22:46 Şagal mesligi | |
ŞAGAL MESLIGI
Hekaýalar
(Allegoriki kyssa) Başda olaram gurtdylar. Onda-da çöl gurtlary. Boz gurtlar. Bütin sähra-gaýrada tä sümme tokaýlyklara, ileride kemer-kemer gaýaly gojaman daglara çenli ýaýylyp ýatan giň meýdan şolaryňkydy. Daglarda alajabarslar, tokaýlyklarda bolsa goňur aýylar ýaşaýardylar. Ýöne, özleriniň güýçlidiklerine garamazdan olaryň birem gurtlara batyrynyp bilmeýärdiler. Awlaklaryna gelmäne, suwlaklaryna inmäge çekinýärdiler. Sebäbi, boz gurtlar dogumlydylar, öz rysgallaryny hiç kime iýdirmeýärdiler, haklaryny hiç kime aldyrmaýardylar, özlerini hiç kime kemsitdirmeýärdiler. Olar öz çagalaryna-da gurt terbiýesini berýärdiler, şonuň üçinem olaryň çagalaram gurt bolup ýetişýärdiler we ata-babalarynyň dogumlylyk kesplerini dowam etdirýärdiler. Olaryň hemmesine Boz gurt baş tutanlyk edýärdi. Ýöne, tebigatda baky zat ýok. Hemme zat hereketde, barça zat üýtgewde. Şoňa görä birden-kä gurtlaryň arasyna agzalalyk düşdi. Iki sany uly orda olja alnan bir süri goýnuň üstünde oňuşmady we dawanyň soňy iki taraplaýyn uly urşa ýazdy. Şonda olaryň özleri goýunlardanam köp gyryldylar. Şol söweşde Boz gurduň özem öldi. Şeýdip agyr orda dargady. Baş-başdaklyk başlandy. Olaryň agzyny gaýtadan birikdirip biljek başga bir Baş gurt bolsa tapylmady. Şondan bärem gurt ähliniň barysy belli bir baştutansyz, bir bölegi ol oýda, bir bölegi bu golda topar-topar ygyşyp – soguşyp ýörler. Ýöne, üstlerine howp abanan wagty welin, damarlaryndaky gurt ganlary gaýnap, dogumlylyk duýgulary oýanyp, derrew başlary jemlenýär we duşmana bilelikde gaýtawul bermäne, ýeňiş gazanmana,sährany gorap saklamana göwrelerinde gaýrat döreýär. Gyzgyn sähra welin, gurtlardan hernäçe heder etseler-de alajabarslaram, goňur aýylaram köp wagtdan bäri göz dikýärdiler, pursata garaşýardylar. Gurt agzalalygynyň uçursyz uzaga çekilmegi öňi bilen alajabarslaryň aňlarynda şol pursatyň gelip ýetendigi baradaky pikiri döretdi, basybalyjylyk duýgularyny oýardy. Şol duýgy hem günlerde bir gün barslaryň baştutany Pürçükgulagyň öz ýaranlaryny daşyna ýygnap, gyssagly hem çynlakaý suratda maslahat geçirmegine sebäp boldy. Ol belent gaýanyň üstünde syrtyny ýere urup oturşyna, içinde boz gurtlar ýaýnaşyp ýören ýaşyl ýaýlalara tarap uzak wagtlap, siňe-siňe seretdi-de: ―Wagt ýetdi, ―diýdi. ―Nämäniň wagty ýetdi―diýşip, biri-birleriniň böwürlerini ýassanyşyp ýatan alajabarslaryň barysy birden, alahasyrdy bolşup ýerlendien galdylar. Pürçükgulak özüne mahsus agraslygy bilen iňňän haýal gepledi. ―Şundan şeýläk şol sähra biziňki bolmaly. Boýnunyň tüýleri ösgün, jahylrak bir bars gerşini Güne çoýup ýatyşyna bokurdagynda dag keýginiň süňki galandygy sebäpli gyryljyrap duran çakyr sesi bilen “jygyr-jygyr” etdi. ―Weý, ol sähra gurtlaryňky ahyryn. Olar ol ýerde ençeme möwrütlerden bäri nesilme-nesil ýaşap gelýäler-ä... Pürçükgulak şol bir terzini bozman, ýöne diýseň kesgin we dözümli gepledi. ―Dogry. Öň şeýledi, ýöne, indi beýle bolmaz. Biz köpeldik. Daglaryň dereleri jülgeleri indi bize darlyk edýär. Üstesine bu ýerde aw hem azaldy. Çeşmeler köräp başlady. Dogry, ot kän, ýöne biz ony iýemizok. ―Diýmek basyp almaly-da! ―Gözüniň şöhlesi öçeňkirlän, öň köp tutluşyklarda tapawutlanyp “zor” adyny alan körümşek garry bars “Pürçükgulaga” tarap gyýalap garady. ―Garşylyg-a bolar. Onda-da iňňän güýçli bolar. Çünki, gurt birine bakna bolandan ölenini gowy görýändir. Agzalalyklaryna, baştutansyzlyklaryna–da bil baglap bolmaz. Ýagy görse başlarynyň birikýandigini bolsa baryňyz göre-göre gelýäňiz. Pürçükgulak Zor barsa gyňraýlyp bakdy. ―Näme gorkýaňmy? ―Meň gorkak däldigimi şu dagyň içindäki jandarlaryň hemmesi bilýändir. Men ýöne boljak işi aýdýan. Gurtlar “gurt oýnuny” görkezmän boýun bolmazlar, sährany bermezler. Pürçükgulak pikirinden dänmedi. ―Barybir biz ýeňeris. Sebäbi, olar gurt bolsalar biz bars. Bars bilen gurduň oýny öňem deň gelen däldir, indem deň gelmez. Üstesine ençeme wagtyň agzalalygy zerarly olar ysgyndan gaçdylar. Baş gurduň söweş taglymatlaryny unutdylar. Şonuň üçinem, ýürekleri, aňlary gurduňkam bolsa hereketleri başgaça bolar. Men bu pursata kän garaşdym. Şu mümkinçiligi elden bersek, uly ýitgä galdygymyz indiki nesillerimiziň öňünde günäkär boldugymyz bolar. Ençeme ýyl bäri Pürçükgulak bilen tirkeşip, önüşip-ösüşip ýören uzyn bykynly, urkaçy barslaryň arasynda iň bir sypaýysy saýylýan ene bars owadan gözlerini süzüp ýatyşyna çekinjeňlik bilen gürrüňe goşuldy. ―Bars bolup gurt bilen darkaş gurmak, onuň agzyndaky aşynya göz dikmek, çölde ýaşamak bize uslypmydyr? Gören-eşiden näme diýer? ―Biz olaryň aşyna göz dikmeris, agyzlaryndan gaňryp alarys. Darkaşam gurmarys. Göni bararys-da:sähradan çykyň, gyrak-bujaga, çete–çemere çekiliň, diýeris. Garşylyk görkezseler welin, çym-pytrak ederis. Onsoňam biz çölde ýaşamarys. Sährany alyp, özlerinem bakna edenimizden soň çöl nygmatlaryny olaryň özleri üstümize getirip bererler. Biz bolsak salkynjak gowaklarymyzyň içinde ýatyp keýp çekeris. ―Dogry aýdýaň... ―Jahyl bars bokurdagyny arçajak bolup tüýkligine düwündi. Baştutanlaryna tarap minnetdarlyk bilen garady. ―Barsyň bir garny aç wagty doýup iýmek, gurda ýaraşmaz. Bu tebigatyň kanunyna ters gelýär. Kim güýçli bolsa ýagly lukmany şol iýmeli. Şondan soň barslar boz gurtlaryň giň sährasyna ediljek söweşjeň ýörişiň maslahatyna girişdiler. Wagtyny kesgitlediler. Öňürti söz bilen duýudrmaly, boýun egmeseler göz görkezmeli, güýç bilen basyp almaly, diýibem maslahaty jemlediler. Ýörişe ýolbaşçylyk etmekligi Zor barsa tabşyrdylar. Bu habar ýyldyrym çaltlygynda boz gurtlara-da, olaryň üstaşyry geçip goňur aýylara-da ýetdi. Gurtlar söweşe taýýarlyk görüp başladylar. Aýylar bolsa:”Sährany eýeleseler barslar biziň alkymymyza dykylyp gelerler, onsoň iru-giç bize-de erjeşip ugrarlar, iň bolmanda ynjalyk bermezler, asyl, bir gapdalymyzda barslar “hyňranşyp” ýörkäler özümizem ynjalykly oturyp bilmeris, şonuň üçinem wagtyň gelendigi çyn bolsa, her zat etmeli welin, sährany olardan öňürti özümiz basyp almaly, boz gurtlary barslardan öňürti özümiz boýun egdirmeli”, diýdiler. Çünki, sähranyň bol çöpüni, ir-iýmişini, mal-garalaryny öz ygtyýarlaryna geçirmeklik, gurtlary boýun egdirip sähranyň üsti bilen başga-başga jandarlaryň hatda pilleriň ýaşaýan ýurtlaryna çenli hüjüme gitmek höwesi goňur aýylary gaty irden bäri ynjalyksyzlandyrýardy, ýöne, olaram pursata garaşýardylar, pursatyň ýetip gelendiginden welin bihabardylar, sebäbi, goňur aýylaryň jansyzlary barslaryňka görä haýal işleýärdiler, bir ýumuş bilen bir ýana iberilselerem ýolda bal ýa şoňa meňzeş damak süýjeder ýaly bir zat tapsalar garynlaryny doýurýardylar-da tä, indiki ýaza çenli şol ýerde uklap galaýýardylar, soňam: Men-ä hiç zat görmedim, eşitmedim, diýen ýaly ýalan-ýaşryk sözleri bilen yzlaryna dolanyp baraýýardylar. Baştutanlaram olaryň yzlaryny derňäbem durmaýardylar. Ine, indi gurtlaryň ýurduna ýöriş etmekligiň wagtynyň ýetendigini barslaryň üsti bilen bilensoňlar welin, özleriniň ýalta, haýal-ýagal hereketlerine mahsus bolmadyk çalasynlyk bilen iňňän çalt hereket etdiler we barslara göz edip, gündüziň-güni ürgün çägeli gyzgyn sähranyň içine süsňäp girdiler. Olaryň bu hereketleri barslaryň namys duýgularyny oýardy. Ýöne, gurtlar üçin goňur aýylar bilen tutluşyga giresleri gelmedi. Düşünişmek üçin bolsa iň bir dilewarlary hasaplanýan Goçakkelle barsy ilçi edip iberdiler. Goňur aýylar ony badyhowalyk bilen kabul etdiler. “Bu biziň öňden bäri edip gelýän arzuwymyzdy. Eger-de şeýle arzuw sizde-de bar bolsa geliň onda biziň tarapymyzda duruň gurtlary bile ýeňeliň, soň sährany bölüşäýeris, diýdiler. Goçakkelle bu habary derhal öz kowumdaşlaryna ýetirdi. Emma Pürçükgulagyň özem, onuň ýa ýoldaşam, Zor barsam, jahyl barsam, beýlekilerem, hatda garamaýak barslaram goňur aýylaryň goýan şertlerine razy bolmadylar. “Şärikli zadyň ýüzüne kesindi degsin, onsoňam goňur aýylaryň arkasyna bukulyp gazanylan şöhrat, bize gerek däl. Galyberse-de aýylar ýeňse-hä şu pikirimizde galarys, goşulmarys, ýeňilselerem ysgyndan gaçan gurtlaryň özünem, sähralarynam hiç bir bökdençsiz eýeläris, waka haýsy tarapa çözülse-de ýitirýän zadymyz ýok” diýdiler. Gurtlar bolsa barslar çozjakmyşyn, diýen habary alan batlaryna dag tarapdaky aňňat-aňňat gum depeleriniň arasyna dolupdylar. Ýöne, duşmanyň düýbünden ters tarapdan, tokaý tarapdan gelmegi, onda-da barslaryň däl-de goňur aýylaryň gelmegi olary geň galdyrdy, “Agyz birikdirip olar bizi iki taraplaýyn, gysjak bolýandyrlar” diýen pikir bolsa iňňän aljyratdy. Çünki, ikä bölünseler güýç azaljak, güýji haýsam bolsa bir tarapa goýsalar bolsa beýleki tarap goragsyz galjak. Ýöne, gurtlaryň iňňän çalt hereket edýän käbir toparlary barslaryň hüjümi goýbolsun edendiklerini, olaryň asla serhede tarap hereket hem etmeýändiklerini habar berdiler. Şondan soň gurtlaryň ählisi bir bolup serhediň tokaý tarapky çäklerine tarap gitdiler. Ýöne, ätiýaç üçin dag tarapky serhetde hem az –owlak güýç galdyrmaklygy unutmadylar. Şeýle hem, egerde biziň bilen duşman bolmaklygy goýbolsun eden bolsalar, aýylara-da goşulmaýan bolsalar, barslary kömege çagyrmaly, diýen netijä geldiler. Şeýle hem etdiler. Ýüwrük gurtlardan birini ol ýere çapar ýolladylar. Emma ol basym ýüzüni sallap gaýdyp geldi: “Hiç kimden kömek ýok, öz günümizi özümiz görmeli”. Aýylar welin eýýäm sähranyň içindediler we özlerini iňňän arkaýyn duýýardylar. Başda olar barslaryň hakykatdan-da özlerine gahar edip gurtlara goşularyndan, öz garşylaryna uruşaryndan ätiýaç edipdiler. Ýöne, ýüwrük gurduň ýakymsyz habar bilen gelenini eşidensoňlar ýeňişiň özlerine ýar boljakdygyna çigit ýalyjak hem şübhelenmediler. Emma gurtlar şeýle bir garşylyk görkezdiler welin, olar dyr-pytrak bolup yzlaryna gaçmana, günübirin sähradan çykyp gitmäne mejbur boldular. “Gurt oýnunyň” şöhraty bada-bat hem tokaýlyklara, hem daglara, hatda ummanlaryň aňyrsyndaky bizonlar, žirafalar, kengurular ýaşap ýören ýaýlaklara çenli ýaýrady. Aýylaryň masgaraçylykly ýagdaýda gaçyp gidendikleri baradaky habar köp-köp gowgalary başlaryndan geçiren, hatda şir-peleňler bilenem tutluşyp gören alajabarslaryňam kalbyna wehim saldy. Zagdyryklapşyp duruşlaryna olaryň hersi öz ýanyndan: “Çozmanymyz gowy bolupdyr, ýogsam aýylara derek biziň masgara bolaýmagymyz ahmal eekni” diýşip pyşyrdaşdylar. Gazanan ýeňişlerine gurtlaryň özleriniňem begençleriniň çägi bolmady. Olar mundan buýana başsyz gezmezlik, öz aralaryndan birini Baş gurt edip bellemek ähli gurt bolup şonuň agzyna bakmak barada maslahat etdiler. Goňur aýylar ahmyrdan çykmak üçin ýene-de gaýdyp geläýseler, öňkülerindenem has berk gaýtawul bermekligi ýüreklerine düwdüler. Goňur aýylar welin ara az-kem wagt salyp, hakykatdan-da gaýdyp geldiler. Özlerem gurtlar entek özlerine baş gurt saýlap ýetişmänkäler, öňkülerine görä-de has köp güýç bilen geldiler. Boz gurtlar bu gezegem goňur aýylaryň öňünde gaýa dek durdular. Jan dalaşyna girdiler. Döwdüleşdiler. Aýylaryň ganynam, öz ganlarynam gaýgyrman dökdüler. Ýöne, san taýdan azdyklary zerarly agyr ýitgilere sezewar boldular, kem-kemdenem sähranyň jümmüşine tarap çekildiler. Uzaga çeken agyr söweşde öňi bilen mert gurtlaryň ölmegi, galanlarynyňam sanlarynyň azalmagy, halys surnukmaklary, käbirleriniň bolsa ýadap ýan bermekleri netijesinde suwy ajy, ýerden çogup çykýan şor kölüň başynda ýeňilendiklerini boýun almaly boldular. Goňur aýylaryň baştutany Eligyşyk olardan dyza çöküp özüne tagzym etmekligi talap etdi. Ýöne, gurtlar ölselerem dyza çökmejekdiklerini aýtdylar. ―Bolýa―diýip, Eligyşyk ulumsylyk bilen olaryň üstüne abandy. ―Biz size şeýle mümkinçilik dörederis. Haýsyňyz dyza çökmekden ölmi eý görýän bolsaňyz ho-ol, şor meýdanyň aňyrsyndaky käle üýşüň. Şol ýerde siziň islegiňiz kanagatlandyrylar. Dyza çöken gurt aman galdyrylar,çökmedikler öldürdiler. ―Dyza çöksek biziň gurtlugymyz gutarýa―diýip, ölme gitjeginem, dyza çökjeginem bilmän ýaýdanyp duran bir ýaraly gurt gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna zarynlady. Eligyşyk bala bulaşan penjelerini uly dabara bilen, “pat-pat” etdirip biri-birine urdy. ―Bize-de gerregi şol-da. Siziň gurtlugyňyzyň ýok bolup gitmegi-dä. Gorkak şagallara öwrülmegiňiz-dä... Men-men diýen daýaw, uruşda bir özi birnäçe aýynyň garşysyna urşup uly gahrymançylyk görkezen gurtlaryň kimsi öň ýakalaryny ýere basybilmän ýempeşip, kimsi art aýaklaryny şor ýer üzre süýreşip, Eligyşygyň görkezen käline tarap ýöneldiler. Az-kem ara açanlaryndanam sägindiler-de, içinden entegem uçgun syçrapşyp duran gözlerini ölme tarap gidibilmän, dyza çökmäne taýýarlanyşyp duran gurtlara dikdiler. Ol nazarlarda: “Ýörüň, sizem biz bilen ölme gidiň, dyza çökmäň, gurt adyňyza, ata-babaňyza ysnat getirmäň. Egerde bu gün gurtlugyňyzy gulçulyga çalyşsaňyz Eligyşygyň aýdyşy ýaly ertir hakykatdan-da şagala öwrülersiňiz. Şagal bolup ýaşanyňdan gurt bolup öleniň gowudyr. Gurt tohmy tükensin, emma “şagala öwrülmesin” diýen many bardy. Ýöne nätjek, tebigat hemmäni deň ýaratmandyr, yns bolsun, jyns bolsun birini mert, birini namart, ýene birini ortatap ýaradypdyr. Ol häsiýet giň ýerde, dünýäniň düz wagty bildirmese-de, şular ýaly kyn günde, jan bilen pyçagyň terezä goýlan pursatynda has aýdyň ýüze çykýar. Gyzgyn sähra üçin düýn-öňňinjik janyny gaýgyrman söweşen gurtlaryňam köpüsiniň bu gün öz janlaryny “me saňa” diýýäge-de ajalyň eline beräýesleri gelmedi. Şeýdip olaryň mertler-ä öldi, ejizlänlerem aýylaryň öňünde dyza çökdi. Gul boldy. Gurduň gurtlugy gutardy. Gurt gapana düşdi. Erkinden, ygtyýaryndan aýryldy. Dogumyndan daş düşdi. Gaýraty gaýra tesdi. Aslyýetinden mahrum boldy. Sähra ýetim galdy. Şondan soň gurtlar öz öýlerinde hyzmatkär boldular. Hojaýynlaryndan bidin çöp başyny gymyldadyp bilmediler. Biri-biriniňkä gudaçylyga-da Eligyşygyň goýan dikmelerinden bidin gidip bilmediler. Gulanly, keýikli, towşanly awlaglaryna batyrynyp bilmediler. Awlanja awlarynam şol durşuna öz aralarynda hojaýynsyrapşyp ýören dikme aýylara eltip bermeli boldular. Özleri alakadyr-syçan, suwlugan iýip oňdular. Olara indi süýji suwly çeşmelere-de inmek bolanok. Şor suwdan welin näçe içseler içibermeli. Mahlasy, goňur aýylara hyzmat etmeli. Öýkenlerine hernäçe agram düşse-de, uwlamaly däl-de, aýy bolup yňranmaly. Juda demiň içiňe sygman ýüregiň ýarylyp barýanam bolsa hiniňe bakyp uwlamaly. Aýylaryň ýüzüne dikanlap bakmaly ýa aýdanyna däl diýmeli däl. Hernäçe agzala bolsalar-da, duşman görende agyzlary birikýän merdana çöl gurtlarynyň mert ölüme derek gulçulygy saýlanlary indi ýaranmak üçin biri-birlerini aýylara satyp başladylar. Aýylaryň hereketlerine öýkünenlerem, aýynyň goňur derisine girenlerem, bütinleý aýa meňzäp gidenlerem boldy. Hemmesiniň bolmasa-da, aglabasynyň aňyndaky birwagtlar boz gurt bolandyklary baradaky buýsanç hem öz ornuny kem-kemden goňur aýylaryň ata-bablaryna bolan guwanç duýgusy bilen çalyşdy. Şo zeýilli gurtlary goňur aýylar gowy gördüler. Gurtlugyny saklajak bolýanlary bolsa ýigrendiler. Azar berdiler, aşaklyk bilen ýokladylar. Gurtlugynda galjak bolýan gurtlary ýeke bir aýylar däl, gurtlugyny ýitirip ugran gurtlaram ýigrendiler. Olaryňam ýa özleri ýaly pese düşmeklerini, binamys bolmaklaryny, ýa-da ölüp-ýitip ýok bolup gitmeklerini islediler. Şonuň üçinem, bir wagtky gany bir garyndaşlary bolan çyn gurtlaryň aýylar tarapyndan ýok edilmegine gynanmadylar-da gaýtam begendiler. Şolaryň ýok edilmegi üçin ýardamçy bolmakdanam gaýtmadylar. Aýylaryň oturan beýik kürsülerine golaýlaşmak üçin gardaşlarynyň süýeklerinden merdiwan ýasadylar. Del düzgün, pes dereje, öz aslyňa garşy gitmak, hapa iýmitler, kemsidilmeler, ruhy maýyplyk gula öwrülen gurtlaryň ýeke bir hüý-häsiýetlerine däl, daşky keşplerine-de täsir edip başlady. Öňi bilenem ownap ugradylar. Boz reňkleri goňurymtyl ýa küle reňke öwrüldi. Wagt geçdigisaýam gyzyl öwsüp başladylar. Şol döwürler olara “gyzylja gurtlar” diýdiler. Gyzylja gurtlaryň daş keşplerinde gadymy boz gurtlardan näm-nyşan galmady. Daşlaryndan seretseň olar juda egbar, ejiz, sömpi göründiler. Aralarynda ýekeje aýy bar bolsa-da saňňyldaşyp, jyňklaryny çykarybilmän, aşak bakdylar durdylar. Biri-biriňizi dişläň diýseler dişlediler, basyň diýseler basdylar, öldüriň diýseler öldürdiler. Gyzyljagurtlaryň soňky öwrenen hem-de iň eý görýan kärleriniň bir-ä enjarsyz inçe sesbilen çirkin-çirkin gygyrmak, ikinjisem biri-birleriniň üstüne gum sowurmak. Ýöne, olar gyzylja gurtlukda-da uzak saklanyp bilmediler. Hem aň taýdan, hem sypat taýdam şo-ol, ownadylar gitdiler oturdylar. Ahyyram aýylaryň öňünde dyza çökmazlik üçin nagt ajaly saýlap alyp, şor kölüň aňyrsyndaky käle geçen merdana boz gurtlaryň aýdany geldi. Gyzyljagurda öwrülen gurtlar indi özlerindenem has nadan, gorkak şagallara öwrülip başladylar. Şondan soň: şular bir wagt gurt çagalarydy, diýseler ynanar ýaly bolmady. Olary öz düzgünlerinde saklamak üçin goňur aýylara janlaryny gynamak geregem bolmady. Aralaryndan birini “şagallar başy” edip saýladylar-da, bar zady şoňa tabşyrdylar oturyberdiler. Näme etjek bolsalaram şonuň üsti bilen etdiler. Şonuň eli bilen ot gorsadylar. Şeýdip aýlar ýalandy, ýyllar öwrüldi, gyzgyn sähranyň örküç-örküç gerişleriniň üstünden agyr-agyr heňňamlar geçdi. Bol awlakly sähranyň gory azaldy. Goňur aýylary eklärden ejiz geldi. Şonuň üçinem, goňur aýylar indi assa-ýuwaşdan tokaýa tarap çekilmekligi, sährany terk etmekligi, şagallary taşlap gitmekligi ýüreklerine düwdüler. Bu barada tokaýa, ençeme asyr bäri, şol ýerden özlerine ýolbaşçylyk edip, görkezme berip oturan aýylaryň iň ulusyna habar gönderdiler. Uly aýy bu habary eşidip, öz egindeşlerini içinde bir wagtlar zubrlar ýaşan sümme tokaýlygyň içine ýygnady. Ullakan agajyň içi baldan doly köwegine sol penjesini sokup, bal ýalap oturşyna, burnunyň garaçjygyna gonan ullakan ýaşyl siňegi dyrnaklarynyň her biri maňňal orak ýaly sallanyşyp duran sag penjesi bilen kakyp goýberdi-de, golaý-goltumdaky agaçlaryň gabyklaryna ýelmeşen bal ýokundylaryny dilleri bilen ýalaşyp ýören wezipeli aýylara garap “hoňňul-hoňňul” etdi. ―Hemmäňiz bärik geliň, meň siziň bilen maslahat etjek... Wezipeli aýylar abşanaklaşyp gaýtdylar-da, özüni çynlakaý sypata saljak bolup görgi baryny görüp oturan baştutanlarynyň gapdalyna çökdüler. ―Aýdyber näme maslahatyň bolsa. ―Biz diňleýäs. ―Kimi näme etmeli bolsa aýdaý. ―Ýa ýene bir ülkäni basyp almalymy? Uly aýy ahmyrly seslendi. ―Ýok, bu gezek basyp almaly däl-de, taşlap gaýtmaly. ―Nämäni taşlap gaýtmaly? ―Niräni taşlamaly? ―Näme üçin taşlamaly? Uly aýy ozaldanam ýogyn sesine hasam bat berdi. ―Sährany taşlamaly. Şagallardan ýüz öwürmeli. Ol ýerdäki dikmelik borjuny berjaý edip ýören aýy garyndaşlarymyzy bolsa günübirin yzlaryna tokaýa çagyrmaly. Berekella, iş bitirip bildiler. Sährany boşatdylar, gurtlary şagallara öwürdiler, ýüreklerini öldürdiler, ötlerini ýardylar. Bir aýagy agsagrak aýy höküdikläp gelip Uly aýynyň alkymyna dykyldy. Ata-babalarymyz o sährany basyp almak, gurtlary boýun egdirmek üçin nijembir gan döküpdirler, nijembir güýç sarp edipdirler, senem indi beý diýip dursuň... Men-ä hiç zada düşünýän däldirin. ―Dogry, bir wagtlar şeýle zatlar bolupdyr. Sebäbi şol wagtlar şeýtmäne zerurlyk döräpdir. Bol-telki sähra-da, aldaýjy ýaly gurtlaram biziň ata-babalarymyza gerek bolupdyrlar. Indi näme? Indi bize gurap galan sähraňam, şagallara öwrülen gurtlaryňam geregi ýok. Olar indi bizi-hä däl, özlerinem ekläp bilenoklar. Haçan bir agyzdan galan çakyr süňki oklaýarkalar, diýip, bize bakyp uwlaşyp otyrlar. Iki gün zat bermeseň açlygyndan öljekler. Gyş azyk diýip ýygnaýan balygymyzyňam-a tas ýarysy diýen ýaly şolara gidip dur. Ýaman öwrenipdirler. Özlerinde-de utantç – haýa ýok. ―Howwa-da, olaryň indi bize aýakbagy kemleri-hä ýok. Dogrudanam silkinäge-de, egnimizden aýryp taşlamagymyz gerek. Günlerini görübilmeseler gözleri çyksyn. Ullakan agajyň ýere degip duran şahasynyň üstünde aýaklaryny sallap oturan ýaş aýy aladaly seslendi. ―Biz taşlanymyzdan soň sähranyň içinde aç ölen şagallaryň porsan maslyklaryndan ýaňa aýak basara ýer tapylmaýmasa. Yslaryndan ýaňa öýkenlerimize zeper ýetäýmese. Uly aýy peýjesini sähra tarap salgady. ―Aňry ýanlarynda alajabarslar bar-a... Şolar olary porsamana goýmazlar. Ýykylanyny çigit çigitlän ýaly çöplär durarlar. Häliden bäri geplemäne ýaýdanyp, bir çetde ýygrylyp oturan sakaw aýy kellesini saňňyldadyp söze başlady. ―Aý, a-alajabarslar-a olary ýykylmana-da g-goýmazlarmyka diýýän men-ä... Öňdenem ahmyrly bolansoňlar biziňkileriň gaýdan g-gününiň ertesi bararlar-da, “lak-luk” ederler b-baryny... Ýaş aýy ynjyly gürledi. ―Indi olary alabarslaryňam keştleri çekmäýmese. Şondan soň Uly aýy maslahaty jemledi. ―Diýmek onda gurtlardan... wiý şagallardan dynmaly. Arany açmaly. Özem uruşsyz-sögüşsiz, usullyk bilen gaýdybermeli. Gepiň gysgasy gaçmaly. Jyrmaly. Ýogsam söbügimizi sydyryp yzymyzdan galmazlar. Tokaýyň içi bolsa öz şagallarymyzdanam doly. Siz şuňa razymysyňyz? Wezipeli aýylaryň barysy birden el çarpdy. Bu olaryň razydyklarynyň alamatydy. Goňur aýylaryň sährany taşlap gitjekdikleri baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda sähra ýaýrady. Şagallar muňa birbada ynanmajak boldular. Özleriniň sähraýy durmuşlarynyň aýysyz göz öňüne-de getirip bilmediler. Uç-gyraksyz sähranyň içinde hojaýynsyraşyp, öz üstlerinden agalyk satyşyp ýören dikme aýylaryň “apaň-apaň” edişip, ikiden-ýekeden, sessiz-üýnsizje tokaýa tarap myýkyldaşyp ugranlaryny, ýapydan-ýapa, goldan-gola aşyp, kem-kemden gözden ýitip baryşlaryny gözleri bilen görensoňlar welin, bu ajy habara ynanmaly boldular. Şondan soň olaryň arasynda ber-başagaýlyk başlandy. Howsala düşmekden ýaňa näme etjeklerini bilmän şagal ähline mahsus bolan ejiz hem naçarlaç owazlary bilen kä depä çykyp, kä pese inip zaryn-zaryn uwlaşdylar, naýynjar çyňsaşdylar. Mugt berlen erkinlige, ýatsaň - tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek bagta eýe bolandyklaryna begenmekden, toý tutmakdan geçen, gaýtam gynandylar, ýas bagladylar, sähradan çykyp barýan iň soňky aýynyň tüýlerinden aslyşyp agladylar., “Bizi taşlap gitmäň, biz sizsiz oňup bilmeris, biz erkinlik, özbaşdaklyk diýen mukaddes düşünjeleri unutdyk, buýsanç duýgularymyzy ýadymyzdan çykardyk” diýip, ýalbardylar. Ýeke özleriniň galandyklaryna gözlerini ýetirenlerinden soň-a hasam aljyradylar, saňňyldaşyp, üýşüşip-çaşyşyp halys ysgyndan gaçdylar. Hususan-da, goňur aýylaryň ýerli dikmeleriniň gullugynda bolup, şolaryň et diýenini edip, etme diýenini etmän oturan, asla şondan başga ýol ýörelge bardyram öýtmeýan, özbaşdak hereket etmek diýlen zady düýbünden bilmeýän Şagallarbaşy giň sährany dolduryň otruran, arasynda çyn gurdy az galan gyzyljagurt gatyşykly şagallar kowmuna mundan buýana nädip baştutanlyk etjekdigini bilmän kän kösendi. Ony iň bir ynjalykdan gaçyrýan zadyň birem, şagallaryň arasynda iki-ýeke hem bolsa entek damarlarynda gadymky boz gurtlaryň ganyny göterip, hernäçe kyn hem bolsa özüni şagala öwürlmekden saklap ýören çyn gurtlaram bardy. Agalyk eden ummasyz möwritleriniň içinde goňur aýylaram diňe şolardan gorkýardylar. Şonuň üçinem olary mahal-mahal, dürli bahanalar bilen, süri-süri edip sähradan çykaryp tokaýa tarap alyp gidýädiler. Olaryň nirä äkidilýänini näme edilýänini, bilýän ýok, ýöne, şondan soň olary görýänem ýok. Gürüm-jürüm. Zym-zyýat. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen çyn gurtlar ýene-de döreýärdiler, köpelýärdiler. Bu hadysa geň galan goňur aýylar: “Olar tohumlaryny çägä gömüp gidäýýämikäler, bularam şondan döräýýämikäler”, diýşip başlaryny ýaýkaşýardylar. Çyn gurtlardan aýylardanam beter şagallaryň özleri gorkýardylar. Sebäbi çyn gurtlar gabat gelen ýerlerinde azgynlykda aýyplap olara gyjalat berýärdiler, “Siz binamys, biar, aslyna nälet getiren, ýurduny satan” diýip utandyrýardylar, goňur aýylaryň agalygynyň astynda hezil edip döwran sürmeklerine, şolaryň arkasyndan öz şagallaryny isledikleriçe ezmeklerine päsgel berýärler, aslyna dolanmaklygyga, goňur aýylaryň garşysyna bilelikde göreşmeklige, gadymkylary ýaly azat, erkin bolmaklyga çyn gurda öwrülmeklige çagyrýardylar. Şonuň üçinem Şagallarbaşy olaryň bu gün-erte peýda bolaýmaklaryndan öz ornuna dalaş edäýmeklerinden we häkimligi öz ellerine almak üçin urşa başlaýmaklaryndan gorkýar. Onuň bolsa öz ornuny çyn gurtlara beresi gelmeýär. Sebäbi, şagal bolsaňam, şagallara bolsaňam hatda birine bakna bolsaňam, ýönekeý şagal bolanyňdan ýa-da garamaýak gurt bolanyňdan baştutan şagal bolanyň gowy. Öňki ýaly dikme, elgarama däl-de, özbaşdak baştutan bolmaly bolsa-ha hasam gowy. Onda sen öňkiň ýaly “tur-otur, kersen getir”bolmarsyň-da, hökmürowan baştutan bolarsyň. Hökmürowanlyk bolsa süýji zat. Şondan soň seniň aýdanyň-aýdan, diýeniň-diýen bolar. Islendik wagt islendik şagalyň ýa gyzyljagurduň, hatda çyn gurduňam üstüne isledigiňçe uwlap tä gömlüp galýança gum sowrup bilersiň. Aýagyňy galdyraga-da, garnyna ýa burnuna çüwdüribem bilersiň. Näme beýdýäň, diýjek bolmaz. Kime näme diýseň hökmüň ýörär durar. Çyn gurtlaryň barysyny goňur aýylaryň edişi ýaly jähennememi ýa başga bir ýeremi sürrekledip äkidip, ýok edibem bilersiň. Bar zat onuň garaşyşy ýaly boldy. Çyn gurtlar Şagallarbaşynyň huzurynda derhal häzir boldular. Özüne goňur aýylar tarapyndan arz jaýy hökmünde bölünip berlen diwanynyň – Sary ýapynyň üstünde saňňyldap oturan Şagallarbaşynyň alkymyna dykyldylar-da, gadymky boz gurtlaryň dogumly sesi bilen: – Sen goňur aýylara gulluk etdiň. Onda-da gowy gulluk etdiň. Şolaryň göwni üçin öz kowumdaşlaryň göwnüne degdiň, kemsitdiň, çyn gurtlaryň garşysyna göreşdiň köpüsini ýok etdiň, sen tetelllerleriň derdinden ýaňa olaryň aglabasy şagala öwrüldiler, sährany bolsa goňur aýylar depeşege dönderdiler. Indi döwür üýtgedi, goňur aýylar duýdansyz gelişleri ýaly duýdansyzam gitdiler. Sen indi ýapydan düş, düşmeseňem biz barybir özümiz düşüreris. Biz özümiziň şagala öwrülen nesillerimizi ýene-de gurda, sähramyzy bolsa öňküsi ýaly arassa, naz-hygmatlardan doly meýdana öwürjek, aýylaryň gyşyk-çaýşyk aýak yzlaryny mele çägäniň ýüzünden müdimilik syryp-süpürip taşlajak ―diýdiler. Şagallarbaşy hernäçe ätiýaç etse-de olara şujagaz soragy bermän durup bilmedi. ―Siz nädip şagallary gurda öwürjek? Olary indi hatda gyzyljagurda öwürmegem mümkin däl ahyry. ―Mümkin! ―diýşip, çyn gurtlar öň aýaklary bilen ýer peşäp duruşlaryna pert-pert jogap berdiler. Gurtlukdan şagala öwrülmek mümkin bolan bolsa, şagallykdan gurda öwrülmegem mümkin bolar. Dogry, kyn bolar, uzak möhlet gerek bolar, ýöne bolar! Ol özüňe bagly. Onuň üçin diňe ýürek gerek. Ýüregiň bilen üýtgemek, aslyň çöl gurdudygyna ynanmak, şony ýüregiň bilen syzmak, gulçylyk duýgusyny aňyňdan büs-bütin çykaryp taşlamak gerek. Senem böwrüňe diň sal, egerde gursagyňda şol duýgy bar bolsa, onda senem biz bilen bile göreşersiň, şonda biz saňa degmeris. Günäňi bagyşlarys. Şagallarbaşy böwrüni diňledi. Ýüregine diň saldy. Emma çyn gurtlaryň salgy berýän yssy duýgularyny gursagyndan tapyp bilmedi. Ähli şagallar bilen bir hatarda özüniňem çyn gurda öwrülip biljekdigine ynanmady. Ýöne, içki syryny çyn gurtlara duýdurasam gelmedi. Sebäbi, ol syry duýdurdygy çyn gurtlar Sary ýana çykarlar-da, ony düýt-müýt ederler, ornuny eýelärler. Ony bolsa ol islänok. Çyn gurda öwrülmegiň hatyrasyna wezipesinden dynasam gelenok. Goý, şagallygyna galsyn, ýöne, Şagallarbaşy bolsun! Goý, sähra mundanam beter tozsun, goý, gurtlaryň galanjalaram gyzyljagurtlara ýa şagallara öwrülsinler, ýöne hökümdarlyk öz elinde galsyn. Ol gerek bolsa ýene-de aýylara ýüz tutap, olary yzyna çagyrar, ýöne çyn gurtlaryň hökümdar bolmaklaryna, şagallaryň çyn gurda öwrülmeklerine ýol bermez. Köpçüligiň bähbidi üçin öz bähbidinden ýüz öwürmez. Sary ýapynyň üstünde ýapyrylyp oturan Şagallarbaşynyň kellesiniň içinde köwsarlaýan sary tupan oňa ine, şolar ýaly maslahat berdi. Şol maksatdyny amala aşyrmak üçin ol men diýen tilkiniňem kellesine gelmejek mekirlige ýüz urdy. ―Bor agalar! Siziň diýeniňiz bolar. Asla men özümem şu barada siz bilen maslahatlaşmak üçin yzyňyzdan çapar ibereýin, diýip otyrdym. Gowy geldiňiz, hoş geldiňiz-sapa geldiňiz. Men siz bilen! Başgaça bolubam bilmez. Biz bu güne gör, näçe garaşdyk. Dogry, siziň aýdyşyňyz ýaly men goňur aýylara gulluk etdim, ýöne, hemişe siziň ýaňky aýdan duýgularyňyzy gursagymda göterip gezdim, şu güne ýetmek üçin, olaryň ahyry bir gün gülberlerini arkalaryna daňyp gaçyp gitmaklari üçin assyrynlyk bilen garşylaryna göreşdim. Iş gördüm. Ine, indem şol uzak garaşan arzyly pursat gelip ýetdi. Çyn gurda öwrülmek ugrundaky göreşe günübirin başlamak gerek. Ýöne, bu gün diýmäň, ertirem diýmäň, maňa iki gün puryja beriň, sebäbi meniňem ölçäp-dökmeli, egindeşlerim bilen maslahatlaşmaly zatlarym bar. Birigün welin irdenjik geliň, ýöne, bu ýere däl-de ho-ol, ilerki Gara baýra baryň. Şundan şeýläk şol ýeri biziň täze diwan jaýymyz bolar. Men ýurdy şol ýerde oturyp soraryn. Nälet siňmiş bu Sary ýapyny bolsa goňur aýylaryň gol astynda geçirilen ajy günleri bize ýatladyp durmazy ýaly ýykyp-ýumrup ýok ederis. Gyzyljagurtlara tabşyrsak ýarym günüň içinde gumyny asmana sowurarlar. Häzirlikçe bolsa hoş, eý merdana çöl gurtlary! Meniň umyt-arzuwlarym! Siz arkamda dursaňyz sähel wagtyň içinde bu sährany men gadymky gurtlardan dolduraryn! Mert ähli ynanjaň, sada bolýar. Çyn gurtlaram Şagallarbaşynyň bu şelaýyn sözlerine ynandylar. Begendiler. Tamasy çykan dilegçiler kimin hoş bolup yzlaryna döndüler. Süýji arzuwlar içinde başlaryny dik tutup sürenlerine sary seňkildeşip gitdiler. Baranlaryndan soňam iki günläp biri-birleri bilen duşuşdylar, gelejekki ýagty günler barada pikir alyşdylar, bellenen günem topar tutup “Gara baýra” ýörüş etdiler. Şagallarbaşynyň öz egindeşleri bilen baýryň üstünde oturandygyny görüp begendiler. Ýüregi has joşup, aralarynda hakyky gurt sesi bilen uwlanlaram boldy. Ýöne, şagallary kemsitdirmezlik üçin gapdalyndakylar oňa: “Goý”, diýdiler. Şondan soň o-da gaty bir uwlajagam bolmady. Ýöne, şatlygyndan ýaňa gözýaşyny welin saklap bilmedi. Çyn gurtlar şol baryşlaryna Gara baýryň düýbüne doldular-da, baýra bakyp heşerlenişdiler oturyberdiler. Şagallarbaşydan döwletli gürrüňe garaşdylar. Daş-töwereklerini gallaşyp gelýän gyzyljagurtlara, şagallara söýünçli bakdylar. Olaryň barysy bar zatdan habarlydyrlar, häzirem özlerini gutlamak üçin gelýändirler, bile maslahat etjek bolýandyrlar, öýtdüler. Emma, gyzyljagurtlar birdenkä olary gabawa saldylar-da, üstlerine gum sowruşyp başladylar. Şagallar bolsa çirkin-çirkin gygyryşdylar, tozanyň arasy bilen bukulyp baryp çyn gurtlaryň aýaklaryndan aslyşdylar, guýruklaryndan dişläp yza çekdiler. Gurtlar welin, şonda-da göwünlerine zat getirmediler. Gyzylgurtlaram, şagallaram begençlerine şeýdýändirler, özlerini şowhun bilen garşylajak bolýandyrlar, oýun edýändirler öýtdüler. Ýöne, gykylygam, tozanam wagty bilen ýatmady. Bir görseler Gara baýryň üstündäki Şagallarbaşam, onuň egindeşlerem ýom-ýok. Zym-zyýat. Siňe seretseler olar baýyrdan düşüpdirler-de, tozanyň içi bilen sozanda-guýruk Sary ýapa bakan tutduryp barýarlar. Iki gözlerem yzlarynda. Şagallarbaşy bolsa mahal-mahal aýak çekýär-de, gumy has beter tozatmaklaryny buýrup gyzyljagurtlara, has çirkin gygyrmaklaryny talap edip şagallara haýbat atýar. “Şolary ýok etmeseňiz baryňyz ölersiňiz” diýip gygyrýar. Çünki, ol şu iki günüň içinde ähli şagallary, gyzyljagurtlary ikiden-ýekeden öz sürenine çagyrypdy-da, düýn-öňünlikde çyn gurtlaryň öz ýanyna gelip ähli şagallary, gyzyljagurtlary ýok etmek, sährany diňe çyn gurtlaryň mekanyna öwürmek barada teklip girizendiklerini, özüniňem “bor” diýip, hile bilen zordan sypandygyny aýdyp, olaryň ozaldanam sary gaçan ýüreklerine wehim salypdy, öýkenlerini çişiripdi, egerde jan dalaşyna girmeseler barybir çyn gurtlar tarapyndan ýok ediljekdiklerini aýdyp gorkuzypdy. Şonuň üçinem, olar häzir çyn gurtlaryň üstüne gum sowurýardylar, zährelerini ýarmak üçin hem agyzlaryndan hem artlaryndan eýmenç-eýmenç ses çykarýardylar. Batyrynyp bilmeselerem, özleriniň köplüginden peýdalanyp dürli emeller arkaly hüjüm edýärdiler. Ýöne, gurt bilen şagalyň oýny deň gelýämi näme! Nämäniň-nämedigine gözlerini ýetirenlerinden soň gurtlar palta ýaly dişlerini “şakgyldadyşyp”, şagallaryň bokurdaklaryndan, kä bykynlaryndan salyp, ýekän-ýekän, silkip-silkip zyňmaga başladylar. Sähelçe wagtyň içinde gyzyljagurtlardyr şagal maslyklaryndan ýaňa ullakan bir depe emele geldi. Ýöne, çyn gurtlar az, gyzyljagurtlar bolsa köp, şagallar olardanam köp, onsoňam tozandan ýaňa göz açyp bolanok, açaýanyňda-da sary dumandan başga zat görnenok, merdi-meýdana urşara maý ýok. Käte bir gelip injikden ýa guýrukdan, onda-da gorka-gorka, çyňsaý-çyňsaý çalarak dişläp gaçýalar diýäýmeseň döş direşip ýa hekirtmekleşip uruşýan şagal ýok. Gum ýuwdup durmakdan başga waka ýok. Gaçyp baş gutarmak bolsa gurtlar üçin nämys. Ýöne, hernäçe mert bolanyňda-da tükeniksiz güýç, egsilmez kuwwat hiç kimde-de ýok. Ysgyn-mydar gidip barýa. Dem alanlarynda damaklarynda galýan gum tozgajyklary kem-kemden galňap gurtlaryň demligini tutup alyp barýar. Sähelçe ýanlaryny ýere berdiklerem üstleri gum bilen örtülýä. Şondan soň olar biri-birlerini basgylaşybam kän gyryldylar. Mahlasy, ozaldanam san taýdan juda az bolan gurtlardan bäş-üç sanysy gutuldy diýäýmeseň galanlary guma garyldy. Gyzyljagurtlar welin, şondan soňam olaryň üstüne gum sowurdylar durdylar. Ertire çenli “Gara baýryň” gapdalynda ýene bir baýyr emele geldi. Şagallar ony “Gurt baýry” diýip atlandyrdylar. Üstüne çykyp uwlaşdylar, aşak düşüp çyňsaşdylar, iň ýakyn hossarlaryndan dynandyklaryndan bihabar, hili bir iş eden ýaly hekgerilişip iki ýana goltuldaşdylar,şowhun etdiler. Şundan şu ýana her ýyl şu güni iň howply duşmanlaryndan dynandyklarynyň şanyna şu baýryň üstünde baýramçylyk geçirmekligi belleşdiler. Şagallarbaşy olaryň bu pikirlerini goldady. Çyn gurtlary ýok etmeklige gatnaşyp görkezen gahrymançylyklary üçin barysyna minnetdarlyk bildirdi. Hersini bir ölen porsujagözeniň maslygy bilen sylaglady. Mundan buýana hem içki we daşky duşmana garşy şu günkileri ýaly, özi bilen deň durup döwdüleşseler, hiç haçan gözden salmajakdygyny aýtdy. Birnäçe ýaş şagaly janpena edip öz gapdalynda oturtdy. Ekabyrraklaryna Sary ýapa golaý ýerde ýaşamana, girelgesiniň iki tarapy seňňerli, giň hem çuň sürenlerde ýaşamana ygtyýar berdi. Uzak ýaýlalarda ýaşaýan raýat şagallaryň özi üçin iberen ýagly omaçalaryndan dadyrdy. Mundan buýana hem şeýdip, wagtal-wagtal dadyryp durjakdygyny duýdurdy. Käbirlerini bolsa hemişe gapyrga syryp durar ýaly etjekdigini aýtdy. Içege, bagyr-öýken, dalak ýaly laby-lubylaryny bolsa beýleräkde gultunyşyp duran garamaýak şagallara berdi. Olar welin şoňa-da monça boldular. Aýylaryň agalygy döwründe özlerine şolar ýalyjagam hezzet-hormat edilmändiginden söz açyp, süwümsiz çyňsaşdylar. Şagallarbaşynyň şanyna ilk-ä usulluk bilen, oňa hoş ýakýandygyny bilenlerinden soňam gaty ses bilen waspnamalar aýtmana başladylar. Şagallarbaşy muňa meýmiredi. Gözleri süzüldi. Şol oturşyna-da birnäçe gezek makullaýjylyk bilen baş atdy. Bu onuň özüni üznüksiz öwdürmäne razydygynyň alamatydy. Şondan soň sährada düýbünden başgaça durmuş başlandy. Ähli zat şagallaryň öz ygtyýarlaryna geçdi. Olar muny “Erkinlik” diýip atlandyrdylar. Ýöne, hakyky erkinligiň diňe ekabyr şagallara, hes takygy diňe Şagallarbaşynyň özüne degişlidigini garamaýak şagallara duýduryp goýmaklygy welin ýatlaryndan çykarmadylar. “Erkinligi görüň, daşyndan guwanyň, ýöne, ellemäň elleseňiz gaçyryp döwersiňiz, sebäbi bu siziň mundan öň gören zadyňyz däl”, diýdiler. Garamaýak şagallaram ony olardan talap edibem durmadylar. Ýöne, Şagallarbaşydan: “Aýdym aýdanymyzda, Şagallarbaşymyzyň arkasyndan erkana bolduk gyzgyn sähramyz salkynlady, körän çeşmelerimiz göz açdy, ýaýlaklarymyz gülledi, biz ajap eýýämiň şagallary bolduk” diýip uwlaşmana ygtyýar berýäňiz dämi” diýip soradylar. Şagallarbaşy baş atmak bilen özüniň razydygyny bildirdi. Şondan soň tutuş sähra waspnama gark boldy. Şagallaryň sesi gije-gündiz ýatmady. Kä ol oýdan, kä bu goldan eşidildi durdy. (dowamy bar)... | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |