09:21 Rus durmuşynyñ ensiklopediýasy hökmünde dostum Iwan | |
RUS DURMUŞYNYÑ ENSIKLOPEDIÝASY HÖKMÜNDE DOSTUM IWAN
Publisistika
Ol juda gowy, ýagşylyk etmegi halaýan, göwnaçyk adam. Onuñ diñe "watansöýüjilik" garaýşy gelip-geçip duran ähli ýolbaşçylara ytagat etmäge esaslanýar Iwan bilen kyrk iki ýyl mundan öñ Sowet Soýuzynda tanşypdym. Onuñ gönümelligi, päk ýürekliligi, ýagşylyk etmegi gowy görýän göwnaçyk adamdygy ünsümi çekipdi. Ol menden on ýaş uludy. Bir mahallar meniñ rus dilini bilşim ýabygorlydy, emma Iwan maña düşünjek, meniñ bilen Türkiýe barada gürrüñ etjek we birnäçe meselede maña kömek berjek bolup jan edýärdi. Şeýle-de biz ýygy-ýygydan syýasatyñ we şol wagt ýurduñ başynda oturan Brežnewiñ gürrüñini edýärdik. Döwlet ýolbaşçysynyñ adyny hemişe haýran galyjylyk bilen tutýan Iwan okan kitaplaryna salgylanardy we şular ýaly ýolbaşysynyñ bardygy üçin sowet halkynyñ örän bagtlydygyny gaýtalardy. Her gezeginde men Brežnewiñ öte garrandygyny we zordan gürleýändigimi aýdanymda maña gygyrýardy: - Senem bir gün garrarsyñ-da. Bular ýaly zatlar bolaýmaly zat. Emma ol şonda-da başyny dik tutup göreşini dowam etdirýär. Men onuñ ýene nijeme ýyl bize ýolbaşçylyk etjekdigine ynanýaryn! * * * 1982-nji ýylyñ 10-njy noýabrynda Brežnew aradan çykanda Iwan ýarym-ýaş bolup aglapdy. Ertesi gün onuñ öýünde içip otyrkak (ruslar çaga doglanda bolşy ýaly, öleniñ yzynda-da arak içýärler) "Gynanjymyz uly, çakdanaşa uly" diýipdi we uludan demini alandan soñ gözüniñ ýaşyny süpüripdi. Şol wagt onuñ gelinligi bolan Nataşanyñ Iwana bildirmän gülýändigini duýdum. Az wagtdan soñ Iwan aýak ýoluna gidende men munuñ sebäbini soradym. - Iwan idealist we sada oglan. Hem ol watanyna we partiýasyna wepaly. Ol birine örklenenden soñ, onuñ kemçiliklerini gözi görmeýär. - Nataşa birnäçe sekunt sägindi-de, sözüni şeýle dowam etdirdi: - Dogrymy aýtsam, bu meniñ bähbidime bolan aýratynlygy. Çünki edil häzir ol iñ köp maña örklenendigini duýýar. * * * Täze baş sekretar Andropow KGB-niñ çekistidi. Ol işe berk girişdi. Çakdanaşa ýumşakdygy we soñky ýyllarda birnäçe meselä ýüzleý garandygy aýdylan Brežnewiñ ýalñyşlyklaryny aradan aýyrmak üçin önümçilikden bilim sistemasyna çenli birgiden düzgünler we gadagançylyklar girizildi. Eden-etdilige, korrupsiýa garşy göreş güýçlendi. Iş wagtynda köçede gezip ýören uly ýaşly adamlara sowet milisiýasynyñ "Sen nämüçin şumat iş ýerinde ýa mekdepde däl. Ýör opornyý punkta!" diýilýän döwrüdi. Toýa taýýarlyk görýän Iwan bilen Nataşanyñ ýanyna myhmançylyga gidipdim. Iwanyñ şatlygynyñ çägi ýokdy. "Öýlenýäniñe begenýäñmi?" diýip soradym. Onuñ beren jogaby täsindi: - Ýok, ýurdumyzyñ aýaga galandygyna, tertip-düzgüniñ güýçlenendigine, täze ýolbaşçymyzyñ täze galkynyş getirendigine begenýärin! Sesimi çykarmadym. Nataşa seretdim, ol Iwana bildirmän ýañsyly gülýärdi. * * * 1984-nji ýylyñ 9-njy fewraly. Ýaş çatynjalaryñ toý tutanyna tegelek bir ýyl dolupdy. Garaşylmadyk zat bolup geçdi. Andropowyñ ölüm habary geldi. Gözleri çym-gyzyl bolan Iwan "Bular ýaly günde üýşmeleñ edip bolmaz!" diýýärdi. Soñky ýolbaşçy hem o diýen "täze" we sagdyn däldi. Ölen Andropowdan üç ýaş uly Çernenko 72 ýaşyndady we saglygynyñ gowy däldigi başyndan bellidi. Emma biziñ Iwanymyz munuñ bilen hiç ylalaşmayardy we onuñ aýratynam ideologiýa we propoganda boýunça "ýokary tejribesiniñ" SSSR-iñ peýdasyna boljakdygyny ýanjap durýardy. Indi bular ýaly gürrüñlerde Nataşanyñ ýüzünde ýañsyly gülümsiremelerden has köp biperwaýlyk bardy. Çernenko häkimiýet başynda oturan on üçünji aýyny-da tamamlap bilmän, 1985-nji ýylyñ 10-njy martynda aradan çykdy. Iwanyñ ýüzüni turşadyp arak içip durka birdenkä stoly ýumruklandygy ýadyma düşýär: - Bärde ýa imperialistleriñ eli ýa-da bir şowsuzlyk bar bolaýmaly. Ýolbaşçylar yzly-yzyna ölýär. - Soñam durdy-durdy-da, maña çiñerildi: - Aslynda bularyñ barsy seniñ Sowet Soýuzynyna gelmegiñden soñ başlady. Şowsuzlygyñ başy sende!.. * * * Bu gezek ýaş baş sekretar iş başyna geçipdi. Gorbaçýow barada Iwanyñ agzyndan eşiden birinji syýasy gürrüñim, onuñ "hiç kim goltugyna girmezden, hatda hasa hem ulanmazdan ýöräp bilýän sowet lideridigini" aýtmagy boldu. Kän wagt geçmänkä birnäçe reformalar geçirildi. Gorbaçýow jemgyýeti işjeñleşdirmek üçin täze çykyşlary edýärdi, täze maksatnamalary kabul edýärdi. Ilki "çaltlandyrma we täzelenme", soñra "üýtgedip gurmak we aç-açanlyk" diýildi. Jemgyýet dogrudanam janlanypdy. Iwan joşa gelipdi. "Ine, ahyrsoñy hakyky lidere gowuşdyk" diýýärdi. Men oña öñki ähli liderlere-de şeýle pikirde bolandygyny ýatladanymda, "Hemişekiñ ýaly señ ýüregiñ gara" diýip, gaharlanjak boldy. Nataşa äriniñ añyrsyndan maña "bu gürrüñi bes et" diýýän manyda düşnüksiz yşaratlary etdi. Dymdym. * * * Gorbaçýowyñ ilkibaşda höweslendiren tankyt we protest mehanizmleri gitdigiçe onuñ özüni nyşanalamaga başlady. Häkimiýet başynda oturan sowet lideriniñ birinji gezek bular ýaly berk garşylyklara uçrap durşudy. Emma Iwanyñ agzyndan Gorbaçýow barada ýeke otrisatel söz çykmady. Onuñ spirtli içgilere girizen çäklendirmelerine gynanýandygyny bilip duranam bolsam, dostum şonda-da "Elbet bir hasaby bardye, ýogsam ýaşlar beýdip içip ýörseler, jemgyýetimiz tutuşlygyna arakhor bolup dynjag-a!" diýip, onuñ arkasynda durmaga synanyşýardy. Dünýäde "Sowuk urşy" soñlandyrandygy we ýaraglanşygy haýalladandygy üçin "XX asyryñ iñ tanymal lideri" yglan edilen Gorbaçýow öz ýurdunda başdan geçiren kynçylyklary, döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşyk we käbir sowet respublikalarynyñ hökümetiniñ eden basyşlary netijesinde 1991-nji ýylyñ 25-nji dekabrynda wezipesinden meýletin el çekip, SSSR-iñ taryhyna-da soñky nokady goýdy. Telewizor Kremliñ depesindäki "orak-çekiçli" gyzyl baýdagyñ düşürilip durşuny görkezende, Iwan "muña tomaşa etmek hakyky watansöýüji üçin ölümdenem beter" diýipdi. Stolumyzda sessizlik höküm sürýärdi. Gözleri dolan Iwan "Men içerik gireýin-le, çagalar meni çagyrýar öýdýän" diýen bolup, gözden ýitdi. Nataşa hem çüýlenen ýaly ýere seredip durdy. * * * Russiýada täze şemal öwüsýärdi: Ýelsiniñ şemaly. Iwan her gezek bulguryny çakyşdyranda: "Ine, güýçli ýolbaşçy şular ýaly bolmaly! Ine, rus mužikleriniñ idealy şular ýaly bolmaly! Ahyrynda gözleýän adamymyzy tapdyk" diýýärdi. "Aragyñ duşmany" we "imperialistleriñ oýnatgysy" Gorbaçýowdan soñ Ýelsiniñ käte aşa serhoş halda halkara duşuşyklarda masgara bolşuny-da bolaýmaly zat ýaly görýärdi. Bir gezek men durup bilmän: - Boldy etsene indi, Iwan! Biri-birinden tapawutly ençeme ýolbaşçy gelip-geçdi. Sen bolsa kim başa geçse şony ikelläp goldaýañ - diýip, söze başlan badyma, ol heniz jogap bermänkä Nataşa: - Prowokatorlyk etme indi, Hakan! - diýip, meni sem edipdi. Dymdym we jedelli gürrüñimizi dowam etdirmedim. Çünki Iwan juda gowy adamdy. Hem meni diýseñ gowy görýärdim. Dostlugyna ynanýardym. Häzir men oña gaharlanamda näme boljak? Üýtgejek zat barmy? * * * Çak edişiñiz ýaly, Iwan eýýäm birnäçe wagt bäri Putiniñ tarapyny tutýar. Putiniñ ony iş başyna getiren Ýelsinden we ondan öñki Gorbaçýowdan has üýtgeşik adamdygyny bütin dünýä ýaly Iwanam bilýär. Meniñ "T24"-däki makalalarymy okaýar we wideoprogrammalarymy görýär. Uruş turanda beren düşündirişim sebäpli maña jañ edip sögünipdem. Men oña: - Iwan, sen Kiýewde dogulmanmydyñ näme? - diýemde, añyrsyndan Nataşanyñ çasly sesi eşidilipdi: - Hakan Aksaý häzirem prowokatorlygyny edýär!" Näme diýip bilerin? Iwan meniñ onlarça ýyllap iñ ýakyn dostum bolup geldi, şeýle ýagşy adam bilen bile gören nijeme horlukdyr kösenjim bar, ýatlamalarym bar. Ol häzirem meniñ iñ gowy dostum bolmagynda galýar. Diñe patyşalaryñ, kommunistik partiýanyñ baş sekretarlarynyñ we döwlet ýolbaşçylarynyñ höküm sürýän Russiýasynda elmydama döwleti, döwletiñ başyndaky "demir ýumrugy", onuñ jemgyýete getirjek (ýok, demokratiýany, adam hukuklaryny, azatlyklary däl) "asudalygyny" mukaddesleşdirip ýaşamaga öwrenşipdi. Onuñ bütin ömrüni ýönekeý rus raýatynyñ aýnasy hasaplap boljakdy we belli bir derejede "rus durmuşynyñ ensiklopediýasy" ýalydy. Soñra bular ýaly ýagdaýlarda hemişe edişim ýaly özüme dolandym. Ömrümde ýeke gezekligem bolsa goldan ýa-da ýakynlyk duýan partiýa ýolbaşçysy ýa-da lider syýasy häkimiýete gelmändi. Ýyllarymy her gün okaýan, eşidýän, görýän onlarça, ýüzlerçe habarlarymda elmydama häkimiýetiñ ýalñyşlyklaryny görüp we görkezmäge synanyşyp ýaşamaga öwrenişipdim. Üstesine, tankyt edende örän ünsli, örän eserdeñ hem bolmak gerekdi. Bütin bu zatlardan ýaña ýadamazlyk mümkin däl. Häzir men bulary kellämde aýlap durşuma, dogrusy, onlarça ýyllap arasynda ýaşan we ýaşatdyran "uýgunlaşmaga ukyply syýasy şertinden" sebäp Iwana ýeke pursatlyk imrinmänem durmadym. Ýöne men asla onuñ ýaly biri bolup bilmerin. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 20.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |