12:01 Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy | |
Haçanda ol jylaw deňleşdirişip, hajraw ýaly bolşup özüne tarap gelýän üç atlyny gören mahaly, dessine nämäniň-nämedigine düşünip, gapdalynda keserip ýatan gylyjyna ýapyşypdy. Soňundanam häzir atlylaryň üç bolup öz daşyna geçseler, hezil bermejekdiklerini ýatlap, bir ýoluny tapyp, olary bölmegiň gamyny edipdir. Kowguçylara baş bolup gelýän Rozy çolak sesýetime gelende, onuň bu bolup gelşiniň ilde halanmaýan namartlykdygyny aýdyp, onuň çetine degipdi: – O-how, Rozy çolak, bu nä boluş, men, näme, siziň gelniňizi üstüňize şeýdip goşun çekip baryp alyp gaýdypmydym? Siziň beýdip meniň üstüme goşun çekip geleriňiz ýaly? Munyňyz bigaýratlyk bolýar. Size birtopar beleňbatyry gurrumsak diýerler. Çykyň gaýratyňyz bolsa, meniň garşyma ýekme-ýekden! – diýip, gyjalat edipdi. Rozy çolak şonda atynyň başyny çekipdi-de, gelniň namysynyň esasy düşýän adamsy hökmünde ilki onuň ýüwürjisi Nurjumany orta çykarypdy. –Inim, bar, al aryňy! Nurjumanyň jonnuk gylyjyny syryp özüne tarap at depenini gören wagty, Andym öz atan tilki sapalagynyň ýerine düşendigini aňypdyr. Andym aňyrdan jonnuk gylyjyny howada galgadyp, ony öz depesinden gazap bilen indererli bolup gelýän Nurjumanyň münen aty özüni dabrap, depgiläp geçerli görüp, ol güpürdäp golaý geliberende, onuň deminden bir howa bolsa-da, sypmak üçin, köpügörenligini edip, dessine donuny egninden çykaryp, ony birki gezek yzly-yzyna howada pasyrdadyp silkipdir. Ürken at şonda oýtarlap, hol, beýleden geçipdir. Ýöne Andym näçe köpügörenligini etse-de, gazaby gaýnap depesine uran Nurjuma oňa atyna atlanyp, özi bilen deňleşmegine maý bermändir. Atyny dabradyp, bir ondan, bir mundan gelip hüjüm edipdir. Rozy çolak bir görse, Nurjuma atlam bolsa, Andym oňa ýan bererli dälmiş. Gaýta, öjügip dyzanyp, ýaş oglany elesledip alyp barýamyş. Şonda onbiratary atyň öňüne kese basyp oturan Rozy çolak güýçleriň deň däldigini görüp, duran ýerinden Andymyň ýokary galan gylyçly elini atyp omrupdyr. Andym sakar ganyny sarkdyryp, Nurjumanyň öňünde gaçyp-urşup ýörşüne, ýene-de gygyryp, Rozy çolagyň bu hereketini namartlyga ýanapdyr: –Haý, heleýlediň, çolak! Rozy çolak bolsa: –Heleýlän däldirin. Men sizi deňleşdirendirin. Ýogsam, gögele oglan bilen uruşmanyň seniň ýanyňda näme manysy bar?! Ana, indi ýeň ony ýeňip bilýän bolsaň! –diýipdir. Süňňüni namys oduna aldyran Nurjuma şundan soň, amatyna getirip, Andymyň kellesini kakyp düşüripdir... Obadaşlary Nurjumanyň biraz keleçewräkligini hem onuň şol oglan başyna gan görenliginden görýärler... Raýkom kulaklara ezmaýyşlyk edilip berlen pagta tohumy bilen baglap, söýünalylary gepe gerňäp ugran mahaly raýispolkomyň başlygy Mämmet Pollynyň ýüzi duýlar-duýulmaz gyzaryp-bozardy. Ol depesinden haýsydyr bir zady päsgelsiz geçiräýjege meňzäp, başyny aşak sallady. Tankyt başlanan wagty ýerli-ýerden: «Bu ne gep boldy?» diýen manyda öz ýüzüne soragly sereden söýünalylaryň nazaryny görmedikden boldy. Ýagdydyr Nurjuma ýekebara hojalyklara tohum kömegini berenlerinde işlerini çig etmändiler. Ony ilki, biraz tohumlyk pagta çigidi berläýmese, ençeme ýekebara hojalyklaryň ekiş ekip bilmejegini aýdyp: «Şeýdiläýse, nähili bolarkan?» diýip, şol günler oba aýlanmaga baran raýispolkomyň başlygyndan ýörite sorapdylar. Olam şonda: –Ýerleri ekmän boş goýmak bolmaz. Beýle bolsa, beriň olara-da öz artdyranyňyzdan. Hasyl ýetişende salgyd-a alýas olardan, bu ýyl salgydy köpräk aljak ekenik-dä. Olara berenimizde hem başga ýere gidenok, ýene özümize gaýdyp gelýär – diýipdi. Mämmet Pollynyň häzirki bolşundan çen tutup, Ýagdy kemsit öz ýanyndan «Ýoldaş Mämmet Polly bu meseläni entek raýkom bilen maslahatlaşyp ýetişmän eken-ow» diýip aladaly, onuň öz arkalaryny almaga ýagdaýynyň çatmajagyny ýatlap oýlandy. Aýdylýan tankydy gürrüňleriň dolulygyna Nurjumadyr özüne degişli bolup galýanlygyna düşündi. Tebigaty biraz ynjalyksyzrak Nurjuma öz sözüniň Ata Hymla garşy çykan ýaly boljagyny pikir etse-de, Ýagdy kemsidiň edişi ýaly, aýdylan gepi ýapyrylyp, uzak diňläp oturyp bilmedi. Gijemese-de ýeňsesini gaşady. Mazasynyň gaçanyny mälim edip, oturan ýerinde oýkanjyrady. Häzir onuň raýkomyň sözünden soň öz depelerinde peýda bolan ümür-dumany pytradasy, adamlara bu igenjiň döremegine sebäp bolan zady açyk-aýdyň edesi geldi. Haçanda raýkomyň sekretary bir wajyp zady ýadyna saljak bolýan ýaly, oturanlara tarap salgap duran elini eňegine ýetirip, sözüne dyngy beren mahaly, ardynjyrap, aýdylýan zatlara pisindi oturmazlyk bilen Nurjuma oturan ýerinden gepläp, soňuny saýmazlyk bilen raýkomyň sözüni böltedi: –Aý, ýoldaşlar, bu gep-gürrüňler-ä birhiliräk boldy –diýip, özüniň bu tankydy bellikler bilen ylalaşmaýandygyny mälim etdi. –Eýsem, ýalanmy onda, söýünalylylar, size biziň eden ýaňky tankydy belliklerimiz? –diýip, Ata Hymly soragsyz öz gepiniň bölünmegini halaman, bada-bat sorag bilen haýykdyryp, onuň badyny alarman boldy. Nurjuma raýkomyň derejesini alga alman, gürrüňini ýene-de öňki hörpünde hym tartyp dowam etdirdi: –Ýalanam-a däl bolsa, däldir, ýöne welin, gatybir çyndyram öýtmäň! Kolhoz pagta ekişini tamamlady. Onsoňam, ekeýin diýsegem, bizde-hä taýyn edilip özleşdirilen ýerem ýok. Bir put ýarym put artyk galan tohumlyk pagta çigidinem, näme, alaga-da, berdik birnäçe ýekebara hojalyklara. Juwazdan geçirip, özümiz ýag edinib-ä iýemzok şony ýa-da eltip, jara dökemzok. Ýekebaranyň bolsa birnäçesiniň ýeri bolsa-da, ekmäge tohumlyk çigidi ýok. Bolsa-da ýeterli däl, ýet-de-gütderäk. Oňa-da, adamlar, belli bir derejede biziň özümiz günäkär. Ýatlalyň geçen ýyl ýekebaranyň pagta hasylyny nädenimizi. Ilki-hä salgyt diýip, ýarpy hasylyny aldyk. Biý-ä bir, soňundanam ýene: «Raýona ýokardan goşmaça plan berildi» diýip, olaryň elindäki tohumlyga-beýlekä diýip, aýap goýan hasylynam garagyna basyp, gaňryp aldyk. Ýeri ekmän galdyrmak nadanlyk dälmidir, eýsem? Onsoňam, ýekebara bol hasyl alanda-da, ol nirä gidýärmiş, ýene-de öz döwletimize girmeýärmi näme? Saklanyp bilmän, Nurjumanyň sözi şu ýere ýetende, onuň mertebeli wezipeli adam bilen deň durup, sanaşyp diýen ýaly durmagyny halaman, seňrigini ýygryp diňläp oturan Aman: «Şu ýerde menem biragyz aýdaýyn!» diýip, ilki raýkomyň ýüzüne, soňra aýdylanlara judabir üns bermeýän ýaly, aşak bakyp, parahat sulhup oturan öz başlygynyň ýüzüne gözledi: –Näme, Nurjuma, sen ýekebara hojalyksyz kolhoz gününi görüp bilmejek ýaly etdiň-de goýaýdyň-la muny? –diýip, onuň ýüzüne aýgytly dikanlady. Soňam gepläp durşuna, gürrüňi gutaransoň şol duran ýerinden hyrra yzyna öwrülip, düwläp Nurjumanyň üstüne gaýdyberjege meňzäp, köýneginiň synyny çekip ykjamlandy. Ýagdy oturan ýerinden Nurjumanyň sözleriniň OGPU-ny özlerine öjükdirenini görüp, oňa aladaly käýindi: –Bu deýýus, tüýs "şallak" diýseň "şallak-da" bi, ýeri, sen onda, bu hörpde gepläp, özüňe «hä» diýdirerin öýdýäňmi diýsene. Otur-da, bilmän kemçilik goýberenden bolup. “Düzederis, hoş” diý, hoşuň, nä, atasy ölüpmi!? Hemişeler şeýle ýygnaklarda OGPU-nyň ýolbaşçylary onuň soňraklarynda söz alyp, çykyp geplärdi. Bu gezek welin, kada bozuldy. Nurjumanyň gepiniň Amana ýaraman, ony kejikdirenligi belli boldy. Ol adamlaryň üstüne agdarylyp gaýdyberjek gaýa ýaly bolup, gazalyp duran ýerinde leňňer atyp durşuna: «Ýene haýsyňyz şu pikirde?» diýýän hörpde bir eýlesine, bir beýlesine öwrülip, hyrsyz nazary bilen töweregini synlady. Ol soňra öz sözünden depik alyp, barha öjükdi. Ähli gahar-gazaby bilen Nurjumanyň üstüne düňderilip gaýdarly göründi. Ýöne ol gepläp ugrandan onuň gürrüňi köp halatda tejribeli ýolbaşçy adamlaryň edişi ýaly, diýjek zadyny aňyrdan aýlap almakçy bolanlygy belli boldy. –Biläýmeli, soňra bolsa özüňe sapak-da edinäýmeli bir gep bar, ýoldaşlar –diýip, sözüni ýene-de dowam etdirdi. Oturanlar, elbetde, OGPU-nyň başlygynyň orunbasarynyň gep saluwyndan, onuň bu gep biziň hemmämize-de belli bir derejede degişli diýýänligine düşündiler. Adamlar Aman OGPU-nyň gep urşuna beletdiler, ol hemişe özüniň kesbi-kärine buýsanýandygyny aňdyryp, içi güjükli sözleri adamlara ýamap-ýanap gürleşmegi gowy görerdi: –Biziň aramyzda bolşewik duzuny iýibem, ýeri gelende özüniň zat hem garyndaşlyk bähbitleriniň torundan çykyp bilmän, iýen duzuna hyýanat edýänlerem bar, ýoldaşlar. Bizde bu barada anyk maglumatlaram ýeterlik. Ýakynda oba ýolbaşçylarynyň biri, bir baý ýurtdan gaçanda, gömüp giden dänesiniň yzyndan düýe tirkäp gelende, şol gijäniň özünde onuň gömüp-galdyryp giden gallasyny oňa, gömen ýerinden köwleşip, ýükläp berip goýberenem bar. Aman henizem töhmet halkasyny kimiň boýnuna atjagyny bilmeýän ýaly at tutman, guş dilinde gürleýärdi. Hemişe-de şeýdip, aýdar ýerde aýdarman bolýan anygyny aýtman, gepi gyzykdyrmak onuň endigidi. Şeýle edilende ol soňra her aýdylan zadyň diňläp oturanlaryň gyzan tamdyra hamyr ýelmäniňdäki ýaly şarpa kabul edip alýanlygyna beletdi. Aman şu mysaly getirmek bilen, soňra sözüniň ahyrynda Nurjumadyr aşak bakyp, geçilmez günä eden ýaly, aplygyp oturan Ýagdy kemside hem öz igenç taýagyny sürtüp geçmekçidi. “Siziňem bu eden işiňiz hut şol Owgandan gelene däne göterdip goýberen ýaly, öz iýen duzuňa hyýanat etmek bolýar” diýip suňşurmakçydy. Ýöne gepiň aýdylyş hörpi täsir etdimi ýa-da ol hemmeleriň ýokarsynda peýda bolan töhmet belasynyň gara kölegesini öz üstüne-de abanyp gelýän ýaly duýdumy-nämemi, Amanyň gepi şu ýere ýeten mahaly, Kaganowiç kolhozynyň başlygy Jotdy maýdaja garaşylmadyk bir ýagdaýda duýman ýatyrka böwrüne depilen it ýaly hyňranyp, tarsa ýerinden turdy-da: –Kim şol, ýoldaş Aman OGPU? Eger şeýle adam biziň aramyzda bar bolsa, özüm onuň bokurdagyndan alaýyn! –diýip, pökgi gapjak ýaly, ellerini somlap, ala gözlerini elek-çelek etdirip: «Haýsyň şol?» diýýän ýaly, kellesini sandyradyp, töweregini synlady. Aman häzir bir at tutdugy, Jotdy düýrmegi bilen onuň üstüne özüni zyňarly göründi. Bu ilde Jotdy maýdaja hem bolşewik gelensoň, onuň ýol-ýörelge hasabyna gabat gelip, egni galan, düýnki ýykma-ýykylma güzeranly, ýer urup, ýerde galan san-salasyz adamlaryň biridi. Ýetmejek derejesine ýetirip, görmedik gowulyklaryny görkezeni, mertebelendireni üçin, ol Sowet häkimiýetine minnetdardy. Oňa başardygyndan halys ýürekden ynanyp hyzmat edýän adamlaryň biridi. Özüniň bu wepadarlygyny ol hemişe il öňünde nygtamagy, iş ýüzünde subut etmegi, göterimräk häsiýetine görä, öz borjy hasap ederdi. Golaýda bolan ýygnaklaryň birinde OGPU-nyň başlygy: «Her oba kulakçylyga çekilmeli adamlarynyň sanyny aýtmaly» diýende, özgeler bu işi etmegi kyn görşüp, oýurganyşan wagtlary Jotdy maýdaja ilden öň tarsa ýerinden galyp, duran ýerinde barmagyny büküp, öz obasyndan bäş maşgalanyň adyny hata ýazdyryp, OGPU-nyň işgärlerine: «Ine, ýerlerde hut şu Jotdy aga ýaly işlemeli» diýdiripdi. Şonuň üçinem Aman OGPU at dagy tutaýan bolanlygynda häzir bu ýerde bir "it urşy" ýüzüniň ugruna bolsa-da bolaýmalydy. Şeýdibem, Jotdy maýdajanyň-a öjükdirilip, helabas berilýäne meňzejegi ikuçsuzdy. Aman OGPU Jotdy keltejigiň beýdip, ara goşulmagy bilen öz aýtmakçy bolan saldamly, agyr gürrüňiniň, häki bir, märeke üýşen ýerinde, haýsydyr bir oýnatgyrak, göterimräk adamy märekäniň hezil görmek üçin, orta alyp edilýän ýarym ýalan-ýarym çyn oýun geplerine meňzäp barýanlygyny görüp, halamazlyk bilen dykylyp düýrükdi. Onuň düşen ýagdaýyny görüp, töwerekde oturan adamlaryň ýüzlerinde hem sähelçe duýlar-duýulmaz ýaňsyly ýylgyrmalar peýda boldy. Özüniň bu hereketleri barada kim nähili pikir eden-de bolsa, «Itiň oýnam bolsa, göläniň çyny» diýlişi ýaly, Jotdy maýdajygyň welin magat çynydy. Aman OGPU «hä» diýmän, öz gürrüňini edýän adamsynyň adyny tutarly, anyklarly bolsa-da, Jotdynyň soňra abraýly edara jaýynda it garpyşygyny gurup, metgi boljagyny pikir etdimi, nämemi ol soňam hiç kimiň adyny tutmady. Gaýta, ýygnak alyp baryjy, raýkomyň sekretary Ata Hymly bilen Aman ellerini daldalaşdyryp, göçgüni depesine uran Jotdyny höreläp-köşeläp: «Köşeşiň, Jotdy aga!» diýşip, ony gep-gürrüňler bilen ornunda oturtmagam uly dert boldy. Soňundan raýkomyň sekretary bu bolan gelşiksizligi ýylmap-ýaýmak üçin: «Äý, beý diýdigimiz gaty bir eý diýdigimizem däldir» diýýän äheňde gümürtik gürläp, ara düşen dartgynlylygy gowşatmagy göz öňünde tutup, parahat gürledi. Aýdylan kemçiligi we belligi bir ýere däl-de, tutuş raýon çägine ýazyp-ýaýmaga çalyşdy. Töwerekdenem, ýerli-ýerden aýdylyp-diýlensoň, göçüp-gudurap ýüreginiň ersginini gaýtaran Jotdy maýdaja ýene-de ýalmanyp, öz ornunda oturdy. Ara düşnüksiz dymyşyklyk aralaşdy. Kükräp gürrüňe başlan Aman orcuň hem badynyň kemelenligi belli boldy. Ol soňra sözüniň böltelip, badynyň alnanlygyny mälim edip, Jotdy maýdaja gyýa seredip, birhili lapykeç görnüşde öz sözüni dowam etdirdi. Soňundanam adaty edişi ýaly, Aşgabatda geçen uly ýygnagyň öňde goýan wezipeleriniň juda wajyp hem döwrebaplygyny nygtap, özüniň giňden öwrüm berip, mysallar getirip aýtmakçy bolan gürrüňini gysgaça jemledi. Baş gürrüňiň başga ýana sowlandygy belli boldy. Haçanda Amandan soň raýonyň «Täze ýol» kolhozynyň ýaş başlygy Ýazdurdy Beknazarow söz sorap alanda, ony hem oturanlar Aşgabatda geçen ýygnaga seslenip çykyş etjekleriň biridir öýtdüler. Ýaş başlyk süňkbaşy iri, daýawdan gelen garaýagyz ýigitdi. Ol söz alansoň ör turup, gödeňsi görünýän ullakan elleri bilen özünden öňde oturanyň üstüne abanyp, biygtyýar eňegini sypap durşuna, ýas-ýaňyja çykyşyny tamamlap, öz ornuna gonan Amana ýüzlendi: –Ýoldaş Aman, size bir sowalym bardy welin... –Aýdyber, Ýazdurdy –diýip, Aman daýanykly ýigide oturan ýerinden ylygyp, göwünjeň baş atdy. –Aýtsam, ýoldaş Aman, siziň ýadyňyzdadyr. Birki aýlykda biziň obamyzdan Berdi Gotur ogly tersçillikde aýyplanyp tussag edilipdi. –Hawa, ol bozgagy obadan meniň özüm tussag edip, alyp gaýdypdym. Tersçil bolsa, ony, näme, biz tutmaly bolarys-da. Tutdugam, sorag edip, işem geçirdik. Biziň borjumyz şol. –Onyňyz dogry-la –diýende, Ýazdurdynyň sözünden biraz nägilelik duýuldy. Munuň şeýledigini, ýaş başlygyň özüne garaşylmadyk bir gepi aýtmakçy bolýanlygyny, kärine mahsus bolan ýol çalmak bilen, Aman hem duýdy. Ol tekepbirlik bilen ýaş başlygyň göni gözüniň bäbenegine seretdi. Ony sowuk nazary bilen duran ýerinde dalady. Onuň gyşarylyp sorajak soragynyň jogabyny bermäge öňünden taýynlandy. Daýaw ýigit Amanyň öz okgunly nazary bilen, özüniň kimligini mälim edip, howuny basjak bolýanlygyna düşündi. Onuň nazaryna seretmän gürledi: –Siz ol ýigidi şonda: «Kolhozyň mele ýorgasyny Owgana geçiren» diýip tussag edipdiňiz. –Ýadymda. –Ýadyňda bolsa, Berdi Gotur ogly şol Owgana alyp geçen atyny, alyp geçirmän eken. –Ol nähili, ol “Alyp geçiren atyny alyp geçirmän eken?” –diýip, Aman Ýazdurdynyň ýas-ýaňyja aýdan gepine oturan ýerinde düýrügip, onuň özüne berilýän soraga öwürdi. Ýaş başlykdan aýdyp duran gepini anyklaşdyrmagy dessine talap etdi. Ýazdurdy şaýat gözleýän ýaly, töweregindäki ýapyrylyşyp oturanlara bir ugra göz aýlap goýberensoň, bölünen gürrüňini ýene-de dowam etdirdi: –Ýoldaş Aman, şol atymyz-a öz örklenen ýerinden boşanyp, Owgana däl-de çöle, bir ýyla golaý mundan ozal münüş edinmek üçin, gäleden tutulyp alnyp gaýdylan ýerine giden eken. –Hä-ä, gelipdir diýsene? –diýip, ajy ýylgyran wagty adamlar ýene-de başlygyň sözüniň Amanda köpmanyly ýaňsy döredenligini gördüler. Olar bir-birleri bilen bir zat üstünde oňuşman, çekeşip durana meňzediler. –Hawa, ýoldaş Aman, atymyz-a ýatagynda kişňäp dur! –A, sen ol atyň nireden gaýdyp gelenini bilýärmiň? Atyň sürüsine Owgandan gaýdyp gelmänligini sen nireden bilýärsiň? Ýa-da daňlan ýerinden boşanyp, sürüsine dolanyp baryp bilen at Owgandan, eltilen ýerinden gaýdyp gelip bilmez öýdýäňmi? Onsoňam, kolhozyň atyny Owgana aşyryp gelendigini Berdi Gotur oglunyň özi sorag edilen mahaly, doly boýun aldy. Bizde onuň barmak basyp, döwlete eden öz hyýanatyny tassyklan güwänama haty-da bar. Tüweleý ýaly birden peýda bolan jedele meňzeş sene-meneli sorag-jogap, geplän mahaly özüni garşydaşyny alasladyp, burça gabap barýan ýaly duýan Amanyň garşydaşynyň jogabyny nagt edip, jedeliň utan tarapynda, ýaş başlyk Ýazdurdy bolsa utulandan bolmagy bilen tamamlandy. Eýsem-de bolsa, bu jelegaýda häzirki OGPU-ny guşy gaz alýan döwürde utjak kimmiş!? Onda-da Aman ýaly nadandan dörän, öz ýeten derejesi bilen başy humarlyny! Bu döwür olaryň ýeňilýän döwri däl. Munuň şeýledigini Aman ýaş başlygyň kölegeli soragyna beren nagt jogaby bilen oturanlara ýene bir gezek düşnükli etdi. Gaýta, ýaş başlyk şundan soň watançylyk duýgusy pes, yrga adamlaryň hasabyna alyndy . Näme-de bolsa, Aman bilen ylalaşaýmak galýardy. Galyberse-de, OGPU-nyň ýolbaşçysy ýoldaş Syzran ýygnakda söz sözlän mahaly: «Baý-gulaga hemaýat edýänleriň ýoly biz bilen bir däldir» diýen wagty onuň oturan tarapyna hem: «Senem şuny bilip goý!» diýýäne meňzäp, talaply seredip goýberipdi... Öz gürrüňiniň beýle öwrüm almagyna garaşmadyk ýaş başlyga-da şundan soň Aman OGPU-nyň, häzirki öz-özünden beleň alyp, yzly-yzyna suňşuryp-suňşuryp gidip barýan gepine asgyn düşen garşydaş hökmünde «hä» diýäýmekden başga alaç galmady. Ol Aman gepläp durka içinden: «Siz eliňize düşen adamy depip-gapyp, oňa etmedik günäsini boýun aldyrman goýýaňyzmy näme? Ýöne, ýerden guljaly Hezzi batyr siziň eliňize düşende: «Näme diýseňiz boýun alaýyn, ol Lenin aganam öldüren men... ýöne urmaň, horlamaň, mert atyp öldüriň» diýip, dat eden däldir diýip pikir etse-de, OGPU bilen oýnunyň deň gelmejegine düşünip, gaýdyp gürlemedi. Ýogsam, ol irden obadan gaýdanda, atyň tapylanyny aýdyp, Berdi Gotur ogluny zyndandan boşadyp, yzyma düşürip, oba alyp gaýdaryn diýen tama bilen gelipdi. Ýaş başlyk Ýazdurdy Beknazar bu meseläni orta atanda, entek bu zatlardan habarsyzdy. Ol obadaş ýigidiniň şäherde OGPU-nyň bendihanasynda oturandygyny pikir edýärdi. Ýöne eýýäm Berdi Gotur oglunyň aýyplanýanmagy bilen, bolmaly ähli zatlar bolupdy: “ýiti gözli” OGPU-nyň işgärleri «günäsini» boýnuna goýup, ony kolhoza hyýanat eden tersçil hökmünde tussaglygyň alys – görgi ýoluna ugradypdylar . Soňra gürrüň ýene-de kem-kemden öňki akabasyna ugrukdy, öwran-öwran Aşgabat, Popok ýatlanyldy. Şeýle ýerine düşen çykyşdan soň, ondan degerli netije çykarylan wagtynda kolhoz durmuşynyň pajarlap ösjekligi barada gürlenildi. Ýöne indi edilýän gürrüňler ekiztaýlar ýaly, bir-birlerine meňzeşdiler hem ähli aýdylýanlaryň ýerine-ýagdaýa görä, ýürekden däl-de, bärlerden bir ýerlerden aýdylýardy. Şonuň üçinem, häzir oturan adamlara bu edilýän gürrüňler özleri üçin däl-de, haýsydyr bir başga-başga adamlar üçin edilýän ýaly duýulýardy. Adamlaryň arasynda OGPU-nyň ýolbaşçylaryna ýeri gelende başga-da soragymy beräýsem diýip oturan ýolbaşçylar ýok däldi. Golaýda diňe bir «Täze ýol» kolhozyndan däl, Söýünalydan, Baýraçdan, Erdendir Horasandan, «Pograniçnik» kolhozyna öwrülip oturan, ak patyşa döwründe nirelerdäki Ukrainadan sürgün edilip getirilen hohollardan birnäçesi tussag edilip, şähere sorag-jogaba alnyp gaýdylypdy. Ýerlerde alada artypdy. Şolaryň ikisi «Gyzyl Goşun» kolhozynyň adamlarydy. Nurjuma hem aňyrdan gelende «OGPU-nyň ýolbaşçylary bilen ýygnakda duşaryn, olardan sorap-idäp görerin» diýip gelipdi. Şähere atlanýanyny eşidip, onuň ýanyna tussag edilip alnyp gaýdylanlaryň hossarlary gelip: «Bir habar biljek bolaweri» diýşip, zarynlaşyp galypdylar. Ogly bendilige buýrulan aýal bolsa, gözýaşyny saklap bilmän, başyndaky sary reňk hasa atynjasy bilen gözüni sylyp-sylyp, oňa ýalbarypdy: «Boşadyp yzyňa düşürip getirmeseňem, bileweri, oglan diri hatarynda bir barmyka? Şol gideli erbet-erbet düýşler görýän, ne içerde karar bar mende, ne daşarda. Uzakly gijänem gözýaş bilen suwlap, ýatman ýol gözläp ýörün men» diýip, zar-girýan bolup, eňräp galyşy hiç onuň göz öňünden gidenokdy... Ýöne ol «Täze ýol» kolhozynyň başlygynyň mysalynda gepe ters öwrüm berip, sorag berýäniň, sorag berilýäni öz soraýan zady bilen günertleýäne meňzeýänligini, şeýdibem, gepiň ters öwrüm alýanlygyny görensoň, bu meselä ýygnak gutaransoň, ýagdaýy aýdyp, OGPU-laryň ýanyna ýekelikde dilegçi hökmünde muňalandan bolup barmagy niýet edindi. Nurjuma OGPU bilen öz obadaşlary barada gürleşmegi ýygnakdan soň, öýläne goýanyny kem görmändi. Munuň ýaly-da ikiçäk sypaýyçylykly gürrüňiň hiç nenensi bolmajaklygy barada, şeýdilende Aman bilenem belli bir derejede düşünişip biljegine hem tama edipdi. Ol ýygnakdan soň: «Işim bar» diýip, Ýagdy bilen aýrylyşandan soň, bu işiň ugruna täzeden çykdy. Täjirleriň, barly baýlaryň bişen kerpiçden haşamlanyp gurlan, göze gelüwli jaýlarynyň boýuny syryp, birsalym ýöränson, OGPU-nyň edarasyna ýetdi. Onuň ýerleşen ýeri täjir jaýlarynyň iň soňkusydy. Nurjuma howla giren mahaly, sag tarapda Amandyr Syzranyň münýän tanyş atlarynyň gazygynda duranyny gördi. Beýle ýanynda bolsa Syzranyň dor alaşasyny goşup, halap münýän, ermeni täjirlerinden oljalanan, ýaýjykly, üsti rahat, paytuny hem duran eken. Şundan soň aňyrdan: «Bir ýere gidäýen bolmasa ýagşydyr» diýip, alada galyp gelýän Nurjuma özüne gerek adamlaryň ýerli-ýerinde barlygyna begendi... Nurjuma Amanyň kabulhanasynyň gapysyna gelende, gapynyň agzynda hata güýmenem bolup oturan, harby eşikli uzynak, hüwügöz ýigit onuň habaryny aldy. Ol: «Häzir ýoldaş Amanowyň ýanynda «Gyzyl Goşun» kolhozyndan gelen bir adam bar» diýip, oňa gapdalda kabul edilme nobatyna garaşyp oturan adamlaryň arasyndaky boş orny görkezdi. Ýöne hüwigöz ýigit ýaňy gep ugruna: «Ýoldaş Amanowyň ýanynda «Gyzyl Goşun» kolhozyndan bir adam bar» diýende eýýäm Nurjumanyň içine zym gidipdi. «Bu kimkän? Ýagdy kemsid-ä bolmaly däl. Onuň ýaňy dälmi raýispolkomyň başlygy Mämmet Pollynyň ýanyna maslahata gireni? Haryt almak bahanasy bilen kepretil Hardat ýa-da salgytçy Bally bolmasa, ara ep-esli bolansoň, obadan kän şähere gelip ýörenem ýokdy. Ýöne Nurjuma ýygnaga gaýtmanka olaram-a görüpdi, olaryňam-a şähere gitjek diýeni ýokdy. Onda kim bolup bilerkä ol, OGPU-nyň başlygynyň orunbasarynyň ýanyna beýdip, girip ýören? Garaşsaň, wagtam geçenok. Gudaçylyk gürrüňine gelen ýaly, içerdäki welin wagty bilen çykmady. Şol arada hüwi gözli ýigit bir iş bilen eli kagyzly başlygynyň ýanyna giren mahaly, yzyndan gapy biraz açylyp, yşgalaň aldy. Içerde edilýän gürrüňiň bir bölegi anyk eşidilip gitdi. Tanyş ses. Nurjuma ünse öwrülip üşerildi. Ol gapynyňam golaýynda otyrdy. –Hüşgärlik, elbetde, ýene bir gezek hüşgärlik – Bu Amanyň zarply gepidi. Olar hoşlaşyp duran eken. –Hüşgär borus, ýoldaş Aman! Obanyň habarynyň ganyny damdyrman size ýetirmäge men sizi ynandyrýan, ýoldaş Aman! Bu ýogyndan gelen, hossaçy artyk, aýdylan wagty öňündäkiniň alkymynda egilýän ýaly basyksy eşidilýän Hardat kepretiliň sesidi. Nurjuma Amanowyň ýanyndan ýalmyldap çykyp, töweregine aň salman, gapdalyndan geçen Hardady görüp, ýerine buşugan ýaly, özüni diýseň oňaýsyz duýdy. Ol Hardadyň Aman bilen gatnaşyklydygyn-a öňdenem azda-kände duýýardy. Ýöne onuň hut obanyň habaryny ýetirip duranlaryň biridigini welin, ol öz sadalygy bilen henize çenli aňmandy. Hardadyň ýygnakda-beýlekide käte guwançly masaýynmak bilen: «Bolmasa, ýoldaş Amana geňeşäýmeli bolar-da...» diýýänligi ýadyna düşdi. Öz tutmakçy bolan guşunyň OGPU-nyň Hardat ýaly ýaranlarynyň kömegi bilen bireýýäm tutulyp, ütülip goýanlygy oňa diňe häzir düşnükli boldy... Amandan minnetdarlyk äheňli täze görkezmeler alansoň, aýagy ýeňlän Hardat töweregine seretmän, ýeňil-ýeňil ädimläp, gylawlanyp gapydan göni çykyp gitdi. Nurjuma hem şundan soň ýoldaş Amanyň ýanyna baraýanda-da, öz gepiniň ýer almajagyna, hiç hili gazanan zadynyňam bolmajagyna göz ýetirip, töweregindäki nobatyna garaşyp oturan adamlara, zeruryna barýandan bolup, ýeriň pessi bilen, ol ýerden gaçmak bilen boldy. * * * Söýünalyda alasarmyk, ynjalyksyz durmuş dowam edýärdi. "Darydan kän" diýilýän Taňrynyň günleri pälini bozup ugraýşy, güýz şemalynyň ýel-tozan, käte gara bulutlary öňüne salyp getirip, adamlary ynjalykdan gaçyryşy ýaly, bir-birinden aladaly, howatyrly kowçum-kowçum habarlar getirýärdi. Nurjuma başlygyň ýüzüni gijä tutup, ümsüm-kümsüm Orazgeldiniň ýanyna gelip gideninden iki-üç gün geçeninden soň, olaryň arasynda bolan gürrüňiň anygyny eşidip, maslahatlaşmak üçin, bäşbelanyň adamlarynyň birnäçesi Kymyş duzçynyň ýanyna üýşüp geldiler. Maşgala ýaňyrak agşamlyk edinip, omyn-töwirden soň, saçak ortadan ýygnalyp, gelinler eýýäm ýaş çagalarynam ýanlaryna alyp, öz bolýan öýlerine turşup gidipdiler. Öýüň uly erkek kişileri adaty nahardan soň, öz içýän birki käse çaýlaryna güýmenişip, mesawy gürleşip, öýli-öýlerine gidermen bolşup otyrdylar. Içerde biraz tüsseläp ýanan alagury ýylgynyň şorumtyk, sähraýy ysy bardy. Ýüwrüjileri birlän-ikilän gelşip, üýşüşip ugransoňlar, Jemal mama gazanda galan myhmanhaky nahary gyzdyryp, olaryň öňlerine alyp bermek üçin Akjagüli iberip, daşarda sowuga goýlan gazany getirdip, ojaga täzeden ot gallady. Ojakda ýalaňy odun alawlan mahaly onuň ýaýlymly şöhlesi oturanlaryň golaýynda düňderilip goýlan döwük kerseniň üstünde ülpüldäp ýanyp duran pelteli çyranyň ýagtysy bilen goşulyşyp, öýüň içini birsalym gündizlige öwürdi. Ýaý berip oturan adamlaryň aladaly ýüzleri mese-mälim göründi. Ýüwürjileriniň biri: «Gelneje, biz üçin azara galma, ýaňyja iýip-içip, naharly geldik» diýenlerine hem seretmän, aladaçyl Jemal mama: «Işdäňiziň alanyny iýersiňiz-dä» diýip, nahar gyzansoň, ony çanaga salyp, saçak bilen orta äberdi. Adamlar birsalym mesawy gürrüňe berlişip oturdylar. Işdäleriniň alanyndan nahar iýdiler. Gürrüňiň esasy bölegi pagta ekişiniň barşy, kolhozyň ýerleri zorlandyrmak üçin ekiş geçiriljek ýerlere çekip bilen dersini, külüni çekip, Ýagdydyr Nurjumanyň ýolbaşçylygynda ykjam durup, ekişi wagtynda geçirendikleri hem ýatlanyldy. Kymyş duzçy öz ýanyndan: «Belki, ýagdaýlar ýolugra düzelişip-gowulaşyp gider» diýip, üstüne abanyp gelýän howpy boýun alasy gelmese-de, bolşewigiň maslykçy algyr guşlarynyň gara kölegesiniň indi bireýýämden bäri öz öýüniň depesinde aýlanýandygyny aňýardy. Indi obada ýakyndan bäri haýsy ýerden alnanlygy näbelli ýakymsyz «myş» gürrüňler gezýärdi. Onda «...Hökümet Gully emini, Jumanazar baýy, Taýyr baýy ýygnajakmyş, ýer-suwuny alyp, kolhoza berjekmiş» diýlip, köp halatda bu daşyna geçiljek adamlaryň arasynda Kymyşlaryň hem ady deňine tutulýardy. Bu gürrüňler helabas berlen ýaly bolup, has-da oba aýallarynyň arasynda örç alypdy. Iki heleýiň başy çatylan ýerinde, bu döwletiň heňine gelmeýän maşgalalar barada haýpygelijilikli, ýene birde, hamala, bu maşgalalar syrylyp-süpürilen mahalynda özleri üçin has gowy bolaýjak ýaly içi joşgunly gürrüňler hem bolardy. Jara suw almaga gelýän aýallaryň ikiden biri suw gaplaryny gapdallarynda goýup, Kymyş duzçynyň öýüne tarap seredişip, biri-birlerine: «Ha, gyz, eşitdiňmi?», «Pylanynyň ejesi, eşitdiňizmi?» diýşip, çommalyşyp-çermenişip, ommalyp duran otyrýerleri bilen ýer sürpäp oturyşlaryna nirä gelenlerini hem unudyp, aýallarça diýseň şüweleňli gybat ederdiler. Käbiri özi ýaly duşmalysyna duşup, şeýlebir gybata berlerdi welin, öýlerinden kimdir biri: «Munuň gidişi gidiş boldy-la, suwa akan dagy bolaýmasyn?» diýip yzyndan gelensoň ýa-da esli oturanlary haýsydyr biriniň ýadyna düşensoň: «Weý, gyz, esli oturypdyrysam. Numat garyn ýaly, ärimiz eli gamçyly öňüne salyp alyp gitmek üçin yzymyzdan gelmänkä turaly!” diýşip, gezegen aýalyny gözläp, häli-şindi sögünip, eli gamçyly obada aýlanýan Numat garny ýatlansoňlar, turmak bilen bolardylar. Oguljuma hem şol günleriň birinde ýas ýerde otyrka, iki sany gelniň başlaryna atynan ýas bürenjeklerini maňlaýa çekişip, hol beýleräkde özleriniň il agysyny aglaşmaga gelendiklerini hem unudyp, bir-birlerine gözleri bilen özüne tarap ümleşip seredişýänlerini gördi. Gelinleriň biri bagyr ýüzlüdi, beýlekisi ýüzi iki barmak, burunlak, juda tanyş bolmadyk, ýatdan bu oba düşen bir aýaldy... Häzirki Kymyş duzçynyň öýüne gelenleriň arasynda del adam ýokdy. Bular onuň özünden öň älemden öten agalarydyr inileriniň ogullarydy. Bularyň hemmesi-de onuň bilen töwerekde, ýakyn goňşuçylykda ýaşaýardylar. Howpuň öýläniň kölegesi ýaly bolup, barha ulalyp, barha golaýlap, abanyp gelýänligi, indi onuň öňünden sowlup, aman galmak üçin näme-de bolsa bir aladanyň edilmelidigi hem anyk bolupdy. Gojanyň inileri hem häzir bu ýere näme maslahat bolsa, şonuň bir tarapynda durmaga göwün togalap gelipdiler. Elbetde, bu judabir garaşylmadyk ýagdaý hem däldi. Sowet häkimiýeti halky jylawlap, onuňam soňuny düýrläp, öz goşaryna aýlapdy. Indi onuň göwün söýlän işiniň başyny tutjagy belli zatdy. Munuň şeýle boljagyny güýçliniň häsiýetine belet il hem gowy bilýärdi. Belendi-pesi deňlejegini bolsa, onuň özi gelende aýda-aýda gelipdi. Ahmet ýowuz bilen Bally agasy Kymyş duzçynyň gabadynda aýbogdaş gurup otyrdylar. Ýüzler ünji-aladalydy. Ahmediň mesawy gürrüň arasynda hem wagtal-wagtal bir ýerine tyg sanjylana meňzäp, gaşlary çytylyp, süňňi düýrügip-düýrügip gidýärdi. Gürrüň diňlese-de, onuň küý-köçesiniň başga-başga ýerlerdedigi bellidi. Bäşbelanyň ekabyry hasaplanylýan, ýaşy boýunça hem bu ýere ýygnananlardan gyşlakyrak bolan Orazgeldi, kakasynyň gapdalynda arkasyny ýeňsedäki üstüne ýorgan-düşek galdyrylan sandyga tarap sähelçe ýanyn öwrüm berip, hälki nahar iýlen wagtyndaky oturan ýerinde gelenleri synlap, iç pikirini öwrüp otyrdy. Içerde, hamala, wagt utuljak bolunýan ýaly, edilmeli gürrüň edilmän, başga gürrüň edilýärdi. Kymyş duzçynyň kiçi ogly Orazgylyç, Mahydyr Magsut, Höwelidir Sähetdurdy bilen birneme ýaşkiçiräkler bolşup, öýüň bir böwrüni tutup otyrdylar. Ojak başyndan Jemal mamanyň demläp berýän çaýly çäýnekleridir käselerini öz gapdallary bilen törde oturanlara tarap geçirýärdiler. Jemal mama özüne gap-gaç äberişen Akjagüldür Ogulbikäni «Baryň, sizem birsalym jigileriňiziň ýanynda boluň!» diýip ugradansoň, içerde diňe uly adamlaryň öz-özleri bolşup galdylar. Kymyş duzçy öz aladaly gününde, ozal döwüm çöregini bölüşip iýen inileriniň ýanalýan adamlaryň töwereginde görünmeginiň hökümet tarapyn judabir halanmaýanlygyna seretmezden, janköýerlik edip, näme maslahat bolsa, onuň bir tarapynda durmaga gelenlerine monça bolup göwni bitdi. Ol pikirinde: «Ýagly günüň ýat, ganly günüň–garyndaş» diýleni boldy bi» diýip, direnişip gelen inilerine minnetdar bolup otyrdy. Kymyş duzçynyň üýşüşip gelen inileri häzir onuň öz dilinden ýa-da uly ogly Orazgeldiniň dilinden: «Oglanlar, biz ertire galman Pyrara aşmakçy, sizem goş-kötelleri derýadan geçirişmäge ýerli-ýerden kömek edersiňiz» diýen ýaly bir aýgytly söze garaşýardylar. Ony, elbetde, öý eýeleriniň haýsy-da bolsa biri aýtmalydy. Bu ýerde indi mundan aňry galmagam hatarlydy. Bu kelläni kaýyllyk bilen palta astyna goýmak ýaly bir zatdy. Ýöne, häzir içerde oturanlar, hamala, il içinde barha möwç alýan howsalaly gep-gürrüňlerden habarsyzmy, habarly bolsalaram ol gürrüňler özlerine asla degişli däl hasap edýärlermi-nämemi, bolaýmalysyndan has arkaýyn görünýärdiler. Soňky tapgyr-tapgyr, yzly-yzyna ýagyş ýagansoň, gowaça ekilişiniň bir bölegi käbir ýekebara hojalyklarda dürli sebäplere görä–wagtynda ýer taba gelmän, tohum tapylman biraz gijikdirilipdi. Soň ekilen pagta daýhany häzir biraz azara goýýardy. Ekinleriň içinde has-da giçki ekilen pagtanyň ykarady köp bolýardy, dertli çaga ýaly, ol yhlas-aladany hem has köp talap edýärdi. Ýöne Gün ýigrimi ikinji iýuna çenli barjak ýerine baryp, yza öwrülmek hyýalyna münüp-münmänkä, bir suwaryp bolsa, onuňam işi haýyrdy. Ana, onsoň ýaşylja syçan gulajyklaryny hekgerdip, düýp tutup ýetişip barýan pagtaň bardyr-da. Onsoň galany yhlasyňa baglydyr. Suwuny, dökünini wagtynda ýetiriberseň, bokurdagyny gaty kesege gysdyrman, bejerip-bakyberseň, haşal otlara üstüni basdyrmasaň, ana, onsoň, onuň nädip irki ekilen pagtanyň yzyndan ýeteninem duýman galarsyň. Oturanlaryň ondan-mundan gep tapyşyp oturyşlary, aýdylmaly gürrüňiň üstünden göni baryp bilmän ýaýdanylyp, öwrüm berlip edilýän gürrüňlere meňzeýärdi. Haçanda keçäniň gülüni dyrmalan bolup oturan hortap Mahy ýaňyrak kolhoz gara mallarynyň başlygy wezipesine goýlan oba sowetiň ýakyn garyndaşy Orram külüň dänjiräp, Kymyş duzça ýanap aýdan gepi oturanlaryň kalbyna duýlar-duýulmaz gozgalaň salanlygy belli boldy. Gürrüňçiligem şundan soňra öz edilmeli aýgydyna dolanyp gelerli göründi. Mahy bu gürrüňi Orramyň özüne meňzedip, tumşugyny göklän kürre ýaly, kese tutup, hondanbärsi bolup aýtdy: –Zaluwat, Kymyş duzçy çig gaýmagy ýeke iýip, hezil edip ýören eken. Hä, janynyň gadyryny bilýän adam-da. Onuň oglanlaram, onuň-munuň ýanynda, ýanyna gelen adamlara öz iýip oturan zadyndan hödür eden bolup: «Şu sygryň çig gaýmagy bilen jary bugdaýyň nany maňa parydur» diýýämiş. Haý, zaluwatlar, ol tapylyp dursa, kime paranok? Bu ýaňsyly keseki gürrüňiň oturanlaryň hersine birhili täsir edenligi belli boldy. Ahmet leňňer alyp: «Hä, doňuz ogly» diýip, oturan ýerinden Orrama gaýybana öjükdi. Bally Orazgeldiniň birzat diýerine garaşýan ýaly, onuň ýüzüne dikanlady. Sähetdurdy burnuny tysladyp, birzat diýerli görünse-de, ýene-de dişagyrysy tutan ýaly, eňegini gysymlap takat saklady. Bu gepiň hemişe öz ojagy barada aýdylýan her gürrüňi halys ýüreginden kabul edýän, ojak başynda oturan Jemal mamanyň peltesine ot degreni belli boldy. Ol elindäki atyşgir bilen ojagyň közüni eýläk-beýläk ýazyşdyryp oturyşyna, aýal bolup erkek adamlaryň gepine goşulmaly däl hem bolsa, goşulman durup bilmedi, küpürsäp gepledi: –Bu hökümetiň indi meniň ojagymdan başga işi gutardymykan? Onuň gaňyrsyna gaýdanlaryň içinde Kymyşyňkylar ýok, basmaçy-gaçmaçasynyň içinde ýok munuň. Hemişe gydyrdanyşyp gara zähmet bile. Kymyşyň oglanlary, hamala, başlyksumaklaryň heleýine giren ýaly boldy-la bi... –Gahar ugruna aýdan gepine ýene-de ýüzugra özi jogap berdi: – Meniň ogullarym siziň özüni oňarman, ezenegini agdaryp ýören çagşyk heleýleriňizi başyna ýapsynlarmy, özleriniň ak mapraç, maýa gelinleri barka. – Jemal mamanyň tüweleý ýaly birden göterilen bolşy oturanlaryň ýüzünde mähirli hem uýatly ýylgyrma döretdi. Bu oturanlaryň hemmesi Jemal mamany bäşbelalaryň esasy enesi hökmünde öz eneleri ýaly mynasybetläp eý görýärdiler. Ol Kymyş ýaşuly bäşbelalaryň garamatyny öz üstüne alan gününden bäri onuň hemaýatçysydy. Indi şondan bäri özüniňkileriň ýykylanyna söýget berýänem, azaşanyny gözläp-tapyp, öz sürüsine gaýtaryp getirýänem, öý-işik edip, egnini ile deňleýänem, esasan, olaryň iki başydy. Häzirki oturanlaram Jemal mamanyň süýtli okarasynyň başyndan ören, onuň öz çagalary mertebesinde ile goşan adamlarydy. Heniz-henizlerem bäşbelanyň soňky hor-homsurak ýaşaýan çagalary hem nirede ýatyp-tursalar-da, ertir irden kimsiniň özi, kimsi jigisinem arkasyna hopba edip, Jemal mamanyň ozal agşamdan süýde batyryp goýýan gaty çörekleridir gaýmagynyň toruna çolaşyp, hasam lezzetlenen nanlaryny ýatlap, onuň ojagynyň başyna gelerdiler. Jemal mama bu ýyllar içinde özüni bäşbelalaryň mertebeli enesi hökmünde hyzmat görkezip garraýardy. Şol bir wagtda hem ol gojalan adamsynyň agalyk-atalyk hormatynyň kem-kemden ogly Orazgeldä, öz eneliginiň bolsa, onuň aýalyna geçip barýanyny görüp, tamaly ýaşaýardy. Şonuň üçinem hemişe-de ol adamsydyr ogullarynyň ýanyna maslahata zada gelnende: «Men aýal ekenim, erkekleriň mähellesinde işim ýok» diýip, başga öýe çykybermezdi. Oturardy ojak başynda çaý-nahar alyp berýänden bolup, edilýän gep-gürrüňleriň manysyny tirip. Kymyş duzçy aýalynyň erkekleriň gürrüňine goşulmagyny halaman, gözüniň gytagy bilen onuň oturan tarapyna seredip goýberdi. Soňundanam ýene ony galkynyp-göterilip giderli görüp: «Heleý!» diýip, onuň ýerini ýatladyp, tanapyndan çekýän ýaly edip, talaply dillendi. Jemal mamany beýdip gozgaýmak aňsat däldirem welin, ýöne bu gezek ol göçdi. Hemişe-de ol öz ojagyna kölege salýan gepleri jogapsyz boş-a goýmazdy, bu gezek welin ol has tiz göçdi. Göýä diýersiň bu aýdylan gürrüň-ä kasta çykyp gelen möjege, Jemal mama-da şahlaryny talawladyp, dert-azar bolup, ondan gölesini goraýan sygra öwrüldi. Bu häsiýet aýallaryň köpüsine mahsus bolansoň, Jemal mamanyň küpürsemesi oturanlary judabir geňem galdyrmady. Haçanda gürrüň gapdalda özüne dahylsyz täzeden başlanan mahalynda Jemal mama, özüni bu ýerde artykmaç hasap edip, gapdalynda ýatan igini eline alyp, ýerinden turup, çykyp gitdi. –Gul adamsydyr-da, onuň bu zatlar nirede gören zady? –diýip, Bally bölünen gürrüňi dowam edip aýtdy. –Injigi götermez –diýip, Mahy hem maňlaýyna inen deri eliniň tersi bilen syryp, onuň pikirini göwünjeň goldady. Ahmet ýowuz bir zat diýmekçi bolup, başyny göterip, içerik göz aýlan mahaly Orazgeldiniň gürrüňi edilýän Orram külüniň ile belli bolan göterim gomasalygyny ýatlap, sähelçe ýylgyryp goýberenini gördi. –Orazgeldi akga, ýylgyraýdyň-ow! –Eýsem näme, adamlaryň beýle tiz üýtgeýänini görüp, bize ýylgyraýmakdan başga näme galýar? –Diňe şeýdäýmek galýarmyka? –diýip, indi biraz gyzyp ugran Ahmet Orazgeldiniň parhly gürrüňini “başga-da munuň bir edäýmelisi bardyr” diýen äheňde gümansyratdy. Ahmet aňyrdan gelende-de, agasynyň ojagynyň töwereginde aýlanýan gara bulutlary görýänligi hem bu bulutlary aňyrdan kowalap getirýänleriň Ýagdy kemsitdir il içinde: «Aman bilen saçakly gatnaşýarmyş. Hatda gawunynyň içinden ilkinji ýetişen ternänem öz çagalaryna iýdirmän, şähere äkidip, Amanyň çagalaryna eltip berýämiş» diýlip, geň galynyp gürrüňi edilýän Hardadyň kadyr hasap edilýänligi üçin, olaryň ikisine-de hyň baglap ýördi. Häzirem bularyň kastyna çykmaly bolsa, bir geňeşeýin” diýip, özüniň möjek höwesini çarhlap gelipdi. Täze hökümetiň agalarynyň aýagyny basyp-basyp görýänligi üçin, bäşbelalaryň köpüsi daşyna çykaryp ýörmeselerem, täze hökümetden kinelidiler. Eger biri “Şeýdeliň! Gitdik, ýigitler!” diýip, öňe düşüp, serdarlyk eden bolsa, täze hökümetiň ýerlerdäki barha gygy ajaýan arzyly adamlaryny kakyş-sokuş edäýmek olaryň göwnünde ýogam däldi. Ýöne ar ýoluna çykybermek üçin diňe gaýrat bilen niýet ýeterlik däldi. Neberäniň atasy bolup oturan Kymyş duzçynyň maslahaty hökmandy. –Siz parhlyrak boluberiň, ýigitler! – diýip, Kymyş duzçy gürläp ugran mahaly, onuň gep saluwynda ýaşuly kethuda hökmünde maslahat beriji äheň bardy: –Ilçilikdir bi, munuň içinde gowusam bardyr, erbedem, namardam bardyr, merdem, goý, gülen gülsün! Munuň özgäniň gowy gününi görüp bilmeýän bahylam ýetik bolmaly. Ýöne ýaka belläp, göni garşyňyza çykylýança geziberiň. Hudaý bardyr. «Almany asmana at, ýere düşýänçä, ýa pelek!» diýlenidir. Görüp ýörsüňiz-ä, Hudanyň emri bilen ozalky ýakasyny agdyryp ýören, sanda-salada ýok adamlaryň birnäçesi indi il öňüne düşüp ýörendir. Alla kömek etjek bolsa, bolşewigini döreder, menşewigini döreder, bir sebäp tapar. Hudadan bidin bolýan zat ýokdur. Bize-de bu ykbaly başganyň däl-de, Hudaýtagalanyň öz berenidir. Belki, bähbitdir. Näme etjeginem bolsa onuň özi gowy bilýändir. Hudaý: «Meniň “Al, gulum!” edenime bendesi bahyllyk edip, aýagyndan aslyşjak bolýar. Ony men goldaýan-a!» diýermiş. Alşykly çemçedir bu dünýä, ol çemçe bolsa, bir gün seniň eliňde bolsa, beýleki gün ýene biregiň elindedir. Häzir çemçe başga elde. Gezegiňiz ýene-de öwrülip-dolanyp gelýänçä bolsa, ol döwi gelenlere «nä-hüm» berip, ugurragyna sürübermekden başga alaç ýokdur. –Aý, indi ozalky günümizi hiç wagtam tapasymyz ýok-la – diýip, Orazgylyç soňraky gepiň öňünden çykyp dillendi. Şonda onuň sesi ahmyrly hem umytsyz eşidildi. Ol bokurdagyny arçap, ardynjyrap gürlänsoň, ara biraz dymyşlyk düşüp, oturanlaryň hem oýurganyşyp, ol gepi öz göwünlerine jaý edendikleri belli boldy. Ahmet biraz öňe omzap, täzeden «Häzirki döwi gelenleriň» gürrüňine öwrülen mahaly onuň entek agasynyň siňňitlilik bilen aýdan maslahatlaryny heniz doly durlap bilmänligi belli boldy. Ol hut häzir käbir adamlaryň seňrigine kakaýmalydygyna ynanýardy. Ahmet: –Kymyş akga, Hardat bar. Sizem hökümete ýamanlaýan şolmuka diýýärin. Onsoň ol kemsidiňem nökerlerinden biri-ýarymy bar. Şolaryň-a bir gije boýnuny kak towlan ýaly edäýmelimikän diýýän. Ýogsam, olaryň hökümeti bahanalap, şoňa arka diräp, etjek işleri entegem köp bolmaly –diýdi. Ahmediň sözi jogapsyz galyp, depeden ep-esli sallanyp duransoň, diňe birhaýukdan Kymyş duzçy ýene-de öňki hörpünde dillendi: –Beýtmek gerek däl, Ahmet! –Onda dişinde et galmazmy olaryň? –Dişinde näme galýanam bolsa, bu ýol däl. –Onda ýoluny salgy beriň-dä özüňiz? – diýip, Bally hem gapdaldan söze goşulyp, Ahmet ýowuz bilen özüniňem pikirdeşdigini mälim etdi. Kymyş duzçy inileriniň kalbynda gopan aladany duýsa-da, olaryň dogry diýip tapan pikirini ýene-de jogapsyz goýdy. Häliden bäri sabyr saklap, töweregine gulak salyp, oýurganyp oturan Orazgeldi gürrüňe goşulyp, ünsi ýene özüne çekdi. Häzir ol çyra ýakynrak oturany üçin, onuň ýüzi ümürde ýaly, salgym atyp görünýärdi. Ynsanyň paýhas torbasy hem, towugyň daşlygy ýaly, özünde bir ýerlerden düşen daşjagazlary, hek bölejiklerini – dänäni, gyzjagazlaryň oturyp-turup giden ýerlerinde galdyran hünjüdir monjuklaryny, üzülip gaçan ilik-düwmeleri toplaýşy ýaly, toplaýana meňzeýär. Gör, onuň içinde ýene nämeler bardyr. Halky türmelerde saklap, zora tutmak, kulakçylyga çekip, çagalary bilen gümgidene ibermek, otuzynjy ýyldan ozal bir iki-üç ýyl kiparlan ýaly hem bolsa, ol indi gaýtadan täze güýç bilen başlapdy. Özi-de ol soňky döwürde beleň berilýäne meňzäp, barha möwç alýardy. Indi bu urha-urlugyň, çapha-çaplygyň haçan gutarjagy hem belli däldi: Orazgeldi Hardadyň öjügmesiniň sebäbi hökmünde ozalky bolan onuň zenan maşgalalarynyň saçynyň syrylmagy bilen bagly bu wakany ýatlan mahaly, bu gepiniň oturanlaryň köpüsine deňräk täsir edenligi belli boldy. Ýene-de Ahmet ýowuz öz galjaňlygyny edip, bir zady tirsekläp goýberen ýaly öňe omzap goýberensoň ilki dillendi: –Orazgeldi akga, biz degene degendiris, arymyzy ýerine salandyrys. Bu sözi aýdan mahaly onuň gepsaluwy müýnsüz eşidildi. Sähetdurdynyňam ýüzünde ümür aýlandy: –Biz öz edäýmeli işimizi edendiris. Agalarydyr inileriniň öz oglanlary bilen raýdaşlygy, olaryň ata-baba miras gan ýakynlygyny duýýanlygy Kymyş duzçyny guwandyrdy. Ýöne häzir bolşewigiň arabasynda oturan mahalyňda bu güýji, agzybirligi ulanmaga mümkinçilik barmy!? Beýtmek, elbetde, öz geýimiňe özüň ot beren ýaly aňsyz bir hereket bolmazmydy!? Kymyş duzçy onsoňam soňky ýyllarda öz gep-sözüniň eýesi bolup bilýän mertebeli adamlaryň barha azalýanlygyny görüp ýördi. Birnäçeler bolsa, hamala, häzirki ýagdaýa öňden taýynlanyp ýören ýaly, dessine beýlesine öwrülipdiler. Hatda adamlaryň käbirleri bolsa, dilinde öňküsi ýaly ýakynsyrasa-da, indi olarda hem öňki golaýlygyň galmandygy barybir duýulýardy. Bolşewigiň gelmegi bilen adamlaryň arasynda başlanan ynamsyzlygyň çaýyr ýaly çolaşyp-çyrmaşyp barha gerim alyp barýanlygy belli bolupdy. Dürli bahanalar bilen bu günlerki ile dowamly edilýän zulum adamlarda: «Kremldäki ýolbaşçylar agşam ýatanlarynda hem: «Şu halka ertir ýene-de näme ýamanlyk edip bolarka?» diýip, ýatyp turýana meňzeýärdi. Döwür bu günler, uly göterim bilen soňra bolşewik zulumynyň güýjäp ýetip, taryha “37” ady bilen giren menziline tarap barýardy. Oňa hem indi bary-ýogy sanlyja ýyl bardy. Obalarda onuň birnäçe barly adamlary silkip-silkip, olaryň mallaryna, ýer-suwuna talaň salanyna seretmezden, erbet päline ýene-de guraw edip, halamaýanlygy duýulýardy. Dogrusy, sowetiň wezipeli adamlary muny gizläbem durmaýardylar. Gönüläp ýaka tutmasalaram, iki sözleriniň birinde: «Eziji synpyň wekilleri! Diniň toruna çolaşanlar!» diýip, ýanap durýardylar. Ýekebara daýhan maşgalasynyň öz güýji bilen galkynmagy kolhozlaryňkydan ýeriň, ekiniň tabyny has gowy bilmegi hem bu ýerde, göýä diýersiň, bolşewigiň mertebesini kemsidýäne meňzeýärdi. Juda bir dogrulanyp gelip, sürnüp bilmeýän-de bolsa, Kymyş duzçynyň maşgalasy hem şol täze häkimiýetiň hoşuna gelmeýänleriň biridi. Täze häkimiýetiň barly adamlardan ýene näme isleýänligi belli bolmasa hem, Kymyş duzçy onuň getiren il-halka peýdaly diýläýjek ýörelgelerden öz göwnüne jaýlanlaryny il içinde makullap-magtap gezýärdi. Galyberse-de, ol ilde diňlenilýän, gepine «hä» berilýän adamdy, onuň haýsy zadam bolsa, şol barada öz pikiri bolardy, kimdir birine öz gepiniň ýarap-ýaramajagyny oýlanyp hem durman, göwnüne gelşiçe, sözüni eňtermesi bardy. Şonuň üçinem onuň il içindäki täze häkimiýetiň oba bilimli adam getirip, çagalary okatmagyň ugruna çykmagy, ýörite bir jaýjagaz salyp, daşyny aklap, onuň içine-de Mari Iwan diýen ak halatly lukman aýalyň getirilmegi, onuňam obanyň gözi agyrylysyny, kelini-körüni, agsak-towsagyny bejerip ugramagy, öz gowy niýetleri bilen Kymyş duzça ýarapdy. Bu işlerde şeýtan sapalagyny görüp, oňa seňrigini ýygranlara ol şonda: «Aý, adamlar, bir zat edilip, ile nepi degýän bolsa, siz onuň maňlaýyna urmaň, bir derdiňizi dep etse, şoňa begeniň. Bolmanam, Nobat tebibiň bir özi uly obanyň ähli dertlisine seretmäge ýetişibem baranok, onsoňam onuň at-owazasyny eşidip, goňşy obalardanam gelýän dert-azarlylar ýetik. Sogap ýolumy? Ol Allatagalanyň ýoludyr. Şonuň üçinem şeýle sogap iş edýän däl-de, ýolda onuň aýagyna çolaşýanlar, ana, şolar şeýtanyň enesini bile emenler diýseň bolýandyr» diýipdi. Il içinde bu gowulyklaryň höwes bilen arkasyny alypdy. Bu meselede onuň oba ilkinji traktor gelende, onuň ýer sürşüni görmäge gelen adamlaryň arasynda Parlaň baý bilen eden gürrüňi-de halkyň ýadyndady. Parlaň baý hem il içinde ederini bilýän, köp halatlarda niýet edip aýdany dogry bolýan adam hasap edilýärdi. Hasam sowet häkimiýeti obada ýaýrap, berkäp ugransoň eden hereketleri onuň ederini bilýänligini görkezdi. Ol Ýagdy kemsidiň öz inileriniň ikisini eziji sanpyň wekili hökmünde OGPU-a gapdyranyna seretmezden, onuň aýal doganyny öz uly ogluna alyp berip garyndaş bolupdy. Haçanda ýakyn ýaşulularynyň käbiri oňa: «Sen ar almaly halyňa, muny beýdäýdiň-le?» diýen mahaly ol: «Ýagynyň daşyndan içi aman diýäýdim-dä» diýip, soňra çagalaryny, özüni ýanalmalardan halas etmek üçin şeýdenligini aýdypdy. Dogrusy, ol ýalňyşmandy. Şondan bäri onuň maşgalasynyň towugyna «tok» diýýän ýokdy. Gaýta, Ýagdy kemsit gyrkymy, ekişi haçan başlamaly bolsa adamlara: – Baryň, Parlaň aga ýaly bilýänden soraň! – diýip, ony ýeri gelende guda-garyndaşlygyny edip, gabady gelende, ony mertebelendirip goýbererdi. Adamlaryň birtopary ol gün täze peýda bolan traktoryň obanyň çetinde ýer sürýänini eşidip, ony görmäge gelipdiler. Traktoryň özi görülse-de, onuň paza çekip, ýer sürmegi heniz görlen zat däldi, oba üçin gaty geňdi. Sörtük şemal Murgabyň tolkunlarynyň şogurdysyny, meýdanyň sürlen ýer ysly çygyny getirýärdi. Traktory görmek üçin töwerekden üýşüşen adamlar ýeňsesinden iterilen ýaly bolup, düwdenekläp meýdanda ýer sürüp ýören traktory geň galyşyp synlaýardylar. Köpler onuň yzynda plug süýräp, ýüz pilli adamyň etjek işini bir özüniň edip, ýeri çepbe çöwrüp barşyna guwançly seredýärdiler. Ony arada şäherden oba sürüp getiren dolmuş, gyzyl ýüzli, saçy çalaran Wolkow diýen orusdy. Ol bu ýere gelip, özüne şägirt edinen, oba ýigidi Agajan murtuň ogly Orazam gapdalyna mündürip, büküdip, ýer sürüp ýördi. Göwşüllän garma donuň üstünden agar çäkmeni ýelbegeý alan Kymyş duzçy hem köpüň arasynda, traktoryň ýeri ediberişini görüp, onuň çepbe çöwrüp ýumşadyp geçen ýerinden bir gysym toprak alyp, ony aýasynda barmaklary bilen öýdäp, ýeriň tabyny alyp durşuna onuň el zähmetini ep-esli ýeňletjegini ýatlap, göwün ýüwürdip umyt edýärdi. Şonda üç-dört adam bilen beýleräkde duran Parlaň baý gojanyň pikirini bilmek isläp, oňa ýüzlendi: –Duzçy aga, bu traktil diýilýäni ýeri beýdip, doňuz dören ýaly edip ýörse-hä, ol gül ýaly ýerimizi zynçgylap, sana geçmez eder bi. –Hany, ol nädip, ýeri sana geçmez edýärmiş? – diýip, gürrüňdeşiniň näme diýjek bolýanyna oňly düşünmedik Kymyş onuň soragyna sorag bilen jogap gaýtardy. –Bu bir agyr, mähnet zat eken, şeýdip aýlanyp, ýeriň depgisini ýetirip ýörse, meýdany saň gaty eder bi. Biziň bolsa künde şapbadyna dözmän ýören ýumry-ýumşak ýerlerimiz bar. –Baý, at hormaty aýagy bilen gazanarmyş. Görüp dursuň, munuňam-a aýak alşy hiç neneňsi däl. –Heý, diýseňem-ä, ýaşuly, munuň at bolup at bolşy hem ýabygorly ýaly-la... Onsoňam men munuň ekin meýdanynyň zady däldigini, ýeri berçinlejegini aýdýan. –Aý, senem-ä aýdýansyň öz-ä welin, ýöne orsam-a etjek işini bilýändir. Şu demri ýasap, oňa jan berip goýberen adamam-a, oňa näme iş buýrup, nirede nähiliräk derek tutdurjagyny bolmanda biz ikimizçä-hä pikir eden bolmaly. Ýöräp geçen ýerini ters çöwrüp barar-a ol, göreňokmy? Kymyş duzçy gep ugruna gürledimmikam diýse-de: «Şuny ýasan adamam bizçeräk bardyr» diýip, Parlaň baýyň çetine degendigi soň belli boldy. Parlaň baý göwünjeňlik tapmansoň, sesine bat berip, özüni töweregiň öňünde gyjalata galyp barýan ýaly duýup, sesini gataldyp otlukly gepledi: –Ýaşuly diýýän-ä, şu traktor diýilýän zadyň ýer sürüp abraý almajagyna-ha, men jedelem edip biljek. –Parlaň baý, sen jedel etseňem-ä edersiň welin, ýöne biziň bilen däl. Heý, jedel edip, düzzüm oýnap, gaplaňy utan barmy, eýsem, şu jelegaýda? Utaryn öýdýänem bolsaň, onda sen ýalňyşýaň. Biziňkiler jedelde ýakasyny tanadanlar ahyryn. Ýaýrawymyzyň ortasynda wagtal-wagtal çykyp jedelleşmek üçin, gaplaňlar bolup, jedel depe edinenimize-hä sen biletsiň. Hany, aýt, şeýle oýun-bazyň, jedel-şowhunyň aýratyn depesi başga nirede barmyş? Kymyş duzçy bu sözleri gürrüňdeşiniň gyzyp, göterilip barýanyny görüp, ony biraz ýumşatmak niýeti bilen, sözüne duýlar-duýulmaz henek gatyp gürledi. Ýöne, barybir, bu sözüňem ýene-de kemsitme ýaly bir zat bolanlygy, onuň şeýtanyny hürsekläp goýberenligi belli boldy. Ol: –Şu traktor diýilýän işläp peýda berse, men oba heleýimiň börügini geýip aýlanaryn! – diýip, göçgünli gepledi. Onuň badyhowa gepini töwerekde duran adamlar aşaklyk bilen ýansa alşyp, hezil edişip ýylgyrmaklaryna sebäp boldy. Traktoryň ýeri ediberişine göwni ýeten Kymyş duzçynyň bada-bat Parlaň baýa: «Şeýle bolsa, il tizden seniň aýal börükli oba gezip ýöreniňi görse gerek» diýesi gelse-de, ýene-de özüniň parhly gojalygyny ýatlap, diline gelen garagol gepi bosagada saklady. Diňe ýylgyrdy-da oňaýdy. Parlaň baý bilen edilen bu adaty jedel soňra il içine, hamala, Kymyş tarapyndan ýörite matlap bilen edilen, aňyrsy sowet häkimýetiniň edeniniň ugruna bolýanlygyny makullaýana, onuň arkasyny alýana meňzäp ýaýrapdy. Daşarda, iki öý aralygynda, kimdir biri başga biri bilen basalaşyp ugran ýaly, alatapyrdy bolup ugran mahaly öýde oturanlar: «Bu näme boldugy?» diýen manyda üşerilişip, bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Şolbarmana gapy şarka açyldy-da, ol ýerde, aňyrdan: «Kim öň babamyň ýanyna barmaşak?» edişip, çapyşyp gelýän Kymyş duzçynyň agtyklary Aganazardyr Allanazar ikisi iki ýerden urdurylyşyp, gapydan girdiler. Gele-gelmäne-de: «Men ilki-de, men ilki geldim!» bolşup, jedelli jammyldaşdylar. Bu iki agtygy Kymyş duzçynyň buýsanjydy, ýüreginiň ýagydy. Bularam özlerini atalarydyr eneleriniň mährine özge doganlaryndan has hakly hasap edýärdiler. Kymyş duzçy gojalara mahsus göwnüýukalyk bilen gezen ýerlerinde hem ýadyna düşen «Gurhan» sürelerine garyp, öz agtyklarynyň atlaryny mähir bilen, Taňra minnetdarlyk bilen göwün çaýyp hiňlenip gezerdi. Olara saglyk, rysgal-döwlet, at-abraý diläp gezerdi. Şonda ol her gezek agtyklarynyň kalbynda taýçanak bolşup, keýpihon çapalaşyp ýörüşlerini görerdi. Bir-birinden bary-ýogy aýlyk ýaş tapawudy bolan Aganazardyr Allanazara maşgala bir meňzeşje hemişe deň ak köýnek, garaja balak, başlaryna ak gaýma tahýa geýdirip guwanardy. Goja agtyklaryna at berende hem olara söýünç bilen öz islegine görä, Allanazar, Aganazar diýip, birmeňzeşje utgaşykly atlary goýuşdyrypdy. Indi üç-dört ýyldan bärem olar öz ejeleridir kakalary bilen däl-de, höwes bilen eneleridir atalarynyň ogly bolşup, ilerilenip ýaşaýardylar. Haçanda oglanjyklar adamlaryň gapdalyndan atalarynyň ýanyna bir-birlerinden öň geçjek bolşup, gapynyň öňünde itekleşip, dyzanaklaşyp, jitde-mit bolşanlarynda, içerde oturanlaryň köpüsiniň ýüzünde guwançly ýylgyrmalar peýda boldy. Diňe gapynyň golaýynda oturan Orazgylyç olaryň içerde oturanlary hasaba alman boluberişlerini halaman, gaşlaryny çytyp, haý-küş etmek üçin düýrügip, ýeňsesine öwrüldi: –Haý, ýoknasyzyň çagalary, ýuwaşrak gelibereniňizde bolmadymy? Kymyş duzçy Orazgylyjyň olary adamlary depgiledip geçirmejek bolup, elini daldaladyp, ýoluny saklajak bolýanyny görüp, göwnühoş ýylgyryp oturyşyna, oňa oturan ýerinden elini salgady: –Degme, olar babasynyň ýanyna gelýändir! Onýança heniz Orazgylyç olaryň öňüne gerňän elini çekip ýetişip-ýetişmänkä, oglanjyklar madallak atyşyp onuň gapdalyndan geçdiler. Barybam, olaryň hersi babalarynyň bir gapdalynda hezil tapyşyp ýerleşdiler. –Aňyrda oturyberseniz bolmadymy? – diýip, Orazgeldi hem häzir olary ulularyň gürrüňiniň arasynda artykmaç hasap edip: «Baryň ugraň gelen ýeriňize» diýerli görnüp, olaryň bu bibaşlygyny halamazlyk bilen çytyldy. Oglanlar Orazgeldä nägilelik bilen seredişip, haraý isleşip, Kymyş duzça mähribanlarça gysmyljyraşdylyr. Kymyş duzçy agtyklarynyň ýüzüne buýsançly seredip, iki eli bilen olaryň biriniň egninden mähirli gujaklady. Onuň agtyklaryna: «Babaň bardyryn, arkaýyn oturyň!» diýenligi düşnükli boldy. Onýança Aganazar: «Baba, indi ýatalyň-a, bu akgalaram öýlerine gitsinler, Akjagül bilen Ogulbike dagam eýýäm ol öýde uklaşyp galdylar» diýip, Kymyş duzçulap gönüledi. Dogrusy, eýýäm wagtam birçene baryp ýördi. Obanyň her gün şol bir wagtlarda: ozalagşamdyr ir daňdanlar, içigişip-içigişip dünýä ýaň salyp aňňyryşyp alýan haňňy eşekleri hem öýkenleriniň ýelini alyp, ozalagşamky aňňyryşmalaryny bireýýäm tamamlap symah bolupdylar. Ne-de daşardan, eşekleriň seslerine seslerini goşup, birsalym alawagyrdy bolşup alýan itleriň sesi eşidilýärdi. Şermendelik çekenleriň hemmesini kimdir biri: «Indi gygyrsaňyzam, şol ýerde gygyryň!» diýip, öňüne salyp, allowarra sürüp gidiberen ýaly, dünýä ümsümlikdi. Ukyny almagyň wagtynyň gelenlig-ä bireýýäm belli bolupdy. Ýöne Kymyş duzçy janköýerlik edip gelen inilerine henizem hiç hili aýgyt gep aýtmandy. Şeýle-de, onuň özüni alyp barşy hem amatyny aňtap, goş-kötelini jemläp, Owgan diýip göteriliberjege asla meňzemeýärdi. Göçmekçi bolýan: “Onymy galdyraýmaýyn, munymy galdyraýmaýyn” diýip aladalanyp ünji çekibermeýämi!? Kymyş duzçynyň bolsa oturyşy arkaýyndy. Täze häkimiýetiň özüni tirsekleýänini asla duýmaýana, soňra-da onuň gönüläp, özüne hiç kest ýetirip bilmejegine bil baglap, juda ynanýana meňzeýärdi. Gelenler şundan soň bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, agalary Kymyş duzçudan gitmäge rugsat soraşyp turmakçy boldular. Öz göwnüni görmäge gelen inileri bilen Kymyş duzçy olaryň soragyna jogap hökmünde: «Hudaý bardyr. Özi garaşyk eder, uly edip beren boýuny kiçeltmez, näme etjegini onuň özi gowy bilýändir» diýip, Hudaýa gaçýanlygyny mälim edip, göwünlik berip hoşlaşdy. Orazgeldi bilen Orazgylyç gelenleri ugradyp, soňra özleri hem öýli-öýlerine barmak üçin bile daş çykdylar. Kymyşlar dogan-garyndaşlaryň ýanynda näçe arkaýynsyrasalar-da, ýöne bir ýerden bela bakjagyny welin olaryň süňňi indi bireýýämden bäri syzýardy. Boljak işe çäre ýokdugyny hem olar gowy bilýärdiler. Ýöne adam pahyr soňuna çenli inçe umytda-da. Ýene-de ugrunda bolaýanda, üstüňi ymykly basdyrmankaň, bu ýagdaýdan baş alyp çykmaga mümkinçiligem bolaýjak ýaly, haýsydyr bir çykalga tapylaýjagam ýaly bolup durdy. Orazgeldidir Orazgylyç öz ojaklarynyň üstüne nireden, haýsy bela abansa hem, ilki onuň öňünden iki dogan bolup özleriniň çykmalydyklaryny, garrylarydyr bala-çagalary mümkin boldugyça ondan goramalydyklaryny gowy bilýärdiler. Bu çaknyşygyň özlerine güýçler deň bolmadyk ýagdaýynda, ýogynyň inçelip, inçäniň üzülip, ýeňil düşmejegi hakyndaky pikir hem olaryň kalbynyň bir ýerlerinde bardy. Galyberse-de entek öýüň garry sütüni Kymyş duzçy hem bardy. Ol henizem süri başyny çekmeden galan serke bolup, özüniň barlygyny ýatladyp, süriniň arasynda düňreýlip ýördi. Ilem, heniz-henizem olaryň Muhammetgylyç serdaryň ýaýrawy-dygyny unutmandy, elbetde, bu-da uly mertebedi. Açyk howa çykylansoň, gijäniň çigregi hasam duýuldy. Garaňky bolsa öz gara galyň köýnegini ýokardan inderip, giňiş etegi bilen ähli zeminiň üstüni örtüpdir. Barlygam, ýoklugam bir ýa-da şondan gaýry bolmadyk başga bir salgym-sudura öwrüpdir. Töwerekdäki ähli zatlar indi gijäniň özüne meňzemeýär. Jaýlar, gümmezekleşip duran öýler, ilerden sudur bolşup görünýän baýyr depeleri — bularyň bary häzir salgym atyşyp, gyşa basylan ot küdelerine meňzeýärler. Töwerekdäki baglar häzir telim bir tamdyryň burugsadyp depesine göteren goýry tüssesine öwrülipdir. Gaýrada Murgap şogurda¬ýardy, gijäniň gelmegi bilen, onuň sesi has çaslanypdyr, şonuň üçinem ol akym ýoluny üýtgedip, daşarynyň çigregini dadyp, gysmyljyrap, oba has golaý gelene meňzeýär. Orazgylyjyň ýagdaýlar barada agasy bilen ikiçäklikde çynlakaý pikir alşasy, käbir gümürtik zatlary özi üçin anyklasy gelýärdi. Sebäbi ol agasyny özünden has köp bilýän hasap edýärdi. Şeýle-de bolsa olar ýene-de, aýak üstünden gündelik işleri barada gysgajyk gürrüňlerden aňry geçmediler. Gürrüňi öz isleýşi ýaly Orazgylyç däl-de, egnine ýelbegeý alan donunyň ýeňlerine ýeke-ýekeden ellerini sokup duran Orazgeldi başlady: –Orazgylyç, pagtanyň hatasyna aýlanansyň-a? –Aýlandym. Aý, onuň känbir hatasy ýogam, endigan gögeripdir. –Biziň pagtamyz kolhozyňkydan biraz giçkiräk boldy öz-ä. Tohumy elin bolansoň, ol zaluwatlar wagtynda ekiş geçirdiler. Biz ýaly ýekebaralar, tohumlyk pagtasy toplanyp alnansoň, ekiş gelende tohum tapman biraz kösendigem. –Hawa-la. Ýöne ýeriň ders kemi-hä dolandyr. Güýz gaza gitmänkäk, sen ol ýere daşap bilen dersiňi daşadyň-a. Kä sürüm bilen gatylyp, gyşyň şatysynam başdan geçirdi, zorukdy ol indi... –Gyrkyma gitmänkäk, onuň indi ilkinji suwunam bir bersek. –Entek suw astynda galmaz ýaly, biraz kesekden saýlansa-da. –Suwuny, dökünini ýetirsek, biziňkem kolhozyň pagtasyndan juda gijä galybermezem. –Onda, ýatagyň ýeňsesindäki laý çukura öňňilki gömüp taşlan, zorugan dersimiziňem üstüni açaýsakmykak? – Olam ýadymda. Indi olam zorajagyny ýagşy zorandyr, şondan dagy suwa garyp bersek, gämikleri gulagyndan çekilen ýaly edäýmeýärmi! Ýöne bu suwunda däl, hany, birinji suw ýeriň biraz badyny alsyn, ony gyrkymdan gelenimizden soň beräýeris. Doganlar öz pagtalarynyň ýalpyl berip, meýdana görk berip oturyşyny göz öňlerine getirişip, tama bilen öýli-öýlerine dargaşdylar. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |