17:16 Ryza Talebi: "Talaşgärleriñ kesgitlenişi saýlawyñ adalatly bolmajakdygyny eýýämden belli edýär" | |
RYZA TALEBI: "TALAŞGÄRLERIÑ KESGITLENIŞI SAÝLAWYÑ ADALATLY BOLMAJAKDYGYNY EÝÝÄMDEN BELLI EDÝÄR
Publisistika
Eýran we Ýakyn Gündogar boýunça spesialist Ryza Talebi Eýranyñ prezidentligine geçirilýän saýlawlar boýunça soraglara jogap berýär Prezident Ibrahim Reisiniñ geçen 19-njy maýda Azerbaýjandan gaýdyp gelýärkä wertolýot heläkçiligine uçramagy netijesinde aradan çykmagy Eýranda öñümizdäki ýyl geçirilmegine garaşylýan saýlawlarynyñ wagtyndan öñe çekilmegine sebäp boldy. Diñe prezident däl, eýsem dini liderligiñem iñ güýçli talaşgäri bolan Reisiniñ aradan çykmadyk ýagdaýynda Hünärmenler geñeşiniñ ýygnanşygynda ýurduñ iñ ýokarky kürsüsine oturmagy daşda däldi. Emma Reisiniñ şübheli ýagdaýda aradan çykmagy diñe eýran syýasatynda däl, sebitdäki ýagdaýlarda-da birtopar nämälimlikleriñ ýüze çykmagyna sebäp boldy. Germaniýaly Eýran we Ýakyn Gündogar boýunça hünärmen Ryza Talebi 28-nji iýunda geçiriljek etran prezidentligine saýlawlar barada soraglarymyza jogap berdi. • "Reisiniñ ölümi sebitde-de birtopar nämälimlikleriñ orta çykmagyna getirdi" Ryza Talebiniñ pikiriçe, ýadro boýunça Eýrandyr Günbataryñ arasyndaky meseleleriñ gutarnykly çözülmezligi bilen bir hatarda Yrak, Ýemen, Siriýa, Liwan ýaly ýurtlarda Tähranyñ arkasynda durandygy belli güýçlere berilýän çäksiz goldawlaryñ soñunyñ näme boljakdygy belli däl. Talebi "2020-nji ýylyñ ýanwar aýynda Kasym Süleýmanynyñ Yrakda amerikan güýçleri tarapyndan öldürilmeginden soñ harby we diplomatiki ugurlarda bolup geçen şowsuzlyklar tapgyry dowam etdi durdy" diýýär. Ryza Talebi • "Öñ talaşgärligi kabul edilmedik şahslaryñam bu saýlawda tassyklanmagy geñ görülýär" Günbatar bilen gepleşikleriniñ arasyny üzendigine garamazdan, Eýranyñ Omanyñ üstünden ABŞ bilen gepleşikler geçirýändigini ýatladan Ryza Talebi "Russiýa bilen köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy baglaşmagyñ şertnamasy ukrain frontunda Russiýany goldaýandygyna garamazdan saýlawdan soña goýuldy. Ykdysadyýetiñ kynçylykly ýagdaýyna garşy gönügen protest demonstrasiýalarynyñ barha güýçlenýän şertinde dini lider Hamaneýiñ oglunyñ häkimiýetiñ ýokarky basgançagyna oturmagy baradaky myş-myşlar bu saýlawlaryñ ähmiýetini hasam artdyrýar. Saýlanmaga hukugy bolan birgiden möhüm adamyñ talaşgärligi Konstitusiýany Goraýjylar Geñeşi ret edilenem bolsa, jemgyýetde agramy bolmadyk adamlaryñ talaşgärligi tassyklandy" diýýär. "Mundan öñki saýlawlarda talaşgärligi kabul edilmedik şahslaryñam bu saýlawda tassyklanmagy geñ görülýär" diýen Talebi sözüniñ üstüne şulary goşdy: "Bütin şu garjaşyklygyñ içinde asly azerbaýjan medisina professory Mesud Pezeşkiýanyñ "reformist" talaşgär hökmünde kabul edilmegi üns bererlokli. Türki dilde gepläp bilmegi bilen bir hatarda kürt dilini-de bilþän Pezeşkiýan "reformistligini" bilen bir hatarda konserwatiw garaýyşlary bilenem jemgyýetiñ ýakyndan tanaýan syýasatçysy. Güýçli oratorlyk ukybyna eýe Pezeşkiýanyn etniki we dini azlyklar üçin adalat şygarlarynyñ çäginde, türk (azeriler we türkmenler -t.b), kürt, buluç jemgyýetlerine hak-hukuklaryñ berilmegini talap etmeginiñ ýany bilen uzak wagtlap Tähranyñ halk deputaty bolup işlemegi-de onuñ ýene bir artykmaçlygy hasaplanýar. • "Täze nesiller has adalatly hökümetiñ bolmagyny talap edilýär" Talebi "bu gatlaklaryñ saýlaw sandyklarynyñ başyna äkidilmedik ýagdaýynda gatnaşygyñ pes boljagyna hemmelerem kepil geçse gerek. Syýasatşynas Hanna Arendtiñem aýdyşy ýaly, "Güýç san taýdan köplükde däl-de, bilelikde hereket etme ukybynadyr" diýýär. "Hususanam, sosial mediýany aktiw ulanýan täze nesiller has adalatly hökümetiñ bolmagyny talap edilýär" diýýän Ryza Talebi: "Umumy meñzeşlikleri konserwatiwlik bolan beýleki talaşgärler boýunça şübheli ýagdaýlar üns merkezindekä, megerem Konstitusiýany Goraýjylar Geñeşi indi prezident kürsûsine oturjak adam babarda belli karar gelendir. Bu nukdaýnazardan saýlawyñ formal görnüşiniñ bardygyny aýtsak öte geçdigimiz bolmaz" diýdi. • "Jemgyýetiñ talaplarynyñ hemişe palasyñ aşagyna syrylmagy häzirki ýagdaýyñ dowam etjekdigini-de görkezýändigi üçin ýaramaz täsirini ýetirýär" Talebi "Karl Popper diktatorial režimlerde karizmatiki liderleriñ saýlawlary manipilirlemek arkalu güýçlerini berkidýändigini aýdýar. Eýranda bu ýagdaý Aýatolla Hamaneýiñ şahsyýetiniñ üstünden güýje girizilýär. Şonuñ üçin Hamaneý saýlawlara gatnaşygyñ pes boljakdygyna gynanybam duranok. Häzirki häkimiýetiñ güýjüni berkitmegiñ ýerine halkyñ dürli gatlaklarynyñ isleg-talaplaryny kanagatlabdyrmak ukyby bolan lideriñ saýlanmagy ýurtdaky durnukly asudalyk şertiniñ emele gelmegini üpjün eder" diýýär. Ryza Talebi sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Eýrandaky güýçli merkezi agalyga garamazdan, gemgyýetiñ talaplarynyñ hemişe palasyñ aşagyna syrylmagy häzirki ýagdaýyñ dowam etjekdigini-de görkezýändigi üçin ýaramaz täsirini ýetirýär. Talaşgärleriñ saýlaw döwründe deñ derejede propoganda geçirip bilmezligi giñ gatlaklaryñ saýlawlara gatnaşygyna päsgel berýän başga bir faktor". • "Aýatolla Hameneýiñ karizmasy olary-da halas edýär" "Reformistleriñ aýdýanlarynyñ jemgyýetde garşylyk tapmazlygy öz aralaryndaky ýerliksizliklerden we oñşuksyzlyklardan gelip çykýar" diýen Talebi "Şonuñ üçinem Pezeşkiýan ýalu syýasatçynyñ talaşgärliginiñ hasaba alynmagy-da ýeterlik bolup bilmeýär. Konserwatiwleriñ arasynda-da düýpli düşünişmezlikleriñ bardygyna garamazdan, netijede Ayatolla Hamaneýiñ karizmasy olary-da halas edýär" diýdi. • "Şeýle şertlerde ýurduñ ýagty geljeginiñ hatyrasyna adalatly saýlawyñ geçiriljegine köpçülik ynanmaýar" Ýurtdaky nämälim ýagdaýda geçiriljek saýlawda gatnaşygyñ pes boljagynyñ eýýämden bildirmeginiñ umytsyzlygy çuñlaşdyrýandygyny aýdýan Talebi "Reformistleriñ we etniki azlyklaryñ hak-hukuklarynyñ goragçysy hökmünde görkezilen Pezeşkiýanyñ ortada bolmagy belki-de az-owlak umyt yşygy hasaplanyp bilner. Emma meniñ özüm-ä umytlaryñ tükenendigini aýdasym gelýär. Şeýle şertlerde ýurduñ ýagty geljeginiñ hatyrasyna adalatly saýlawyñ geçiriljegine köpçülik ynanmaýar. Çünki saýlawdan öñki propogandalarda asudalygyñ we halkyñ bol-elin durmuşynyñ asla göz öñüne tutulmaýandygyny görýäris" diýip, sözlerini tamamlady. Maýis ALIZADE. Penşenbe, 20.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |