SADYK HIDAÝAT
Sadyk Hidaýat, Eýranyñ häzirki zaman edebiýatynyñ iñ görnükli ýazyjysy.
■ Ömri we döredijiligi
Sadyk Hidaýat, 1903-nji ýylyñ 17-nji fewralynda Tähranda dogulýar we bu ýerdäki fransuz liseýinde okaýar. 1925-nji ýylda okuwyna dowam etmek üçin Ýewropa gidýär. Ilki diş lukmanlygy bilen gyzyklananam bolsa, soñra bu pikirinden el çekýär. Dört ýyllap Fransiýada, Belgiýada bolandan soñra, Eýrana dolanýar.
Ilkinji hekaýalaryny Parijde ýazyp başlaýar. 1936-njy ýylda Hindistana gidýär, ol ýerde sanskrit dilini öwrenýär, buddizmi derñeýär we Buddanyñ ýazgylaryny pars diline geçirýär.
Sadyk Hidaýat Guý de Mopassanyñ, A.P.Çehowyñ, Rilkeniñ, Edgar Alan Ponyñ, Frans Kafkanyñ eserlerini çuññur öwrenýär.
Ol öz döreden eserleri bilen eýran dilini we edebiýatyny häzirki zaman dünýä edebiýatynyñ aýrylmaz bir bölegine öwüren ýazyjy hökmünde görülýär.
Sadyk Hidaýatyñ iñ meşhur eseri 1937-nji ýylda Bombeýde neşir edilen "Kör baýguş" romanydyr.
Bethoweni, Çaýkowskini diñlemegi uçursyz halan we ölemen tirýekiligi bilen tanalan ýazyjy suratkeşlik bilen hem gyzyklanypdyr. Ol ölenden soñra çeken suratlary jemlenipdir. Onuñ suratlary käbirlerine görä manysyzdyr, käbirlerine görä bolsa gelejegiñ suratlarydyr.
Ölümini onuñ 25 ýyllyk ýakyn dosty, ýazyjy Bozorg Alewi şeýle beýan edýär:
"1951-nji ýylyñ 9-njy aprelinde otagyna girip, hemme ýerleri petikläp çykandan soñra, gaz plitasyny açypdyr... Ertesi gün ony görmäge gelen dosty, ýazyjyny aşhanada ýatan ýerinde görüpdir. Arassaja geýinen, saç-sakgaly syrylandy..."
Ýazyjy Parijiñ "Per Laşez" gonamçylygyna jaýlanýar. Sadyk Hidaýatyñ eserleri häzirki wagtda Ýewropadaky yslamçy gatlaklaryñ ýiti tankytlaryny almagyny dowam edýär.
Onuñ birnäçe romanlary, aýratynam "Hajy aga", "Kör baýguş" romanlary 2005-nji ýylda Tähranda gurnalan XVIII Halkara kitap sergisinde görkezmek gadagan edildi.
■ Eserleri:
1). "Diriligine gömülen" ("Zindeh be-gur");
2). "Mongol kölegesi" ("Saýeh-ýe Moghol");
3). "Üç damja gan" ("Seh katreh khun");
4). "Alagarañkylyk" ("Saýeh Rushan");
5). "Alewiýa Hanym";
6). "Baý Haw Haw";
7). "Kör Baýguş" ("Bûf-i kûr");
8). "Aýlak köpek" ("Sag-e Welgard");
9). "Hajy aga";
10). "Yslam kerweni" ("Karewane eslam");
11). "Sasany gyzy Perwin";
12). "Mazýar";
13). "Yspyhan- Jahanyñ ýarysy" ("Esfehan nesf-e Jahan");
14). "Haýýamyñ rubagylary";
15). "Ynsan we haýwan";
16). "Ölüm";
17). "Kafkanyñ haty" we başgalar...
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly