14:29 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
![]() Telekeçi boldy, ykbaly utup, Baý, baýap gitdi Ata kesbin tutup. Bar harydyn pula çalşyp gutardy — Indi gazanç edýär lebzini satyp. Nebse haý diýp, hak üçin urup gadam, Soň namaz okasaň, niçik bor adam?! Il gözüne çöp atyp eglip-galýaň — Ýa hasaplap ýörmüň Allanam nadan?! Dili dogada, edýäni ogurlyk, Haýran galyp, diýseňem bu nä gylyk?! Almaga şeýle bir endik edipdir — Görse, haram gyldanam aljak ýolup. • XII-XIII asyrda ýaşap, gündogar edebiýatynda guş dili adalgasyny girizen örän meşhur akyldar şahyr hem yslam ulamasy Feridetdin Attardan: Pana ygtybar ýok, dilim guş dili, Syrdaşym ýok, derdim aýdarym ýaly. Hak Hossarym ýetiş guluň dadyna — Ýalançyda ne diri men, ne öli. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |