06:20 Polisiýa ministri | |
POLISIÝA MINISTRI
Publisistika
Ol wezipedir derejäniñ hatyrasyna hiç zatdan gaýtmady - kürsä ýetibilmek we kürsüde oturmak üçin bar zatdan geçdi... Ol hemişe işi şowlaýanlaryñ ýanynda durdy - ýyldyrym çaltlygynda bir oñ-bir muñ ýanyna agyp-dönüp ýördi… Onda hiç bir etiki prinsipden nam-nyşan ýokdy: üýtgäp durýan syýasata öz çaltlygynda uýgunlaşdy - bir görseñ-ä konserwatiw (dindar), bir görseñem rewolýusioner boldy, aslynda onuñ ýeke-täk gulluk edýän zady tarapyny tutýan güni güýçli topardy... (ýeri gelende öñ agzasy bolup ýören dini tarykatynyñ iñ ganym duşmany boldy!) Ol şahsy bähbitlerini we maksatlaryny hemme zatdan öñe tutdy, munuñ üçin öñünden çykany basgylap geçdi. Söýgi, mähir-mylakat, dostluk, borçlulyk, minnetdarlyk ýaly duýgulardan binesipdi, diñe özüni bilýärdi, ýeri gelende öñ gullugyny eden häkimiýetiniñ kellesini almak isleýän toparda ýer aldy... Ol bet pyglynyñ ýesirine öwrülen, doýdum-dolmaz açgöz syýasatçynyñ iñ gowy mysalydy... Partiýa ýolbaşçylyk etdi, halk deputatlygyna saýlandy, polisiýa ministri boldy. Gan görmese güni geçmeýän iñ ýowuz ministrleriñ biridi - özüne garşydaş hasaplan kişileriniñ barsyny "terrorçy" yglan etdi. "Gassap" adyny aldy. Kimi öldürtse "ýurt üçin" diýdi. Milletparazlyk etmekdenem çekinmedi, "o diýen sap däl-hapa gany dökmek biziñ borjumuz" diýýärdi. Häkimiýetiñ "Beýik lider" diýip atlandyrylan ýolbaşçysy-da onuñ edýän zorluk-sütemlerini görüp howsala düşdi, oña bolan ynamsyzlygynyñ ýerini wagtyñ geçmegi bilen gorky gaplap aldy - polisiýa ministri wezipesinden alyp, pes wezipä bellejek boldy. Kimdigini tanadyñyz gerek? Duruñ, duruñ! Howlukmaç netijä gelmäñ - çünki häzir muña meñzeş adamlar kän ahyryn! Sözümize dowam edip, ýumagyñ ujuny çöşläbereliñ: ■ INTRIGAÇY Ol häkimiýetiñ iñ güýçli ministrleriniñ biridi. Ol (halk bilimi ýaly) hemme babatda günde diýen ýaly söz sözledi, hemme wakanyñ içinde bolup, möhüm "rol oýnamagyñ" kül-külünde gezdi, şeýtmek bilen ol aslynda, düşünene "häkimiýet meñki!" diýýärdi. Ol hemişe habar beriş serişdeleriniñ üns merkezindedi. Ol syýasy güýç gazanmak üçin ýerasty dünýäsiniñ hekemleri (mafiýa we worzakonlar) bilen işleşdi, her şübheli işde onuñ eli bardy. Ol özi barada çykýan her habary ýalana çykaryp bilýän intrigaçydy. Düýn ham-çam bolup gatnaşan adamsyna "Kim sen, men seni tanamok!" diýip bilýärdi. Ol jansyz prowokatorlary ulanmagyñ ussadydy, şeýdip garşydaşlaryny añsatlyk bilen duzaga düşürýärdi. Ol wezipesini çäksiz baýamagyñ serişdesi hökmünde diñe öz bähbitleri üçin ulandy, ýarag söwdasyndan ummasyz pul gazandy, syýasy güýjüniñem maddy binýadyny pugtalandyrdy. Ol uruşyñ arkasyndan baýlyk toplamak üçin häkimiýeti käbir ýurtlaryñ garşysyna uruş yglan etmäge iterdi. Ol ýeri gelende agdarlyşykçylar bilen dil birikdirip, häkimiýetiñ başynyñ "agdarylmagynda" aýgytlaýjy rol oýnady. Ol islendik hyýanatçylykly mysalda özüne çapraz gelmeýän syýasatçydy. Tanabildiñizmi? Hawa, adamyñ inini düýrükdirip biljek derejede ikiýüzli we garadangaýtmaz bu syýasatçy kim? Aslynda munuñ jogaby diýseñ kyn. Çünki bular ýaly syýasatçy juda kän ahyryn, şeýle dälmi? Indi sözümi jemlesemem bolar: ■ ÖZÜNE GULLUK EDÝÄN HILEGÄR SYÝASATÇY Käbir okyjy ýokardakylary okap, muny ýurdumyzdan kimdir "birine" meñzeden bolmagam ahmal! Ýok, sessiz kino oýnamagymyza dowam etsek: soragyñyzyñ jogaby "ýerli" däl, "daşary ýurtly"! Ýumagyñ iñ soñky ujuny bereýin: Stefan Sweýg, Lorens Darrel, Jon Dikson Karr, Dennis Witli, Edward Grierson, Patrik Zýuskind, Uinston Grem, Bernard Kornuell, Žan-Klod Brewill, Jerald Wogan-Hýus, Katerina Delors ýaly ýazyjylar bu barada ýazdy. Ol barada romanlar ýazyldy, dokumental we çeper kinofilmler, teleseriallar surata düşürildi, pýesalar sahnalaşdyryldy. Onuñ keşbini Ýewropanyñ iñ gymmatbahaly kinoeseri bolan we 2002-nji ýylda efire goýberilen miniserialda fransuz aktýory Jerar Depardýo janlandyrdy. Indi adyny aýtsamam bolar: Žosef Fuşe (1759-1820)… Fransuz syýasatçysy... polisiýa ministri... "Maksadyña ýetmek üçine näme etseñem bolýar" diýen syýasatçy... Wagty-sagady gelende nikaby sypyrlyp, sürgüne ýollanan betpygyl oýunbaz... Hemme döwürleriñ adamy bolan Žosef Fuşäniñ obrazyna hemmetaraplaýyn baha berse bolýar. Ýagny... Ol düýnem bardy, häzirem bar! Stefan Sweýg bu barada "Žosef Fuşe" atly awtobiogragiki kitabynda şeýle ýazdy: "Diñe görümsiz açgözler biri-birlerini ýok edip bolandan soñ sabyr edip garaşyp bilenleriñ we akyllylaryñ wagty gelýär…” Soner YALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |