22:53 Pul aýlanşykly oýun | |
PUL AÝLANŞYKLY OÝUN
Maliýe we ykdysadyýet
Soraýarlar: Erdogançymyñ? Kylyçdaroglyçymyñ? Akşenerçimiñ? Bahçeli tarapdarymyñ? Käbir okyjy bu dar syýasy galypdan çykyp bilenok. Muña derek: Dünýägaraýyşyñyzy ösdürseñiz, garaýan zadyñyzyñ üýtgändigini görersiñiz! Syýasata, şonuñ bilen birlikde ykdysadyýete bolan garaýşyñyzy üýtgetseñiz, partiýañyzy-da, syýasy ýolbaşçyñyzy-da "ýalañaç" görmäge başlarsyñyz! Ilkinji nobatda neoliberalizmiñ syýasaty, partiýalary, şol sanda demokratiýany ne güne düşürendigini bilmeli! Nämä, kime ses berýändigiñizi bilmek gerek, ýogsam bolmasa köp ýerde lapykeçlige uçrarsyñyz. Emma: “Sektora” öwrülen syýasy prosesiñ şekillenmeginde başga oýun gurnaýjylaram bar. Syýasata maýa goýumlary goýýan, pul seçýän ýerli we kese ýerli uly şereketler... Puly beren az sanly toparyñ bu puldar topary öz tarapyna çäksiz uly güýç çekip, köpçüligi ezýär. Özem bu baýlar partiýa tapawudyna seretmezden her partiýanyñ saýlaw kampaniýasyna pul kömegini gaýgyrmaýar. Şu ýerde öñem birki makalamda ady agzalyp geçilen Nobel baýragynyñ eýesi Pol Krugmanyñ aýdan sözüni mysal alaýyn: "- Girdeji paýlanşygyndaky aşa deñsizlik hakyky demokratiýa bilen badaşyp bilmez. Syýasy ulgamymyzyñ uly kapital tarapyndan çaýşardylandygyny we bu az sanly toparyñ hasam baýamagy bilen bu çaýşyklygyñ barha artýandygyny kim çynlakaý inkär edip biler?” Pul merkezli demokratiýa oýnunyñ düzgünlerini üýtgetmek gerek… • ŞÖHRATLY ATLAR Görmek üçin bilmek zerur… Galyplary döwmek üçin öwrenmek zerur… Size Garward uniwersitetiniñ hukuk professory Lourens Lessigi tanadaýyn: Ol "Ýitirim bolan respublika. Pul kongresi nähili zaýalaýar we munuñ öñüne bent bolmagyñ meýilnamasy" ("Потерянная республика"/"Republic, Lost: How Money Corrupts Congress—and a Plan to Stop It") kitabyny ýazdy. Kitapda puluñ syýasaty nähili satyn alýandygy, baý çemeçil toparlaryñ hökümeti dolandyryşlary anyk mysallar arkaly gürrüñ berilýär. Diñe bulam däl: Seslenme döretmek, tapawutlanmak maksady bilen 185 millik pyýada ýörişi gurnady. Diñe bulam däl: 2016-njy ýylyñ saýlawynda Demokratlar partiýasyndan dalaşgärligini görkezdi. Kampaniýasyny diñe bir ugra gönükdirdi - pul kömegi reformasy... Diñe bulam däl: "Deñ sesler hereketini" gurdy. Diñe bulam däl: Hemişe pakyr-pukaralaryñ aklawjylygyny etdi. Elbetde, onuñ eden bu asylly işleri "New York Times" gazetidir "Time" žurnaly ýaly organlar tarapyndan jogapsyz galmady. Olar Lessige atybilen nejasatlaryny atdylar. Ýagny: Siziñ boýnuñyza dakylan-zor bilen geýdirilen eşikde gezmäge mejbur dälsiñiz. Dünýäniñ çar künjünde akylly-başly adamlaryñ bu zatlara garşy protest baýdagyny galdyrýandygyny bilmegiñizi isleýärin... Neoliberalizmiñ saýasynda ownan syýasatyñ jemgyýetçilik durmuşyny neneñsi bölekländigini ýazanlaryñ kimdigini biliñ: -Ýel uniwersitetinden professor Jeýkob Stýuart Hakeriñ Kaliforniýanyñ Berkli uniwersitetinden professor Pol Pirsonyñ “Gazananlar hemme zady alar syýasaty: Waşington baýlary nädip has baý etdi - nädip orta synpa arkasyny öwürdi?” ("Winner-Take-All Politics: How Washington Made the Rich Richer-and Turned Its Back on the Middle Class") kitaby bu düzgüniñ içegesini daşyna serýär. Ýokary okuw jaýlarynyñ tanymal şahslaryny ýöne ýere ýazamok: käbirleri salgylanýan çeşmämiz tanymal birinden bolmasa ýazýanlarymyza şübheli garaýar! Ine, hut şu pikirem neoliberalizmiñ bize beren "peşgeşi"... • GOÝUM SERIŞDESI: SYÝASAT Syýasat bilen ykdysadyýetiñ biri-biriniñ içinden eriş-argaç bolup geçmegi "partiýa bäsdeşliginiñ goýum teoriýasy" düşünjesini döretdi. Bu teoriýa demokratiýada saýlawçylaryñ däl-de, biznes dünýäsiniñ öñdebaryjylarynyñ nähili oýnaýandygyna gönükdi. Oýlap tapyjysy 1995-nji ýylda "Altyn kada: Partiýa göreşiniñ goýum teoriýasy we pul aýlanşykly syýasy sistemalaryñ logikasy" ("Golden Rule: The Investment Theory of Political Parties and the Logic of Money-Driven Politics") kitabynyñ awtory professor Tomas Fergýusondy. Ol şowhunly saýlaw kampaniýalaryna tussag edilen partiýalaryñ pula ýesir düşürilip nähili ownadylyşyny ýazdy... Hawa-da, Türkiýede hem käbir köpbilmişsireýänler içki saldamlylyga-programma däl-de, "diñe şowhunly çäreler arkaly saýlawlarda üstün çykyp bolar" diýmedilermi näme? Ine, size ýene biri: Prinston uniwersitetinden professor Larri Bartels… Ykdysady deñsizligiñ, global baýlaryñ syýasy arena çykmagynyñ syýasydygyny barlaglaryñ netijesi bilen orta goýdy. “Deñliksiz demokratiýa: Täze ýalpyldawuk asyryñ syýasy ykdysadyýeti”. Uzatmaýyn. Şu ýerde Jozef Stiglis, Toma Piketti, Deni Rodrik, Immanuil Wallerstaýn ýaly akademikleriñ gürrüñini edýärin. Ýurdumyzyñ añ-düşünje gözýetiminiñ öñüni açmaga jan edýärin. Belkäm, başymyzdan geçirýän finans krizisini ähli taraplary bilen jedelleşip bilseñiz, menem begensem. Finans bazarynyñ emirlerine boýun even syýasaty ýykalyñ. Ýogsam, diñe pul berýäniñ tüýdük çaldyrýaryny görýäris! Diñe heläkçiligiñ erñeginde durkañyz däl, globalçylaryñ aýdanlaryny etmeseñiz, hemişe diýen ýaly üstüñize aç-açan haýbat star durarlar: Ýa kredit derejämizi pese düşürýändirler, ýa pullaryny yzyna alýandyrlar, ýa-da "göterimleri artdyryñ" diýýändirler. Demokratiýa diýlen zat piñine-de däl, olar diñe jübüleriniñ galñanyny bilýärler. Neoliberalizmiñ ajy oýnunyñ düzgünleri şeýle!. Ýagny, hormatly okyjy: Türkiýede global boýna dakylmalara kim garşy çykýar, kim goldaýar? Rejebi, Kemaly, ýa-da Meraldyr Alyny bir ýana goýup, tarapyñyzy şoña görä saýlañ! Ses berýän partiýañyzy siziñ bähbitleriñizi gorap biljek, deñsizligi ýok edip biljek pozisiýa getiriñ. Oýuny bozuñ. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |