22:57 Şagal mesligi / dowamy | |
Şeýdip barşyna Şagallarbaşynyň gün-günden göwrümi giňedi, düşegi ýumşady, ýöne, her niçik hem bolsa goňur aýylaryň aýdyşlary ýaly olaryň ýoklugyndan peýdalanyp alajabarslaryň köne ahmyrlaryndan çykmak üçin sähra hüjüm edäýmekleriniň ahmaldygy baradaky ünji hem oňa ynjalyk bermeýärdi. Egerde şeýle ýagdaý ýüze çykaýsa, öz şagallarynyň olara garşy durup bilmejekdiklerine-de gözi ýetýärdi. Onda-munda enäp-tenäp ýören çyn gurtlary kömege çagyrmana bolsa öler ýaly gorkýardy. Şonuň üçinem, ol özüni başda birneme towşan tüýräk alyp bardy, birdenkä alajabarslaram geläýseler dagy olar bilenem edil aýylar bilen bolşy ýaly dil tapyşmaklygy, özüni şu ornunda galdyrsalar olara-da edil aýylara edişi ýaly ak ýürekden hyzmat etmekligi ýüregine düwdi. Olar bilen gizlin gepleşikler geçirmekligiň ýollaryny agtardy.
Hekaýalar
Ýöne, geň ýeri birwagtlar boz gurtlaryň ýurduna goňur aýylardanam has öň göz gyzdyryp ugran, soňam ahmyrly galan alajabarslar garaşylyşy ýaly hereket etmediler. Şagallaryň üstüne hüjüme geçmeg-ä däl, asla şol tarapa gaňrylybam bakmadylar. Daş-töwerek şol bir asudalygyna, imisalalygyna galdy. Bu ýagdaý ýaňy bir özbaşdak hökümdar bolmaklygyň mazasyny alyp ugran Şagallarbaşynyň ýüregini ersdirid. Özüne bolan ynamyny artdyrdy. Hämala alajabarslaram, goňşuçylykda ýaşaýan beýleki jandarlaram öz üstlerine özünden ätiýaç edýändikleri üçin gelibilmeýän ýaly bolup göründi-de, öz ýanyndan özi barada her hili gabaraly pikirler ýöredip ugrady. Goňur aýylary hakykatdanam özi, öz dogumy bilen ýurdundan kowan hasap etdi. Özüni goňur aýylaram, alaja barslaryň, şirdir-peleňleriň serdarlary ýaly hökmürowan, şa asylly, nazarkerde bir jandar saýdy we golastyndaky şagallardan özi baradaky mahabatly waspnamalaryň mazmunynyň has hem güýçlendirilmegini talap etdi.Ol muny: “Bu maňa gerek däl, size gerek, şeýtseňiz haýwan ähliniň arasynda abraýly borsuňyz, aý gyzyljagurtlardyr-da, şagallardyr-da, diýip, hiç bir jandar sizi kemsitdibilmez. Meniň barlygymda köp-köp hoşwagt ýaşarsyňyz” diýdi. Muny eşidip şagal ähli tumşuklaryny dik ýokary tutup uzyndan-uzyn uwlaşdylar, birdenem dumly-duşa pytraşdylarda, şu günden şeýläk Şagallarbaşynyň çöl şagaly hökmünde däl-de, dag şiri, peleňi hökmünde, bürgüt deý algyr guş hökmünde taryplanmalydygyny raýat şagallarynyň ählisine aýdyp çykdylar. Raýat şagallar muňa begendiler, täsin-täsin çyňsaşyp, duran ýerlerinde diriň-diriň böküşdier. Şagallarbaşyny şire deňemek bilen özleriniňem şir çagasy hasap ediljekdikleri, bürgüde deňemek bilen özleriniňem bürgüt çagasy saýyljakdyklary üçin köp-köp hoşal boldular. Bu işe hut häziriň özünde başlamak üçin, biri-birleriniň peşewi bilen bokurdaklaryny arçap başladylar. Bir ýerlerden wekil gelen goja şagal ekabyrlara ýüzlenip: ―Eýle bolsa şu günden şeýläk Şagallarbaşymyzyň adyny Şirlerbaşy diýip tutaýsak nähili borka ―diýen teklip girizdi. Bu teklibi Şagallarbaşa ýetirmek üçin şagallaryň barysy duran-duran ýerlerinden Sary ýapa tarap tutdurdylar. Baryp raýat şagalyň aýdan teklibini beýan etdiler. Ony begendireris öýtdüler. Emma Şagallarbaşy begenmedi. Gaýtam, tossarylyp oturşyna gözlerini ganguýma gyzardyp: ―Beý diýseňiz onda olaryň-a şir, peleň, meniňem olaryň baştutany boldugym bolýa. Emma, bu beýle däl. Şirem, peleňem ýeke. O-da men! Olaryň bolsa şol bir şagallyklary. Şirlerbaşy diýip olar meniň adym bilen öz şöhratlarynam artdyrjak bolýalar. Bu bolmaz!.. Ýöne, garaz, meni özlerinden üýtgeşik görkezmek isleseler, öwgüli sözleriniň arasynda: “Biziň Şagallarbaşymyzyň asly şirdir, Şirzadadyr”, diýen ýaly sözleri goşubersinler. Özlerinem az-kem mahabatlandyrjak bolsalar: “Biz şo-ol, bir wagtky Boz gurduň nesilleridiris, bir wagtlar zarbymyzdan külli jahan titrändir, adymyz äleme dolandyr, islesek biz şu günem şeýdip bileris”, diýip, gygyryşybersinler ―diýdi. ―Häý, şüý-ä bolaýdy-ow―diýşip, wekil şagallar raýat şagallaryň üstüne täze güýç bilen eňdiler. Baryp Şagallarbaşynyň emrini beýan etdiler. ―Şunuň öz kellämize gelmeýşini diýseňizläň... ―diýşip, raýat şagallar öz butlaryndan dişläp-dişläp aldylar. ―Bolýa şol bize. Bize başga zat gerek däl. Ýöne, Şagallarbaşymyzy başga-da name diýip öwsek hakymyz bar dälmi? ―Bar, bar. Ony näme idýip öwseňizem hakyňyz bar. Asla şu günden şeýläk şu sährada baştutanymyza bagyşlanan öwgüden başga ähli pişe ýatyrylýar. Wekil şagallar ýer depip uwlaşdylar. ―Diňe öwgi! Diňe taryp! Diňe mahabat! Uw-w-w... ―Başla-a-aň-ň -uw-w!... Aýdyldy gutardy. Şol günden başlap tutuş sähra Şagallarbaşy baradaky waspnamalara gark boldy. Kelleleri gyzan şagallar soňabaka özlerinem, nesilbaşylary hökmünde taryplanýan Boz gurdam unutdylar-da, diňe öz Şagallarbaşylaryny wasp etmek bilen boldular. Onuňam sebäbi bir gün gadymky Boz gurt olaryň düýşüne girid-de: “Meni bu oýna goşmaň, sebäbi siziň aslyňyz däl. Men boz gurtlaryň, çyn gurtlaryň asly. Siziň bolsa aslyňyzam, imanyňyzam Şagallarbaşy. Şondan dörediňiz, şonuň bilenem ýok bolup gidersiňiz, meni öz günüme goýuň” diýdi. Bu ahwalaty raýat şagallar wekil şagallaryň üsti bilen günübirin Şagallarbaşa ýetirdiler. Ol Sary ýapynyň üstünde burnuny şemala tutup çomman oturşyna: ―Boz gurt dogry aýdypdyr. Hetdini tanapdyr. Öz adynyň meniň adym bilen bir hatarda tutulmana mynasyp däldigini aňypdyr. Bu ahwalatdan siziňem dogry many çykarmagyňyz gerek. Şu günden şeýläk şol ady unudyň-da, diňe meň adymy arşa götermek bilen boluň ―diýdi. Şonuň bilenem iş bitdi. Boz gurt ýatdan çykaryldy. Şagallarbaşy görlüp-eşidilmedik derejede öwüldi. Şol öwgülerde erkinligem goňur aýylardan Şagallarbaşynyň özlerine gazaply söweşleriň, ganly çaknyşyklaryň netijesinde alyp berendigi, goňur aýylaryňam sähradan öz erklerine däl-de, Şagallarbaşynyň öwran-öwran urýan zarbalaryna çydaman çykyp gidendikleri, düýnki, çyn gurtlar bilen bolan çaknyşykda nähili merdanalyk görkezendigine bolsa hemmmeleriň gözli şaýatdyklary barada aýdyldy. Öwgüler ýeke bir aýdym edilip aýdylman, wagyz-nesihat görnüşinde hem ýaýradyldy. Şagallarbaşynam öz sargaýşy ýaly şagallaryň aýdýan waspnamalarynyň özeninde Şagallarbaşynyň aslynyň şirdigi, Şirzadadygy, özleriniň bolsa owalebetde asyllarynyň şagaldygyny, şagaldan bolan şagalzadalardyklary baradaky synagdan geçen pikirler ýaýrady. Sary ýapynyň üstünde meýmiräp, öwgülere gulak asyp oturan Şagallarbaşy bolsa bu zatlara birsyhly, makullaýjylyk bilen baş atýar. Tarypnama wagty haýsy şagal gaty ses bilen uwlan bolsa şony ýagly omaça, etli gapyrga bilen sylaglaýar. Sürenlerini giňeltmäne, girelgesiniň her çetinde bir küňrejik gurmana rugsat berýär. Haçan-da şol şagallaryň biri gaharyny getiraýdigi ýa ýalňyşrak uwlaýdygy welin, nökerlerini iberip olaryň sürenlerini küňreleri bilen bilelikde ýere ýegsan etdirýär, üstünden demir tiken gyzgan süýredýär. Göz edýär. Öz aýdýan zatlarynyň howaýy öwgi däl-de, hakykatdygyna soňabaka şagallaryň özlerem ynanyp başladylar. Hatda Şagallarbaşynyň özem özüniň Şirdigine ynandy. Ýöne, kimdir biriniň şoňa alagümanalyk edýän bolaýmagynyň ahmaldygyny welin aradan aýyrmady. Şonuň üçinem ol bir gün Sary ýapynyň üstünde oturan ýerinden, ho-ol, aşakdaky uwlaşyp ýören şagallara tarap temegini taýzardyp: ―Bilýaňizmi men kim? ―diýdi. ―Sen şi-ir! Şirzada-a! Seniň özüňem şir, aslyňam şir! Ähli şirler senden gorkýalar. Peleňler seň sesiňi eşidenlerinden sandyraklaşyp, çykan ýerlerine giräýjek bolýalar. Seniň bu sährada bitiren işleriňe ýer ýüzüniň ähli jandarlary haýran galýalar. Goňur aýylary ediberişiňi görensoňlar-a indi alajabarslaram golaýyňa gelibilenoklar. Olar bu gün-erte gelip seniň aýagyňa ýykylmaklygyň maslahatyny edip ýörler. Sen isleseň olary bir zarbada kül edibem bilersiň, günälerini geçip, öz raýatlygyňa kabul edibem bilersiň. Sebäbi sen parasatly! Asylly! Akylly! Biz seniň pähim-paýhasyňa guwanýas! Bize sen deýin beýik hem rehimdar jandary beren Biribara şöhratlar bolsun!.. Şondan soň Sary ýapynyň daş-töweregini tutup duran garakly goluň içinde şeýle bir “orlaşşyk” başlandy-ow! Baý-ba-a! Baştutanlaryny biri-birinden üýtgeşik öwjek bolup, gaty gygyrjak bolup, şagallaryň heläk bolanlaram az bolmady. Kimsiniň içegesi üzüldi, kimsiniň öýkeni ýaryldy ýene birnäçesiniň bokurdagy gyryldy. Şagallarbaşa diňe sesini eşitdirmek üçin, sesini sem etdirjek bolup gapdalyndakyny omzy bilen kakyp durany haýsy, gerşinden dişläp çekýäni haýsy, maýyrmak niýeti bilen üstüne böküp depesinden basýany haýsy, garaz boldy bir ber-başagaýlyk! Has daýawraklary, dilewaraklary bolsa beýlekilerden saýlanmak üçin ejizärleriň käbirini basgylap, käbiriniň üstünden böküp Sary ýapynyň etegine doldular-da Şagallarbaşynyň iki gözüniň içine seredip, onuň dünýä-älemi ýaradan gudraty güýçliniň dostunyň dostudygy, özlerine hut şol tarapyn iberlendigi, ýogsam aýylaryň taşlap giden güni özleriniň bu gyzgyn sähranyň içinde heläk bolaýmaklarynyňam ahmal ekenidigi, şagal hökmünde ýer ýüzünden bütinleý ýok bolup gidäýmekleriniň hem mümkin ekenidigi barada uzyndan-uzyn ebýatlar aýtdylar. Goňur aýylara gulluk eden döwrem onuň sährany azat etmek, şagallara erkinlik äbermek üçin assyrynlyk bilen olaryň garşysyna işländigini, şeýdibem özlerini şu günki güne ýetirendigini öwran-öwran tekrarladylar. Şol sözüň çyndygyna hemmeleriň ynanmagy ilk-ä teklip, soňam talap etdiler. Şagallarbaşy makullaýjylyk bilen baş atdy. Teklibi girizenleriň hersiniň öňüne bir ýagly omaça, talap girizenleriň öňüne bolsa omaçadan başga ýene bir kelte gapurga-da oklady. Muny görüp, eýýämhaçan özüni dürsemäne ýetişen hälki goňur şagal öň aýaklary bilen ýer peşäp hasyr-husur çukurjyk gazdy-da, şoňa howul-hara buşukdy, sesini açmak üçin “şalp-şalp” etdirip ony tä tükenýänçä içdi, soňam tumşugyny dik ýokary tutup çirkin gygyrdy. ―Siz näme üçin gudraty güýçliniň dostunyň dostuna meňzedip biziň Şirzada Şagallarbaşymyzy kemsidýäňiz? Bu ―Biribaryň dosty däl-de, hut dostunyň özi ahyryn! Şundan başga dost Onda ýok!.. Ýöne, bir dilewar şagal göz açyp – ýumasy salymyň içinde onuň bar yhlasyny puja çykardy. ―Biderek gürrüň etmäň! Bu Biribaryň dostam däl, dostunyň dostam däl-de şonuň hut özi! Eýsemde bolsa şuňkydan güýçli gudraty göreniňiz bamy? ―Ol art aýaklaryna galyp daş-töweregine hekgerdi. ―Hä? Bamy? Göreniňiz bamy? “Ýok,ýok,göremozok” diýen sesler eşidilenden soň dilewar şagal alkymyny çişirip sesine täzeden bat berdi. ―Onda hany, baryňyz birden: Ýa, Biribar” diýip gygyryň! Bir wagtyň özünde çykan çirkin sesleriň zarbyna goluň içindäki garaklaryň garabaşlary tolkun atyp gitdi, gara gumuň gerişlerindäki altynsöw çägeler tozap,Günüň şöhlesine öwşün atdy. ―Ýa, Biribar! ―Ýa Ýaradan! ―Ýa, Hak! ―Ýa, Rebbin! ―Ýa, Barhuda! ―Aý, ylahy-ýa! ―Uw-w-w... Sary ýapynyň üstünde gerşini Güne çoýup oturan Şagallarbaşy ýene-de makullaýjylyk bilen baş atdy. Düýn-öňňinem özüniň şirdigine, soň Biribaryň dostudygyna ynanyp ýören Şagallarbaşy indi özüniň Biribardygyna ynandy. Ýetilen sepgit bilen ylalaşmazlygy öz öňlerinde borç edinip goýan şagallar Şagallarbaşa ýarar ýaly, ýene-de bir üýtgeşik zat gözläp başaldylar. Ýöne, Biribardan aňyrda näme bar? Hiç zat! Şonuň üçinem olar az wagtlyk hem bolsa ünsi öwgüniň başga bir usulyna tarap sowup, Şagallarbaşa görlüp-eşidilmedik äpet ýadygärlik dikmek barada maslahat etdiler. Goý, ol ýadygärlik dagdaky älaja barslara-da, şirlere-peleňlere-de tokaýdaky goňur aýylara-da, tokaý şagallaryna-da alyslardan elesläp görünsin dursun. Goý, olaryň hemmesi özleriniň kimiň penasynda ýaşaýandyklaryny bilsinler. Bu pikirem ähli şagallar tarapyndan biragyzdan el çarpylyp goldanyldy. Esasy zat, Şagallarbaşy tarapyndanam goldanyldy. Ýöne, biriniň tapan täze pikiriniň üstüne öz tarapyndanam bir üýtgeşik pikir goşmazlygy özlerine kiçilik bilýän şagallar bu gezegem ýerli ýerden myňňyldaşyp başladylar. Öňi bilenem dilewar şagal dillendi. ―Biz öz baştutanymyza ýadygärligi haýsy sypatda dikmeli? Şagal sypatyndamy? Gyzyljagurduň keşbindemi? Boz gurt görnüşindemi? Şir-peleň suratyndamy?... ―Biribaryň!.. ―Biribaryň keşbinde!.. ―Gudraty güýçliniň sypatynda!.. ―Şir-peleňler kimmişin biziň dünýäni endiredenimiz barka!.. ―diýşip, dilewaryň sözüni gutarmana-da maý bermän şagallar ýerli-ýerden uwlaşyp başladylar. ―Biribarada bir ýadygärlik dikildilermi-aý? Onuň özi iň beýik, iň bir mukaddes ýadygärlik ahyry. ―diýip, mydama okumyşsyrap, nobat berilse-berilmese gepe-gürrüňe sokuljyrap ýören gözi şully çal şagal syrtyny gyzgyn çägäniň üstnüe goýup, artbujagynyň üsti bilen içegelerine geçýän ýylynyň mährine meýmiräp oturşyna ynjyly seslendi. ―Ýa-ha başga bir ynanylaýjak üýtgeşik zat oýlap tapyň, ýa-da goýuň şu gürrüňiňizi... ―Şu gürrüňler gulagyňa ýakmaýan bolsa sen gidiber, ―diýip, wekil şagallaryň biri art aýaklaryna galyp onuň üstüne howala boldy. ―Bar, ýok bol şu taýdan. Sen ýaly bulagaýlar bize gerek däl. Biz saňa asuda sähramyzy çaýkatdyrmarys... Saňa gurtlardan sapak alan diýerler. Şolaryň jansyzy bolaýmagyňam ahmal. Ol iki sany gyzyljagurda ümledi welin olar okumyş şagaly sähelçe salymyň içinde guma garyp taşladylar. Özlerem onuň üstünde emele gelen tümmegiň üstüne çykdylar-da, çommaldylar oturyberdiler. “Hany, kim ýene näme diýjek”, diýen manyda daş-töwereklerine hekgerilişdiler. Birbada hiç kimden ses çykmady. Ýöne, haýsam bolsa, nämede bolsa bir zat diýäýmelidi. Şonuň üçinem henize çenli hiç ýerde söz alybilmän, hor-homsy ýaşap ýören, bir şagal pursatdan peýdalanmak, şeýdibem güzeranyny gowulandyrmak, Şagallarbaşydan omaça alyp çagajyklarynyň agzyny ýagjartmak maksady bilen böküp orta çykdy-da, tumşugyny dik ýokary tutup ulyili bilen uzyn-uzyn uwlady. ―Biz ýadygärligi Biribarya diýip däl-de, Biribary ýaradana diýip dikeris! Sebäbi Ony ýaradanam biziň şunymyz! Şirzadamyz! Dünýe-älemem, barça jandarlaram, Aý-Günem, ýyldyzlaram, äpet-äpet ummanlaram ýaradan ine,şü. Kim şuňa müňkürlik edýän bolsa guýrugyny taýzardyp tumşugyny dik tutaýsyn... Hälki okumyş şagalyň gününe düşmezlik üçin raýat şagallaryň birem guýrugyny taýzartmady. Dik tutulan tumşugam görünmedi.Biragyzdan dymmaklygy bolsa razylygyň alamaty hökmünde kabul etdiler. Şondan soň welin şagallar jiňkerilişip Şagallarbaşynyň ýüzüne seretdişdiler. Ol ilk-ä makullaýjylyk bilen baş atdy, soňam aşa tolgunmakdan ýaňa burnunyň garaçjygyny titredip, içinden sykylyga meňzeş inçejik ses çykardy. ―Men garşy däl... Diýmek, Şagallarbaşa dikiljek ýadygärlik Ýaradany ―Ýaradana meňzeş bolmaly. Başga gep-gürrüň ýok. Şagallarbaşy baş atandan soň başga gep-gürrüň bolubam bilmez. Ýöne, Ýaradany ―Ýaradanyň keşbi nähili bolmaly? Biribara meňzeş bolmajakdygyna-ha şagallar şagal bolsalar-da bada-bat düşündiler. Sebäbi ony gören ýok. Biribaryň dostunam gören ýok. Ýaradany ―Ýaradan baradaky gürrüň bolsa şu wagtjyk çykdy. Dogry, şagallaryň ykrar edişlerine görä, Ýaradany – Ýaradan Şagallarbaşy, ýöne, kim näme diýse-de Daş keşbi boýunça ol şagal. Başga hiç kim däl. Şoňa meşzedip ýasasaň onda Biribaram, ony Ýaradanam şagal bolýa duruberýä. Bu bolsa şagallaryň şu günki mantyklaryna ters gelýä. Ony Şagallarbaşynyň özem islänok. Biribara meşzedilmezinden öňki waspnamalarda şagallarbaşy şire, peleňe, aç gurda, algyr bürgüde hem meňzedilýärdi. Ýöne, o-da indi bolanok. O zatlar yzda galdy. Hatda Biribaram yzda galdy. Indi ol diňe Biribary Ýaradan. Jümle-jahany, ähli mahluklary bar eden. Şagal görgüliler ine, şolar ýaly çözülmesi kyn meseläniň öňünde durmaly boldular. Ýöne, orta ýaşlaryndaky, bir gulagy salpy şagal ondanam çykalga tapdy. Ol ýadygärligiň her ýerini waspnamalarda ady tutulýan beýikleriň bir ýerine meňzedip, umumylaşdyrylan keşp döretmeli we ony “Biribary Ýaradanyň ýadygärligi” diýip atlandyrmaly diýdi. Haýsydyr bir hor şagal tumşugy bilen ýer süsüp, ýykylyp – sürşüp öz ýelginine özi üşäp yzly-yzyna üç-dört ýola asgyrdy-da, sümügini sallap durşuna: “Dünýäni endireden” diýip at goýmaly diýip heňkirdi. Ýöne, oňa gulak asan bolmady. Onuň atan oky “pys” geçdi. Üstesine Sary ýapynyň düýbüne ýetensoňam saklanybilmän öz badyna tüwdürlip gitid-de togalanyp baryp gara çöňür bolup giden ullakan sazagyň töňňesine uruldy. Telim wagtlap özüni bilmän, açyk gözlerini asmana dikip ýatdy. Şagallar oňa ölendir öýtdüler, şonuň üçinem baryp halyndan habar aljagam bolmadylar. Onsoňam bu wagt olaryň bar aladalary ol däl. Ýadygärlik. Howwa! Gulagy salpy şagalyň teklibi makullandy. Derhal şolar ýaly ýadygärlik dikmeli, dikilenden soňam gije-gündiz daşyndan aýlanyp, tans edip, uwlap sährany şowhundan doldurmaly diýen karara geldiler. Onuň dikiljek ýeri diýip bolsa üstüne çyksaň ilerde içi şir-peleňlerden doly daglara, aşakda içi goňur aýylardan we tokaý şagallaryndan doly tokaýlyklara çenli ýazylyp ýatan uç-gyraksyz sähranyň ähli ýeri edil eliň aýasynda ýaly görnüp duran Sary ýapynyň çür depesini bellediler. Rowaýata görä şol ýapynyň üstünde bir wagtlar çöl gurtlarynyň baştutany Boz gurt ähli gurtlaryň başyny jemläp, mundan buýana bir agza bakyp, agzybirlikde ýaşamak, daşky duşmana garşy üýşüp bilelikde göreşmek barada maslahat geçiren ekeni. Ana, şondan soňam gurtlaryň şan-şöhratlary ýedi yklyma ýaýrap başlapdyr. Ýöne, bu barada şagallaryň birem dil ýarmady. Sebäbi, Şagallarbaşa ýakmaz öýtdüler. Dogram etdiler. Bäş müň ýyl mundan öň öten bolsun, bäş gün mundan öň öten bolsun ýa ýaşap ýören bolsun, tapawudy ýok, özünden başgany öwdükleri Şagallarbaşynyň atasy ölýär. Şondan soň ol şol ýalňyşlygy goýberen şagaly göz astyna alýar, yzarlaýar, ahyram her zat edýär welin, ynamdar wekilleriniň üsti bilen onuň başyna ýetýär. Şu zatlara gözleri ýetip durka şagallaryň Boz gurt barada näme üçin dil ýarmandyklary düşnükli bolsa gerek. Hä diýmänem ýadygärligiň gurluşygyna başladylar. Ýöne, gury çägeden ýasamaly bolansoň ilk-ä onuň binýadyny tutmak, soňam göwresini bina etmek kyn boldy. Edil pöwhe öwgüler ýaly, goýan çägeleri ygyp çar tarapa döküldi durdy. Ahyram haýsydyr bir şagalyň kellesine çägäni peşew bilen öllemeli diýen pikir geldi. Şeýtdilerem. Ýöne, o-da kän bir netije bermedi. “Häý, şüý-ä bolaýdy-ow”, diýşip, ýaňy bir uwlaşyp başlaýalar welin, eýýämhaçan guramana ýetişen çäge köpçülikleýin çykýan çakyr sesleriň zarbyna yýkýar gaýdyberýär. Ýene bir akly ganymadrak şagal çägä ýeke bir peşewlerini däl-de, tezeklerinem garmaklygy maslahat berdi. Onam edip gördüler. Barybir utan zatlary bilmady. Başga birem ýaňky zatlaryň üstesine çägä garagyň şahalaryny, pürlerini aralaşdyryp basmaly diýen pikiri öňe sürdi. Şeýdibem gördüler welin, birbada bolan ýalam etdi. Sähelçe wagtyň içinde boýunam ýetirdiler. Emma bir gün ýagyş ýagdy-da, ähli çägäni pohy-peşewi bilen bilelikde bulamak edip ýere düşürdi. Ýadygärlikden diňe garak şahalary galdy, o-da çelgi ýaly bolup bary-ýogy bir gün durdy, ikinji gün diýlende demirgazykdan akrap ýeli geldi-de onam alyp gitdi. Nätjeklerini bilmän ýaýdanyşyp durkalar, bu uly tutuma öz şahsy goşandyny goşmak üçin birýerlerden ýörite gelen urkaçy şagal düýn-öňňinlikde tanşan jalataýrak bir ýaş şagalyň syrtyna-syrtyny süýkäp durşuna öz gollaryna golaý bir ýerde içi şykgy palçykly käliň bardygyny, ýadygärligi şondan getirip bina etseler berk boljakdygyny aýtdy. Makulladylar. Başga bir köpi gören sakar şagalyň teklibi bilen bolsa häzirlikçe bu işi goýbolsun edip ýaz çyakdan soň şol kälden şykgy daşap işe täzeden başlamaly, diýen karara geldiler. Ýaz çykdam welin urkaçy şagalyň salgy beren kak suwunyň ýatagyndan şykgy daşap ýadygärlik ýasap başladylar. Tomsuň yssysy düşmänkä tamamladylar. Her niçik hem bolsa palçykdyr, ýel-ýagmyr bozaýmasyn, diýip, üstüne ýadygärligiň özündenem belent, ullakan çalmar dikdiler. Bir günem uly dabara bilen açdylar. Ýöne, öz nesillerbaşylary, bir wagtlar şu ýapynyň üstünde söz sözläp gurtlaryň agzyny jem eden Boz gurdy welin bu gezegem ýatlamadylar. Iki-ýeke onda-munda entäp ýören çyn gurtlary-ha asla çagyrmadylaram. Sebäbi, olar bu tutumy öňem goldamandylar, indem goldamajaklary, çagyraýanlarynda-da gelmejekdikleri görnüp dur. Howwa, ýadygärlik açyldy. Öz äpet ýadygärliginiň düýbüde nokat ýaljak bolup oturan Şagallarbaşynyň öňünde ähli şagallar uzyn-uzyn uwlaşyp aýdym aýtdylar, gyzyljagurtlar gum sowruşyp tans etdiler, hem o dünýede, hem bu dünýede edil bir şagal ýaly bolup oňa hyzmat etjekdiklerine şol ölen güni bu dünýäde özleriniň ýekeje günem ýaşamajakdyklaryna, biri-birleriniň guýruklaryna boglup, yzly-yzyna öljekdiklerine “Egerde, dirilikde saňa ýekeje gezek ikilik etsek, goý şu gara-gara garaklaryň garaçöňür şahalary garaklarymyza çümsün, guýruklarymyz gömeýinden sogrulsyn” diýşip şert etdiler. Ýöne, biri-biriniň aýdan pikirini ösdürmezligi şagallar özleri üçin kiçilik bilýärler. Şonuň üçinem, köpi ötüp azy galan, bir gözi gymşyk, iň garry şagallaryň biri sähelçe gymyldasa-da, öz ýelginine özi dökülip duran uçlary çöp-çalamlardan, gatap giden tezek çaňňalaklaryndan doly çöpürlerini alynky sol goly bilen sag golunyň penjesine üýşürip oturşyna solgun elwan reňkli dilini mazaly seýreklän dişleriniň arasynda ýalmandyryp “lagyr-lagyr” etdi. ―Hormatly şagallar! Şu gün biz özüne hemişe ygrarly boljakdygymyz barada Şirzadamyza söz berdik, şert etdik, indi bolsa beren sözümizi, eden şertimizi berkitmek üçin ant eçeliň! Özünem ýeke bir şu gün içip goýmalyň-da, gündelik içeliň! Irmän-arman içeliň! Gerek bolsa suw içmän oňalyň welin şony içeliň! Garry şagal sözüni tamamlandan soň şully gözlerini gymşaýdyp, Şagallarbaşa seretdi. Şagallarbaşy bu gezegem makullaýjylyk bilen baş atdy. Muny görüp şagal ähli bir hatara düzüldi-de, tä kyýamat ahyr bolýança özleriniň asly şirden dörän Şagallarbaşylaryna wepaly bolmak barada bokurdaklaryna zor salyp ant içdiler. Şondan soň öwgi täze bir röwüşe eýe boldy. Öňküsindenem has pöwhelendi. “Bu günki öwgi ertir gaýtalanmaly däl, düýnkä-de meňzemeli däl, her güni ant-şert hem-de aýdylmadyk täze bir taryp bilen garşylamaly. Her gün Şagallarbaşynyň gulagyna hökman del bir mahabat degäýmeli”, diýdiler. Şeýdip, kim köp hem üýtgeşik öwmeşek oýnuny oýnap ýörkäler Şagallarbaşynyň her bir islegini gözünden okamany başarýan entek gyzyljagurtlukdan şagala doly öwrülip ýetişmedik aksowult gyzyl reňkli bir şagal Şagallarbaşynyň ata-babasynam, ene-mamasynam bu oýna goşmak barada täze teklip girizdi. Özem diňe öwmeli däl-de, ýadygärlilerinem otrutmaly. Ömürboýy öz kowumlaryna ýol görkezip gelen serkerdeler hökmünde wasp etmeli. Aýdyldy gutardy! Şagallarbaşynyň şanyna giriilen islendik teklip goldanaýmaly. Yzyna gaýtarmak garşy çykmak bolanok. Onda Şagallarbaşynyň süňk duşmany hökmünde ýok ediläýmegiň mümkin. Teklip wekil şagallaryň üsti bilen derhal Şagallarbaşa ýetirildi. Şagallarbaşy bu gezegem makullaýjylyk bilen baş atdy. Netijede Şagallarbaşynyň özi bilen bilelikde ata-babalarynam, ene-mamalarynam öwmek boýunça täze bir şowhun emele geldi. Täze-täze namalar, aýdymlar döredildi. Öňi bilen olaryňam aslynyň şir-peleňlerdendigini Şagallarbaşynyň ýöne ýere Şirzada şagallarbaşy bolup döräýmändigini nygtadylar. Olara dikilen ýadygärliklerden ýaňa sähranyň içinde boş ýer galmady. Beýle uçursyz öwgülere, sansyz ýadygärliklere döz gelibilmän sähranyň käbir tarkyşrak ýerleri çat açdy, baýyrlaryň gumlary ygyşyp aşak çökdi, çägeler süýşüp-süýşüp gollardan-gollara göçdüler. Gara garaklaryň başlary öňküsindenem beter garaldy. Ýeljimek öwgüler Şagallarbaşynyň özünem çişirdi. Tultuk etdi. Garny arkasyna aýlanyp, gözleri ýumuldy. Ýörände goňur aýylar ýaly abşanaklady. Içegeleriniň iç ýüzüni, ýüreginiň daş ýüzüni ýag aldy. Içi bitdi. Soňabaka –ha asla ýerinden gozganybam bilmedi. Bir ýanyna gyşarsa özbaşdak beýleki tarapyna öwrülibilmedi. Wagtynda öwürmeseler bolsa şol tarapynyň tüýleri çüýräp, derisine käne, sakyrtga, eşekýassyk ýaly mör-möjekler üýşdi. Onuň welin şonda-da gymyldasy gelenok. Ýatan ýerinde iýýär, ýatan ýerinde içýär, aýtmagam birhili welin, soňabaka hatda täretem ýatan ýerinden boldy. Bar güýji gulagyna geçdi.Şoňa öwgi gelip dursa ol hatda gözleriniň ömürylla açylmazlygyna-da, hiç zat görmezlige-de kaýyl. Haýsydyr bir şägal bir öwgüni iki gezek gaýtalaýdygam: ―Täze bir zat tapyň-ň!.. Men mundan halys irdim-m... Bizar boldum-m... ―diýip, gözlerini açybilmän däbşenekläp ýatan ýerinden iňňildedi. Şolar ýalyda wekil şagallaram, raýat şagallaram kyn güne galýardylar! Sebäbi, Ýaradany Ýaradandan aňyrda näme bolup biljekdigine hiç haýsynyň akly çatanok. Aňlary ýetenok. Käbir-ä aklyna aýlanan wagty oýlanyp görýär-de, öz sözi alyşýan garyndaşrak şagalynyň ýanynda: “Ahow, bi Ýaradany Ýaradan biziň Şagallarbaşymyz bolýan bolsa, onda Ýaradanam şagal bolýa-la how” diýip, “hoňňuldadam”. Ýöne, oňa derhal: “Gys” diýdiler-de sem etdiler.Ýöne bir depen ýerlerini depip durmana welin özleriniňem kararlary ýetmedi. Oňa Şagallarbaşynyň özem rugsat berenok. Olaryň beýdişip, ilk-ä ata-babalarynyň şan-şöhaşratlaryna bukulyşyp, soňam gije-gündiz diňe öz Şagallarbaşylaryny öwüp, ony Biribary Ýaradanyň derejesine çenli ýetirip, indem ondan aňyrda näme bardygyny biljek bolup görgä galyp ýörüşleri gadymy goňşulary bolan alajabarslaram, özlerini taşlap giden goňur aýylaram, olardan aňyrdaky dag-düzlerde ýaşap ýören beýleki jandarlaram iňňän geň galdyrdy. Bu habar hatda ummanlaryň aňyrsynda ýaşap ýören jirafalara-da, bizonlardyr-kerklere-de, kengurylara-da, hatda göti gyzyl maýmynlara çenli baryp ýetdi. Olar-a dogrusy bu habara ynanmajak boldular. Çyndygyna gözlerini ýetirensoňlaram: “Bu gidişlerine gitseler indi olaryň şagallykdanam geçip alaka ýa syçana öwrüläýmeklerem mümkin” diýen netijä geldiler. Şol keseliň iňňän ýokançdygyny, onuň ýer ýüzüne ýaýraýmagynyňam ahmaldygy sebäpli, ähli jandarlary ýetip gelýän şol agyr dertden halas etmek niýeti bilen ol ýere öz wekillerini iberdiler. Hälem bolsa toba edip akyllaryna aýlanmaklaryny towakga etdiler. Şeýtmeseler hakykatdanam şol güne düşjekdiklerini dürli tymsallar arkaly subut etdiler. Emma hiç hili täsir edip bilmediler. ―Biziň Şirzada Şagallarbaşymyz bar, a sizde kim bar ―diýşip, mes şagallar gaýtam myhmanlaryň üstüne çöwjediler. Çyňsadylar. Gum sowurdylar. ―Şol habar bilen gelen bolsaňyz arkaýyn gaýdyberiň, biziň bilen işiňiz bolmasyn, görüplik etjek bolýan bolsaňyz, bolsa külüňizi asmana sowurarys―diýdiler. Goňşularynyň ýagdaýyna belet bolansoňlar alajabarslardyr-goňur aýylar-a bu işe goşulmadylaram. Öz üstlerinden geçip şagallaryň üstüne töwella barýan üňüzaňyrsy jandarlara-da gep düşündirjegem bolmadylar. “Baryň, görüň. Bar zada özüňiz göz ýetiriň” diýdiler-de oňaýdylar. Olar yzlaryna gaýdyp gelýärkälerem: “Gördüňiz dämi?”diýip, soradylar. Olaram: “Howwa, gördük, aýdyşyňyzdanam beter ekenler. Olar bejermesi mümkin bolmadyk agyr derde uçran ekenler, bu dertden indi olary diňe özleri halas edip bilerler. Diňe aňlaryny üýtgetmek arkaly öňki görnüşlerine öwrülip bilerler” diýdiler-de, başlaryny sallaşyp geçdiler gidiberdiler. Hatda säginip dem-dynjam almadylar. Ýöne, gelip-giden myhmanlaryň “öwrülmek”, ýagny, başga görnüşe geçmek baradaky beren maslahatlary Şagallarbaşynyň öwgüden ýaňa humar bolan kellesine başga bir pikir getirdi. “Ras men Boz gurtlykdan – gyzyljagurda, ondanam şagala öwrülipdirinmi, diýmek, diňe öwgüde däl-de hakykat ýüzünde-de şagallykdan ýeke bir gurda däl-de şire-de öwrülip bilerin. Özüm öwrülibilmesemem, aslymyň şirdigini subut etmek üçin çagalarymy şire öwrerin. Sebäbi men ―Ýaradan! Ýok, Ýaradan däl-de, Ýaradany Ýaradyjy! Bu derejedäkäm meniň başarmajak zadym bolmaly däl. Älem-jahany bar eden bolsam, bu iş dagy “witjik” bolmaly. Goý, meniň indiki neslim hakykatdan-da şirden dogan şirzadalar bolsunlar! Şagallar ähli olara guwansynlar! Söýünsinler! Ýaşasyn men!.. Ol özüniň bu pikirini öňi bilen özüniň ýan ýoldaşy, ýüpek ýaly ýumşajyk tüýleri şemalyň ugruna ülpüldäp duran, “Akýal” lakamly urkaçy şagala-da duýdurdy. ―Gel, şeýdeli. Ikimiz bileleşip şir dograly. Bomy? Akýal aşak bakyp guýrugyny bulady-da, ýuwaşja çyňsady. ―Sen näme diýseň şol bor. Seniň emriň, meniň üçin kanundyr. Sen şir dogur, diýseň şir dograryn, syçan dogur diýseň syçan dograryn. ―Syçanly gürrüňi goý, ol biziň duşmanymyzyň tapýan zady... Sen hakyky şir dogur. ―Şagallarbaşy ýatan ýerinden owsun atdy. Men-ä nemediýin, senem nemet. Bomy? ―Bor. Özüň nemedibilerin diýseň menlik işi bitdi hasap edäý. ―Nenetmänmi-i... Baý-ba-a.. Ine, häzir... ―diýdi-de Şagallarbaşy birwagtkylary ýaly uly höwes hem hyruç bilen Akýalyň üstüne towusmak isledi. Ýöne, tultuk göwre çalaja titredi-de, ýeriň ýüzüne ýaýrady ýatyberdi.Aýaklarynyň üstüne galybam bilmedi. Onuň ýagdaýyna belet Akýalyň özi oňa golaý bardy-da, syrtyny-syrtyna diräp oýkanjyrady. Gysmyljyrady. Süýkenjiredi. Bolşuna görä çörňeşdi. Iş bitenden soňam bir gyra çekildi-de, öňküsindenem ýuwaş çyňsady. ―Bu tutumymyzy beýleki şagallara-da duýduraýsakmykak? ―Howwa-a-a...Duýdurmaly-y... ―diýip, eýýämhaçan uka gidip ugran Şagallarbaşy dört aýagynam göge tutup, çiň-arkan ýatan Şagallarbaşy çalaja yňrandy. ―Goý, bilsinler! Goý, begensinler! Öz baştutanlarynyň nämelere ukyplydygyna göz ýetirsinler. Bu hakda gije-gündiz uwlaşsynlar. Goý, bu habar dagdaky alajabarslara-da, şirdir-peleňlere-de, tokaýdaky goňur aýylar-da, araky gelip-giden çalasowat, üňüzaňyrsy jandarlara-da baryp ýetsin. Görüp bilmedikleriň bolsa gözleri çyksyn! Patlap aksyn! ―Eşitseler dagdaky şirler gaty görmezlermikän? ―Gaty görseler gaty ýerde otursynlar! Ýer sürsünler. Öýkeleseler öýken iýsinler! Olar bar diýip biz näme, başarýanja zadymyzam etmeli dälmi? Şol wagt gyş düşüpdi-de, Şagallarbaşyny bir aý şondan öň, götergiläp süreniniň içine dykypdylar. Akýal bilen bolan ýaňky gürrüňem, “işem” şol ýerde alagaraňkynyň içinde bolup geçdi. Ony özlerinden başga görenem ýok, eşidenem. Ýöne, raýatlarynyň öweri ýaly täze pikir, tutumly “iş” oýlap tapandygyny Şagallarbaşynyň içine sygdyryp ýatyp bilmejegi çyn-a! Şonuň üçinem ol Akýala bu täze habary hemme şagallara buşlamaklygy buýurdy. Akýalyň Sary ýapa çykyp, ähli şagallara ýüzlenmegi bilen bu habar sähra doldy. Garaklaryň pürlerinden sallanyşyp duran, her biri ýaňy guzlan urkaçy şagalyň emjegi ýaly buz böleklerini ýalaşyp, sowukdan ýaňa digdenekleşip, iki ýana elewreşip ýören gyzyljagurtlardyr – şagallar duran ýerlerinde diriň-diriň böküşip, sowuk çägäni tozatmana, edrenç-edrenç uwlaşmana başladylar. Şagallabaşynyň Akýal aýalyndan şir dogandygyny aýdyp gygyryşdylar. Entek bolan zadyň ýokdugyny, çörňeşenlerine ýaňy bir iki sagada golaý wagtyň geçendigini, entek çaganyň galandygynyň ýa galmandygynyňam belli däldigini, egerde galmadyk bolsa, onda Şagallarbaşy üçin hernäçe kynam bolsa bu işi ýene bir gezek gaýtalamaly boljakdygyklaryny Akýal düşündirjek bolup kän synanyşdy, ýöne, eýýämhaçan dünýe-älemi “uwuldydan” dolduryp ugran şagallara bu wagt seslerini goýdurmak ýa gep düşündirmek mümkin däl. Gaýtam olaryň köpüsi topar-topar boluşyp golaý-goltumdaky gollara, källere buşlukçy gitidler. Galanlary bolsa şowhuny dowam etdirdiler. Çünki, Şagallarbaşynyň hut özüniň, onda-da garaňky süreniň içinde ýatyrka tapan bu täzeligi şagallara diýseň ýarady. Hakykatdan-da göwünlerini göterdi. Buýsandyrdy. Ähli zady başaran hökmünrowan Şirzadalarynyň saýasynda olar özlerini iňňän bagtyýar duýdular. Tä kyýamat ahyra çenli onuň özlerine baştutan bolup gezmegini arzuw etdiler. Täze şowhun Şagallarbaşynyň özüne-de ýarady. Gulagyna hoş ýakdy. Ýalanam bolsa Akýalyň eýýäm şir çagasyny dograndygy baradaky habary açyk howada durup, şagallaryň öz agyzlaryndan eşitmek isledi. Şonuň üçinem, özüniň derhal Sary ýapa çykarylmagyny isledi. Isleg ýerine ýetirildi. Şol ýerde garysyna ýaplanyp ýatyşyna ol gözlerini zordan açyp: ―Urkaçy şagallara nädip şir dogurtmalydygyny men size-de öwrederin―diýdi. ―Menem... ―diýip, onuň gapdalynda iki öň aýaklaryny jübüt tutup, çommalyp oturan Akýalam uýaljyrap çalaja seslendi. Bu Şagallarbaşa ýaramady. Ýaramandygyny Akýalyň özem, beýleki şagallaram bada-bat aňdylar. Şonuň üçinem, barsynyň keýpi gaçdy. Şagallarbaşy bolsa basyk sesi bilen sürenine girmek isleýändigini aýtdy. Götergiläp ýapydan düşürdiler, ýapynyň düýbündäki sürenine süýrekläp saldylar, agzynda men diýen jahyl şagallardan sakman goýdular. Ol şol ýerde telim günläp iýmän-içmän, Akýala tarap gaharly seretdi ýatdy. Arasynda: “Be-e... şeýdäýjekmidiň senem...” ―diýip, oňa ajysyny pürkesi, igenesi geldi, ýöne, öte gowuşgynsyzlyk zerarly beýdere göwresinde gurp tapman goýbolsun etdi. Ýaltandy. Sesini çykarmady. Bu ýagdaý Akýalada kem ýaramady. Wagt geçdi. Akýal üç sany çaga dogurdy. Şagaljyklar başda dogrudanam şir çagasyna meňzemänem duranokdylar. Dok ýeriň çagasy bolansoňlar dykyzja, burunlary ýasyja, gözleri ýumuk, hatda birhili şir çagasy kimin “hyrlaşýanam” ýaly. Reňkleri dagam birgeňsi, altyn öwsüp dur. Muny görüp Şagallarbaşy begendi. Uly iş bitiren şagal hökmünde ýerinden turup mazaly gerinesi geldi. Ýöne, başarmady. Ýag alan ýürekde rowgat tapylmady.Şondan soň ol nijembir wagt bäri ilkinji gezek Akýala lak atdy. Şelaýyn seslendi. ―Bolaýjak ýaly-la, how. ―Bolman nirä gitsin-ä, bir ýüregiňe düweňsoň... ―Onda daş çykda hemmelere aýt, bar zat ýerbe-ýer, heňkirmäňizi dowam etdiriberiň, diý... Akýal süreninden çykdy-da, entek çatalbalary doly ýerine gelmändigi sebäpli süýrenjiräp Sary ýapa dyrmaşdy. Ähli zady düşündirdi. “Şunça wagtlap gygyryşyp ýörenem bolsaňyz öň zat ýokdy. Indi bar. Onda-da üçüsi bar. Üçüsem şir. Siziňem, biziňem yhlasymyz ýerine düşdi. Onsuzam telim aý bäri çirim etmän, ala-goh turzup ýören şagallar bu habar gulaklaryna degenden begençlerinden ýaňa ýarylaýjak boldular. Özlerini dik ýokary zyňyp, oturýerlerini gülçüldedip-gülçüldedip ýere urdylar. Sary ýapynyň daşyndan hatar-hatar aýlanyşyp aýdym aýtdylar, tans etdiler. Hiç bir jandaryň başaryp bilmejek zadyny başarandygy üçin, Şagallarbaşyny ýene-de Biribara deňediler. Soňam Sary ýapynyň etegine üýşdüler-de, şir çagalaryny sürenden çykaryp özlerine görkezmekleri haýyş etdiler. Emma muňa Şagllarbaşynyň özem, Akýalam razy bolmady. Olar öz çagalaryny ese-boýa galanlaryndan soň, şir sypatyna ymykly gelenlerinden soň sürenden çykarjakdyklaryny aýtdylar. Ýöne, nätjek, hernäçe uwlaşsalaram şagal-a – şagal, şirem-şir bolýar. Şagaldan şir, şirden şagal dogmaýar. Suwdan binýat, howadan bina gurup bolmaýar. Şol sebäpdenem gün geçdigisaýy şagal çagajyklarynyň burunjyklary inçelip sesjagazlary naçarlap başlady. Reňkleri külerdi. Birdenem gol doly şagallara meňzediler-de sürenleriniň agyzna baryp, uzynly-gysgaly uwlamana başladylar. Muňa Şagallarbaşynyň gahary geldi. ―Barsyna sen günäkär, ―diýip, Akýalyň ýüzüne çytylyp seretdi. ―Seniň zat başarmajakdygyň-a bilýärdimem welin... Akýalyňam ýeň beresi gelmedi. ―Weý, atasy sen bolsaň, dagy men nädeýin... Şagallarbaşy birden özüne gelen ýaly boldy. ―Näme diýsene... Biziň indi beýdip dawalaşyp, biri-birimizi günäkärläp oturanymyzdan peýda ýok. Birinjiden-ä ruhdan düşmäli-de, ýene bir gezek synanyşyp göreli, belki bir ýerde bir ýalňyşlyk goýberendiris. Ikinjidenem daşardakylara syr bildirmeli däl. ―Aý, olar üçin–ä tapawudy ýok, biz syçan dogursagam şir dogurdylar diýip, gygyryşarlar ýörerler. ―Syçanly gürrüňiňi goý diýip öten ýylam-a bir aýdypdym men saňa!... ―Şagallarbaşy ýatan ýerinden Akýala tarap gobsundy. ―Gel, gowusy pursaty goldan bermäli-de, gaýtalaly. Bir gün ir ýetişseler bir peýda... Gaýtaladylar. Onda-da yhlas bilen gaýtalap-gaýtalap gaýtaladylar. Şagallarbaşy bu gezek hatda az-owlak ýerindenem turdy. Art aýaklaryna daýanyp Akýalyň üstüne-de bökdi. Gerşinden dişläp yhlas bilen dyzady. Akýalam oňa ussatlyk bilen takge berdi. Garaz, şoň bilen bolar ýaly bolsa bolarça boldy. Ýöne, barybir o gezegem, üçünji gezegem bolmady. Şol bir meňzeş hadysa gaýtalandy durdy. Özüne Şirzada diýdirip ýören Şagallarbaşy şir çagaly bolmakdan umudyny üzdi. Dördünji gezekki synanyşykdan soň çagalaryň kem-kemden inçelip barýan burunlaryna seredip oturşyna Akýalyň ýüzüne seredip uly ahmyr bilen: ―Aý, ýok, biziňki boljak-gä diýdi. ―Goýaly indi bu oýny... Akýal razylyk alamaty hökmünde ysgynsyz çyňsady-da, täze bolan çagalaryny emdirmäne durdy. ―Sen näme diýseň şol bor, meň hökümdarym... Ýöne... ―Näme diýjek bolýanyňa düşünýän. Olara hiç zat diýmek gerek däl. Goý, bize bolan ynamlaryny synmasyn. Ruhdan düşmesinler. Gygyryşybersinler. Her gezek sürenden şire derek ýaşajyk şagal çagajyklarynyň çykyp durmagy şagallary asla gynandyrybam duranok. Akýal bilen Şagallarbaşydan nämäniň dogandygy ýa dogjakdygy gyzyklandyranok. Akýalyň aýdyşy ýaly olardan syçan dogaýanda-da bularyň barysy “Şir dogdy” diýşip, uly illeri bilen uwlamaklyga kaýyl. Esasy zat Şagallarbaşynyň islegine bagly. Onuň näme isleýändigi bolsa belli. Oňa öwgi gerek. Şol öwgülerde Şirzadanyň şir çagasy boldy diýip köpräk gaýtalaberseler, ol özüniň hakykatdanda şir atasy bolandygyna ynanar. Serkerdeleriniň şol ynamyny gazanyp bilseler, olara başga zat gerek däl. Şagallarbaşa-da şondan üýtgeşik zat gerek däl. Hernäçe öwselerem, şir, Barhuda, Biribar, Biribary Ýaradan diýip, hernäçe mahabatlandyrsalaram, ol özüniň kimdigini bilýär. Gözüni ýuman güni haýbatly ýadygärliklerini ýykyp-ýumrup, üstünde meýdan etjeklerine-de akly ýetýär. Şu, ikitaraplaýyn, sessiz-üýnsiz düşünişmekligiň netijesinde Şagallarbaşy öz süreninde, Akýalyň ýumşak bykynyny ýasanyp ýatyr, käte-de Sary ýapynyň üstüne çykyp, gör indi nijembir ýyldyr, bir özi üçin ähli pişelerini taşlap diňe mahabat bilen meşgullanyp, goldan-gola aşyşyp, goh turuzyşyp ýören şagallary synlaýar. Olaryň özi baradaky täze-täze öwgülerini diňleýär. Ýöne, hernäçe diňlese-de gulaklary gananok. Şagallaram ony öwmekden ýadaýanoklar. Irenoklar. Aranoklar. Sebäbi, öz Şagallarbaşylarynyň hakykatdan-da Ýaradany Ýaradan Gudraty güýçliniň hut özüdigine, özleriniň bolsa ýer ýüzüniň ähli jandarlaryndan beýik, iň gadymy jandardyklaryna ynanýardylar. Şonuň üçinem, gohlary gün-günden artaýmasa peselenok.Uwlaşýan sesleriniň bady ýeriň ol ujuna ýetse, sowurýan tozanjyklarynyň gabarasy magallaklap ummanlardanam aňyrdan görünýär. Olara “haý-küş”edýän, munyňyz däl, diýýän bolsa ýok. Sebäbi, “biz şir” diýip hernäçe döşlerine kaksalaram hemmeler olaryň şagaldyklaryny bilýärler. Şonuň üçinem, hiç kimiň olar bilen agyzlaryny deňäsleri gelenok. Beýtmekligi olar özleri üçin kiçilik saýýarlar. Uslyp görmeýärler. Şagallar bolsa muňa henizem özleriçe düşünip, baş-depäp eňişip gidip otyrlar. Olar ýekeje zatdan gorkýalar, o-da ölümden sypyp, çet-çemerlerdäki gollaryň içinde enäp-tenäp ýören iki-ýeke çyn gurtlaryň günlerde bir gün başlarynyň birigip bir güýje öwrüläýmekleriniň, şalygy öz ellerinden alyp, sährada ýene-de şo-ol, gadymky Boz gurtlaryň häkimligini dikeldäýmekleriniň, şagal mesliginiň soňuna nokat goýaýmaklarynyň ähtimallygy. Olaryň ojagaz gorkulary esassyzam däl. Çünki, çyn gurtlar hakykatdan-da käte bir, kä o baýryň, kä bu baýryň, käýarym bolsa aňňat-aňňat gum depeleriniň aňyrsyndan özleriniň ujy çürüje çalja gulaklarynyň ýokarky ýarysyny görkezip gidýarler. Käbir ünsliräk şagallaryň arasynda bir gezek, ýarym gezek olaryň ýanyp duran gözlerini, hatda dogumdan, ar-namysdan ýaňa titräp duran temeklerini görenlerem bar. Iň gorkunç ýerem şol gulaklaryň sanynyň gün-günden köpelip gidip barýanlygy. Soňky döwürlerde bolsa, şagallaryň arasynda çyn gurtlaryň tokaýa gidip goňur aýylar bilen ondanam aňryk gidip ak aýylar bilen, daglara baryp alajabarslar, şir-peleňler bilen, hatda ummanlardanam aňryk geçip ol ýerdäki rehimdar hem pähimdar üňüzaňyrsy jandarlar bilen dil tapyşýarmyşynlar, güýç toplaýarmyşynlar diýen ýaly has gorkunç habarlaram ýaýrap ugrady. Ýöne, şagallar barybir öz werziş bolan edähetlerinden el üzüp bilenoklar. Üzüp bilmezlerem. Sebäbi olar şagal. Boz gurtlukdan–gyzyljagurda, gyzylja gurtlukdanam şagala öwrülen nalajedeýinler. Birwagtlar, deňiz aňyrsyndan ýagşy niýetler bilen, betbagtçylykdan halas etmek üçin gelen hoşniýetli haýwanlaryň aýdyşlary ýaly, şu gidişlerine gitseler olaryň hakykatdan-da alaka ýa syçana hatda porsyjagözenlere-de öwrüläýmeklerem ahmal. Bu hökman şeýle hem bolar. Sebäbi, olar indi şondan başga ýol bilenoklar. Ýöne, olaryň ol şagal meslikleriniň näçe wagtlap dowam etjekdigini welin bilýän ýok. Bu öňi bilen çyn gurtlar baradaky habaryň çyndygyna ýa çyn däldigine, çyn bolaýanlygynda-da olaryň geljekdiklerine ýa gelmejekdiklerine, egerde geljek bolsalar, onda haçan geljekdiklerine bagly. Sentýabr – oktýabr 2008 ý. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |