20:26 Şahyra hat | |
ŞAHYRA HAT
Goşgular
■ Kerim Gurbannepesowa bagyşlaýaryn Mahal-mahal duşamyzda ikiçäk, Diýerdik akylly gürlemä derek: «Şu günler hat ýazyşybam bilemzok, Hat ýazyşmak üçin daşlaşmak gerek». Ine, ikimiziň diýenmiz geldi, Men obada. Senem galdyň şäherde. Obanyň durmuşy özüňe belli, Horazlaň sesine örýäň säherde. Ir ördüm diýýärsiň sen ilkibada. Emma gapa çyksaň, şo bada duýýaň, — Garry mamaň düşüp ýörendir oda, Sygyram sagandyr, süýdüňem taýýar. Ýok, men birden ýapyşmadym galama. Ýogsa, saňa sözüm kändi diýere. Bir wagtky belent-belent galalar Ýagyş-ýagmyr bilen siňipdir ýere. Obaň tebigatam adamsy deýin, Asuda, parahat, äwmezek örän. (Gelnejem bilmesin, bir zat diýeýin: Edaly gyzlar bar — elheder aman!) Bärde kiç-ä ini, uly-da aga, Daýhan gylygynyň mähiri yssy. Uçguryny daňyp bilmeýän çaga, Sümügini çekip diýýär: «Dlasti!» Hydyr ataň gözi düşen sährada, Myhmanlyga çagyrylyp barlanok. Bu ýerde adamlar şeýle bir sada, — Bu ýerde kän ýüz görülip durlanok. Birdenkä duýýarsyň ýüregiň bilen, Unudyp sylagy, hormat, şöhrady Şäher köçesinde gezip ýörkäň sen Ýitirýär ekeniň uly bir zady — Olam ýönekeýlik — unudýar seni, Unudýar iň zerur, gerek ýerinde. Sözlermiz elmydam belent ekeni, Olaryň ýönekeý döwürlerinde. Bu şygyr sungaty, mälimdir saňa, Syrat köprüsi dek hatarly ýoldur. Saçym agarmandyr hesretden ýaňa, Bagtdan ýaňa-da agaran däldir. Ak kagyz ýüzüni, toprak deý sürseň, Soňra tohum sepseň, gögäri ýaly. Hem obada, hemem şäherde ýörseň, Iki agaň hyzmatçysy mysaly! Bilbil bagy söýýär, bag ýeri söýýär, Meň diýjegim welin, ynan, tobam däl, Wah, ýene ýüregim şäher küýseýär, Ýogsa, men ýaşardym eziz obamda. — Ýaşardym şäheriň şowhunyn taşlap, Gyzlaň lälesiniň sesýetiminde, Asfalta berimsiz düzünden başlap, Onuň Güne ýakyn gözýetiminde. Asmanyň düýbüniň bolmaýşy ýaly, Serhet ýok, menzil ýok adam meýline. Şäherden gaçmak däl meniň hyýalym, Hyýalym elmydam ýönekeýlige. Şygyr ýazsaň, saralyplar solmasa, Mydam toprak bilen dem alsa ýürek. Ýagşylyk edilse — muzzy bolmasa, — Şundan oňat durmuş nämäme gerek. ...Ümsümlik ýadadýar bolanda aşa, Şonda iş edenden, beterräk arýaň. Häzirlikçe, sag bol! Saglykda ýaşa! Säherde horazlaň sesine örýän. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Jüleýbib sahaba / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |