PERZENT ZARY
Ol kalbyna dolan gussany egismek üçin çalajadan hiňlenmek isledi. Ýöne onuň bokurdagyndan gaýnap çykýan owaz iňňirdili aga öwrüldi. Ol ýaňagyndan akýan sil suwy deý ýaşyny syryp, içinden müň kerem şükür kyldy. “Toba etdim, toba etdim” diýip, ýuwaşjadan gaýtalady-da, ýatlamalar deňzine çümdi. Eý, janajar, sen balamyň üçi güni maňa hemra bolduň. Açyk gapydan girdiň-de, göni ýanyma gelip,aýak çekdiň.
It-pişigi kän bir halap barmanydan soň, men saňa ünsem bermedim. Sen weli, myr-myrlap meniň gapdaljygymda kelläňi goýduň. Hünübirýan aglap otyran bolsamam, name üçindir seniň hereketleriň hemmesini anyk saýgarýardym. Men gyňajymyň synyny silkip, seni kowmak isledim. Gapdalymda aglap otyran gyzym hyýalymy aňan ýaly, çalaja pyşyrdady:
- Eje, degmesene şoňa, goý ýatsyn!
Gözýaşlarymy sylyp, saňa seretdim. Sen weli, bu wagt dünýäni bilmän, myrlap ýatyrdyň.
- Ýatjak bolsa, başga ýer ýokmuşmy. Asyl bu wagt nireden geldi bu pişik? Ýok bolsun.
Oňa çenli gapdalymda otyran boýdaşym dildendi:
- Kowmasaňyz-la, bu pişigi. Belki, ol ogluň ruhyny alyp gelendir ýa-da onuň ruhy bolup gelendir.
Depämden gaýnag suw guýulan ýaly boldy. Şonda-da öz diýenime tutdym:
- Ruh nämişlesin. Entäp ýören pişikdir-dä. Gapy açyk bolansoň, giräýendir.
Aňyrrakda oturanlar hem biziň gürrüňimize goşuldylar.
- Ony diýme gyz, adamyň ruhy haýwanlaryň sypatynda öýüne dolanýarmyş. Belki, bu-da ogluň ruhyny getirendir. Olar käte guş bolup, käte pişik bolup, käte-de it bolup gelýärmişler. Oturanlar ýerli-ýerden gürrüňe goşulyp, şeýle wakalaryň gaty köp bolýandygyny tekrardylar.
Dogrudy, balamyň ýedisini berip, işe çykýançam sen meniň gapdalymdan aýrylmadyň. Ýogsa, men seni şol kowup,kowalap ýördüm. Işe gitjek gvnvm gapyny ýapmankam,seni daşaryk çykardym. Şu çaka çenli seni daşda-içde bir gezek görmedik bolsamam, bu gysga döwrüň içinde men saňa az-kem umrindirip. Saňa nebsim agyrdy.
Ýöne beýle bolar diýip, men asla pikir hem edemokdym.
Agşam işden dolananda heniz öýe ýetmänkäm, mawlap öňümden çykdyň-da, menden öňürti öýe tarap h]ltvldxp ugradyň. Indi men seni kowup bilmedim. Ýöne men seni öýe-de goýbermedim. Bir gapjagaza süýt goýdum-da, gapyň agzynda goýdum. Sen süýdi içip gidiberermikäň diýip oýlanypdym.Emma ýalňyşan ekenim Süýdi içip, aýak astyndan bir gyra sowuldyň-da, gapyñ agzynda düýrlenip ýatyberdiň.
Her gün oglumyň işden gelýänje mahaly gapyny durnajaklap, mawlap başlamagyňy hem men başga zada ýoramokdym. Ajygan mahalyň şeýle edýänsiň öýdýärdim. Her gün süýtdür beýleki naharlar bilen naharlaýardym. Sen weli, edil adam ýaly, halamadyk naharyň ýüzün-de seredeňokdyň. Onuň gapdalynda beýläňä bakyp oturmany gowy görýärdiň.Iň gowy görýän höregiňem ýagsyzja etdi. Men bolsa, seniň beýdip nahar saýlamaňy öz ýanymdan meslik saýyardym. “Bu pişik mes bolýa.Näme tapsa ýudubermän, şu bolşuna hem iýmit saýlaýar” diýýärdim. Gije-gündiz gapydan aýyrlmansoň, hemem gaýgy-aladadan ünsümi sowmak üçin pişik hakda ýazylan zatlary okap başladym. Şonda pişikleriň iň arassa hem gowy zatlary iýýändigine haýran galypdym.
Günler aýlara sapyn, aýlaram ýyllaryň kerwenini yzyna çatýan bu durmuşynda kim ýalňyzlyk derdinden ýanýa, kim ykbalyň ters gelen taýsyz oýnundan ýanýa. Balasyny biwagt aldyran enäniň derdini diňe çeken biler. Çünki, dünýäniň iň agyr ýüküni çekmek aňsat-aňsat başardanok. Gijeler çirim etmän, agyr oýlara başyňy aldyranyňda kimdir biri gapdalyňda bolsa-da şükürli eken. Men weli, ýekedim, ýalňyzdym. Dogrusy, gyzlarym, agtyklarym daşyma gallap dursallaram,her kimiň öz öýi, öz durmuşy bar. Men ol zatlara düşünýän. Şonuň üçinem aglap-aglap gözýaşymy saklap bilmedik halatym gapyny açyp, saňa seredenimi kem göremokdym. Sen weli, haçan görsem, indi öýe girmäge hyýalym etmän, däliziň bir burcunda, mekan tutunanja ýeriňde gymyldaman otyrdyň.
Suwuň, süýdüň, naharyň kemini goýmansoň, sen başga zada mätäçsiň, seniň kalbyň mähir küýsändir diýip,oýuma-da getiremokdym. Ertirem, agşamam seniň gapdalyňdan biperwaý geçýärdim. Sen weli, meni gördügiň böküp turýardyň-da gitsem ugradardyň, gelsemem göýä ysymy alyp, duýýan ýaly, ho-ol beýlede öňümden çykardyň.
Bu durmuşyň beýle-beýle oýunlarynyň bardygyny hyýalyma-da getirip bilemokdym.
Şol günem men seniň gabyňa süýt guýmak üçin irden gapymy açdym. Görsem sen ýok. Gapydan boýnumy uzadyp, eýläk-beýläk seretdim. Saňa gözüm düşmänsoň, daşaryk çykdym. Hiç ýerde görünmänsoň, köce süpürýän goñşy zenandan soradym.
- Meniň pişigimi sen naharlan-a dälsiň-dä.
- Ýok. Men ony ertirden bäri göremogam.
Men ilkinji gezek sen barada alada edip ugradym:
- Be,ol nirä gitdikä?
- Bilmedim.
Şol gün, dogrusy, meniň saňa elim ýeter ýaly däldi, aladam özüme ýetikdi. Çünki ertir oglumyň ýyl aşyny bermelidim. Şonuň üçünem şol günem, ertesem seni ýoklamaga elim degmedi.
Sadakanyň ertesi güni men ýene seni küýsedim.Emma,seniň şol gürüm-jürüm bolşuň . Indi oturyp-oturyp pikirlenýän weli,seniň meniň ir giden balamdan bir nyşan bolup,geleniňe düsünýän. Men weli, ony duýmandyryn. Saňa ýeterlik üns bermändirin. Myrlapjyk ýanyma geleniňde arkaqdan sypalamandyryn.
Men sen hakda takwa bendeleriň birine gürrüň berenimde seniň ýönelige bir ýyllap ýanymda bolmandygyňy aýtdylar.
Dünýäden gaýdan adamyň ruhy dürli görnüşde bir ýyllap mähribanynyň ýanynda bolýarmyş diýdiler. Şondan soň men seni ürç edip gözledim. Ýöne weli sen edil guýa gaçan ýalydyň. Hiç ýerde ýokdyň. Seniň meniň durmuşyma şeýle duýdandyz girip, duýdansyz ýitip gideniňi Allanyň gudraty saýjagymy-da, tötänlik saýjagymy-da bilmän, heläk bol[an.Indi men saňa her guň, her sagat garaşýan. Sen bir gel ahyry. Meni beýdip ýalňyzlygyň girdagyna taşlama-da, dolanaý indi…”
Ol şeýdip agyr ýatlamalara özüni berip, näçe oturanyny, günüň ýaşyp, bireýýäm garaňky gatlaşanyny hem duýmady. Agyr oýlary kalbyna salyp, onuň közüne elini çoýan ene emaý bilen turup, ýene-de gapyny açdy-da, töweregine seredtdi. Soňam hiç zada gözi düşmänsoň, gapyny ýarym açyk galdyryp, ulydan demini aldy-da, işine gümra boldy. Göwnüne bolmasa, şol çalaja pişik “maý” edip gapydan geläýjek ýalydy… Indi onuň kalby, şol çalja pişigi küýsäp, tüýdüm-tüýdüm bolup barýardy. Bir ýyllap gapysyny ýassanyp ýatan pişigiň öz balasynyň ruhydygyny tüýs ýürekden uýan ene indi onuň zaryny çekýärdi.
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar