18:59 Palindromaniýa: Çopanystanda gije | |
PALINDROMANIÝA: ÇOPANYSTANDA GIJE
Powestler
Gije hem olar üçin bir ybrat alamatydyr. Biz ondan gündizi syryp alarys welin olar garaňkylyga gömülerler. (Furkan 36/37) "Gorkan kişi gije ýol alar, gije ýol alan kişi hem menziline ýeter". Seýit Ahmet Mustafa. Öýden çykmagyň hajaty ýok. Oturan ýeriňizde ga:lyp, diň salyň. Hatda diň salmagam gerek däl. Garaşyň. Hatda garaşmagam gerek däl, ýalňyzlykda doňup oturyñ. Şonda dünýä saňa aýan bolar, onuň başga alajy ýok. Frans Kafka. Garaňkyda üçüsi gürleşip ýatyr. Olaryň üç adamdygyny diňe seslerinden aňşyrmak mümkin. Sebäbi töwerek mutlak tümlük. Belki olaryň tümlükde bolany üçin edil şu wagt edýän gürrüňleri hem tümlük barada. Ýogyn ses: – Tümlük hakda näme bilýäris? Garaňkylyk näme üçin döräpdir? – diýip, kimedir ýüzlendi. Inçe ses: – Taňry älemi alty günde ýaratmanka hem tümlük bar eken. Gyryk ses: – Ýagtylyk adamlary ýadadýar öýdýän. Belki adamlary ýagtylykdan goramak üçin garaňkylyk peýda bolandyr – diýip, gümürtik jogap berýär. Biraz dymyşlyk. Gyryk ses: – Gijäniň gör näçe haýyrly taraplary bar, biz gijäniň tümlüginde rahat uklaýarys, eger garaňkylyk erbet bolanda, biz ondan rahatlyk tapmazdyk – diýip, olara ýüzlendi. Ýogyn ses: – Onda ynsan garaňkylykdan güýç alýan, bolmasyn – diýdi. – Megerem ol owal – ebetde dörände gara güýçler bilen dost eken. Inçe ses perwaýsyz: – Ak... Kara... Ak –Garaňky - ýagty-y... haýyr-şer, şer. Belki bu dogrudyr – diýip, manysyz madyrdady.– Garaňkylyk misli gara kömürden... Gyryk ses: – Gije saýraýan guşlaryň sesleri-de uzaga ýaýraýar – diýdi-de, öz sesine diňşirgenip durdy. Inçe ses: – Gijelikde ýanýan o:t hem uzakdan alawlap görünýär – diýdi. – Hon-ha, gökde ýyldyzlar hem ýanýan ýalydyrlar, seret, ýananokmy eýse?.. Ýogyn ses: – Ýyldyzlar müňýyllyklar dowamynda jahankeşde ýolagçylara ýol görkezmedik bolanda, gör näçe ynsanlar deñizlerde hem, sähralarda hem gurban bolardy – diýip, inçe sesiň pikirini dowam etdirdi. – Aslynda ýyldyzlaryň özlerem asmanda ýolagçy. Gyryk ses: – Ýöne iň ýamany, ýaşaýyş döräli bäri adam taýpasy garaňkylyga dolanyp, haýyr işlere garanda, şer işleri köp işleýär – diýdi-de, birden sakga dymdy. Onuň birden dymyşy, dodagyny dişlän adamy göz öňüňe getirdi bir täsin?! Ýogyn ses: – Sebäbi ynsan aslynda ýöntem düşünjeli mahluk-da – diýip, bokurdagyny ýogyn arçady. – Ol eger garaňkylykda bir erbet iş etsem görünenok, görünmese-de bilinmez öýdýär, haýp... Inçe ses onuň pikiriniň üstüni ýetirdi: – Edil haýwan instinkti ýaly-da, haýwanlar hem esasan gijelikde awa çykmagy halaýar. Gyryk ses kinaýaly çykdy: – Ynsan gijelikden güýç alýar diýipdiňizmi?.. Ýogyn ses bir ýerlerden eşidilýän baýguş guguldysyna diňşirgenip durdy-da: – Aslynda «Agşamyň haýryndan ertiriň şeri» diýen nakyly umumylaşdyryp, giňişleýin kabul edip, ýagny agşamy hem gijäniň bir bölegi diýip hasaplasak, ata- babalarymyzam garaňkylygy halamandyr diýsek ýalan bolmazdy. Inçe ses: – Beh-h – diýip, garaňkylygyň içinde haýran galýandygyny sesi bilen belli etdi. – Onda diýýän-ä, agşam çagy, ýagny gije, garaňky düşende bir ýagşy iş etseňem gowy görüljek dämi?! Ýogyn ses: – Ýok, agşamyň haýryndan ertiriň şeri diýen nakyla garasaň, garaňkylykda ediljek haýyr hem gerek däl ýaly – diýip, düşündirmäge çalyşdy. – Ýöne edil bir gaýra goýup bolmaýan ýagdaý ýüze çyksa, mejbur etmeli bolar. – Mysal üçin? Ýogyn ses: – Mysal üçin gijelikde bir kişi azaşdy, ýol tapanok, heläk boljak. Inçe ses replika berdi: – Ýyldyzlar kömek edäýmese... Gyryk sesiň eýesi uzyn pallap: – Beh, akyl satmalaryňyzy tüketjek däl-ow siz? – diýdi-de, ýatasynyň gelýändigini aňdyrdy. – Indi tümlük hakdaky ylmy-populýar dialoglaryňyza we monologlaryňyza nurana bir nokat goýup tamamlasaňyz nähili bolarka?! Hemmeler dymdy. Goýras garaňkylykda kükürt çakyldy. Çopanyň süýnmek ýüzi garaňkylykda görnüp gitdi. Aşak oklanan ujy otly kükürtçöp taýýar edilip goýlan bir gujak gury sazagyň üstüne düşüp, odun gübürdäp ýandy. Garaňkylyk taýak atym aňry çekildi. Daş-töwerege yssy hem şugla ýaýrady. – Ol perişdeleri oduň şuglasyndan, jynlary bolsa ýalnyň gyzgynyndan ýaradypdyr... Goçak garagajyň astynda taýagyna söýenip duran çopan töweregine seredip hiç kimi görmedi. Hiç kim ýok. Agyr ardynjyrady. Onuň sözüne hä beren dymyşlyk. Soňra ol ýaltanmaç pallap, ýogyn ses bilen: «Bolýa, özüňiz bilýäňiz, tamamlasak hem bolar.– diýdi. Soňra biraz owazyny inçeldip – «Gulagyň garny ýok - siňegiň erni» – diýipdirler. Söhbetimizem ertir dowam etdireris» – diýip ýylgyrdy. (palindrom 1) Agaç Adam Bir mada eşek sen, gelip sen deme,» Gasygy gam bilen doly dünýä heý. Magtymguly Pyragy Onuň ejesi onalty ýaşly gyz wagty, kakasy hem ýigrim bäş ýaşlarynda eken. Olar ilki sataşanlarynda uly ýoldan taýakatym gaýrada ýüz ýyldanam köp ýaşan bagyň aşagynda duşuşypdylar. Aýal bilen erkegiň ikiçäk duşuşygy - nähili täsin hadysa. – Iliň aýdýan gürrüňlerinden eşdişime görä, kakam-ejem ikisi şol gije meni ýasapdyrlar diýip, onuň özi hem aýdýar. Miweli bagyň aşagynda aýal-erkek bolup bir iş edipdirler. Gaçyp edipdirler, ýat-gaýry gözlerden. Ýöne bu bolan işden meniň habarym ýok diýip, ol soň egnini gysyp ýylgyrýar. Nirden habary bolsun, asyl şol işden soň ol dünýä gelipdir ahyr. Käbirleri seniň ene - ataň şol iş etmese ýagşy bolardy, ynha sen şonuň üçin Hürri bolupsyň diýip, bile ýaşaýan oglanlar oňa teýene edýärler. Başga biri bu sözi agyr görüp: – Iň azyndan wenazzyna bolmazdyň – diýip, başyny ýaýkan boldy. Hürri juda biperwaý halda: – Bu bolan işde meniň günäm ýok – diýip, internatda bile okaýan we ýaşaýan deň-duşlaryna düşündirjek bolýar. – Aslynda men ene-atamam günälämok – diýibem goýberýär. – Eger şol gije olar şeýle işi-binika gatnaşygy etmedik bolanlarynda wapşe-ta meniň özüm bolmazdym ahyr – diýip, biraz samsyklaç ýylgyrýar. Internadyň geçisakgally garawuly bolsa: – Ah-how, siz näme diýýäňiz, pygamberimizden: «Miweli bagyň astynda jynsy gatnaşyk etmäň» diýen hadysy şerif bar. Bileňizokmy? – diýip, çagalary aňk-taňk edýär. – «Eger-de miweli bagyň aşagynda zenanyň göwresinde çaga galaýsa, ol çaga hem ganhor bolar diýipdir». Ol ýylgyrýar. Hemme gepler onuň günäsiz ýylgyryşynyň astynda galýar. Hürri binika çaga bolmagyna garamazdan onuň hem beýleki çagalardan tapawudy ýok, onda-da deňeşdirip bilmek üşügi bar. Aslynda ol hem ähli zady deňeşdirip-meňzedip gezmegi halaýar. Ol durşy bilen Metamorfoza. Ukuda wagty hem aňy oňa köp zatlar görkezýär oňa. Miweli bagyň aşagynda miweli aýal, ýo-o, göwreli aýal. Içindäki çaga hem eli hanjarly ganhor. Mantyk gözleýär, tapanok, geň. Ýok, ýöne käte ol basyrganyp oýanyp, «Bu düýşlerim gara ýumor gatyşykly natýurmort bolup barýar, walla» diýip, gark bolýan ýaly hopukýar. Miweli bag we göwreli aýal. Onuň fantaziýasynda şol agşam ejesi bilen kakasy. Ikisiniň jynsy gatnaşygy. Hemem şol bada hamyla bolup, demsaýyn garnynyň ulalyp barşy, soňam pökgi garny äşgär görnüp duran zenan birbada kino kadrlar ýaly bolup gezekleşip geçip gitdi, ahyram bary hakydasynda mozaika bolup doňup galdy. «Gaýta bi ajaýyp dälmi? Göwreli aýal, miweli bagyň aşagynda. Ne täsin mantykly simwol». Soňra Hürri çagalygyny ýatlanda agaçdan ýasalan adam- Buratinony ýatlaýar. Ol onuň iň söýgüli gahrymany, ýogsa olaryň arasynda parh kän. Dowamy bar >> | |
|
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |