göwni hoş boljagy belli boldy. Oguljuma göze gelüwli zenandy. Onuň häzir dogrup-ýaýrap, biraz suwlanan göwresiniň has ýaraşygyna gelendigine seretmezden, gyz mahaly ortadan uzynrak, syrdam boýly, bugdaýreňk, gözleri sähelçe duýlar-duýulmaz gyýmakly hoşroý bir maşgalady. Şol günler toýda-ýenekide daşdan görende Orazgeldiniň oňa syny oturypdy. Gyz hem, maý bolsa, oňa ýeň astyndan hyrydar gözlerini aýlap goýbererdi. Hawa, olaryň ilkinji gezek bir-birlerine göwün telwaslyklaryny duýduryşlary-dy şeýle bolupdy. Soň goňşularynyň gaplaň tiresine durmuşa çykarylan gyzyndan Orazgeldä öz sünnäläp tiken tahýasyny ýollady. Sowgat öz habaryna uzak garaşdyr¬mady. Bir hepde geçip-geçmän, bäşbelalar Orazgeldi üçin oňa sawçylyga geldiler. Ol günler obada: «Kymyş duzçynyň iki sany jahyl çykan, gülüň seçegi ýaly ogullary bar» diýlip, höwes bilen edilýän gürrüňler hem bardy. Oguljuma barly öýüň gyzy bolmagyna seretmezden, pespäl, şol bir wagtda hem öz düşen ojagyna aýratyn yhlas-mähirli gelindi. Onuň her bir işde gyz maşgalalarça, eneden görüm-görelde, hünär-terbiýe alandygy duýulýardy. Oguljuma baryp, şol durmuşa çykan günleri, indi özüniň mundan soňky ykbalynyň Orazgeldi bilen bagly boljagyna, özüniň mähir-yhlas eden ýigidiniň mährine çoýunyp ýaşajagyna göwün ýüwürdip buýsanypdy. Oguljuma Kymyşlara düşüp, söwer ýaryň yhlas-höwesine gowşup, iki gyzy, üç ogly öndürip-ösdürip oturan mähriban enä öwrülipdi. Ol ykbalyndan hoşal, Taňrydan müň kerem razy bolup, öz kalbynyň törüni eýelän adamlaryň hyzmatyny edýänine guwanyp ýaşaýardy. Hemişe aýalynyň maňyzly-manyly nazarynda mähir-mylakat, sähel-mähel alada-argynlygy duýmazlygy görmäge endik eden Orazgeldi bu gezek Oguljumanyň nazarynda alada-ünji gördi. Sähelçe oýurganyp, dessine-de onuň sebäbine düşündi. Şeýle ünji Orazgeldiniň hem gözünde bardy. Ýaňy ogluna duşanda goja Kymyşyň syny hem ýalňyşmandy. Orazgeldiniň ýüzünde uçup barýan guşuň kölegesi ýaly, sähelçe bolsa-da ynjalyksyzlygyň alamatynyň barlygy mese-mälim duýulýardy. Bu ünji kalhoz başlygy Nurjumanyň düýn giçlik, ýatar wagtlary duýdansyz gelmegi bilen baglydy. Her gün towuk ýaly ir ýatýan çagalar eýýäm mysylaşyp süýji ukuda ýatyrdylar. Orazgeldi öçügsi çyranyň ýagtysyna gaýçy-pyçagyny töweregine ýaýradyp, iki günden bäri iş edinip, göle hamynyň bölegini unaş kesen ýaly tar-mar kesişdirip, yhlas bilen örýän gamçysyny indi boldum edip, gutaryp barýardy. Şondan soň ýatmak üçin ýerine girermen bolup otyrdy. Kymyş duzçynyň gapysam eýýäm göçüp gideniň gapysy ýaly, içinden ykjam çekilip, ýapyk durdy. Bu wagt başyndaky börügini aýryp gapdalynda goýan Oguljuma hem ýaglyk bilen başyny bogup, gündiz ýanbaşyndan asyp gezýän dogaly tumaryny egninden aýryp, ýeňläp, ýatarman bolup otyrdy. Şol arada aňyrdan gelýän kimdir biriniň “habaryny alyp”, daşarda it üýrdi. Onýança-da: –Alabaý, Alabaý, ýat, Alabaý! – diýip, ýakynlaşyp gelýän ite özüni tanatmakçy bolýan adamyň pessaý çykan tanyş sesi indi golaý gelip, gapynyň öňünden eşidildi. Orazgeldi edip oturan işini gapdalda goýşuna, geleniň habaryny almak üçin, daş çykmakçy bolup, donuny egnine alan mahaly: –Aý, ýegen, öýdemisiň-ow? – diýip, aňyrdan gelýän özüni tanadyp dillendi. Orazgeldiniň ses bererine mähetdel ol ýüzüni garaňka tutup gelýän adam yzyndan söbügini sydyrdyp gelýän bar ýaly howlugybrak içerik girdi. Bu gelen täze gurlan kolhozyň başlygy Nurjumady. Ol Orazgeldi bilen adybir gaplaň taýpasyna degişlidi. Jemal mamanyň kakasy Gurban baýyň dolanan garyndaşlarynyňam biridi. Ol Kymyş duzçynyň neberesini öz ýegenleri hasap edýärdi. Häzir ony jandurmazlyk edip, bu ýere getirenem hut şol garyndaşlyk hatyrasydy. Ol bu ýerde Kymyşlaryň ekabyry Orazgeldä maşgalanyň depesinde köwsarlaýan gara niýetler hakynda duýdurmaga gelipdi. Oguljuma gelen myhmanyň salamyny alyp, gysgaça aýak üstünden onuň bilen saglyk-amanlyk soraşansoň, daşardaky ojakda ýalazy oduna çaý gaýnatmak üçin, ýygnanyp turup gidensoň, Nurjuma özüniň gizlin gürrüň aýdýanyny mälim edip, çöken ýerinde leňňer atyp oturyşyna, Orazgeldä tarap eglip, pessaý ses bilen näme üçin gelendiginden habar berermen boldy: –Ýegen, senem şu günki ýygnakda orta daýhan diýip, kolhoza kabul etmekçi bolduk welin, ýöne, bolmady. Kabul edýän toparyň bäşden üçüsi saňa garşy ses berdi. –Kim-aýt olar, daýy? – diýip, Orazgeldi bir zada dem salýan ýaly alkymynda egreldekläp oturan Nurjumanyň ýüzüne düýrügýänini mälim edip soragly seretdi. Turup şol adamlaryň üstüne gidibererli göründi. –Şura Ýagdy-ha ilki seň meseläňde hiç tarapa-da goşulmady. Ýöne Hardat komonistsiräp turup: –Adamlar, bu nätdigimiz bolýar? Guwandyk baýyňam, Kymyş baýyňam, Ýamat baýyňam biz onlap sygyrly, müňläp goýun-geçili bolanlygyny bilýäs-ä. Bu gün biziň olaryň baýlygyny görmedik bolup, orta daýhan edip, öz aramyza goşmagymyz, süriň içine möjek goşan ýaly bolmaýamy, eýsem? Onsoňam bu biziň beýik serdarymyz Leniniň: «Barly ýoksulyň dosty bolup bilmez» diýen parasadyna garşy iş geçirdiigimiz. Ýoldaş Staliniň: «...Kommunistler baý-kulak, işan-molla garşy barlyşyksyz göreşmelidir» diýen akylyna garşy boldugymyz. Şeýdibem, ikiýüzli bolşewik boldugymyz bolmaýarmy, eýsem?.. Bu zatlaryň hemmesi ýokarda bilner... Onsoň hiç kimiňem ýüzünden sypalmaz –diýip, janyýangynly geplänsoň, ol baryp, ýokaryk aýdar öýtdümi-nämemi, şura hem ikinji gezek sese goýlanda garşy gol göterenleriň biri boldy. Şeýdib-ä, olar köplük boldy. Gurt ýalak ikimizem ýydnakda azlyk bolup galdyk, ana, bar bolany. Nurjumanyň howpurgabrak aýdan habary Orazgeldini hem birbada biraz darykdyrdy. Oňa özüniň maşgalasynyň kolhoza alynmazlygynyň aňyrsynda bir gizlin matlap-pirim hem bar ýaly duýuldy. Ýogsam, mundan birki ýyl öňem täze häkimiýet “şeýtanyň azdyrany özüniňki” edip, adamlary şerekete alyp bilse kaýyldy. Kymyşlar şonda işläp, öz başyny çaramaly, ýekebara daýhan hojalygy bolup galaýanlaryny kem görmedikleriň biri bolupdylar. Şol wagtlar, göräýmäge, ýekebaralylyryň hem ýagdaýy hiçneneňsi bolmaýjagam ýalydy. Indi bolsa täze hökimiýetiň ýekebaralylar baradaky ýöredýän syýasatynda nämedir birzatlar üýtgäp ýören borly. Orazgeldi myhmanyna aýalynyň çaýyň ýany bilen saçagyň üstüne goşawuçlap getirip goýan söklerinden, erik kişdesinden wagtal-wagtal hödür edip oturyşyna özi baradaky bu garşylygyň nireden döräp biläýjegi barada, şol ýygnaga gatnaşanlaryň her biriniň özi bilen ozal-ahyr bolan gatnaşyklary barada, gürrüňiň gapdaly bilen, öz ýanyndan oýlanyp oturdy. Şonda oňa täze häkimiýet Kymyşlar bilen tutluşyp, indem ony göterip, syrta çekip, haýsy ýyldyzdan gaýtarjagyny pikir edip durana meňzedi. Täze häkimiýetiň bu bolşy, onuň göwnüne bolmasa, iýeni siňmeýän, özüni bu jahandan äkitjek erbet kesele duşanyny syzýan, janagyryly, sähel zada girre gahary gelip duran dertlä meňzeýärdi. Ýogsam, ilem-ä çir-çitir bolup, onuň ugruna-ha sürýärdi. “Ýer” diýende, ýer berildi, “Kolhoz bolmaly, mal goşmaly” diýende, onuň bilen alagöz bolmagy islemeýän barlylar sürüläp-sürüläp özleriniň onlarça ýyllar içinde dert-azar bolup gazananja mallaryny eltip, gaýadan goýberen ýaly edip gaýdypdylar. Orazgeldem, onuň inisi Orazgylyjam indi öňräkden bäri alynsalar, kolhoza geçmekçidiler, ýöne mal-garalary alynsa-da, iki doganyň ikisine hem soňra: «Gurply maşgalalary kolhoza almak meselesine soň serediljek» diýlipdi. Ýakynda bolsa OGPU-nyň jogapkär işgäri Waska Aman gelip, obada ýygnak geçirende, oba kommunistleriniň Ýamat baýyň, Kymyş baýyň, Seýit baýyň maşgalasyny kolhoza agza etmändiklerine eziji synpa garşy göreşiň alamaty hökmünde seredip, şuraryň başlygy Ýagdy Narla, Gurban Çünnä, kolhoz başlygy Nurjuma Öweze bolşewik eserdeňligini görkezendikleri üçin aýratyn minnetdarlyk aýdyp gidipdi. Ol şonda: –Barly adamlara ynanyp bolmaz. Olar bolşewik duşmany ýa-da duşman ýaranlarydyrlar. Bir ýerde bolmasa, ýene bir ýerde ala getirerler – diýip, ýumruk somlap gepläpdi. Gapdalda tüsseläp ýanyp duran çyranyň ýagtysy öçügsi bolsa-da, Nurjuma gürläp oturyşyna öz garşysynda gürrüňe goşulman diýen ýaly oýurganyp, diňläp oturan Orazgeldiniň maňlaýynda ownujak lagambir der düwmejikleriniň ýylpyl-daşýandyklaryny gördi. Syr bermese-de, onuň içki harasadynyň ýetikdigi Nurjuma mälim boldy. Nurjuma ýegenine aňyrdan aýdaýsam diýip gelýän gürrüňini aýdyşdyrdym hasap edensoň, oňa ýene bir ýere degmek aladasynyň barlygyny aýdyp, özi üçin ýörite atarylan naharyň hem bişerine garaşman, biraz howlugyp turmak bilen boldy. Orazgeldi daýysy Nurjuma başlygy daşary çykaryp ugradan mahaly, asmanda eýýäm birtopar ýyldyzlar balkyldaşyp, “gelin gözleri” bilen ýere syrly seredişip otyrdylar. Howa maýyldy. Nurjuma arassa howadan kükregini dolduryp, dem alyp durşuna öz ýanyndan niýet etdi: –Baý, howa gowy bolupdyr-ow! Mylaýym şemalam bar. Bu ýeri sarykdyr. Ýer taba gelip, ýene ekişe başlabermeli bolar. – Soňundanam ol bir zadyň häzir ýadyna düşenligini mälim edip, özüni ugradyp barýan Orazgeldä tarap öwrüldi. – Sen mülk ýeriňe pagtaňy ekdiňmi, ýegen? – diýip sorady. Orazgeldi: –Aý, ýok heniz-ä – diýen wagty onuň gep saluwyndan biraz nägilelik duýuldy: –O-how, ýegen, hemişe iliň öňi bolup siz – Kymyşlar ekerdiňiz-ä? Orazgeldiniň oňa: “Geçen ýyl ekip-öndürip näme gördük!? Ekdiň, öňki ýaly satara-ha indi ýer ýok. Eltibem şuraň ammaryna bermeli. Olam-a «ine-ine» bilen ähli ýekebara hojalyklaryň pagtasynyň bahasyny henizem berenok. Hakym diýip ýanyna baranlaryňam şura alpetinden alyp goýberýärmiş” di¬ýesi geldi. Yzysüre şura bilen şindi bu meselede öz arasynda hiç hili gep-gürrüňiniň bolmanlygyny, bu mesele bilen ýakyn wagtlarda onuň ýanyna özüniň barmakçy bolup ýörenligini ýatlap, göwünsiz, gümürtik dillendi: –Aý, şu ýyl-a biraz gijikdik özün-ä. Nurjuma başlygyň onsuzam näme üçin, onda-da Orazgeldi ýaly daýhan adamyň, hemişe bu meselede tapawutlanyp, ile görelde bolup ýören adamyň eliniň sowanlygyndan habary ýok däldi. Şeýle-de bolsa, ol Orazgeldiniň pagta ekişini gijikdirmegini asla unamaýardy. Hoşlaşanda: –Ýegen, pagtaňy haýal etme, ek. Köneler: «Bir – ekene, bir – dikene» diýmänmi näme! – diýip, oňa özüçe janköýerlik bilen maslahat beripdi... Orazgeldi arabany öz maýdalyna sürüp, obadan saýlandy. Mas ýüklenen arabany at itinibräk çekip barýar, arabadaky ýüküň ýeňil däldigini alamatlandyryp, eýýämem atyň ýagyrnysynyň ýüzünde, guluklarynyň eteginde garalyp, der alamatlary peýda bolup ugrapdyr. Orazgeldi arabanyň gapdaly bilen bir eli bilen onuň gyrasyndan tutup, beýleki eli bilen jylawy deňläp, gerek bolanda arabanyň yzyndan itekläp, goldaw berip gelýär. Heniz Gün gulagyny görkezmedigem bolsa, onuň dogar ýeri al öwsüp, aşakdan bir ýerlerden asmana äpet çyra tutulýana meňzäp, göterilip gelýän ýagty asmanda bölek-büçek bolşup, sähelçe süýşenekleşip barýan ala garly meýdany ýatladýan ala bulutlaryň süňňüne hem çylgym-çylgym al reňk çaýypdyr. Gündogardan bolsa, hamala, Gün bilen bile bir ýerden örüp, göterilip gaýdana meňzäp, süňňüne serginlik gatan säher şemaly ösýärdi. Howanyň soňra has maýlap ugrajagy duýulýardy. Orazgeldi şol gelşine ýene düýnki Nurjuma başlyk bilen bolan gürrüňi ýatlady. Üýtgäp giden döwür-döwranlar, ýene birde kuwwatly eliň tersi bilen gapdala sowlup, men-men diýen adamlaryň syndyrylyp, düýnki Ýagdy kemsit, Hardat kepretilçi ýaly ozalky il içinde san-salasyz bolan adamlara onuň beren garaşylmadyk orny-derejesi barada oýlandy. Ykbal oýunlaryna haýran galmak bilen, bu oýunlar barada pikir edip, olara düşünmek isleýäne, şeýdende, aňyrdan gatlanyň suwy ýaly yňdarylyp gelýän güýjüň öňünde durup ýa-da ondan sowlup bolar diýip pikir edýäne meňzedi. Hardadyň näme üçin başarsa kast edesi gelip durmagy belli zatdy. Bu asla ýöne ýerdenem däldi. Alty-ýedi ýyllykda olaryň arasyna sowuklyk düşüpdi. Bu Hardadyň doganoglanynyň Orazgeldiniň doganoglan başga bir ýer bilen guda bolnun gyzyny alyp gaçyp, özüne aýal edinmegi bilen baglylykda ýüze çykypdy. Şundan öň olar özlerini ýakyn bir taýpanyň adamsy hasap edip, sylanyşykly ýaşap ýören, gazyda-beýlekide özüniňkiler bolup, bir hada girip ýören adybirlerdiler. Hardadyň inisi tarapyndan, bäşbela namys kölegesi düşen wagty onuň Ahmet ýaly, ýaşlygyna seretmezden, dogumyndan don geýen gödekleri öz toparynyň agasy hökmünde Orazgeldä sala hem salyp, Hardadyň neberesiniň aýal maşgalalaryna süýkenip, olar bir ar almakçy hem bolupdylar. Emma Orazgeldi şol wagt olara gaçan gyzyň ejesini hem öz döwründe Özbekgylyç akganyň Hardatlaryň gapysyndan atyň öňüne basylyp, alyp gaýdanlygyny ýatladylar. Şonuň üçinem, munuň namysa galma däl-de, olaryň ozalky köýüp ýatan arlaryny alandygy, kasas öldüreni öldürmek dessury bolanlygyny aýdyp, olary köşeşdiripdi. Soňundanam iliň abraýly adamlarynyň ötünç sorap gelip ara düşmegi aradaky dartgynlygy biraz gowşadypdy. Ýöne bäşbelalar öz ýanlaryndan könäni ýatlap, şundan soň köýen arlary ýok diýip bilselerem, her zat babatda özüçe hasap tutýan oba welin muny beýle hasap etmeýän eken. Munuň şeýledigi soňra Orazgeldi gazyda gezip ýörkä beýleki bir taýpanyň bir adamsy bilen haýsydyr bir zat barada, özüniňkileriň arkasyny alyp, sene-mene edende belli boldy. Şonda, bir asgyn ýerini tapmasa, Orazgeldiniň özüne hezil bermejegini, ýogsam, asgynlan hökmünde özüniň il öňünde uýada galjagyny pikir eden garşydaş namartlyga urdy. Ol ýolbarsyň demine düşeniň, yza süýşenekläp-süýşenekläp, soňam, şol barmana, yzyna aýlan eline ilen bir penje pohy onuň gözüne uraýan ýaly edipdi. –Deglip-degilmän, siz özüňizi kimdir öýdýäňiz!? Bolduňyz meniň başyma namys-arly kişiler?! Düýn dälmidi Hardadyň inisiniň bajyňyzy ýorgana çekip, ýüzüňizi ýere basany... Ölüň, ölýän bolsaňyz! Ol aryňyz-a onda köýüp ýatyr, siz bolsa munda mertebe gorandan bolup, hondan bärsi. Orazgeldi şonda ýap içinde duran ýerinden, öz bölejikleriniň ýigitleriniň birnäçesiniň adyny tutup, gahar ugruna gygyryp goýberenini hem duýman galypdy: –Haý, Ahmet, Bally, Mahy, atlanyň. Hany, baryň-da, Hardadyň heleýleriniň syryp gaýdyň saçlaryny!.. Şeýdibem, peltä ot degipdi. Bäşbelanyň ýigitleri oba gelip, yzanda-çuwan edip, Hardadyň aýalynyň, gyzynyň, aýal doganynyň saçyny syryp masgaralapdylar. Hardat şonda muny alnan ar hasap etmändi. Ýöne ol ýigitleriň öňünden çykara gaýratam tapmandy. Hardat muny şonda köýen ary hökmünde ýüreginiň bir ýerlerinde, pursada garaşyp, düwünçege düwüp goýupdy. Häzir özüniň şol garaşan arzyly pursadynyň gelenini duýup, Kymyşlary hut atyma alyp durşudy. Häzirki gaýyň gaýlap, buz üstünde tozan gopup duran mahaly, kimdir birini kolhoz agzalygyna aldyrmazlyk, adama edip boljak ýamanlyklaryň biridi. Kolhoz ýatakdaky sürä meňzese, oňa alynmadyk maşgalalar, şagala şam bolmagy islenilip, bölejik-bölejik edilip kowlan mallara meňzeýärdiler. Saýrykdyrylan mallar bilen möjekleriň işi bolşy ýaly, soňra şeýle maşgalalar bilenem OGPU gyzyklanardy, yrsarardy, kimseleri urup-tutubam giderdi. Şonuň üçinem, şeýdilip, kolhoza bilgeşleýinden alynmadyklar hökümetiň rejesini halaman, göçmek üçin gizlinlikde goş-kötelini toplamak bilen bolardylar. Düýnki Nurjuma başlygyň gep saluwynda hem belli bir derejede gönüläp: «Sen şeýt!» diýip aýtmasa-da: «Onda sizem, bolmasa, ýegen, bitiň agzy üýtgeýänçä, bu belanyň öňünden sowulmak üçin, wagtlaýynam bolsa bir ýere göçäýseňiz nähili bolarka!?» diýen äheň bardy. Barybir, Hardadyň bu oýunlaryny Orazgeldiniň özi hem şonuňky ýaly ary köýeni bilen eli gelip duşan mahaly şeýderdim diýip pikir edýänligi üçin, Hardady şol aryny ýerine salýan mertebeli adam hökmünde göreni üçin, ondan judabir gaty görübem durmady. Ýöne boljak iş eýýäm bolupdy, saçlar gaýtadan össe-de, onuň masgaraçylygynyň dumany şindi sowulmandy. Elbetde, oba bu wakany özüniň hakyda depderinde ýene bir alnan arlaryň biri hökmünde hasaba alypdy, Bäşbelalylaram aryny ýerine salan hökmünde indi biraz rahatlanypdylar. Şeýle-de, bu hadysa Orazgeldiniň özüniňkilere aga hökmünde aýdanyny etdirip bilýänligini, bäşbelanyň bu şagal, möjek bolnup ýaşalýan heňňamly döwürde, gerek bolanda, öz siňeklerini gorap bilýändiklerini ýene bir gezek görkezipdi. Orazgeldi soňundan şol ýygnakda özüniň kolhoza agza bolmagyna garşy bolup, gol göterenleriň ýene birisi – Ýagdy kemsit barada oýlandy. Şonda onuň pikirinde ortadan ýokary boýly, soňky döwürde bol iýip, göwresi has-da ýarsan, möleden gelen ala gözleriniň etegi hemişe ukudan galanyňky ýaly, çylgym-çylgym bolup gyzaryp duran, tutuş süňňüni alarladyp ösen bol tüýi ýakasynyň açyk ýerinden, gaňyrçakly burnunyň hanalaryndan, gulaklarynyň içlerinden hajraw bolşup çogşup çykyşyp duran garaýagyz, tum-tutuş bolup duran dörtgyraň kemsit peýda boldy. Orazgeldi şolbarmana öz hyýalyndaky ýüzüne biraz öýkeli seredip, içki sarsgynyny daşyna çykaryp goýberenini hem duýman galdy. –Tanalmaýan goýnuň guzusy-ha dälsiň sen! Ýagdy kemsit Söýünalyda sowet häkimiýeti gelenden soň onuň ilerläp, ezilen synpyň wekili hökmünde orta çykaran, arkasyny alan adamlarynyň biridi. Ol indi il arasynda çyrpynyp duran dyzmaç at münüp gezýär. Gyrmyzy donuň astyndan ýoldaş Staliniňki ýaly harbylarça, birsydyrgyn geýim geýip, başy barlylaryň geýýän burmalary seçelenip duran gara silkmeli, bili sapançaly, beg bolup, eselip gezerdi. Sowet häkimiýeti gelmezinden ozal Ýagdy kemsidiň kakasy Narly gamyşçynyň hem daýhançylykdyr talabançylyk arasynda hallan atyp duran güzerany bardy. Narly gamyşçy daýhançylygyň daşyndan oba içine aýlanyp, talap gözläp, gamyş işlerini edip gezerdi. Kime gamyş ýygyp gelip, kepbe tutup berse, ýene bir ýerde ezberlik bilen, gapa çekilýän, üstünde keçe güllenip, soňra bişirilýän ganat gamyşlar çykap bererdi. Narly gamyşçynyň kakasy bu oba ozalky, daş-ýakyna alaman edilýän döwürlerde düşen ýat adamlaryň biridi. Ony alamandan Gurban ýah diýen adam ýetginjek mahaly gul edip getiripdi. Görseler, ine, bir hyzmatly, gününe kaýyl, pespäl adam. Şundan soň Gurban ýah oňa öý tutup berip, öz ýakynlarynyň biri hökmünde bir amatlyrak, onuň özüne laýyk maşgala tapyp, öý-işik edipdi. Şondan bäri-de onuň soňky ýaýrawlary Taganlaryň gapdalynda şol ýaýrawyň birisi bolup goşulyşyp otyrdylar. Kymyş duzçy hem obada Narly gamyşçy bilen ham-çam gowy gatnaşykdaky adamlaryň biridi. Ýeri gelende, ol ýetde-gütderäk ýaşaýan Narly gamyşçyny bir bahana bilen goldabam goýbererdi. Öz öýüne gerek bolan gamyş işinem hemişe talaba çagyryp, şoňa etdirerdi. Soňundanam şeýle işler üçin berilýän hak-heşdegi aňryýany bilen berip, ony özüçe galkyndyryp, hoş edip goýbererdi. Her gezegem oňa: «Inim, Narly, öýüňde çal-gatygyň nemeräk bolsa, çekinme-de, arkaýyn çagalaň eline gap ber-de, bäri iberibergin Jemalyň üstüne» diýibem, sargap goýbererdi. Bir ýola Kymyş duzçynyň sygyrlarynyň biri garaşylmadyk ýagdaýda, adaty bir göle dogurmagyň ýerine iki göle dogrup taň etdi. Bu, birinjiden-ä, türkmençilikde ýetip gelýän erbetligiň öňünden peýda bolýan alamat hökmünde asla halanýan zat däldi, özem sygryň goşa götermegi tebigatda juda seýrek bolýan zatdy. Şeýle ýagdaý bolanda, bu il içinde yrym edilip, maşgalanyň ertirki şowsuzlyga uçramagy bilen baglanardy. Şonuň üçinem göleleriň birini dessine çopana ýa-da ýene bir garyp-gasara: «Mal edin!» diýip berlerdi. Hemişe Narly gamyşçynyň hem galkynaýanyny kem görmeýän Kymyş duzçy şol gezegem ýene ony ýatlapdy. Haçan Orazgeldi şol göleleriň biriniň aýajyklaryny sallam-sajak edip göterip Narly gamyşçynyň gapysyndan baranda, onuň ýalanyp guradylan naşyja gölejigi göreninde, begenjiniň çaky bolmandy. Ol gölejigi eline alyp, ony öýünemi, kümesinemi –nirä saljagyny bilmän, zowzuldap ýörşüne: –Hä, Kymyş agam jan-da bi. Dogmadykdan dogan bolan mähriban adam-da bi –diýip, ondan juda minnetdar bolup, gözüne ýaş aýlap samrapdy. Barybir, şol günüň giç öýläni, çagalary bilen gölelerine birsalym guwanansoň, Narly gamyşçy ýene-de ony dolap yzyna alyp ýetip gelipdi: –Haý, agam Kymyş aga, muny enesinden rntek aýyrmawereli, ýene enesini biraz emsin, özüni alynsyn, ot-kepek iýer ýaly bolsun. Men ony şondan soň alaýyn, ýogsam, öýde süýt-zadam ýokdur, oňly ugruna seredip bilmän, ýaňyja ýüzüme damanja zadymy öldürip oturybermäýin – diýip, gölejigiň boýnuna alajaly doga dakyp, bellik edip, haýyş edipdi. Ony şundan soň şol gulajyn maly buga gaçyp, gölelemegiň ugruna çykyp ýören mahaly gelip, öýüne äkidipdi. «Döwletliden döwlet ýokar» pähime ynanýany üçin, Narly gamyşçy Kymyş duzçudan köp minnetdar bolup gezerdi. Orazgeldi häzir iki maşgala arasynda tötänden dörän şeýle göwün gatnaşygynyň bolanlygy, şu ýerde Ýagdy kemsidiň özüni kolhoza geçmek meselesinde goldaýmaly ýaly görünýänligi üçin, ondan çyny bilen göwün edýärdi. Onuň pikiriçe, eger häzir hökmürowan kemsit sähelçe özüni goldaýan bolanlygynda aňyrdan tüwdürilip, howp bolup gelýän bolşewik harasadynyň öňüňden sowuldygy bolaýjakdy. Obanyň Ýagdy kemsit barada: «Ýagdy kemsit bolany bäri gomalyp, donuna syganok. Ýeňibilmezem öz obasynyň adamlary bolaýdy. Gomasa gul: «Ha-a, bir elim geläýse bolýar» diýip, öňden ahmyr edip, gömülgen bolup garaşyp ýatan eken-ow. Aý, gul adamsydyr-da, bolşewik sähel «sen-sen» etse, öz ejesiniň emjegini kesmeýärmi bu? «Gul beleňe bolmaz, kör–tütüne» diýilmänmi näme?» diýlip edilýän gürrüňleriň hem indi çyn bolup barýanlygy ony gynandyrýardy. Sowet döwletiniň gelenine eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçipdi. Ol barha ornaşyp, ýurda eýemsiräp, oýkanyp otyrdy. Öz gelmegi bilen, hamala, oba adamlaryny tüweleýe düşen ýaly edip, enter-pelegini aýlap, olary nirä ýörejegini bilmez ýaly edipdi. Aslynda, bolşewigiň özüni nähili alyp barjagyna düşünip-düşünmez ýaly zat hem ýokdy. Ol gele-gelmäne halky şarpa ikä bölüpdi. Şundan soň barly gatlag-a garyp gatlagy eziji synpa, garyp gatlak bolsa asyrlarboýy şol barly gatlak tarapyndan depelenilip gelnen, gowy ýaşamaga mümkinçilik berilmedik, depesinden basylyp kemsidilen, bolşewigiň gelmegi bilenem arkalaryna ýel çalyp, ekezlenen bir synpa öwrülipdi. Şondan bärem sowetler häzir haýsydyr bir galany güýç bilen zabt edip alana, indem ol ýerden, hemişe gala alnanda edilişi ýaly, ol ýerdäki özüne garşy duran adamlaryň öldürmeli hasap edenlerini öldürip, kowmaly hasap edenlerini kowup, depgilejek adamlaryny depgiläp, peýdalanjak adamlaryny galada alyp galyp, edenini edýäne meňzeýärdi. Bolşewik ilki yrsarap, sürnüp ugran mahaly, «Essiň barka, etegiňi ýap» edip, ondan gaçyp ugranlar obanyň on-ýigrimi sürüli goýry baýlary bolupdylar. Olar bada-bat mallarynyň satar ýalysyny satyp, altyn-kümşüni horjunlap atyň syrtyna bökderip, maşgalasy bilen ýene-de äkidip bilen mallaryny hem öňlerine salyp, sürüläp äkidip, özlerini Owganystana atypdylar. Gitmäge ýetişmän ahmal galanlaryň bolsa bolşewik malyna-mülküne talaň salyp, özlerini basyp, atyp, ýok etmek henizem dowam edýärdi. Ak patyşa 1917-nji ýylda ýykylanam bolsa, ýurt çetinde bolup, ýoldan sowaraklygyndanmy, nämemi, bolşewik, Söýünala üç-dört ýyl gijigip gelipdi. Otuz-kyrk atlyny yzyna düşürip, baýdaklaryny mamalaryna görkezmäge getiren ýaş çaga ýaly, buýsanç bilen depelerine göterip gelen Demýan atly murtlak, ýaňaklary ýüzüne çekilen ýaly syrlaşyp duran, egni ädik gönüne meňzeş teletinden tikilen keltekçeli, otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky saryýagyz, çakgygöz adamdy. Özem olar bu gezek gelenlerinde hemişe höküm-hyýanatyň gelýän Mary tarapyndan däl-de, ilerden – Guşgy tarapdan inipdiler. Haçanda bolşewikler uly baýlar bilen bellisini edensoň hem: «Sen baý guýrugy, sen işan-molla!» diýip, ýene birtopar adamynyň üstüne öçli topulyp ugran mahaly onuň entek-entekler etmekçi bolýan oýunlaryny edip gutarmanlygy belli bolupdy. Halk: “Bolşewik uly baýlar bilen atyşyp-çapyşyp gidişip ýörkän, şular bilen bellisini edensoň, karar tapar, rahatlanar” diýip tama edipdi. Ýöne halk özüniň ýalňyşandygyna soňra, haçanda ol öýüni, maly-mülküni, din-imanyny goramaga mejbur bolanlary haýasyzlyk bilen «basmaçy» atlandyryp, saýrykdyryp, basyp-çapyp, öz ile edýän sütemlerini garşydaşla¬rynyň adyna ýabşyryp, aýdyň edip ugran bihaýalyklaryndan soň aňşyryp ugrapdy. Emma bular bilenem onuň oýnunyň entegem gutarmanlygy, hasaplaşmaly adamlarynyň sanawynyň barha artyp barýanlygy aýan bolupdy. Onsoňam bolşewik agyz alartmak meselesini başgadan sorap, öwrenmeli däldi. Tejribesi ýetikdi. Ol 1917-nji ýylda ak patyşany hem milleti şeýdip, bir-birine garşy goýup ýykypdy. Bu usulyň dogrulygyna bolsa, olary şol rewolýusiýanyň irki säherinde Leniniň hut özi ynandyrypdy. Nädeniňde nähili bolýanlygyny hem düşündiripdi. Ol: «Sowet döwletini hatda her bir öý hojalykçy heleý hem dolandyryp biler» diýip, özüni tanamaýan köp adamlarda: “Şeýdip, bolşewigiň ýoly bilen gidibersem, ýurt hanlygy maňa-da ýetäýjeg-ow” diýen inçejik tama döredipdi. Ýörite döredilen bulançaklygyň, haýsydyr bir saý-sebäp bilen ýerine düşen töwekgelçiligiň ýurt alyp bilýänini bolsa Lenin hut öz mysalynda görkezipdi. Şeýdibem, indi ýurtda hossar çykylyp, arkasy alnan topar gyltyma kowalaşyp, alakjap ýeldirgäp öwsüp ýören sürä öwrülipdiler. Bolşewikler bolsa töwereginiň it-eşekleri bilen, sürini öňüne salyp barýardy. Özlerem bir depede bolmasa, ýene bir depede süriniň başyny çekip, olary boýnundaky jaňyny logurdadyp, hondan bärsi bolup barýan tekepbir, eňegi sakgallyja tekäniň ornuny aljakdyklaryna ynandyryp, öz islän ýerlerine ykdyryp alyp barýan çopanlara öwrülipdiler. Bolşewikler «Ýykylan öýüň zady ýykyljak öýe barar» diýen asyrlaryň pähimini asla ýada salman, özlerine «hä» diýýän tarapdarlaryny köpeltmek üçin, olaryň birnäçesine ýurtdan gaçan baýlaryň, işan-mollalaryň howly-mesgenini, ýene bir toparyna, hamala, atasyndan miras galan ýaly mülk ýerlerini, atdyr düýeleri tarhanlyk bilen eçilýärdi, belli-bellilerine, özlerine has wepaly bolar diýenlerine tutup-tutup, bolşewik begligini hiç bir mynasybetine seretmän paýlaýardy. Bagty getirip, sürä serke bolanlaryň biri-de şonda Ýagdy kemsit bolupdy. Orazgeldi özüniň içki harasadyna berlip, nädip derýa boýuna ýetenligini hem duýman galdy. Murgap! Bu ýer biraz başşagrak – ýapaşak bolansoň, hamala ýeňseden erkek adamynyň synyna düşenini duýup, tizräk ol ýerden ötmek üçin ýüreginiň urmasy üýtgän, aýagy aýagyna çolaşarly ýaş gelne meňzäp, howlukmaç şogurdap akýardy. Düýn öýlän ýuwaşdan arama çenli sozulyp öwsüp ugran sörtük şemal henizem öwsüp durdy. Ol derýa boýundaky üstünden ýyl aşan, ýykylyşyp, agaryşyp bir-birlerine ýaplanyşyp ýatan suw gamyşlarynyň arasyny daraklap, ýelpäp geçip, ol ýerdenem gumry-kepderiniň ysyna meňzeş, gurap-çüýräp, baslygyp ýatan otlaryň ysyny köwsarladyp getirýärdi. Bu ýerde derýanyň sesýetimlik arka tarapynda owgan Bürgüdiniň salgym atyp, ümürläp-gerinjiräp oturan galasy uzakdan hellewläp görünýär. Ol ýeňsedäki –Garabil baýyrlarynyň gobýan goltugynda bolup görünýänligi üçin, adaty el bilen bina edilýän binýada däl-de, ertekilerdäki daglary elinde bäşdaş edip, zyňyp-gapyp, bökdürip oýnaýan bir pälwan tarapyndan Garabil baýyrlarynyň süňňünden japba çapylyp alnyp, gapdalda elýetere uzadylyp goýlan baýyr bölegidir diýdirýärdi. Owgan galasyna syny düşen mahaly, Orazgeldiniň ýene-de ol ýere gaçyp geçen obadaşlarynyň birnäçesi ýadyna düşdi. Şol göç eden maşgalalaryň biri-de onuň gaýyn topary Mämmet han düýejiniň neberesidi. Mämmet han düýejiniň maşgalasy mundan bary-ýogy bir ýarym ýyl ozal göç edip, derýanyň ol ýüzündäki Marçak obasyna özlerini atypdylar. Dogrusy, öz merhum dädesine derek Söýünalyda düýejiler toparyna ýolbaşçylyk edip, döwlet işinde hem işlän Akynýaz baý ýurtda biri otursa oturaýmaly ýaly diýdirýän adamlardandy. Ol ýas-ýaňylaram ýurtda Gaýgysyz Atabaýewiň köne tanşy, ýakyn adamy hökmünde tanalýardy. Atabaýew bu ýerlere düşse, bir çaýyny köne tanşy Gully eminiňkide içse, ýene bir gezekde Akynýaz baýyň hormatly myhmany bolup giderdi. Ol günler Akynýaz baý raýonda Döwkomitet diýlip döredilen bir edaranyň başlygy bolup ýördi. Şondan birki ýyl geçip-geçmänkä hem Atabaýew ony ýörite Aşgabada çagy¬ryp, Kerkä işe belläpdi. Ol täze işe bellenenden soň, oba gelip, Kymyş duzçynyň agalarynyň biriniň ogly Ballyny öz ýanyna jigit edinip, Kerkä äkidipdi. Olar iki atly bolup, Garabil baýyrlaryny kese kesişip, şol ýerdäki öňki köne kerwen ýoly bilen Kerkä baryp, birki ýyl işläninden soň, ol ýerde ýerlemän gaýdarman bolupdy. Ol ilki şonuň öňüsyrasy Aşgabatda Gaýgysyza duşanda: «Aý, Gaýgysyz, “baý” diýip, “ahun-işan” diýip, bu ýerde asylly-asylly maşgalalary ýanap heläk edýärler. OGPU beýdip gidip otursa, tizden Kerkiniň halkynyň soňuna çykar, sen bir gelip, bolýan zatlary ýerinde görüp, bir il arkasyny alsaň!» diýip, ony Kerkä çagyrypdy. Akynýaz baý soňam oňa köp garaşypdy. Atabaýewiň wagty bilen gelmejegine göz ýetirensoň bolsa OGPU-nyň ili urha-uruny, kowha-kowuny barha güýçlendirip gidip otyrdy. Özüniň bolsa halkyň öňüne baş bolup düşen adam hökmünde olaryň arkasyny alyp bilmeýänligi üçin, bir gün öz töweregindäki adamlary gyssagly ýygnap, özi özüni işden boşadypdy-da, ýerine-de öz buýrugy bilen orunbasaryny tassyklapdy hem şol gijäniň özünde haýal etmän, jigidi bilen «Niredesiň, Pendim?» diýip göterilip gaýdypdy. Ile baş bolubam diýenim bolmajak bolsa, «Ine, selläň, mesiň, ine-de, kazyçylygyň» edipdi. Ol iki atly bolup, Kerkiden Tagtabazara gaýdyp gelensoň, Akynyýaz bu ýerde hem uzak saklanman, neberesini alyp, goş-kötelini taýlap, mal-garasyny sürüp, Owganystana aşmak bilen bolupdy. Serhet Söýünalydan uzakda däldi. Murgapdan geçen ýeriňden eýýäm owgan topragy başlanýardy. Şeýle-de bolsa ondan geçmeklik, elbetde, töwekgelçiliklidi. Serhet goraglydy. Atyşyk-çapyşyk ol ýerde günde-günaşa bolup duran zatdy. Howp-hatar ýeterlikdi. Ýöne Akynýaz baý welin, serhetden örän arkaýyn, hiç bir gypynçsyz geçip gidipdi. Günortanyň güni çopanlar onuň mallaryny sürüp, derýadan geçiripdiler. Bu bolsa şonda obany diýseň geň galdyrypdy hem Akynýaz baýyň Owgana geçmegi baradaky dürli gep-gürrüňleriň döremegine sebäp bolupdy. Biri: «Aý, onuň Atabaýew bilen ozaldan gepleşigi, rugsady bardyr, Akynýaz diýen adam ölçemän kesmez» diýse, ýene birleri: “Bolşewigiň sallatlaram kimiň öňünden çykmalydygyny gowy bilýärler. Mämmet han düýejiniň ogullarynyň öňünden çykaýmak aňsadam däldir, onuň dogumyndan don geýen ogullary bardyr. Olaryň öňle-rinden çykanyň ýekegapan bolup, garnyny silkip geçjeklerini bilýändirler. Görmedikden, bilmedikden bolup, gapdalyňdan geçirip goýberenden gowusy ýokdur olary” diýşipdiler. Bu töwekgelçiligiň aňyrsynda hemişe eden işini çig etmeýän Akynýaz baýyň orus bilenem, owgan bilenem gepleşip, özüne gerek bolan bir aralyk ýoly tapanlygy hem pikir edilipdi. Düýejileriň göç edip giden günleri Orazgeldi öz aýaly Oguljumanyň bir tamdyr nan ýapyp, ony doganlarynyň başyndan aýdyp, olaryň barmaly ýerlerine sag-aman ýetmeklerini Taňrydan diläp, sadaka paýlany hem onuň ýadyna düşdi. Iki-üç aýlykda bolsa, Kymyş duzçynyň özünden kiçi inisiniň ogly Ahmet Owgana darap gelipdi hem ol ýerde gaýynlarynyňkyda birki gün bolup, olaryň gidenlerinde galdyran emläginden käbir zatlaryny eltip, ýaşaýyşlaryny görüp, iberen dogaýy salamyny gowşuryp, ýagdaýlaryny habar beripdi. Ahmet ýowuz hem Akynýaz baýyň aýal doganlarynyň birine öýlenipdi. Onuň üçin gudaçylyga baryp: «Öňem garyndaş bolup otyrys, ýene garyndaşlygymyzy has hem ýakynlaşdyralyň!» diýip, Kymyş duzçyň özi öýeripdi. Şonda Ahmediň: «Akynýaz baý ol ýerde-de Bürgüdiň ynamdar adamlarynyň biri bolup, bärden baranlara-da kömek edýän eken. Bedeňden giden Gutly haşa hem ýer-suw alyp berip kömek edipdir. Özleriniň-ä ýagdaýy has gowy eken” diýende, Kymyş duzçy hem inisini diňläp, Akynýaz baýy ýatlap oturyşyna: –Akynýaz paýhasly adamdyr, öz etjegini özi gowy bilýändir. Ýöne şu gezeg-ä ýurdy goýup gidip, ýalňyşaýdy öýdýän – diýdi. Şonda Ahmet biraz oýlanyp: –Her zadam bolsa musulman ýurt-da... – diýdi. –Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýlaryň telim dokuzyny başdan geçiren ata-babalar aýtmanmy näme: «Urup-sögüp horlasa-da, il ýagşy» – diýip, olaryň göterilip gidenini asla oňlamanlygyny mälim edipdi. Kymyş duzçy Mämmet hanyň bu dogumly uly oglun-a, onuň aýal doganlarynyň birini ogly Orazgeldä gelin edip almanka hem göwni ýetýärdi. Onuň märekede ýerlikli gep urşuna syny oturýardy. Il içinde: «Mämmet hanyň ogullarynyň hijisem asgyn däl weli, ýöne Akynýaz-a onuň serdar ogly» diýip taryp ederdi. Ýöne, şeýle-de bolsa, onuň bu gezekki ýamandan ýaýboýy edip göçüp gitmegini, Kymyş duzçy şol wagt hiç zat diýmese-de, halamandy. Garaz onda-da, olaryň hereketini birbada belanyň öňünden sowulmak, biraz apyla-sapyla sowlansoň, ýene yzlaryna dolanyp gelmek bilen baglap oýlanypdy. Ol, mümkinçilik bolsa, Akynýaz baýyň hut şeýtjegine ynanýardy. ...Derýa boýundaky bugdaýly meýdan Orazgeldini dünýäniň gujagyna dolduryp, ygşyl atyp oturan ýaşyl umman bolup garşylady. Meýdan höweslidi, owsun atyp otyrdy. Ol, hamala, häzir adamsy haýsydyr bir alys sapara giden, indem onuň gaýdyp gelerine sabyrsyzlyk bilen göwün ýüwürdip, mynasyp ýalpyldap, ýol gözläp oturan gelni ýada salýardy. Orazgeldi jylawy gapdala goýup, arabanyň gyrasyndan sypyrylyp düşdi-de, çil-joýa gözýetime tarap sep atyp gidýän ýaşyl maýsaly meýdany töweregine aýlap, atyzyň gyrasynda çommalyp otyrdy. Bugdaýly meýdan bilen pikirini baglap oturyşyna başyndaky könelende bolsa, içi arzyly tahýaly telpegini çykaryp, ony bir dyzyna geýdirdi, elýaglygy bilen derläp, bugaryp duran syrylan kellesini, maňlaýydyr boýunlaryny süpürişdirdi. Töweregindäki çyg çeken maýsalaryň ertirki güni bilen arzuw baglap, olaryň ýüzüni atyň sagrysyny sypalaýan ýaly mähirli sypalady. Bugdaýly meýdan öz şähdaçyklygy bilen Orazgeldiniň göwnüni göterdi. Şundan soň onuň öten agşamdan bäri kalbynda köwsarlap, ynjalyk bermeýän pikirler hem kiparlap, onuň ornuny bugdaýyň tizden ýetişip oraga gelmegi, guşgursak däneleriň mele-myssyk nan bolup, saçaklary doldurmagy bilen bagly ýakymly pikirler eýeledi. Onuň göwnüne töwerekdäki çytylyp, gury gamaşyp duran dünýä hem öňküsinden biraz ýagtylan, ýumşan ýaly bolup duýuldy. Orazgeldi hiç zadyňam müdimi däldigine düşünýärdi. «Kyrk ýyl açlyk ýok, kyrk ýyl dokluk ýok» diýilmänmi näme!? Ähli zat geçýärdi, ýöne Orazgeldiniň göwnüne bu günler howlukman, üstesine-de, ýüklüje geçýärdi. Howanyň bulaşyşy ýaly, ykballaryň hem bahana tapsa, bulaşaýasy gelip durdy. Bugdaýly meýdan tolkun atyp, birsydyrgyn bolup dursa-da, aýlanyp ýörkä, Orazgeldiniň daýhan gözleri, iki-üç bölejik ýeriň özge ýerlerden biraz reňkiniň pesligini anyklady. Ýogsam, hemme ýere sepilen şol bir tohumdy. Ol ýeriň tapsyzlygy görnüp dur. Oňa syrkawa edilýän ýaly aýratyn hyzmat gerek. Birki araba ders berip gurplandyrarsyň welin, ana, onsoň, ýene-de reňkini alyp, seredeniňde goýry tüsse bolup durandyr. Bugdaý diýilýän ekin aýratyn bir zähmet talap edip ýören ekinem däldir-le. Sürüp, ýatjak düşegini ýumşakdan düşäp, ekeniňde-de wagtynda ekseň, gerek bolanda hem bir gezek-ýarym gezek suwunam berseň, ana, onsoň, agaç ýabakdyr galbiriňi, çuwallaryny jemläp taýynlanyber hasyla. Orazgeldi arabada getiren dersini özüniň gerekdir diýip pikir eden ýerine çarşak bilen sepeläp dargydansoň, öz ýanyndan «Tapgyr-tapgyr ýagmagyna garaşylýan ýagyşdan öň hä, şuňa ýene iki-üç araba ders bolaýsa-ha, kem bolmajak eken» diýip oýlandy. Şol barmana-da, geçen ýyl ýazda derya şoşup, kolhoz mallarynyň bir bölegini suw alan köne ýatagyny ýatlady. Suw alanda, Orazgeldiň özem ol ýere kömege baryp, ýatagy öňki ýerinden beýleräge göçürmäge ýardam berenleriň biri bolupdy. Biraz mundan ozal bolsa, ol şol köne sygyrýatakda mal dersi¬niň harsaň baglap ýatanyny görüpdi. Sonda: «Muny äkidip, ekinlere bermeli, “hähini” alyp, kerepläp ýatan eken» diýip oýlanypdy. Üstesine-de, oba ders üçin gidip-gelip ýörenden, ol has golaý. Orazgeldi iki-üç araba dersi indi şol ýerden çekmegi niýet edindi. Ol derýa boýy bilen, onuň kölçe-kölçe bolup ýatan gamyş-ýylgynly ýerlerini oýtarlap ýöredi. Töwerekde ýaňyrak saglyp, örä goýberilen sygyrlaryň birnäçesi derýa boýunyň gury çöp-çalamlarynyň arasynda pytraşyp, ygym-sygym bolşup, otlaşyp ýördüler. Ýagyş ýene-de ýagarly görünýärdi. Ýaz şemaly asmanda bulutlary öňüne salyp kowalap, Mara tarap sürüp barýardy. Bulutlaryň arasyndan wagtal-wagtal Gün görmedik zenan bedenine meňzeş bir bölek meýdan akjaryp görünýär. Bulutlaryň ýere göz astyndan syrly seredişip, beýdişip baryşlary: «Ine, biz-ä gitdik!» diýip, ýeriňem özleri ýaly öwrüm-öwrüm bolup, göterilibermegini isleýäne meňzeýär. Çendan ýarym derýanyň dykyn bolup, çekilip, köl bolup ýatan suwunyň ýokarsynda lowurdap, balyklaryň çapraz teňňeleri ýalpyldap görnüp gidýär. Bu häzir nesil öndürmegiň humaryna düşen balyklaryň, dünýäni unudyşyp, segreşip-segreşip asmana towsuşyp, hezil edişip söýgi oýunlaryny oýnaýan döwrüdigini aňladýar. Orazgeldi arabasyny öz maýdalyna sürüp barýarka, ýaňyrak aşakdaky derýa olumyndan tirkeşip çykan üç-dört iri malyň öňündäki oral sygryň aýak çekip, tama bilen boýnuny uzaldyp, özüne seredenini gördi. Sygryň öz eýesini tanaýşy ýaly, Orazgeldi hem öz malyny tanady. Arabada oturan ýerinden pikirinde onuň ýagyrnysyny, maňlaýyny sypalady. Haçanda ýeňsede kimdir biriniň aýak sesini eşidip, yzyna öwrülen mahaly, ol ýalaňtar donuň içinde biraz üşän padymanyň taýagyny biline goýup, onuň her başyndan bir tirsegini geçirip, maýryklap gelýänligini gördi. Ol aňyrdan gelşine sary sygryň bolup durşuna üns berip: –Eýesini tanady-how, janawer – diýip, köpmanyly ýylgyrdy. –Şeýle ýaly özün-ä. Gözüni aýyrman seredib-ä dur janawer –diýip, Orazgeldi hem onuň gepine ugurdaş sürdi. –Aý, inim, ony gümansyratmak nämä gerek, gören ýagşylygyny, hezzet-hormatyny ynsan unutsa-da, haýwan welin unudýan däldir. Sen öz daýyň Guwandyk baýyň ala köpegini göreňokmy? Ýogsam, baýyň bolşewikden gaçyp, Pyrara gideni haçanlardy, ol bolsa henizem onuň öýüniň gapdalynda tamdyrynyň külüni ýassanyp ýatyr garaşyp... –«Mal kimiňki? Kime buýursa şonuňky» diýipdir-ä köneler – diýip, Orazgeldi mallaryny kolhoza bereni üçin özüniň judabir gynanyp-gyýlandan däldigini görkezmäge çalşyp gürledi. –Aý, näme, hawa-da, şeýle diýäýmeli bolýa-da... – Soňundanam ol özüne eýgertmeýän sölpüräk donunyň bagjyksyz açyk ýakasyny bir eli bilen, bir ebşitläp, bir goýberip durşuna öz geleňsizligine käýindi. – Şu donuňam ýakasy, Ýagdy kemsit ýaly, bize hezil bererli däl-aýt. Häli-şindi açylyp, gelen sowugy gujaklap alyp, meniň egnimden guýup dur-la, how, bi. Agşam öýe baramda heleýiň öňüne atyp, şuňa bir bagjyk dakdyraýmaly welin, göreniňem men-dä. Öýe baryp, ýyla ýetdigimem ýatdan çykaýýar. Çopan soňam daşyna garanjaklap, aýagyny ýempäp alyp, sygyrlaryny gaýtarmak üçin Orazgeldiniň arabasyny oýtarlap, gapdalyndan geçdi. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýleni boldy. Orazgeldi ikinji gezek öz arabasyny köne sygyrýatagyň dersinden ýükläp durka, ilki güpürdäp, at aýagynyň sesi, soňam Guwandyk baýyň kolhoza alnan mele dyzmaç atyna atlanan Ýagdy kemsit gapdaldaky ýolda peýda boldy. Onuň täze gurlan sygyr ýatagyna mallaryň üstünden aýlanmaga barýany düşnükli boldy. Orazgeldi işine güýmenip durşuna ony görse-de, «Aý, geçer gider-dä» diýen pikir bilen görmedik boldy. Ýagdy kemsidi «Pukara ýigit» diýip, ozal hiçneneň görmeýänem, ondan göre-bile ýamanlyga garaşmaýan hem bolsa, Nurjuma bilen bolan gürrüňden bäri oňy göreninden görmänini kem görmeýärdi. Duşaýanda hem ondan oňly gürrüň eşiderinem öýtmeýärdi. Aňyrdan mes atyny dyzandyryp gelýän Ýagdy kemsit Orazgeldiniň duşuna gelende ony tanap, at başyny çekdi. Gamçysynyň ujy bilen gözüne düşen telpegini biraz ýokary göterip goýberensoň: –Orazgeldi aga, salawmaleýkim! – diýdi. –Saglykmy, kemsit? Senmidiň? – diýip, Orazgeldi ozal «aga» ýerine onuň özüne ýakynsyrap, adynyň yzyna «akga» goşup tutanlygyny ýüzugra öz ýanyndan belläp, salam aldy. –Gazynam sag-aman dynypsyňyz, gözüňiz aýdyň! –Gazynam-a dyndyk özün-ä... –Şony dynan bolsaňyz, indi galan zadyň bir alajy bolar. Bu ýyl ygalynam berdi. Görensiň, bugdaýlaryň alarlaşyp owsunyşyp oturyşlaryny. Indi pagtanam bir şeýdip, wagtynda sepip, düýp alyp bolsa. –Onuňam bir alajy bolar. Orazgeldi Ýagdy kemsidiň barha göterilip barýan joşgunly gürrüňine känbir goşulasy gelmän, guraksy gürledi: –Wagt-a bar. Siz ekin-dikiniň gözüni bilýän adam, özüňiz gowy bilýänsiňiz! Ýagdy kemsit soňundanam bir zat sorarly bolup, bu zatlary aýdanda, onuň uludan gelen ala gözleri ulalyp, gözüniň hanasyndan togarlanyp gaýdybererli göründi. Orazgeldi onuň badyhowa söz urşundan çen tutup durşuna içinden: «Haý, gul adamsy-da, sähel çemini tapsa, hondanbärsi bolup öwünjek bolup dur-da» diýip oýlandy. Ýagdy kemsit wezipäniň hiç-neneň däldigine özi oňa geçirilenden soň bilip galypdy. Elbetde, oňa-da özüçe, öz derejesine, görüm-göreldesine göräräk. Üstesine-de, öňden dagam sähelçe bir höwesi dagy bolanda, ol adamyň goltugyna gop beriberýärdi. Seni ilki hiç kimden kem däldigiňe ynandyrsa, soňundan seniň kemçiligiň-ä beýlede dursun, bolmanda öz iliňdäki adamlardan özüňi has parasatly, has edenli hasap etdirip, batly-batly gepledip, ýerli-ýersiz dyzandyryp, batyrlygam etdiriberýärdi. Ýagdy kemsit indi iki-üç ýyl bäri Söýünala baş bolup, akym ugruna akyp, wezipäni öz islegiňi kanagatlandyrmaga, munuň üçin hökümet tarapyndan özüne artyk hak berlenligine, şeýle-de, onuň baky özüne berlenine hem ynanyp, öz ýanyndan barha eselip ýören günleridi. Ýagdy kemsit hoşlaşyp ugraberende, ýene bir zady ýadyna duşürip, at başyny yzyna öwrürdi: –Orazgeldi aga, eger pagta ekmäge tohumyň ýetmese, kolhoz üçin şäherden ýeterlik getirdendirin. Saňa-da süýşüris, özüm barkam baraýgyn kontura! Ýagdynyň bu garaşylmadyk ýagdaýda ýardam baradaky gürrüňi Orazgeldide birbada alasarmyk duýgularyň döremegine sebäp boldy. Nurjumanyň kolhoza alnyp-alynmazlyk baradaky aýdan zatlary onuň gulagyndan gitmändi. Sebäbi ol şol gürrüňi eşidensoň, Ýagdynyň özüni atymyna getirip bilse, ozal hiç neneňsi görmedik hem bolsa, indi gaýgyryp goýmajagy barada pikir edipdi. Şonuň üçinem bu gep çyn-da bolsa, ol ilkibaşda, ony duýdansyz duşulanda, häkibir ýagdaýa görä sypaýyçylyk üçin aýdylan gepe meňzetdi. Ýöne bu gezek onuň sözünden döwtalaplyk duýulsa-da, hilä ýugrulan gamhorlyk duýulmaýardy. Orazgeldi ýere diken çarşagynyň sapyna ýaplanyp, sarç, dyzmaç atyň üstünde seleň silkme telpeginiň buýralaryny selkildedip, daşlaşyp barýan Ýagdynyň yzyndan at münmegiň ony epeý hem hökmürowan görkezýänini belläp, ýene birsalym şol duran ýerinde oýurganyp, durmuşy ölçäp-çenäp durdy. Adam diýlen mahlugy Taňry juda düşnüksiz ýaradan borly. Düýnüň özünde çemini tapsa, çemelenip, goltugy daşly oturan indi bu günki gün sahawatlanyp, adam gepini tapyp otyr. Orazgeldi köplenç ýagdaýda bolşy ýaly, Ýagdy hakynda pikir edende, hortaň ýüzli, gaňyrçak burunly, gamyş-gyýagy elläp, örmelisini örüp, çykamalysyny çykap, bitelik baryny edip ýören Narly gamyşçy onuň ýadyna düşerdi. Göräýmäge, şeýle işjanly adamyň ogly hem hiçneneňsi bolmaly däldi. Ýagdy kemsit bilen duşuşyk we bu pikirler soňra Orazgeldiniň kalbyna teselli beriji täsir etdi. * * * Bu ýylam Pendide ýazyň gelşi hiç neneňsi bolmandy. Pagta ekişi tamamlanyp barýardy. Daýhanlar bu günler güýzde sürlüp, şüdügär edilip goýlan ýerlerde häzirki ekin ekilmeli pursady wagtynda, göwnejaý peýdalanmak üçin ir ertirden giç agşama çenli ekin meýdanlarynda hars urşup işleýärdiler. Tama bilen, edilmeli işleri howa ýagdaýlary bilen sazlap, ertirki hasylyň düýbüni tutýardylar. Tebigatam bu ýyl daýhanlara özüniň edip bilen hemaýatyny edýärdi: wagtal-wagtal ýagyş ýagyp, ýeriň ygal-nemini ýetirip durýardy. Onsoň şeýle bolanda, gurak ýyllardaky ýaly, ýeri ekmezden öň ýene-de bir gezek suwaryp, täzeden sürüp ekmegiň geregi hem bolup durmaýardy. Şol günleriň birinde Pendi raýkomynyň sekretary Ata Hymlyýew Aşgabatda geçen uly ýygnakdan gaýdyp gelen gününiň ertesi özüniň ol ýerden eşiden zatlaryny ýylysy bilen ýerli ýolbaşçylara hem ýetirmek üçin, şeýdende munuň uly ýygnagyň öňde goýan meselelerdir talaplaryny ýerlerde işläp geçmek boljagyny hem özüne ýatladyp, ýörite ýygnak çagyrdy. Obalardan çagyrylyp getirilen adamlar ilki raýkomyň jaýynyň öňünde, heniz ýygnak başlamanka, bölek-bölek bolşup, özara gürleşip, çilimleşip durdular. Raýon ýolbaşçysy Ata Hymlyýewiň Aşgabatdan geleninden habarly bolandyklary üçin olar: «Ol ýerde nähili gep-gürrüň bolaýdyka?» diýşip, öz ýanlaryndan böwür diňleşip durdular. Garaşyp duran adamlar ýygnak geçjek ýere çagyrylyp getirilen wagty özleriniň bu ýerde ýeke däldiklerini gördüler: eýýäm Ata Hymlyýewiň töwereginde raýon ýolbaşçylarynyň ýene birnäçesi bardy. Olaryň hersi raýkomyň sekretarynyň töwereginde öz derejesine görä, adaty tertipde ýerleşipdiler. Ata Hymlyýewiň özi üsti gyzyl mata bilen tazy basyrylan ýaly ýapylyp, kese goýlan stoluň ýeňsesindäki diwardan Staliniň mertebelendirilip asylyp goýlan daşy çarçuwaly suratynyň aşagynda, jaýa girýänlere sähelçe baş atyp, olaryň salamyny alyp, ekezlenip töweregini synlap otyrdy. Staliniň diwardan oturanlary nazara alan suraty häzir açyk galan goýun ýatagynyň agzynda duýdansyz peýda bolan çal möjegiň şekilini ýada salýardy. Ata Hymlyýewiň sag tarapynda raýispolkomyň başlygy Mämmet Polly otyrdy. Ol sulhup gürrüň diňläp oturyşyna mahal-mahal sorag beräýjek ýaly, sähelçe başyny ýerden göterip, raýkomyň ýüzüne seredip, saryýagyzdan gelen boldumly ýüzüne gelşik berip duran, ýaňyrak çalaryp ugran murtuny endigine görä sypalap goýberýärdi. Ol bu raýona raýispolkomyň başlygy bolup gelensoň, biraz özüni tutup ýognapdy hem has gelşikli, ynamly bir ýolbaşça öwrülipdi. OGPU-nyň başlygy tatar adamsy ýaly türkmen dilini biraz çalgyrdrak gepleýän ýoldaş Syzran, öz orunbasary, deberdesden gelen alagöz Aman bilen onuň çep tarapynda ýerleşipdiler. Olaryň ikisi-de hemişe Staliniňkä meňzeş şol bir çalymtyl-goňur, harby lybas geýip gezerdiler. Billerini aşyrma kemer bilen guşap, başlaryna Staliniňki ýaly birkyýama ýüzin ýatan kepjäniň üstüne düňderilen, ýarysy kesilip aýrylan suwkädä meňzeş haýbatly papak geýip gezerdiler. Ata Hymlyýew Aşgabatdaky ähli gören zatlary barada jaýda oturanlara has anyk, has doly maglumatlar bermegi göz öňüne tutana meňzäp, şolbir manydaş sözleri bir-birleriniň üstüne münderleýän ýaly edip hetjikläp, nygtap gürledi. Aşgabatda geçen ýygnak respublikada ýaz ekişiniň barşy bilen bagly ýalydy. Emma golaýda Moskwadan ýörite Türkmenistany dolandyrmaga iberilen, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Ýakow Popogyň çykyşyndan soň, öz-özünden tutuşlygyna diýen ýaly, partiýanyň 1930-njy ýyldaky kulakçylyga garşy barlyşyksyz göreş bilen bagly çykaran kararynyň häzirki döwürde ýerlerde ýerine ýetirilişine syry¬gypdy. Ýakow Popogyň münberden hyruç bilen gürläp, ýerlerde henizem bu işiň ýerine ýetirilmeginde haýal-ýagallyga ýol berilýänligini, birnäçe ýerli ýolbaşçylaryň bolsa hatda özleriniň Sowet ýolbaşçylarydyklaryny hem unudyp, kulak bähbidini araýandyklaryny aýdyp, ýygnakda oturanlaryň kalbyna wehim salypdy. Ata Hymly şonda oturan ýerinden: «Popogyň ýumrugy biziň bir üstümizden inmäbilse ýagşydyr!» diýip, özünden öňdäkileriň arkasynda bukulybrak oturyşyna pikir edipdi. Garaz, gözläp otursaň, eýsem, kimde kem-käs kemçilik ýokmuşyn?! Ýygnakda hemmeler diýen ýaly seslerini çykarman, kaýyllyk bilen ýas-ýaňy haýsydyr bir ýakynlarynyň birini öwlüýä eltip, ýere tabşyryp gaýdan ýaly, sortduryşyp otyrdylar. Käte bir öýken keselli başlyklaryň birisi birden ýarylyp gidene meňzäp, oturan ýerinde üsgürýär. Adamlaryň bolup oturyşy häzirki raýkomyň sekretarynyň ozal partiýa tarapyndan kabul edilen kararyň wajyplygyna aňryýany bilenem düşünýändik¬lerine, bu meselede özleriniň hem käbir säwlik goýberýändikleri üçin, alada galyp, müýn çekýändiklerini mälim edýäne meňzeşip otyrdylar. Raýkomyň sekretary Ata Hymly oturanlara özüniň Aşgabatda geçen ýygnak bilen bagly aýtmakçy bolan zatlaryny janygybrak aýdyp gutaransoň, hemişeki endigine görä, ol ýerde çykyş eden derejeli adamlaryň aýdan bellikleriniň, ýygnagyň öňde goýan ýerine ýetirilmeli wezipeleriniň diňe bir özgelere degişli bolman, öz raýonynyň ýolbaşçylaryna hem degişlidigini nygtady. Şeýdip, oba ýolbaşçylarynyň talap towuny ýetirip goýbermek bilen, taýparyp duran eňegini kätebir sypalap goýberip, gepläp durşuna gürrüňini ýene öz raýonlary bilen bagly, anyk mysallara syrykdyrdy. Ala gargany ahmal görüp ýaşaýan raýkomyň başlygy özüniň häzirki ýygnakda agzap geçjek kolhozlarynyň atlaryny öňden OGPU-nyň başlygy Syzran bilen gepleşip, öz ýanyndan atyma getirip, bişirip goýupdy. Ata Hymly nämedir bir zady nyşana alýana meňzäp, oturanlary ünsli synlap, gözleriniň birini süzgekledip ýumdy. Şol barmana-da onuň nazary, gapynyň golaýynda ýanaşyk oturgyçlarda ýerleşen, ellerini daňmaga berýän ýaly gowşuryşdyryp, dyzlarynyň üstünde goýşup oturan «Gyzyl Goşunlylar» Ýagdy kemsitdir Nurjuma başlykda saklandy. Ýagdy kemsit Ata Hymlynyň özüne bir zat diýmekçi bolýanyny syzyp, alada tapyp oturan ýerinde sähelçe gozganjyrady. Etegi derçigip ugran gaňyrçakly burnuny zol-zol sypalap, süňňüne haýsydyr bir alada aralaşanlygyny mälim etdi. –Aýdalyň-ki, ine, Söýünaly oba şurasynyň başlygy ýoldaş Ýagdy Narly, şol şuralyga degişli «Gyzyl Goşun» kolhozynyň başlygy Nurjuma Özbek ýoldaşlar şu ýerde otyr. Bu ýoldaşlar Sowet häkimýetiniň ýerlerdäki iş ynanan adamlary bolup durýarlar. Şeýle-de bolsa soňky döwürde bu ýoldaşlaryň köp halatlarda, özleriniň orunlaryny unudyp, kulakçylyga çekiläýmeli barly gatlagyň wekilleriniň hem bähbidini arap, birnäçe babatda bolsa gönüden-göni olara hem kolhoz agzalaryna berilýän ýeňilliklerden peýdalanmaga ýol berýän mahallary hem bolýar. Dogrusy, Nurjumanyň-a bu tankyt garaşan zady däldi. Tankydyň bolmagyna ol öz ýanyndan asla dile alar ýaly esas ýok hasap edýärdi. Gaýtam, ol pikiriniň bir ýerlerinde, obada alyp barýan işleriniň indi şowlap barýanlygy üçin, raýon ýolbaşçylaryndan özüni özgeleriň öňünde mertebelendirip goýberjek taryp sözlerine hantamady. «Gyzyl Goşun» kolhozy raýonda ilkinjileriň biri bolup pagta ekişini tamamlap barýardy. Ýap-çiller bireýýäm gazylyp-arçalyp, haçan suwaryş üçin gerek bolsa, gulak açaýmaly edilip goýlupdy. Goýunlardan guzy almak işleri hem şu günler gyzgalaňly, göwnejaý gidip durdy. Umuman, hiçneneňsi bolmadyk öňegidişlikler beýleki işlerde-de duýulýardy. Göräýmäge ýakymsyz gürrüň edere bu ýerde esas hem ýok ýalydy. Şonuň üçinem Ata Hymlyýewiň bu tankydy öňde-de biriniň: «Şuny bir amaty gelende çakyp gala¬ýyn» diýip, ozaldan hym baglap ýöreniň gürrüňine meňzeýärdi. –Bu kolhozda ýaz ekişi döwründe birnäçe barly hojalyklaryň hem tohumlyk diýlip kolhoz agzalary üçin berlen pagta çigidinden alandygy barada bizde anyk maglumatlar bar. Şol ýygnakda partiýanyň Merkezi Komitetiniň sekretary ýoldaş Popok gaty dogry belledi. Gynansak-da, henizem ýerlerde barly gatlagyň wekilleri bilen ezmaýyşlyk edişýänler, olar bilen şolbir degirmene suw guýýanlar, elbetde, bar. Raýkomyň sekretarynyň gürrüňi şu ýere ýetende, häliden-bäri düňderilip, barha ýognaýana meňzäp oturan OGPU-nyň başlygynyň orunbasary Aman oturan ýerinde gozgalaň tapdy. Ol göwresine sähelçe öwrüm berip: «Şeýlemi asyl?» diýýän manyda düýrügip, Ýagdy kemsitdir Nurjuma başlygyň oturan ýerine tarap halamazlyk bilen alarylyp seredip goýberdi. Bu wagt Ýagdy kemsitdir Nurjuma başlyk tankyt jalasynyň eňterilip, öz üstlerinden gelenligine, duýdansyz geleni üçin ony öýlänçä meňzedip, duýdansyz gelşi ýalam ýene-de hä diýmänem öz üstlerinden geçjekdigini pikir edişip, nämedir bir zatdan gaçyp, gelibem özlerini buky bir ýere atana meňzeşip, iki eplenişip, takat saklaşyp otyrdylar. Amanyň nazary näçe hyrsyz hem syrly, wehimli bolsa-da, ol Nurjuma uly täsir etmedi. Gaýta, bu hondan bärsilik onuň gaharyny getirip, biraz çetine degdi. Nurjuma biraz keleçewräk görünse-de, aslynda gaýratly adamdy. Onuň il içinde heniz oglan döwründe görkezen gaýduwsyzlygynyň hasaby bardy. Ykbal baryp ony heniz on bäş ýaşly çalgöz ýigdekçe mahaly ar ýoluna ataryp, öz synagyndan geçirip alypdy. Şonda ol on bäş-ýigrimi ýyllykda ojak başynda oturan, adamsy sapara giden gelnejesini Andym atly bir obadaşy özüne ylykdyryp, heleý edinmek üçin alyp gaçanda, ýaşam bolsa, jonnuk gylyjyny syrmaly bolupdy. Ol ýene-de iki sany öýüň namysdüşer garyndaşy bilen gazap donuny geýip, kowgy bolupdy. Kowguçylar olaryň yzlaryndan obadan iki menzillikdäki köne Pendi – Kerki ýolunyň ugrunda ýetipdirler. Özüni giňişligiň gujagyna atanlygyna ynanan Andym o mahal bir depäniň üstünde düşläp, alyp gaçan maşgalasy Güljemal bilen dyz degşirip çaýlaşyp otyrdy. Dowamy bar >> | |
|
√ Dirilik suwy -13: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |