16:07 Öz ýüzüňize-de bir serediň / hekaýa | |
ÖZ ÝÜZÜÑIZE-DE BIR SEREDIÑ!..
Hekaýalar
Öýden getirenje owkatlary bilen hersi öz kabinetinde garbak-gurbak edinenden soň, redaksiýanyň işgärleriniň barsynyň bir ýere üýşüp çaý içişmek, warsaky uruşmak, bir döw küşt dikişmek endijekleri bardy. Ine, şol meşhur çaý, içişlik häzirem köne žurnalist, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, hat-habarlar bölüminiň müdiri Medet aganyň insizje kabinetinde dowam edip dur. Goňşy redaksiýalardanam gelen bar. Tagtasy tapylmadymy ýa hiç kim höwes bildirmedimi, nämüçindir bu gün küşt dikilmedi. Şonuň üçinem, gürrüňçilik bir bada belli bir ugra baş bermän, dürli ýollary tozadyp, öz akymyna gitdi oturdy. Arasynda anekdotam aýdyldy. Kem-kemden birek-birege degmekligem ýadatdy. Birdenem gürrüň şu günüň çagalarynyň özlerini alyp baryşlaryna edep-ekramlaryna tarap syrykdy. Şolam bulary edil, ýanyp duran oduň üstüne ýag guýulan ýaly etdi. Biri-birinden öňürti gürlejek bolşup, olar dar kabinetiň içinde uly goh turuzdylar. Kimiň öň gepläp, kimiň soň gürlärini biler ýaly bolmady. — Asyl, gökden düşen ýaly-how, bular. Bir zat diýýäň welin, diýýämiňem diýenoklar. Durlar, kendir iýen düýe ýaly boýunlaryny süýndürişip. — Gereň bolan ýaly diýsene... — Howwa. Özlerem bir haýal-ýagal, otursalar turmany, tursalar oturmany bilenoklar. Düýn tabşyran ýumşuňy şu gün sorasaňam ýüzüňe serederler-de eginlerini gysarlar, bolany şol. Gözler-ä mölerilip durandyr, äňlerem edil, ýazdyrylan gapan ýaly şalkyldap ýatandyr. Biz-ä bilmedik bularyň nähili zat bolup dörändiklerini. — Çyn şol. Ine, bäri gulak sal, menem bir zat aýdaýyn. Hupdan boram welin... — Neme tarapam bar olaryň... — Dur entek, men sözümi soňlaýyn... Hupdan boram welin, öýden çykarlar-da, her çatrykda bäşden-üçden çommalyşyp bir oturarlar-ow. Bäý-bä-ä!.. Ine, şo ýaman. Daşlaryndan seretseň dagy edil, bir topar agyr hassa ýa garry-gurty üýşen ýalydyr. Asfalta bakyşyp, maňlaýlaryny tutuşyp oturandyrlar. Daş-töwereklerem tüýkülikden ýaňa apbasy seçilen ýalydyr... — Dogry şol. «Jyt-da-jyt, jyt-da-jyt»... — ...Maşyn-saşyn geçse-de hi-iç, gozganmany bilmezler. Syrtyny sydyrdyp geçäýsin, göwni bir ýalydyr. Gaýtam ýeňsesine gaňrylaga-da burnuna salyp: «Agam, aňyrrakdan geçäýeniňde bolanokmy-aý...» diýer welin janyň dagy ýanar. Kä wagtam bir ýerlerinden turup, abşarylarlarda dar balaklarynyň jaýryklaryna giren ýerini çekişdirerler-de, ýene-de dikejeklerine çökerler. — Ýaňy sen maňlaýlaryny tutup oturýalar diýdiň. Dogry şol. Ýöne adam şekilli aýalary bilen tutup otursalar boljagam welin, diňe başam barmaklary bilen süýem barmaklaryny maňlaýlaryna direýärler-de, galan üç barmaklaryny dim-dik edip oturýalar. Ine, şol olary hasam gözgyny görkezýä. — Gepleri, sözleri dagam birhili-how. Höwün geçip barýan welin, bir-ä, «Ara, bratok, pahan düýn sestruhaňa pylan zat tapyp ber diýdi welin, ertir rowno odinnadast nol-nolda ştyk etmeli men şony. Mahanyňa aýt, skladda bar bolsa pust, pomožetdar-aý... Hot po blatu, a to, kak-to ne udobnodar-aý...» diýýä, beýlekisem dyzyny gulagyna ýetirip oturyşyna barmagyny çommaldyp: «Kakoý možet byt razgowor, bratok. Budet sdeleno diýdim, znaçit budet...» diýýä. Aňym göçendir meňňä şony eşidip. Özlerem äm-säm... Ýa beň-seň çekýälermi, nämemi... — Aý, ýok, beňiň-seňiň iş-ä däl ol. — Taňry gargan ýaly bir zatlar-laý... — Siz köçede göreniňizi aýdýaňyz, a özümiziňkiler nähili? Şolaram — şolardan idili däl-ä... — Aý, bolmanda-da köçä çykyp oturýanlaram sen ýalyň ýa men ýalyň çagalarydyr-da, gökden düşen däldirler-ä... — Menem şony aýdýan-da. Günuzyn telewizoryň öňünde ýüzin düşüp ýatybilýäler-ä, ýerlerinden galman. Ýatjak wagtlary: «Näme boldy şu gün telewizorda?» diýip sorasaň welin, näme görendiklerini aýdybilenoklar. Ýatanlarynda-da eplem-büklem bolup bir ebeteýsiz ýatandyrlar. Agyzlaram alakaň hini ýaly hoňkaryp durandyr. Ýaş oglan dagy hor çekip ýa basyrganyp ýörmezmikä diýýädik welin, bular horam çekiberýäler. Biz-ä gorkýasam-how, şulardan. — ...Ýaňky diýeniňe menem bir zat goşjak bolýan. — Haýsy diýenime?.. — Telewizerde näme görenini bilenoklar diýeniňe. Biziňkilerem şolar ýaly. Ýap-ýaňyja görüp gelen kinolarynyň adyny sorasaň aýdybilenoklar. «Kareteli ekeni», ýa-da, «banditli ekeni» diýýäler, bolany. — Içinde köpräk ýakalaşsalar, tark-turkyny ýetirseler, birki ýerindede ýalaňaç heleý ýa gorkunç belalary görkezseler kinoň ady bilen ýa mazmuny bilen işi ýok olaryň. — I-i... ine, menem bir zat aýdaýyn. Mysal üçin, mekdepden bäşlik alyp gelýäler... — Kimler? — Çagalar... — Öz çagalaryňmy? — Başga kimiňki bolsun?.. — Howwa... — Bäşlik alyp gelýäler welin şu bäşligi haýsy temany aýdyp aldyň diýseň jogap beribilenoklar-a... — Haýsy predmetden? — Islendik predmetden. Ýa aýtmasalaram goýaýýalarmy, nämemi — Sorap göräýmeli ekeniň... — Kimden? — Mugallymyndan. — Soraňda nä, soraman goýdum diýer öýdýäňmi? — Onyňam-a dogry... — Aý, şu, mugallymlaryň özlerem şulardan idili dälmikä diýýän men-ä. — Ýo-o, mugallymlardan däl ol. Özlerinden. Hiç haýsynda huş ýok. — Ümürde ýörän ýaly özler-ä. — Dogrudanam, bir zad-a bolýa şu wagtyň çagalaryna. Öz erkinehä del bular. — Hak aýdýan! O-ol, burnunyň suwy akyp duranam bolsa gözi ýanyp duran gurt gözli çagalar-a ýok indi. Hudaý saklasyn, ýaňadandan ata çykyp gylyç syrmaly bolsa dagy oturan ýerlerinden gozganman ýurdy tabşyraýjak şular. Hemmesi birlaý zeýrenip, mazaly içlerini egisensoňlar, öý eýesi hökmünde häliden bäri kiçijek çäýnegini üç gezek çaýkap, üç gezek demlän Medet aga dördünji gezegem demläp ortada goýdy. Içini hümledip durşuna kärdeşleriniň käsesine çaý guýdy... Çäýnegiň üstüni ýene-de gaýnag suwdan ýetirdi-de, «myhmanlaryna»: — Bolduňyzmy? — diýdi. — Çaýdanmy-y... — diýip, barysy birden seslendiler. — Ýok, zeýrençden. Gülüşdiler. — Näme bizar edäýdikmi? — Aý, ýok, bizar-a edeňzok welin, baryňyzyň içiňiz hüjre-hüjre ekeni öz çagalaryňyzdan ýaňa. — Nätjek-dä, bolşuny bolşy ýaly aýtmaly bolýa-da... — Bolşuny aýtmaly bolýa welin, edýän gürrüňleriňiziň sebäbi göze görnüp durka, nämüçin beýlekä-de, nämüçin beýlekä boluşýandygyňyza düşünemok. Özüňizem gyramatny adamlar. — Hä, nähili sebäbi barmyşyn onuň? — Sebäbi prostoý zat. — Medet aga ýeke-ýeke barmaklaryny büküp başlady. — Öňki döwrüň adamlarynyň iýýän iýmitini iýmeseler, içýän suwuny içmeseler, olaryň dem alan arassa howasyndan dem almasalar, nireden gözleri ýansyn olaryň? Iýdireniňiz azotly gawun, azotly garpyz bolsa, beren pamidoryňyz, hyýaryňyz, üzümiňiz şol bolsa, dogup-döräli bäri dişlerine ýekeje gezegem gadymky ak bugdaýyň ununy degirmedik bolsaňyz, bedenleriniň binalaryny dükanyň müteli unundan, dermanly pagta ýagyndan tutan bolsaňyz, pagtanyň ýapragyny düşürjek diýip, depelerinden gije-gündiz samalýotly derman guýanlarynda, eneleriniň süýdi bilen bile pestisit emenlerinde sesiňizi çykarmadyk bolsaňyz, dokuz günlükliginden başlap, analgin bilen asprinden gözlerini açmadyk bolsaňyz, ukoldan ýaňa endam-janyny eleme-deşik etdiren bolsaňyz, nädip gözi ýansyn o çagalaryň? Indiden soň näm-ä nalynyşan bolýaňyz? Özüňiz günäkär! Öňküleriň çagalarynyň gözi elbetde ýanar, sebäbi olar çagalarynyň üstünde baş alyp, baş berýärdiler. Siz näme etdiňiz çagalaryňyzy ýaňky zatlardan gorar ýaly? Iň bärkisi, heriňiziň içen araklaryňyzam bardyr, bir çagaň huşuny alarça!.. Hälem san bolup aýak üstünde gezip ýörenlerine şükür edäýiň. O görgülileriň köpüsi aýak üstüne galyp bilmän gidýäler. «Görk agyzdan geler», «Keseliň başyny kerseniň düýbünden gözle» diýip köneler ýöne ýere aýtmandyrlar-a. Bar zat iýmite baglydyr. Aýna alyňda, öz ýüzüňize-de, gözüňize-de bir seredip görüň-ä! Biriňiz her gün irden gelip, kelläňizi tutup otyrsyňyz, öten agşam köp urupdyrys diýip, ýene biriňiz aşgazanym agyrýa diýip, gözüňizi, çylpykladyp otyrsyňyz ýeri, onsoň nireden gözi ýansyn o çagalaryň, atasy siz bolsaňyz? Nireden olar huşly bolsun?.. Hemişe wäşi sözler bilen töwerek-daşyndakylary gülüşdirip oturan Medet aganyň birdenkä gatyrganybermesi zeýrenjeňleriň barsynyň sesine suw sepilen ýaly etdi. Olar orta ýolda saklanan at ýaly bir meýdan oýurganyşyp durdular-durdular-da: «Dogry-da, dogry» boluşdylar. Pensiýa ýaşyndan bireýýäm geçendigine, urşuň, tut-ha, tutlugyň ähli ýowuzlyklaryny görendigine garamazdan, Medet aganyň öz gözleriniň henizem ýanyp durandygynyň süňňüniň sagatlygynyň sebäbini bolsa, onuň hakykatdanam, wagtynda ak bugdaýyň ununy, ak meýdanyň ýuwadyr-ýelmigini, agzyň gyralaryny ýara edip barýan şirinden datly gawundyr-garpyzlary köp iýendigine, arassa guýy suwuny, çeşme çaýlaryny köp içip ulalandygyna ýordular. Şondan soň tä, arakesme gutarýança gürrüň dogrudanam, iýmitiň ýaramazlaşandygy, ýeke bir çagalaryň däl, ulularyňam öňküliginiň ýokdugy, her ýyl ýaz aýlary emel bilen bazara ir çykarylýan garpyzlardan iýip ýogalýanlaryňam ýok däldigi, hatda täze dörän SPID atly belanyňam ýokumsyz iýmitler, zäherli howadyr hapa suw, her dürli deri-dermanlar zerarly adam organizminden kesele garşy göreşiji immunitetleriň azalandygy bilen bagly bolaýmagynyň hem mümkindigi barada gitdi. Ýöne nädeňde bu ýagdaýdan baş alyp çykyp boljakdygy barada welin, kesgitli bir zat diýibilen bolmady. Dekabr, 1990 ý. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |