12:30 Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy | |
PALINDROMANIÝA: ÇOPANYÑ ÜÇ ÝOLDAŞY
Powestler
"Biz gijäni bir lybas edip ýaratdyk". Kuranyñ "Amma" suresi. – Kelläňi agyrtmajak bolsaň, aýagyňy agyrtmaly. Aýaklaryňa buýrup, bir ýerlere çykyp gitmeli – diýip, çopan başyny galdyryp ýyldyzly asmana garady. Garaňkyda peýda bolan inçe ses: – Ýogsamam «Işlemeýän kelle iki aýaga dynç bermez» diýen nakyl bardyr – diýip seslendi. Ýogyn ses: – Orslarda bar o nakyl. Gyryk ses: – Orslara o diýen simpatiýam ýok. Inçe ses: – Gepiň gerdişine görä aýtsak... Ýogyn ses: – Orslara simpatiýaň bolsun - bolamsyn men şeýle nakylyň bardygyny aýtýan prosto. Дурная голова двум ногам покое не даёт. Inçe ses: – Gepiň gerdişine görä aýtsak, biziň bedenimiz bize iş bolýa, bir ömür biziň bedenimiz bize azar. Ýogyn ses: – Ruhumyza geýdirilen köýnek mysaly agyr bedenimiz soňky demimize çenli biz bilen süýrenýär. Gyryk ses: – Ruhumyza bedenimiz geýdirilen, a bedenimize hem köýnek-balak geýýäris. Täsin- n... Çopan özara gepleşýän üç sese meňzemeýän öz sesi bilen gepledi: – Bütin barlyk, älem, Alla tagallanyň ruhunyň daşky lybasy. Başga hili edip aýtsak, Taňrynyň ruhy bütin äleme siňen. – Asuda gije asmana serilen sansyz ýyldyzlary gujagyna ýerleşdiren Akmaýanyň ýoluny synlap, arkan düşüp ýatan Çopan gapdalyndaky hümürdeşýänlere ünsem berenok. – A onda gije näme? Gije? Gije bu dünýäniň lybasy. Ýaradan gije diýen täsin lybasyny dünýäniň depesinden atýar. Kitapda hem şeýle ýazylan. Inçe ses: – Bir şahyram «Gijäni geýinýär bu eziz ülke» diýip ýazypdyr-a?! Ýogyn ses: – Şahyrlar-a, Uly kitapda aýdylşyna görä, kän bir halanylýan adamlar däl... Gyryk ses hasam gyryljyk owaz bilen: – Tersine – diýdi, çürt-kesik. – Kerem kitabyň awtory bar-a, hem-de onuň dosty şahyrlary sylaýan eken. Olar ýeri gelende, şahyrlara öz donuny dagy hem serpaý edäýýen ekeni. Inçe ses: – Bu söhbet ugruny ýitiren ýele meňzäp, çar tarapdan köwsarlap, nirä gitjegini, näme etjegini bilenok. Çopan «üçleriň» samahyllysyna kän goşulmasa-da, arasynda jany ýansa birki agyz söz sugşuryp galýar: – Size konkret tema gerekmi? Inçe ses hemmeden öňürdip: – Bilip duran zadyňy soraman beriber-dä! – Gije hem-de ölüm hakda oýlandyňyzmy? Gyryk ses inçe ýogyn ses hemmesi birden: – Oh-ho-ooo!!! Çopan biraz säginip söze başlady: – Adam ýagty dünýäden gözüni ýumandan soň garaňky göre düşüp, kyýamata çenli ýatmaly. Inçe ses hemişeki howlukmaçlygyny edip, Çopanyň sözüni böldi: – Garaňky gabyr diýeniň gije bilen sinonimleşýär diýjek bolýaňmy? Ýogyn ses Çopana gepemäge maý bermedi: – Ýöne «Magtymguly, dünýe düýşdür, düýş görseň düýbi puçdyr» diýýän ýerem bar. Düýşem näme oýalykda görüp bolmaýar. Diýmek biz dünýä haýýatynda ýaşap ýören ýaly bolsagam, bir garaňky gije düýş görüp, düýşde ýaşap ýörüs. Pelsepeçileriň aýdyşyna salgylansak. Inçe ses: – Onda bedenimiz köýnek kibi geýen ruhumyz dünýe haýýatynda entek ukuda halynda ýaşap ýör-dä?! Çopan ýoldaşlaryna däl-de boş howa replika aýtdy: – Gabryň gyrasynda ukudan oýanýas, ol ýerde bir wagt ruhumyza geýdirilen bedenimizi ak mata dolap gara ýere gömýärler. Ruhumyz bolsa ýalaňaç galýar, onsoň ol nirä gidýärkä, Alla bilsin. Merdanyň– zenanyň hekaýalary (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Allatagala dowzahy ýaradandan soňra bir ýylany döretdi. Onuň ady Kabusdyr. Allatagaladan Kabusa bir owaz geldi: «Eý, Kabus! Men sende bir amanat zat goýjak». Kabus aýtdy: «Eý, Taňrym! Sen maňa nähili perman berseň, men ony bitirmäge taýýardyryn». Oňa ýene bir owaz geldi: «Eý, Kabus, sen agzyňy aç!» Ol ýylan agzyny açdy. Allatagala perişdelere: «Dowzahy Kabusyň agzyna salyň» diýip buýurdy. Perişdeler ýedi dowzahy Kabusyň agzyna saldylar. Allatagala aýtdy: «Eý, Kabus! Indi agzyňy ýum! Emma sen, tä, rugsat bolýança agzyňy açma!» Kabus agzyny ýumdy. Ol diňe kyýamat güni agzyny açar. Ol gün Allatagala iň beýik mertebeli perişdelerine: «Dowzahy Kabusyň agzyndan çykaryp alyň!» diýip buýrar. Perişdeler buýrugy berjaý ederler. Kasasul Enbiýa. Güýzüň başynda ýoldaşym bagymyza suw açdy. Ekin-dikin ýygnalansoň indi «suw meýilliler» ýap boýunda görnenoklar. Bir owurt suw üçin ýakalaşyp-çekeleşip durjak ýok. Onsaň ýoldaşym ene ýapdan bagymyzy suwardy. Erik- üzüm agaçlarynyň birhili şu ýyl gurbunyň gaçandygyny bahana edip, ýoldaşym bu iki bagyň düýbüne iki ýola dagy suw goýberdi. Soňra bagymyzyň buljum künjeginde ösüp oturan alma agajynyň düýbüne hem suw goýberdi. Injir agajy gapynyň agzynda ösüp oturanam bolsa, nämüçindir oňa suwpaýy ýetmedi... Biraz ýadawdym. Ukymam gelmän duranokdy. Emma ýoldaşym daşarda suw bilen başagaý bolup ýörenden soň, geçip ýatybermegi birhili görüp daşary çykdym. Agşamara güýzüň çigrekli şemaly öwsüp, göwnüňe hoş ýakýardy. Şu gün derege ýaraýjak köýneklerimi ýuwupdym, egnimde allajanlarym gyz döwrümdemi bilemok haçandyr bir wagt, alanym, içi görnüp duran daraýy köýnegim bardy. Geýip durkam hem bi ýaman ýuwka-la gyz diýip öz ýanymdan ejap edip geň görüpdim. Men garaňkyda büdräýmekden gorkup, seresap basyp, alma bagynyň astyna bardym. Miwesi bireýýäm sowlan alma agajynyň şahalarynda birje alýaňak miwe galmadymyka diýip, körtama edip, asmana çetreýän şahalara seretdim. Asmandaky ýyldyzlar şahalaryň arasyndan görnüp, edil jadyly miwelere meňzeýärdiler. Birdenem ýoldaşym ot alan ýaly elindäki pi:lini birýana taşlap, özüni ýaba urdy. Asmandaky ýarty Aýyň ýagtysyna ýabyň içi bilen akyp ýatan suw edil kümüş ergini mysaly lowurdaýardy. Ýoldaşym bolsa şol lowurdap ýatan suwuň içinde şapydyňlap ýörşüne «balyk, balyk bar, anha häzir tutýan, ynha-ynha» diýip ala gykylyk turzup, dünýäni unudytdy. Topugyňa ýetmeýän suwyň içinde sermenip ýörşüne awa gyzygan ýoldaşym ahyr bütin ýaby bulandyryp, bulançak suwuň aşagyndanam bir gez boýly ýylany gysymlap çykardy. – Men ýylan-a bi, balyk däl – diýip, jynssyz gygyryp honda gaçdym. Ýoldaşym elindäki ýylany hallanladyp, özem hahahaýlap güldi. – Sered-ä, ýylanmy şü, ýylanbalyk bi, gör-gör, ahmal bolsaň barmagyňy kertip aljag-a bi – diýip, şadyýan, özünden göwnühoş ýylgyrdy. Men: – Näme bolsa-da, zähräm-ä ýardyň gyz, – diýip, ýoldaşyma ýalandan gahar eden boldum. Ýoldaşym maňa guwanç bilen seredip: – Her nämede bolsa aw-a ganly bolandyr, janym – diýdi. Ol Aýyň ýagtysyna meniň ýuwka lybasymyň aňrysyndan görünýän alma göwüslerime zowk bilen seredýärdi... Onuň möjek nazaryndan meniň hem işdäm açylyp, agzym suwaryp gitdi. Gije ýarymdan agan hem bolsa, ýoldaşym ýylan balygy arassalap berdi-de, derrew gowurmagy talap etdi. Men oňa çenli bir irkilip hem ýetişipdim. Ýoldaşym inine suw alýança menem bu suw jandaryny ýagda gowurdym. Ýoldaşym suw buz ýaljak eken, biraz üşedimem diýip maňa gysmyljyrady. Men oňa derrew bir käse çaý hödür etdim. Ol çaýdan howlukmaç owurtlap: – Sen gowsy maňa düýnki galan ýarty çüýşe meýden bersene – diýdi. Men onuň öňüne gowrulan balygy äberdim, ýany bilen ýarty çüýşe meýem uzatdym. Ýoldaşymyň balyga işdämen topulyşyny synlap ýene gapdalynda gyşaranymy duýman galdym. Üznüksiz ýadawdym men. Soňra hemme zat düýşde ýaly dowam etdi. Men bir-ä demimi tutup gelýän meýiň ysyna oýanjak bolýardym, hemem ýoldaşymyň «Dur-dur, ezizim, ukudan turmaý-da» diýýän sesine meýmiräp özümi ýitirip barýanymy duýýaryn. Ol bolsa meniň aýagymda içgimiň ýokdugyndan peýdalanyp, ýagly elleri bilen ujydyny uýat ýerime girkizjek bolup haýyr-heläkdi. Men ezizime oňaýly bolsun diýip dyzlarymy epip aýaklarymy onuň arkasyna geçirdim. Ol bolsa ak butlarymyň arasyna gaty ezber girdi. Soňra sessiz lezzet alyp üstümde inip-galyp başlan ýoldaşymyň hyrşamasyna maýyl halda humarly gözlerimi açdym. Seretsem ýoldaşymyň ujdynyň ýerinde gara ýylan balygy uýat ýerime girip çykýardy. Men bu ýagdaýy synlap, şu özi meniň ýoldaşymmy diýip onuň ýüzüne garajak bolýardym, gözlerine seretjek bolup dyrjaşýardym. Ol bolsa meniň alma ýaly gap-gaty göwsümiň artykmaç keýpden dyňzap duran emziklerinden sorýardy. (dowamy bar) | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |