08:56 Päliýamanlar | |
PÄLIÝAMANLAR
Goşgular
Meň dost-dogan bolup ýaşasym geldi, Bilmedimmi ýa doganyň gadyryn? Gardaş pitjiň atdy sylag-hormata, Unudandyr ol pendini pederiň. Kyýamat gününde goňşuly boldum, Abat bolar – diýdim – şonda ojagym. Emma weli göňşularyň öýünden, Uwwuldysy eşidildi möjegiň. Daglarda ýaşadym, düzde ýaşadym, Duşdum ýylan, içýan, tilki, şirine... Ýaman ezýet çekdim duşup bir gezek, Adam pisint Şagal atly birine. Böwsüp çykan gaýalardan, daglardan, Men bolup bilmedim dagdan mysaly. Orta ýaşda dostum, goňşym, doganym... Görüp galdy meni eli hasaly... 21.03.2024. | |
|
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |