22:55 Razyýa Hanym | |
RAZIÝA HANYM
Zenan şahsyýetler
Iltutmyşyň maslahatçysy Mübärek şa türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan möhüm çeşme hasaplanýan «Uruş alyp barmagyň hem-de edermenligiň kada-kanuny» («Adab al-harb wa-ş-şujaat») eserinde ähli döwürleriň hökümdarlaryna pent bolmaly şu ajaýyp setirleri miras goýup gidipdir: «Bilip goý, öňki döwürde işler, jedeller ara alyp maslahatlaşmalaryň, ylmyň we parasatlylygyň kömegi bilen alnyp barlypdyr, şonuň üçin hem hiç kim urşy, gandöküşikligi islemändir. Işler bolsa akyl-paýhas, parasatlylyk, bilim bilen alnyp barlypdyr. Dünýäniň ähli adamlary we halklary bu meselede pikirdeş bolupdyr». Şemseddin Iltutmyş Hindistanyň musulman binagärligine mynasyp goşant goşan soltandyr. Ol 1231-1232-nji ýyllarda Delide musulmanlaryň keramatly piri Hoja Kutbeddin Bagtyýar Kakanyň hormatyna Kutub-minar minarasyny gurdurypdyr. Türkmenleriň guran bu minarasy beýikligi boýunça (72,6 metr) dünýäde häzirem ilkinjiligi saklaýar. * * * Şemseddin Iltutmyşyň gyzy Razyýa hanym (1205-1240 ý.) 31 ýaşynda Deli türkmenleriniň soltany bolýar. Türk zenan taryhçy alymy Bahriýe Üçogyň «Musulman döwletlerindäki zenan hökümdarlar» atly kitabynda ýazmagyna görä, Razyýa hanym musulman dünýäsindäki zenan hökümdarlarynyň arasynda tagty ýörite miras boýunça wesýet edilenden soňra eýelän ýeke-täk zenandyr. 1232-nji ýylda Gwalior galasyny eýeländen soň, Delä dolanan Iltutmyş köşkde wezirlerini we emeldarlaryny ýygnap, maslahat geçiripdir. Soltan öz halkyny we adalaty söýýän, möhüm döwlet işlerini çözmekde başarnykly ukyplary bolan gyzy Razyýany tagt mirasdary diýip yglan edýändigini aýdyp, weziri Täjul mülk Mahmyda perman taýýarlamagy buýrupdyr. Perman taýýarlanýarka, soltana ýakyn, täsirli döwlet adamlary ondan kämillik ýaşyna ýeten ogullary bar wagtynda, näme üçin gyzyny tagt mirasdary belleýändiginiň sebäbini sorapdyrlar. Özüniň bu kararyny paýhassyz hasaplaýan bu adamlara Iltutmyş wagtyny şagalaňda we serhoşlykda geçirýän ogullarynyň hiç biriniňem döwleti dolandyryp bilmejekdigini aýdyp, gyzy Razyýany tagt mirasdary edip, özüniň ýalňyşmandygyny, wagtyň muny subut etjekdigini düşündiripdir. Ol, hakykatdan-da, şeýle bolupdy. Razyýa hanym hökümdara mahsus ähli häsiýetleri özünde jemläpdir. Edermen esger bolmak bilen birlikde, hoşgylaw häsiýetli bu zenan alymlara-da uly hormat goýup, olar barada aladalanypdyr. Onuň ejesi Türkan hatyn Iltutmyşyň söýgüli aýallarynyň biridi. 1236-njy ýylda Iltutmyş aradan çykansoň, Türkan hatyn bilen soltanyň beýleki aýaly Şa-Türkanyň arasynda duşmançylyk başlanypdyr. Köşk emeldarlary hem iki topara bölünip, olaryň biri tagtyň kanuny mirasdary Razyýa hanymy, beýlekisi şazada Rukneddin Firuzşanyň ejesi Şa-Türkany goldapdyrlar. Ahyrynda soltan Iltutmyşyň ahyrky wesýetine pitiwa etmedik ikinji topar Rukneddin Firuzşany tagta çykarypdyr. Taryhçy Jüzjanynyň ýazmagyna görä, hiç kime ýamanlygy bolmadyk, emma gowşak erkli, serhoş halda pile münüp, bazarlarda we köçelerde altyn-kümüş pullary çar ýana seçip ýören bu hökümdaryň döwlet işleri bilen aladasy bolmandyr. Oglunyň başarnyksyzlygyndan peýdalanan ejesi döwlet işlerini öz eline alypdyr. Onuň zalymlygy ýurtda gozgalaňlaryň möwjemegine sebäp bolupdyr. Taryhçy Jüzjanynyň habar bermegine görä, Rukneddiniň ejesi Razyýa hanymy öldürmek üçin öz adamlaryny iberipdir. Emma Razyýanyň tarapdarlary gozgalaň turzup, Şa-Türkany ýesir alypdyrlar. Deli halkynyň hem-de goşunyň goldamagynda Razyýa hanym Deli soltanlygynyň tagtyna oturypdyr. Ol ozaly bilen Rukneddini tussag etdirip, türmä saldyrypdyr. Alty aý 28 gün hökümdarlyk eden Rukneddin 1236-njy ýylyň 9-njy noýabrynda aradan çykypdyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |