10:50 Palindromaniýa: TamA Amat bermez | |
PALINDROMANIÝA TAMA AMAT BERMEZ
Powestler
Suw. Kenar, Hürri eli çeňňekli. Hürri bir gezek bir adamyň öz ruhuny şeýtana satyşyny görüpdi. Ol kino bolsa-da çyn ýalydy hem-de gyzyklydy. Şeýtana ruhuny satan adam onuň deregine tä ölýänçä zeminiň üstünde kän zatlara güýji ýetýän bolýardy. Tä bellenen wagta çenli baýlyk, mal-dünýä, häkimlik elinde. Näme islese islän zady bir gudratly ýol bilen bada-bat hasyl bolýardy. Ýöne ahyrynda ölüm pellesinde şeýtan gelip, ol bagtygarany jähenneme alyp gidýär. Ine, şu ýeri hem Hürrä ýaranok. Janyň çykandan soň ruhuňy jähenneme müdimi ýanmak üçin äkidilmegi, bu hakda oýlananyňda üýşenýäň. Ýa-da bolmasa, şeýtana ruhuňy satman, başgarak görnüşde şertnama baglaşanyňda bolanokmyka, bolmanda wagtlaýynça, birki ýyl, mysal üçin bäş ýyl ömrüňi berip, emma ruhuňy oňa bütinleý teslim etmände bolanokmyka?! Aýylganç söwdalarda artykmaç wariant bolmaýar. Bu pikirler Hürriniň özi üçinem geň. Bolmasa şeýtan gönüden-göni özüme sataşyp, şeýle şertnama baglaşmak barada teklip etse, şeýle-şeýle görnüşde şertlerimi aýdaýaryn-da diýip oýlanýar, hem ýakymsyz ýylgyrýar. Bir dessanyň gahrymany «Tamaň tala däl-de tuda daňylan ýaly bolaýsyn» diýýändir. Bu babatda ejiz bir personaž bolmajak bolmaly. Ýene bir ýerde adamlaryň gepden-gep çykaryp, «Tamakinçilik gursun» diýýäni Hürriniň ýadynda. Hem ýene Gyr obadaky kellesi selleli, ak sakgal gojanyň aýdýan sözleri beýnisini ýyldyradýar «Tama – tama egesini atdy bela, diýgenleri rastdyr balam! Hiç wagt bendeden tamakin bolma, aslynda hiç bir zatdan tämakin bolma, tamaň bitmän galsa, ýene özüň ynjarsyň, fakat bir zatdan tamakin bolsaň gowudyr». Hürri nämeden diýip ýetişmedi. – Ýaradan Alladan – diýdi goja.– Ýeke-täk Alladan tamakin bol. Hürri köp babatda özüni şansly hasaplaýar. Bir-ä oňa hemişe kömek edýär. Göze görünmeýän bir Zat. Eger ol çyndan islese, beýlekileriň hiç başarmaýan işinem aňsatja bitirip bilýär. Has dogrusy bir zat oňa her bir işinde kömek edýär öýdýän. Belki ene-atasynyň ruhudyr, mümkin ene-atasyny ýanyna alan taňry. Ol hakda belli bir netijä gelmek kyn. Nämede bolsa, aşakda-ýokarda biri bar. Ýokarda biri kömek edýän bolsa, yhlas etse görüp bilmezmikäm? Ýeriň aşagyndan biri kömek edýän bolsa, onda ony görmek üçin ýeriň aşagyna gitmeli bolarmyka? Aý ol-a gowy pikir däl. Juda bolmajak bolsa, onuň edýän kömegindenem geçäýmeli bor-da. Şeýle pikirler onuň kellesinde ýer tapanok. Şonuň üçin okuwyna ýetişmek gara görgi. Bir gowsy okaýan we ýaşaýan internadyndaky mugallymlar süňksüz gowy. Hürri şondan peýdalanyp, okuwy başyndan aýlap urdy, haçandan bäri sapaklaryna oňly taýýarlanmaýar. Gününiň köpüsini şäheriň etegindäki suw howdanyň bendinde oturyp balyk tutmak bilen geçirýär. Soňra howa garalyp, şäher yşyklary lowurdap ugransoň, ol çeňňeklerini ýaltanmaç ýygnap başlaýar. Çopanyň Çopanystanyndaky üç ýoldaşy Çopan aslynda içgysgynç adam däl. Dogrusyny aýtsaň, biraz bälçik diýseňem boljak. Süriniň içinde enesine gysmyljyrap azar ýamanyny berýän bezzat tekä «Häý, şahy döwülen deýýus – diýip, ýeňiljek käýinýärem, hiç kim ýokka – Biçerin seni» diýibem haýbat atyp bilýär... Aý garaz, göwni açylan wagty endikli aýdymlaryny burnuna salyp hiňlenmäge hem ýaltanmaýar. Ýöne ony görýän barmy, düňle çölde ony tanaýanlaram köp däl ahyr. Onsaň setanda-seýranda bir gezek, ýarym gezek oňa sataşan, salamlaşan adamlaram entek öwrenişip gitmänkäler «Aý, düňle çölde ýören düňle çopan-da» diýip, oňa hiç göwünleri-de ýetmeýär. Bir gelip, bir görüp gideniň bilen adam tanap bolýarmy?! Çopan bu çölde ýeke. Ýeke-täk oňa goýunlar ýoldaş. Hemem iki sany alabaý. Çopan ýeke-de, goýunlar köp. Barmak büküp sanardan köp. Emma çopanyň pikirleri goýunlaryndan az däl. Käte ol däliräp, nutuk sözlände, has anygy bogaz ýyrtanda, goýunlar oňa gözüni mölerdip seredýärler. Bu çopana bir zad-a bolýar. Ol adamlara düşündirip bilmedik aklyny dilsiz-agyzsyz janawarlara düşündirjek bolýar. – Her kim özüni halas etmeli. Men bolsa bu sähra çykyp, özümi däl, sizi halas etdimmikäm diýýän. Hah-hah-ha. – Çopanyň goýunlara ýüzlenip aýdýan sözi adamlara hem degişli ýaly. – Çünki, men bu adamlaryň bet işlerine çydaman, olara gargamagym, nälet okamagym mümkin. Misli Nuh pygamber ýaly, Lut pygamber ýaly öz jemagatyma lagnat okaryn. Soňam ahmyr edip aglamaly bolaryn... Goýunlar oňa gözlerini tegeläp seredişse-de, hiç zat pyşgyryşmadylar. Dymdylar. Dymmak razylygyň alamaty diýleni çynmyka?! Goýunlar dile gelip gepläýende-de bir uly bitirjek goşy ýokdur-la. Çopan ellerini sallap, hyruçlanyp sözleýär. – Sähra meniň gämim mysaly. Menem bir Nuh aleýhissalamyň 21 asyr warianty. – Başyny silkip gülýär, gülküsi agy sesine meňzäp gutarýar. – Ýöne men gämime öz ummatymdan hiç kimi almakçy däl, hatda haýwanlardanam bir jübit, ýarym jübit kiştime goýbermesem diýýän. Nämä gerek? Hatda haýwanlaram ýüzügara edip barýar. Ýa men öz gämime sizi alaýsammykam?! – Ol goýunlara seredip, süýem barmagy bilen yşarat edip gülýär. Gije ýene içgysma. Gije - käte garaňky, käte Aýdan ýagty bolýan gije. Çopan gije diýen sözi aýdandan hijr sözi hem aňyna gelýär. «Gije-hijr, känbir kapyýalaşybam baranok, manysyny hem bilemok şu sözüň. Gije-hijr?! Öz-ä gynançly zat aňladýan bolmaly söz bolmaly hijr diýmek». Çopan kellesini agyrtmajak boldy barybir. Oňa derek ýoldaşlary gapdalynda peýda boldular. Behişt ýaly kolhoz bagy (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Goş birikdirip ýaşap başlalymyz bäri kän bir goş ýygnaly diýmändik. Merdan mendenem beter agyrysyz ynsan. Diňe gün geçeligimizi tapyp, güzeran aýlap, ýaşap ýörüs. Indem gyssagara kolhoz bagyna göçmeli diýen hoş habary eşidip, elimizi- aýagymyzy ýitirip oturyberdik. Şonda-da, Merdan çakganlyk etdi: derrew bir araba tapyp, goş-golamlary ýükläp, gün guşluk wagty kolhoz bagyna göçdük. Bu ýer dogrudanam Bapby birgadyň aýdyşy ýaly, behişt bagyndan kem däl eken. Alýaňak almalar, sary erikler, gyzylymtyl öwüsýän şetdaly miweleri şahalaryna sygman, hatar-hatar, düzüm-düzüm. Haýatyň uzaboýuna üzüm dalbarlary. Şeýle bagy-bossanlygyň, gül-gülüstanyň ortasynda biziň ýaşamaly jaýymyz. Ene goýny mysaly mähriban, hözirli öý. Men Merdana ýylgyryp bakdym, goş-golamlary ýerleşdirip ýören ýerinden meniň bagtyýarlygyma guwanýan ýoldaşym hem maňa gözlerini güldürip seredýärdi. Biziň bolup durşumyzy gapdaldan synlaýan Bapby birgat: – Ine-e, indi durmuş biraz tertibe gelip, öz ugruna akyp başlar – diýip, bize hossarlykmy, eýeçilik gözi bilenmi bilemok birhili nazar aýlady. Menem aýagym ýere degmän çäýnek-käse, gazan-tabaklary ýerleşdirip başladym. Elim elime degmän işläp ýörşüme Bapby birgadyň arkamdan maňa seredýänini duýýan. Her näçe eglip-uzanyp işlemejek bolsamam arasynda egilip bir zat etmeli ýa-da bir zady galdyrmaly bolýardy. Birhili oňaýsyz ýagdaýa düşýän men şol wagt. Göýä egilip durkam Bapby birgat arkamdan gelip bir zat edäýjek ýaly. Ahyr maňa seredip gyjynyp durmakdan ýadadymy, nämemi Bapby birgat ýoldaşymy alyp bagyň törüne tarap gitdiler. Ol çep aýagyny çalarak ýempäp barşyna gapdalyndan ýöräp barýan ýoldaşymyň egnine elini goýup, şelaýyn ýylgyryp, oňa bir zatlar aýdyp barýardy.» Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |