REJEBIÑ KAKASY
Altynjy klasda geografiýa sapagy ýaňy gyzygyp ugrapdy. Mekdebiň öňki müdiri, uruş weterany, mekdebiň ýeke-täk gografiýa mugallymy Aman Amanowiç joşgynly, güýçli sesi bilen klasy ýaňlandyryp, sapagy başlady. Onuň joşgunly sesini klasyň içinde-hä däl, baryp maşyn geçýän gara ýoldan hem arkaýyn diňläp oturmalydy.
Ol öz barlygyny, biliminiň ýeterlikdigini tutuş mekdebe aýan etmek isleýän ýaly, joşgunly gürleýärdi. Muňa tutuş oba birwagtdan bäri beletdi.
- Indi! - diýip, ol elindäki taýagyny karta görkezmäge taýýarlap, stola söýäp goýdy. - Öýe näme iş berilendigini soralyň.Öýe näme ýumuş berildi?
Gyzlaryň iki sanysy elini galdyrdy.
Mugallym:
- Hany, Maýsa gyz, aýyt. Oba sowetiniň akja gyzy.
Maýsa:
- Ýewropanyň araçägini özbaşdak kesgitlemek öýe ýumuş tabşyryldy.
- Maladis, Oba Sowetiniň akja gyzy. Dogry - diýip, mugallym razy boldy. Özem ýerine geçip, agyr göwresini stola goýberdi-de, serilip ýatan žurnala dümtünip seretdi.
- Hany, kim aýtjak Ýewropanyň araçägini.
- Ýene-de hälki gyzlar ellerini galdyrdylar.
Aman Amanowiç ýene-de žurnala seretdi-de, ýuwaşjadan:
- Siziň bahaňyz bar! - diýdi. Bahasyzlardanam soramal-a. Çäreýek ýetip gelýär-ä - diýdi. - Olara-da baha goýmal-a-diýdi.
Ol syratly, edil bir ýolbarsyňky ýaly haýbatly başyny göterip, klasy birlaý gözden geçirdi - de:
- Täk, diýip, seslendi. - Şu gün hormatly ferma müdirimiz ýoldaş Goýunlyýewiň ajaýyp ogly Iner jandan tema soralyň.
- Hany, Goýunlyýewiç, Çyk tagta.
- Ineriň hiç zat bilmeýändigi, sapaga taýýar däldigi onuň müzzerip durşundanam bellidi.Ol geçen sapakda däl-de, ondan öňki georafiýa sapagynda dörtlüjek baha alypdy.Onsoňam Aman Amanowiç bilen onuň kakasy ýegre dostdy.Şonuň üçin bu mugallym günde – günaşa öýlerine baryp ýörensoň, birneme geçirimlilik bolar tamasy ýok däldi. Asyl, ol bu gün özünden soralar hem öýdenokdy.
- Hany, Goýunlyýewiç, Ýewropanyň serhedini kartada görkezip ber.
- Ural daglary!..
- Berekella.
- Ural daglary, ural derýasy...
- Hawa, gidiber, gidiber.
- Kaspi daglary...
Aman Amanowiç haýran galma bilen oglana seretdi-de, tisginip gitdi. Ol äpet kellesini okuwça öwürdi.
- Näme? Näme diýýäň. Men öwretdimmi şony.
-- Ol ilerräk süýşip, penjiredin ýola, töweregine howsalaly garady.
- Herne il-gün bir eşitmäwersin bu gürrüňiüi. Ýogsa meniň dat günüme...
Iner müýnlülik bilen başyny aşak saldy.
- Sen nirede okadyň Kaspi dagy bar diýip? Dogry, Kaspi deňzi bar. Oňa söz ýok. Bu barada hiç kim seniň bilen jedelem edip bilmez.
Mugallymyň gahary geldi.
- Sen, sen, Goýunlyýew, gül ýaly, abraýly kakaň bar. Tutuş obanyň siziň gül ýaly durmuşyňyza gözi gidýär.Kakaň ferma müdiri. Elinde näçe süri goýun bar. Näçe çopany bar, çolugyny hasap etmäniňde-de. A sen? Sen at ýitiren. Sen okaňok. Şeýdibem gül ýaly kakaň abraýyny dökýäň. Sen okamasaň, Esen ýenjik ýaly bolup, gara ýaga bulaşyp, pisiňi aşyrar ýörersiň.
Görüň, Esen ýenjigi, haçan görseň köne traktorynyň aşagynda, güne ýanan papagyny sary, kirli repide ýaly edip, ýör. Ne märekede orny bar, ne obada abreýy bar. Il bizar şondan... Eger gowja okamasaň, senem şonyň ýaly üstünden solýarka porsap duran näkes bolarsyň. Sen maňa seret, men gowy okadym. Şonuň üçin, üst-başym nähili, köşk ýaly jaýym, täzeje dokuzynjym bar. Ile galyp duran günüm ýok. Gaýta, iliň maňa güni galýar. Malymam bar, pulumam bar, abraýymam bar .Kim okasa ol meniň ýaly ýaşar, kim okamasa-da, Han-a, Esen ýenjik... Özüňiz pikir ediň-de, saýlaberiň...
Aman Amanowiç Ineeri oturtdy.
Soň ol okamadyk adama çöregiň ýokdugy barada janygyp, uzak gürrüňine başlady.
- Menem okamadyk bolsam edil Esen ýenji ýaly gara ýaga bulaşar ýörerdim. Juda kyn günleri gördüm. Emma pedagogik instituty tamamladym. Uly bagta ýetdim. Mekdebiň müdiri ýaly beýik wezipä ýetdim. Etrapda-da, obada-da uly abraýym bar. Menden görelde alyň. Meniň ýaly bolsaňyz, kişä zar bolmarsyňyz.
Mugallymynyň bu gürrüňleri bu klasyň ortaça okuwçysy Rejebiň janyna hoş ýakyp baranokdy. Sebäbi Aman Amanowiçiň her sapagynda ýanjap-ýanjap masgara edip oturan Esen ýenjigi onuň kakasydy.
Rejep indi kakasy traktorçy bolany üçin ömür boýy igenç çekip ýörmeli boldumy...
...Daşarda edil bedreden guýlan ýaly bolup, çabga guýýardy. Gijäniň bir wagty bolsa-da, Rejebiň gözüne uky gelenokdy. Kakasynyň häli işden gelip, çykaran daşky eşiklerinden gelýän benzniňmi, solýarkanyňmy ýakymsyz ysy içeri pöňkäp, onuň ýüregini bulaýan ýalydy.
Ol häzir ýerinden turup, kakasynyň daşky eşiklerini daşary çykaryp, ýakaýmaga-da ýaltanmajak ýalydy. Munuň üstesine, kakasynyň hor çekip, dünýäde habarsyz ýatmagy oglanyň halys ýara-ýara bolan derdiniň ýüzüni dyrnaçaklap goýberýäri.Ol düşeginde dik oturyp: "Şular ýaňly nalajedeýindenem bir kaka bolarmy? Kaka boljak bolsa, Aman Amanowiç ýaly bolaýsady..." diýibem oýlanýardy.Arman, ol sözleri nädip diliňe aljak.
D erwezäniň işigi batly kakyldy. Soň dünýäni dilim-dilim edip, ýyldyrym çakdy-da, yzyndan gök erbet gümmürdedi.
- Ese-en!
Işik öňküdenem batly kakyldy.
- Esen, Esen jan, dogan jan, turaweri!
Rejep bu howsalaly, naýynjardan ejiz, agy gatyşykly sesi eşidip, kakasyna tarap seretdi. Kakasy oýanar ýaly däldi. Şonuň üçin ol ylgap eýwana çykdy-da derwezäniň gulpuny açdy.
Haýran galmaly zat, işikde çabga buýan towuk ýaly bolup, Aman Amanowiç elenip durdy. Ol Rejebi tanamady.
- Esen, Esen jan, eziz doganym. Bagtym ýatdy, doganymam sen, gardaşymam sen, ýetiş, gardaş...
Rejep eýwandaky çyrany ýakdy.
Aman Amanowiç öňküdenem beter özelenip eňredi.
- Ýetiş, Esen jan, dogan, bagtym ýatdy.
Rejep kakasynyň gelenini duýmady.
- Näme boldy, ýoldaş mugallym - diýip, Esen hormat bilen ýylgyrdy.
Aman Amanowiç elenip, samrap elden aýakdan çykyp baryşyna:
- Sen çaltyrak traktoryňy otla, maşynam, çagalarymam siliň içinde galdy. Öýümi ot aldy, bagtym ýatdy gardaş...
Esen çyplaňrakdy, ol şonda-da, duldaky eşik asylýandan sallanyp duran açaryny aldy-da, çabgalanyp ýerden göge guýýan zarply ýagyşyň içine sümüli gitdi.
Rejep hem onuň yzyndan eňdi.
Ataly ogul kabina mündiler. Traktor bada-bat otlandyda, işläp başlady.
Ýagyş öňküden hem beter guýýardy.Traktoryň çyrasynyň ýagtysyna, edil bir kiçi dişli darak ýaly, ýokardan aşaklygyna ýagýan damjalar ýerde kölçe bolup ýatan läbige degip, tersine düňderilýärdi-de, uly-uly düwmejiklere öwrülip barýardy Aman Amanowiç bolsa, şol san sajaksyz tarlary ýolum-ýolum edip, oýtak-oýtak suwly kölçeleriň içinden eňterilip, öňe tarap eňip barýardy.
Rejebiň kakasy btraktoryny Aman Amanowiçiň yzy bilen sürüp, derýa tarap sürüp ugrady. Mugallym süllümbaý ezilipdi. Onuň köwşi läbigiň içindedi. Ol köwşüni her sapar ýere basanda, onuň içinden "Wajyrt" edip, logurdap duran läbik daşýyna pürkülp gidýärdi.
Ol birden saklandy.
- Ýol bilen Derýa sürüň!
- Näme boldy?
- Siliň içinde maşyn öçdi. Aýalym, çagalarym hem içinde galdy. Bagtyma... - Ol elini asmana, soň ýer silkip goýberdi. - Görýäň-ä, munuň ýagaýşyny, gaty güýjedi. Indi näderin Esen jan, doganym, eziz gardaşym, atam sen, lam, hudaýym sen, öýüm ýykyldy. Özüň etiş, doganjan, ýetişeweri-i!.Bagtym ýatdy- y-y.
Rejebiň kakasy traktoryny batlandyrdy-da, derýanyň hanasyna bakan sürdi.
Derrýanyň suwy görlyp-eşidilmedik ýagdaýda joşupdy. Aman Amanowiçiň maşyny bolsa siliň joşgunly akymynda çalaja akjaryp görünýäri.Rejebiň kakasy hyrçyny dişledi-de, traktoryny siliň batly akýan ýerinde zordan duran, ýene sähel pursat bolsa düňderlip, siliň ugruna gitjek ýeňil maşyna tarap gönükdirdi. Oňa golaý baryp, traktoryny saklady. Ol taýýarlap goýan trosyny aldy-da, çapgyn derýa girip gitdi.
Rejep howsala düşdi. Sebäbi sil kakasynyň döşüne ýeteňkirleýärdi. Onuň öňünde durmak aňsat däldi. Maşyndan Aman Amanowiçiň aýalynyň, çagalarynyň dady-perýat edip aglaşýan sesi eşidilip durdy. Aman Amanowiçiň özem gyrada elewräp durdy.
Rejebiň gözi kakasyndady. Onuň kakasy eli trostly sile çümdi-de, ep-esli wagtlap çykmady.
Ahyry, kakasy göründi. Ol rahatlanana meňzeýärdi. Ol traktora bakan gaýtdy.
Sil suwy maşynyň aýnalarynyň ýaryny bekläpdi. Rejebiň kakasy batly siliň badyna elenip-elenip gidýärdi.
Ol yzyna öwrülip, Aman-Amanowiçiň ogluna nämedir, bir zatlar diýdi-de, traktoryna mündi.
Traktor sähel sägindi-de, barha güýjeýän sil suwunyň bagryny dilip, ýöräp başlady. Ol garaňky gijede ýüzüp geýlän çaklaňja gämä meňzeýärdi. Traktor ep-esli ýere baransoň, akja „Jiguly“ hem çalaja silkindi-de, kenara bakan ýüzüp başlady.
Traktoram ýeňil maşynam kenara sag-aman çykdy. Rejebiň kakasy Aman Amanowiçyşiň işigine çenli alyp gitdi. Soň öz trosyny çözdi-de, traktoryna münüp, öýüne gaýtdy.
Şol günüň ertesi Rejebiň kakasy gyzdyryp, işe çykyp bilmedi. Şol döwürde ony soramaga gelenleriň arasynda Aman Amanowiç ýokdy. Ol mekdepde Rejebi görse-de, sesini çykaranokdy. Rejebiň kakasam bu waka barada hiç ýerde dil ýarmady. Ýöne, şol wakadan soň, ol Rejebiň kakasy barada ýakymsyz gepini aýtmasyn-a goýdy.
15-nji aprel 2002 ý.
Goşgular