09:56 Reportaž gadagançylygy | |
REPORTAŽ GADAGANÇYLYGY
Publisistika
Ferdinand Markos (1917-1989)… Saýlaw gözboýaçylyklaryna duwlanyp, 21 ýyl Filippinlerde döwlet ýolbaşçysy boldy. Onuñ guran awtoritar režimi korrupsiýa we diýdimzor düzgünleri sebäpli uly nägilelikleri döretdi. Şeýle-de: 3 müñ 257 sany syýasy tussag öldürildi. (Jesetler halka "göz bolsun" diýip, kelleçanaklarynyñ içine içki eşikleri dykylyp ýoluñ gyralaryna zyñyldy! Ýa-da pidalaryñ synalary böleklenip, bazarlarda, köpçüligiñ üýşýän ýerlerinde asylyp goýuldy!) 35 müñ adam ýanalmalardan ýaña maýyp-müjrüp boldy. 70 müñ adam tussag edildi. Ýagny: onuñ dünýäniñ çar künjünde ABŞ-nyñ goldaýan diýdimzor hökümetlerinden tapawutly ýeri ýokdy. Wagtyñ geçmegi bilen Markosyñ eden-etdiliklerine ABŞ-nyñ özem döz gelip bilmedi, ondan goldawyny çekmäge mejbir boldy. Tolgunşyklaryñ güýjemegi netijesinde Markos 1986-njy ýylda Gawande adasyna gaçdy. Rodrigo Duterte (1945) - Filippinleriñ häzirki prezidenti. Uzak waglap - 22 ýyllap munisipialetiñ başlygy bolup işledi. Birnäçe gezek prezidentlige dalaşgärligini görkezdi, üstünlik gazanyp bilmedi. Emma; Soñky, 2016-njy ýylyñ saýlawlarynda üstünlik gazanyp, wezipesine girişdi. Duterte saýlawlarda nädip üstün çykdy? Sosial mediýanyñ goldawy bilen… Şeýle: • TÜRKIÝE BILEN MEÑZEŞLIK Filippinlerde adam başyna düşýän sosial mediýa ulanşygy boýunçs selfi çekmekde, hat-habar alyşmakda dünýäde birinji ýerde durýar! 15 million yzarlaýjysy bolan internet meşhurlary - “influencer”-ler bar. Duterte narkotiki serişdelere garşy göreşi saýlaw strategiýasynyñ merkezine goýup, ýaş sosial mediýa ulanyjylary tarapyna çekdi. We saýlandy. Ýeri, Duterte häkimiýet başyna gelensoñ näme edendir öýdýärsiñiz - sosial mediýa garşy söweş yglan etdi! Mysal üçin: Diñe internet arkaly habar taýýarlaýan "Rappler" habarlar saýtyny we oña ýolbaşçylyk edýän (bir döwür ýurduñ iñ uly kanalynda habarlar bölüminiñ müdiri bolup işlän Mariýa Ressany didiwana mündürdi. Duterte indi "işiñ" abyny-tabyny ele alypdy. Galp hasaplar-trollar bilen dezinformasiýa merkezlerini gurdy. Hakykaty ýoýdy, bilkaslaýyn ýalan habarlary ýaýratdy. Garşydaşlarynyñ lapyny keç edip, masgaralamak ýaly degna degiji gara propaganda ýüz urdy. Duterte trollary galp hasaplar arkaly Mariýa Ressa hakynda hapa-paýyş zatlary ýazyp-ýaýratmaga başlady. (Nämeleri ýazandygyny aýtmaga ejap edýärin!) Yzyndan… “Rappler ýapylsyn”, “Watan dönügi Ressa”, “Mariýa Ressa tussag edilsin” diýen ýaly hüjümleri edip, hasam agressiwleşdiler. Yzysüre... Mariýa Ressanyñ garşysyna "salgyt tölemekden boýun gaçyrmak" ýaly aýyplamalar bilen on gezek tussag edilme karary çykaryldy. Sekiz tussag edilmeden kepillik (поручительство, kefalet) bilen boşadyldy. Ýöne 2019-njy ýylda "kiber töhmet atmakda" aýyplanyp tussag edildi. Garaşsyz mediýanyñ agzyny ýumdurjak bolup edilýän pyrryldaklara garşy alyp barýan göreşi Maria Ressanyñ halkara derejesinde tanalmagyna getirdi. Ol "TIME" žurnaly tarapyndan 2018-nji ýylda “Ýylyñ adamy” diýip yglan edildi. BBC-niñ 2019-njy ýyldaky “Iñ täsirli 100 zenan” sanawyna girdi. Ýurdumyzda-da şu ýyl Hrant Dink adyndaky Halkara baýragyna mynasyp görüldi. Şu ýyl oña Nobel baýragy-da berildi. Indi ýazgymy jemläýin: • SOWAL BERME GÜNÄSI Ýazmasam özüme hyýanat etdigim bolar: Iki ýyl tussagda boldum, günäsiz bilnip jogapkärçilikden boşadyldym... Odatv habarlar saýtymyz ýapyldy we iki ýyldan bäri häzirem ýapyk... Men barada ýaýradylmadyk ýalan habar galmady... "Talabalaýyk däl" diýip jaýymyñ üstünde dagy dokuz gezek iş gozgaldy. Ýazýanlarym we Odatv-niñ ýazýanlary sebäpli häzirem azyndan headed bir gezek polisiýa bölümine ýa-da suda baryp gaýdýaryn... Ikiýana öwsüp duran liboş çepçi bolup, kyblamy Günbatar merkezlerine öwren bolsadym, üstüm baýraklardan dolardy! Garaşsyz žurnalistlikde başyñyzy dik tutup ýol aşsañyz, ne Musaga, ne Isaga ýaranarsyñyz! Daşary ýurdy beýlede goýaly, Odatv ministri wezipesinden giderip biljek habar taýýarlaýar, oña Türkiýäniñ Žurnalistler jemgyýeti-de baýrak berenok! Owarram, iñ uly baýragy taryh berer!.. Mowzugyma dolanyp geleýin: Köçe gürrüñdeşliklerini geçirýän üç ýaş youtuber: Arif Kojabyýyk, Hasan Köksoý, Turan Kural… Hepdäniñ ahyrynda bir wagtyñ özünde üçüsi-de tussag edildi. Kameralary, mikrofonlary ellerinden alyndy. Üç youtubere jeza kesildi: öý tussagy! Ýagny, "köçä çykyp, reportaž geçirmeli däl!" Aklawjylary auditli boşadylma üçin gol hukugy talap edendigine garamazdan öý tussagy berilmeginiñ sebäbi belli dälmi? Hökümet üç ýaş ýigidiñ halka berýän sowallaryndan bimaza boljak derejede ruh halyna geldimi? Bu ýurtda sowal bermek günämi? AKP näme edýändigini bir bilýärmikä? Gürrüñi Ak-trollaryñ her gün sosial mediýada ýalan habarlary ýaýradyp, dardan asma oýnuny oýnaýandyklary meselesine getirjegem däl. Türkiýede 56,4 million sosyal mediýa ulanyjysy bar. Siz bu adamlaryñ sesini kesip bilerin öýdýärsiñizmi? AKP hökümeti nirä barýar? Goýberiñ, Youtuber sorasyn, halk gürlesin. Üç Youtuber derhal boşadylsyn. Haýp dälmi bu ýigitlere… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |