14:07 Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman | |
PALINDROMANIÝA: ÇOPAN GOŞUNDAKY OT BAŞYNDAKY GEÑRÄK MYHMAN
Powestler
Çopan üçin günleriň hasaby ýiten. Gün, hepde bilen işi ýok, aý aýlansa, ýyl dolansa, süriniň başy tükel bolsa ýeter. Setanda-seýranda gelen myhmanyň törden orny bar. Dünýäniň habaryny gelen-gidenden eşitmegi endik edinen Çopan gabarasy kükürt gabyndan sähel uly radiosyny haýsy golda gaçyranynam bilenok. Alaňlaryň üstünden aşyp, gyssanman gelýän JEEP golaýlaberende Çopan ony dessine tanap, düşnüksiz guwanç bilen: – Gök garga ýaly şulam-a käwagt bir köwlenýär-aýt – diýip, öz-özüne habar gatyp, hümürdedi. – Öz-ä ýüzüni garaňka tutup bärläpdir, haýyrlysy bolsun-da. Safari diýilýän reňkli JEEP gelip edil onuň gapdalynda saklandy. Inçe ýüzli jüýk burun kişi ulagdan düşmäge gyssanyp gürledi: – Çopan jan, rugsatmydyr, size zyýarata gelipdik? Çopan çala gülümsiredi: – Aý, adymyň soňuna jan goşman, il içinde tutulýanyny aýdybersene. Ulagdan sallanybyrak düşen kişi: – Wah, men saňa «Ja-an» diýip ýüzlenesim gelýän bolsa nätjek, Çopan jan?! – diýip Çopanyň ýüzüne şelaýynsyrady. Çopan çala gülümsräp: – Ja-an diýýäniň-ä gijelerine gelýändir... – diýip, onuň ýüzüne assarly garady. Myhman onuň aýlawly gepine düşünmedi, ýöne: – Bolýa «jan» diýmesemem Çopan jan sen ýüregimizde jansyň, gadyryň başgaçadyr. Çopan oňa gapdalyndan ýer görkezip: – Aslynda-ha meň adym bir türk şahyrynyň hormatyna goýlanmyşyn – diýdi.– Ýöne o pahyr kommunist bolansoň, menem olary ýek görenim üçin özüme Çopan diýip tahallus alaýdym, Şer aga. – Mbh, şeý diýsene, adyň-a elhenç uly eken, agam. Ýöne-möne adamyň adam-a däl, şahyryň atdaşy ekeniň, onda-da türk şahyry. Çopan gelip garşysynda dyz epen Şer agasynyň ýüzüne garap: – Sizem kiçi-girim adamyň atdaşy däl öýdýän – diýdi. – Mir Alişir bilen atdaş bolmaly ýalňyşmasam?! Alyşer aga göwnühoş ýylgyryp: – Akgam goýupdyr bu ismi bize – diýdi.– Gaty şahandaz adam eken, kitaphon eken. Adam bardyr adamlaryň nagşydyr, adam bardyr mal hem ondan ýagşydyr, diýip Nowaýydan dagy gazal okabermesi bardy pakyryň. Ol Çopanyň taňkasyndan guýlup berlen çaýdan bir owurtlap, gözlerini süzüp dymdy, ýatlamalar geçmişe äkitdi öýdýän, agzynda hem çaýyň ajy tagamy. Çopan myhmana mümkingadar päsgel bermejek bolýar, dynç alsyn diýýär: «Geçiler daga ýaýrady öýdýän». Emma geçiler diýende birden onuň ýadyna düşen zat: köplenç Holliwudyň filmlerinde şeýtanyň geçi keşbinde görkezilýändigi boldy. Bu barada myhmandan sorap pikirini bilesi geldi. Ýene myhmana sowal berip durmagy gelşiksiz hasaplap dymdy. Myhman bolsa oňa bir täsin meňzetme görkezdi: – Çopan, şol asmandaky ala buluda seret! Çopan myhmanyň görkezen tarapyna – asmana seretdi. Agşamky asmanyň ýarsyny tutup barýan garamtyl-gögüş bulut. Başga zat ýok. Myhman: – Sudury äpet gämä meňzeýär eken-aý, beh – diýip, haýran galýanyny duýdurdy. – Korabl, hakyky korablyň bar-da. Arasyndan ýylpyldaşýan ýyldyzlaram korablyň çyralary ýaly. Dogry dämi? Çopanam gözlerini süzüp äpet bulut harsaňyny synlap birazdan: – Dogry, äpet gämä meňzeýär eken. – diýip, myhman bilen razylaşdy. Içindenem «Nuhuň gämisi hem şunuň ýaly barmydyka» diýip oýlandy. Myhman bulutdan nazaryny sowup, Çopana bakdy: – Sizem bir wagt ýöne adam däl ekeniňiz, eşidişime görä, sizem uly korablyň kapitany ekeniňiz bir zaman. Çopan myhmany birinji gezek görýän ýaly synlady «Be-e, bul adam kimkä özi? Nirelerden tozadýar-aý. Köne ýaralary dörjäp görýär bi. Meniň geçmişimden biraz habarly öýdýän, zaňňar». – Dünýäniň habaryny öýde oturan hatyndan hemem çölde ýören çopandan sora diýipdirler. Eşidipmidiň, myhman – Çopan, myhmanyň ýüzüne soragly seretdi. – Men-ä şol sanawa ýolda ýören ýolagçynam goşaýsam diýýän. Myhman hezil edip güldi: – Diýjek bolýanyňa düşündim, Jan aga. Gapjadym. Çopan myhmanyna juda biperwaý nazar salyp: – Alyşer aga, siziň ýöne ýere gelmeýändigiňizi hol ilerki ak inişden bäri öwrüleniňizde duýdum men. Alyşer başyny ýaýkap: – Onda sizde telepatiýa güýçli, Jan aga. – Aý onçasyny bilemok. Alyşer arkaýyn aýagyny uzadyp oturşyna: – Onda ýene bir käse ajy çaý uzadyň diýdi. Çopan : – Ýogsamam kofe, kapuççino ýa-da bir amerikano hödürläp bilmerin – diýip, hyýalyndaky geçmişi ýaňzytdy. Merdana amanat edilen syr (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) – Men sypalap, sermäp ýoldaşymyň göwnüni hoşlaýan. Süýji naharlary bişirip, garaşman durka haýranam edýän. Täze eşikleri tikip geýdirýän. Ikiçäk galan pursatlarymyz ýuwaşjadan gelip, onuň gulagyna ony gaty küýsändigimi, «indi hiç çydamok» diýip pyşyrdaýan. Şeý diýerime mähetdel, ol meni derrew ýatak jaýymyza göterip äkidýär. Soňra ikimiziň nämeler edýändigimizi hiç kime aýdasym gelenok. Ol meniň hazynam. Onuň kükregine başymy goýup ýatyrkam, söýgülimiň ýüreginiň çalt-çalt urýandygyny duýup howsala batdym: – Merdanym, näme seni bynjalyk edýär? Ol geplemän ýatyşyna meniň saçlarymy sypalady. Men ýene durup bilmedim: – Seň ýüregiň içiňe syganok, ezizim. Ahyr ol dillendi: – Ziýne, hol gün Bapby birgat meni bagyň içine alyp gitdi, ýadyňa düşýärmi? Men ýatan ýerimden dikelip: – Elbetde, ýadymda – diýdim.– A näme?.. Merdan ýylgyrjak boldy. Şol wagt daşarda ýanyp duran yşyk biziň otagymyza düşüp, otagyň içi ýakymly görünýärdi. Men gyssandym: – Ezizim, sen bir zat-a aýtjak bolýaň, ýöne nämedir bir zat seni saklaýar. – Şu bagyň aňry çetinde bir köne tam bar eken. Baba aga meni şol ýere eltdi... Ýoldaşymyň gyssanman gepleýşi janymdan geçip gitdi: – Onsaň näme boldy, tiziräk aýtsana – diýip özelendim. Merdan meni synlap ýatyşyna: – Bolan zat ýok, nämä basga düşýäň, rahatlan Ziýnäm – diýip, meni höre-köşe etdi. – Bagyň ähli ýerine esewan ediň, ekip-tikip serediň, emma şu köne tamyň töweregine golaý gelmäň diýdi, Baba aga, oňa-da başlyk şeý diýip tabşyrypdyr. Men hiç zat diýmän, onuň gapdalyna geçip gyşardym. Biraz wagtdan soň: – Sen o ýeri gördüňmi – diýip ýoldaşyma ýüzlendim. Ýoldaşym jogap bermedi. Görsem ol uklan eken. Çopan sürüni samahyllap bakýar... – Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa, bolmasa, bolmasa-a... Çopan hemişeki aýdymyna hiňlenip, gyssanman goýunlary sürüp gelýär. Gün ikindi. Depeleriň üstünden seretseň äpet Gün asmanda asyl-asyl bolup, aşaklap gelýär. Goşa golaýlap gelýän Çopan biraz säginip diňşirgendi. Bir ýerlerden radionyň sesi gelýärmi ýa göwnümemi? Ýa perişdeleriň owazymyka? Hydyr gezen çölde perişde hem bolup biler, beýlekem. Howwa beýleki ady ýitenem bolaýmaly. «Zemin aýlanyp dur, oňatlyk örän». Onuň aýlanýanygyny biz gije-gündiziň gezekleşip gelýändiginen aňşyraýmaly. Zaman eglenmän geçip dur. Ony biz adamlaryň doglup, ulalyp garrap, ötüp barşyndan biläýmeli. Aslynda zemin... Çopan şu gün biraz galjaň, özüni täsin duýýar. Ir-säherden sürüni örä goýberip, belent alaňa çykdy, sähranyň gözýetim bilen birleşýän ýerinde bir zat görjek ýaly kän seretdi şo taýa. Şu gün irden halys öýe gaýdasy geldi, gözlerini açanda daň tilkiguýruk boluberen eken. Kalby agyryp oýandy. Bu nämäniň alamatyka? Öz-özüne syr bermän, çaý-suwa gümra boldy, basymyrak sürüni örä çykarmaly. Gözýetime garap durşuna, bir ýerlere çykyp gidesi geldi, şu giň sähra hem oňa dar şu çak. Ähli zatdan ýadan adam başyny-gulagyny alyp sähra-düze çykyp gidýär, emma sähra-düzde dünýä sygyp bilmeseň näme etmeli?! Bu göwnidarlygyň sebäbi näme? Ol öz-özüne beren sowalyna jogap tapman kösendi. Düýnki gelen ýeser myhmanmyka baryna sebäp? Ýa-da onuň aýdan bir sözüniň täsir-effekti şeýle zor zatmyka? Ol gaýtalanýan düýşlerini ertir turup, ýadyna salyp bilmeýär. Bu gowumyş. Bir wagt ejesi pahyr şeý diýerdi. O pahyryň saldamly, salykatly sesi gulagynda henizem «Gije gören düýşüň, ertir turup ýadyňa düşmese gowlugadyr, oglum». Çopan keýpiçag wagty goýun bakýan meýdanlaryna Çopanystan diýýän bolsa, häzir bu ýaýla gözüne gabyrystan. Kibrstan. Çopan toba diýdi, ýöne men gadym derwüşler ýaly mekana zamana sygamok ahyr. «Meni baýlyk bilenem, wezipe bilenem, şan- şöhrat bilenem saklap bilmedi bu ýalançy, indi şu düňle çölde ümsümlikde wagtyň geçişini synlap gün geçirýän. Günler bolsa geçip dur. Men çölde goýun saklaýan, çöl bolsa meni». Ol tukat nazaryny ýene asmana dikdi. «Adamlaryň arasynda, gohly şäherde ýaşan döwürleri nähili wagtlardy? Ol döwürlerem bir döwürdi. Howwa, her döwür bir döwür. Men başga adam ýalydym. Şol wagtlardan men ýalňyzlygy küýsäp ugradym. Boýum ýaly boý tapsamam, göwnüm ýaly göwün tapmadym diýen bir nakyl bardy, ýalňyşmasam. Men ol nakyly kän gaýtalaýardym. Birdenem bar zady terk edip, bir pursatda zym-zyýat bolmak. Bu özüm üçinem geňdi. Adamlaryň ummanyndan ýalňyzlygyň sährasyna. Ýaranjaň, ikiýüzli, kezzap, mugthor, haýyn adamlaryň has dogrusy «adamjyklaryň» arasynda ýaşanyňdan, ähli zady tukatlyk bilen sünnälenen sährada ölüm hakda pikirlere berlip ýaşamak – ine meniň saýlanym. Düşünýän zadyňa ynanmak kyn däl, iň aýylganjy ynanýan zadyňa düşünmek. Men bütin ömrüme ölüme düşünjek boldum, sebäbi ömrüň başlangyjynda nämälilik bar, ol asyl durşuna gaýyp älem. Ýaşaýşy ýaradan Allanyň ýaşaýyşa taý edip döreden zadymy – ölüm. Eger şeýle bolsa, ölüm başga dünýäniň girelgesi diýip bolarmy? Men diýýän, meniň diýýänim bilen bütin älemiň ylalaşmagy hökman däl, emma öz sypatynda diňe ýaşaýyş saklaýan Ýaradan ölümi ýok bolmak üçin ýaradan däldir». Çopanyň pikirleri, fantaziýalary bitertip, bir çarkandak liniýa içinde barýar. Esasy pikir ýordumynyň gapdalyndan parallel gidýän «pikirhassalary» bar. «Pikirhassalary» diýip ol özüni azara goýan, şu wagt mantyksyz hasaplaýan pikirlerine aýdýar. (belki soňra bir mantyk tapmagy hem mümkin). Häzir ol gijeki asmana, seýrekleşen ýyldyzlara nazar aýlap durşuna, biz Ýer togalagynyň üstündäki atmosfera okeanynyň astyna – näçe milliýon tonna agyr howa gatlagyny gerdenimizde göterip ýaşap ýörendiris – diýip, zemini göterip duran efsanawy gahryman Atlasy ýatlady. Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |