Üçünji bap
Meýlis üç günläp dowam etdi. Seljuk ýigitlerine üç günläp hyzmat etdildi.
Hoşlaşyk agşamy diýip, meýlis has uludan tutuldy.
Şeýle bir hyzmat edildi. Hut soltanyň özi hyzmat-zyýapata gözegçilik etdi.
— Zyýapatyň kemi bolmasyn — diýip, birki gezek nygtady.
Soltan Arslan ýabgunyň ýanynda gowy-gowy sözler bilen bada göterildi.
Kelleler göçdi.
Seljuk ýigitleri şol gün agşam, tä ýarygijä çenli bozadyr rakiýa içmek içdiler.
Arslan han nädip uka gidenini bilenok.
Arslan ýabgu şol günüň ertesi gözüni açdy. Töweregine garanjaklap geňirgendi: gözüniň görýän zatlaryna ynanmajak boldy. Asyl ynanar ýaly hem däldi.
Nädip ynanjak?!
Onuň gözüniň görýän zatlary akyla sygar ýaly däldi: häzirki ýatan ýeri öten agşamky ýorgan-düşek ýazylan otag däldi.
Ol otaga meňzeşem däldi.
Bu ýeri zyndandy!
Hakyt zyndandy!
Özem yzgarly zyndandy!
Arslan ýabgu eliniň daňylgydygyny bildi. Näçe urunsa-da, eliniň daňysyny aýyryp-çözüp bilmedi. Ol daňy aýryljak daňa meňzemeýärdi.
Onuň ýanynda ogly Gutulmyş hemem öz ýigitleri myrlap ýatyrdy. Olaryň-da eli-aýagy daňylandy.
Gutulmyşyň aňyrsynda ýatanlaryň içinde nätanşy ýokdy. Olaryň ählisi Arslan ýabgunyň öz ýoldaşlarydy.
— Eý, Hudaý, bu näme boldugy?!
Alagaraňky zyndanyň içinde serhoşlukdan açylanlar bar eken, ýöne olar nämäniň-nämedigine akyl ýetirip bilmän, bu ahwalaty boýun almak islemän, şeýle hem bu şum habary ilki bolup dile almaga gaýrat tapman diwara arkasyny berip, irikgä otyrdylar.
— Bu näme boldugy? Biz nirede? Biz bu ýere nädip düşdük? — diýip, Arslan han başlaryny aşak salyp oturan ýoldaşlaryna ýüzlendi, ýöne olaryň biri-de oňa jogap berip bilmedi.
Arslan han böwrüne diň salyp, nämeleriň bolup geçendigini, özleriniň bu ýere nädip düşendiklerini hakydasyna getirjek boldy. Haýp, hiç zady ýadyna salyp bilmedi.
Ol ýerinden turdy, alagaraňky zyndanyň gapysyny depdi, öwran-öwran depdi:
— Näme gerek? — diýip, mölegöz sakçy gözenekden ýaltalyk bilen seretdi.
— Aç gapyny!
— Näme üçin?
— Bizi näme üçin bu ýere getirdiňiz? Bu näme boldugy? Derrew gapyny açyň! Bizi derrew goýberiň! Biz soltanyň myhmany. Bizi derrew goýberiň! Aç gapyny diýýärin men saňa!
— Emir-i-harasdan29 buýruk bolmasa, gapyny, açyp biljek däl.
— Çagyr emiri!
Emir-i-haras geldi. Ol gapyny açman gözenekden jogabyny aýtdy:
— Maňa sizi zyndanda saklamak tabşyryldy.
— Kim tabşyrdy?!
— Wezir Ahmet Meýmendi bilen üstazdar Hasanak.
— Eý, pidul, düşün, biz — myhman. Bize bu ýeri gerek däl. Goýber bizi bu ýerden! Biz häzir Meýmendi bilenem, Hasanak bilenem düşünişeris. Biz hiç hili etmiş edemzok.
— Bu ýer myhmanhana däl. Bu ýere etmişi ýok adamy getirmeýärler. Getirileniňizde ähliňiz serhoşduňyz. Serhoşlukda nämedir bir jenaýat edensiňiz. Eden etmişiňiz günäsini geçip bolmaýan etmişdir. Ýogsam soltan siziň günäňizi geçerdi. Sebäbi soltan Mahmyt geçirimli soltan.
— Bu ýerde bir düşünişmezlik bar. Biz zyndanda ýatmaly adamlar däl! Biz soltan Mahmydyň myhmanlary! Myhman zyndana atylmaýar. Bu edýän zatlaryňyzdan soltanyň habary ýokdur! Soltan bizi gowy görýär. Meniň şu halda oturandygymy bilse, soltan size çökder jeza berer!
Emir-i-haras ylla Arslan hanyň janykmasyny eşitmeýän ýaly, biperwaýlyk bilen gitdi.
Arslan han onuň yzyndan gygyrdy:
—Meni soltanyň ýanyna äkidiň! Meni soltan bilen duşuryň! Bizi näme üçin zyndanda saklaýarsyňyz?
— Bir etmişiňiz bardyr — diýip, emir-i-haras gidip barşyna sowuk jogap berdi.
— Biziň hiç hili etmişimiz ýok. Biz soltana wepadar adamlar. Biz soltana gulluk edýäris. Soltan bizi bu ýere — Samarkanda ýörite görme-görşe çagyrdy. Ol: «Men size üç gün zyýapat ýapjak» diýdi. Biz soltan bilen görme-görşe üç ýüz ýoldaş bolup geldik. Biziň ýüz ellimiz Buhara gaýtdy. Ýüz ellimiz bolsa myhman bolup galdy. Soltan toý edýär. Gadyr han öz gyzyny soltanyň ogly Masuda gelinlik edip berdi. Şonuň üçinem bize hyzmat edýärler. Biz üç günläp toý toýladyk, bu gün gaýtmakçy. — diýip, Arslan han emir-i-harasa düşündirmäge çalyşdy.
Emir-i-haras yzyna öwrüldi-de, ýene başky sözüni gaýtalady:
— Bir günäňiz bardyr.
— Biziň näme günämiz bolup biler?!
— Ony ýanyňdakylardan sora.
Arslan han öz ýoldaşlaryna ýüzlendi:
— Biziň näme etmişimiz bar?
Ýerli-ýerden özlerinde jinnek ýaly günäniň ýokdugyny tekrarlaýan begleriň sesi töweregi ýaňlandyrdy.
— Eý, emir! Sen nä bizi tanaňokmy? Men Arslan han Seljukly!
— Tanaýaryn, ýöne size edip biljek goldawym ýok.
Zyndanyň emirinden seljuk begleriniň tamasy çykmady.
Hiç kimiň elinden gelýän zady ýok.
Seljuklylar üç günüň dowamynda bolan wakalary ýatlap ugradylar:
— Bizi äkiden emir içýakgynç adam eken. «Eýle oturyň, beýle oturyň» diýip ýüregime düşdi. Onsoň onuň sözüne çydap bilmän, men emiriň ýüzüne şerap sepdim — diýip, Hasanagyň aramgähine giden seljuklylaryň birisi dillendi.
Başga bir topara baş bolup giden seljukly «etmişini» boýun aldy:
— «Şu çorular siziň hyzmatyňyzda bolar» diýip on sany ýarym ýalaňaç gyrnak berdiler. Owadanja zatlar eken. Çorular bize şerap guýup berdi. Hyzmat etdi. Men olaryň biriniň terje, tyňkyja memmesinden sordum soňam işimi bitirdim. Muňa emiriň gahary geldi. Belki şonuň üçin, bizi zyndana atandyrlar?! Çory çorydyr-da, olary nätseň bolmaýar. Heý, onuň üçinem gaharlanmak bolarmy?!
— Soltan bizi biçak sylady, hatyralady. Meni öz ýanynda altyn sypada oturtdy. Üç günläp zyýapat ýapmak isledi. Ýöne biz soltanyň hormatyna mynasyp bolup bilmedik. Onuň ýanynda dilimiz gysga boldy. Biz soltanyň hormatyny göterinip bilmedik — diýip, Ysraýyl beg ah çekdi.
— Gaty köp boza içipdirin. Şindem özüme gelip bilemok. Köp içenligimdenmi-nämemi, gözüme bolgusyz zatlar görünýär. Men ylla zyndanda ýatyrmyşym! Eý, Hudaý, bu näme boldugy?! — diýip, huşuna gelen Gutulmyş kellesini tutup öwhüldedi. — Gözümi açmaga gorkýaryn. Maňa her hili bolgusyz zatlar görünýär...
— Wah, seniň aýdyşyň ýaly, bu bir düýş bolaýsady! Ýöne, haýp, hakykat bu,
Gutulmyş.
— Babam, hakykat diýýäniň nämedir, ol?!
— Seniň gözüňe görünýän zatlar rakiýany, bozany köp içenligiň sebäpli gözüňe görünýän zatlar däl. Biz zyndanda ýatyrys. Biziň ählimizi serhoş edip zyndana atypdyrlar.
— Öten agşamky öýlenişim hem ýalanmy?
— Ýok, ol-a hakykatdy.
— Hany, onda meniň hatynym?
— Ýok.
— Nirede ol?
— Wah, Gutulmyş, hatyn tapylar, ýöne öňki günümiziň tapyljagy gümana.
— Näme üçin?
— Wah, Gutulmyş, han-da bolsam, bu sowalyňa jogap tapyp bilemok. Ähli zada ygtyýarym ýetýän halyma birden biçärä öwrüldim. Biçärä öwrüldik.
— Heý, bir çorynyň memmesinden sorduň, eýtdiň-beýtdiň diýip ýa öý eýesiniň ýüzüne şerap sepdiň diýibem ýüz elli adamy zyndana ataýmak bolarmy? Iki adamyň eden ýönekeýje zady üçin ýüz elli kişini zyndana atmak bolmaz-a?!
— Gutulmyş, biz köşgüň kada-kanunyny bilemzok. Şalygy parahat saklamak üçin, elbetde, şunuň ýaly berk kada-kanun gerekse gerekdir. Her kim edenini edip ýörse bolmaz — diýip, Arslan han ogluna töwella etdi. Içinden welin, oglunyň sözlerini unady.
Soltanyň emri bilen şol gün agşam Arslan hanyň «ähli nökerleriniň hersini bir eşege mündürdiler. Arslan hanyň töweregini dört müň atly we pyýada gurşap aldy. Ony we onyň adamlaryny iki günde Jeýhundan geçirdiler. Üçünji gün türkmenlere habar ýetende soltan eýýäm Jeýhundan geçipdi. Bir aýdan soň soltan seljuklylary Hindistana ugratdy»30.
***
Soltan Mahmyt Seljugyň jemagatyna köp mukdardaky halat-serpaý bilen bir ilçi iberdi. Ilçi soltanyň: «Ysraýyl meniň ýanyma gelen wagty uly hormat gördi. Ol öň patyşa köşgüni görmänligi sebäpli şerap içip, özüni gödek alyp bardy. Soltanlygyň abraýyny saklamak üçin, ol birnäçe günlük saklanylýar. Bu meselede göwnüňize hiç hili güman gelmesin. Tabynlygyňyzy we päk ýürekliligiňizi öňküden hem artdyran ýagdaýyňyzda, mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde olara patyşa sowgatlaryna laýyk bolup, yzyna gaýtmaga rugsady berler» diýen sözlerini ýetirdi.
Ilçi süýji dili bilen Nurda ýaşaýan seljuklylary köşeşdirmegi, olaryň soltana hormat goýmaklaryny gazanmagy başardy.
Taryhy proza