00:28 Sallançak mukamy / hekaýa | |
SALLANÇAK MUKAMY
Hekaýalar
Bu ahwalatyň her gezek gaýtalanyp durmasyny özümçe ýorjak bolýan-da oýlaryň girdabyna düşýän. Her gezegem “Belki, bü meniň hyýaly dünýämdir. Sazlar, mukamlar bolsa, ejem janyň hüwdüsi bilen kalba siňen mähirdir. Gül ýygyp ýören çagajyk bolsa, ýüregimiň hakyky küýsegidir. Eýsem näme, perzent islemeýän, ony arzuwlamaýan gelin barmy” diýen duýgular beýnä dolýar. Indi bu ahwala şeýle bir öwrenişdim weli, käte ýeke galan çagym şol ajaýyp dünýä dolmasam, ýüregim atygsap başlaýar. Onsoň men şol ajap dünýä girmek üçin şirin mukamlary, türkmeniň gül çemenli sährasyny ýatlaýan. Göwnüme bolmasa, şol dünýä meniň arzuwlarymyň örki ýaly bolup dur. An-ha, ýene-de ho-ol, gözýetimde gülälekli sähra öwşün atýar. Onuň üstünden öwüsýän adaja şemal gülleriň başyny çalaja yraýar. Şol halatam sähranyň iki ýana yraň atýan gülleriniň arasynda ak köýneklije çagajyk peýda bolýar. Birdenem gözümiň öňünde ýaýylyp ýatan sähra tutuşlygyna sallançaga öwrülýär. Men gülälekli sähranyň ylla sallançak ýaly bolup, akja köýneklije çagany iki ýana emaý bilen üwreýşini duýýan. Şonda owadan sähradan ene hüwdüsine meňzeş owaz eşidilýär. Meň üçin, diňe meň üçin ýaňlanýan bu owazy öz ýanymdan sallançak mukamy diýip atlandyrdym. Her gezegem şol mukamyň şirinligine maýyl dünýäm şobada açylyp gidýär. Indi men sähranyň o çetinde gül ýygyp ýören körpeje balanyň keşbini anyk saýgarýan. Ol edil saňa meşzäp dur. Garaja gözleri, burum-burum bolup duran saçlary edil seň çagalyk suratyňdaky ýaly. Onsoň men şol eýjejik çagany bagryma basyp, sähranyň çalýan sallançak mukamyny ýüregimiň törüne geçirýän. Ol on iki süňňümi yzarlap, üýtgeşik bir duýgy döredýär. Onuň dünýäsine dolup, esli mahallap gymyldap bilmän durýan. Sen bolsa meniň bu dünýämden bihabar. Ýadyňa sal hany, durmuş gurup, ýaşap başlanymyz bäri ikimiziň arzuwymyzyň başy sallançak mukamy dälmidi näme? Ýa-da sen henizem lukmanyň aýdanlarynyň täsirinden çykyp bileňokmy? Lukman bizi umytdan düşürmedi. Öýümizde sallançagyň üwrelmegi üçin ikimiziňem bejergi almalydygymyzy aýtdy. Lukmanyň aýdanlaryny edip başlanymyzdan soň, öýmüzde ejem janyň şirin hüwdüsi ýaly sallançak mukamynyň ýaňlanjakdygyna men-ä ýüregim bilen ynandym. Sen weli, näme üçindir şobada durmuşdan sowadyň oturyberdiň. Göwnüme bolmasa, saňa lukmanyň aýdanlary ýeterlik däl ýaly göründi. Sebäp şol günden soň sen ýeke galan çagyň içiňi hümletmäni çykardyň. Käte ýanyňda meniň bardygymy-da unudyp, başyňy basyrynyp ýatmaň bar seniň. Men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Perzent ynsanyň dowamy. Şoň üçinem bu jahanda yz galdyrmak, nesliň dowamyna guwanmak her kimiň iň süýji arzuwlarynyň başy. Ýöne her hili ýagdaýda-da ýagşy umytda bolup, niýetiňi gowa ýormagy başarmaly. Sebäp diýseň, müň gaýgy bir iş bitirenok. Onsoňam gamsyz başyňy gaýga aldyranyňa degenok bi dünýä. Şonuň üçinem özüňe-de, geljege-de umytly bolmaly. Bir gün lukmanlaryň yhlasy, biziň söýgimiz ähli zatdan üstün çykar. Öýümizde sallançak mukamy ýaňlanar. Men şoňa durkum, dünýäm bilen ynanýan. Şol ynam meni hiç mahal umytdan düşürenok. Gaýta gözümiň öňünde häli-şindi ýaýylýan şol sähra meniň dünýämi tutuşlygyna gaplap alýar. Sebäp şol keşp meniň hyýalymda ýöne ýerden ýaşanokmyka diýýän. Kalbymda “Belki, bu beýik Biribardan bir nyşandyr” diýen ynam demsaýyn güýjeýär. Şonda men dyz boýy gülleriň arasynda bökjekläp ýören körpe bala bilen sähranyň müň dürli öwüsýän reňkiniň sazlaşygyny iň süýji arzuwlarym bilen baglanyşdyrýan. Dogrusy, ol gözelligi düşündirereden söz ejiz gelýär. Al-elwan gülleri iki ýana serpip, bökjekläp ýören balajyk tutuş dünýäni görke getirýär. Türkmeniň topragynyň joşup gelen baharda geýinýän lybasy çaga ýüreginem ersdirýän bolarly. Ol gülleriň gowudan gowusynyň ýanynda eglenýär. Onsoň men şol gözellige durkum-düýrmegim bilen berilýän. Gülleriň arasynda hezil edip oýnap ýören balajygyň gelip gujagyma dolmagyny arzuw edýän. Şo halatam perzende zar kalbymda apy-tupan turýar-da, meni tüweleý bolup pyrlandyrýar. Yz ýanyndanam nirelerdendir bir ýerlerden ýene-de hüwdi deýin şirin owaz - meň dünýämdäki sallançak mukamy eşidilýär. Gulagymda ýaňlanýan owaz göýä edil alkymymda çalynýan ýaly duýulýar. Indi men körpe balanyň bökjekläp ýörüşini-de, bu sazy çalýan dutaryň her kakuwyny-da kalbym bilen syzýan. Şonda meniň dünýämi nurlandyrýan owaz hut beýnimden çogup çykýan ýaly bolýar-da, onuň şirinligi, mähri meni ezizleýär. Onsoň men ak bäbejigi goltuklap, şol gözellige siňýän. Köplenç halatda men bu zatlaryň hyýalymdygynam duýman, elewräp başlaýan-da akja bäbegi gujagyma has beter gysýan. Soňam sähranyň owadan güllerini boýlaýan. Ap-ak güller, altyn güneşiň ýyly şuglasy akja bäbegiň al ýaňagynda öwşün atýar. Men onuň oýnaklap duran garaja gözlerinden öwran-öwran öpýän. Ondan gelýän ene süýdiniň ysy, onuň yssy mähri tutuş durkumy gaplaýar. Birdenem nirelerdendir bir ýerden çaga elimden gidäýjek ýaly duýgular peýda bolýar-da meni aldym-berdime salýar. Pikirler, hyýallar agdyklyk edende ýumruk ýaly ýüregem çydamaýan bolarly. Essim aýylyp, ysgyndan gaçýan. Şol dem hem hyýaly dünýäden hakykata dolanýan. Üns beýän bolsaň, soňky döwürde men saňa yrsaramany çykardym. Şonda meniň dünýämi duýmagyň deregne sen başga tarapdan turýardyň. - Sen hyýaly dünýä bilen hakykaty garyşdyrma. Sen gije-gündiz perzent hakda pikir edeňsoň, hyýalyňy hakykat ýaly kabul edýäň. Şeýdibem özüňi heläkleýäň. Maňa-da çaga gerek, meňem çaga söýesim gelýä.Şoň üçinem umydy elden bermän garaşaly, bejergini dowam edeli. Lukmanam çürt-kesik bir zat diýmedi ahyry. Bejergi berdi. Özüň görýäň, ýurdumyzda gurulan saglyk öýleri sanardan kän. Olaryň hemmesinde-de adam hakda, onuň saglygy, geljegi hakda alada edilýär. Biziňem bagtymyz bir gün çüwer. Bokurdagym dolup, zordan gepledim. - O zatlar dogry. Ýöne seň bolşuň birhili. Göwnüme bolmasa, sen perzent mährini duýmaýan ýaly görünýäň. Şoň üçinem meniň hyýalymdaky dünýä ynanasyň gelenok. Ajaýyp sähra-da, onuň güllerini tirip ýören körpe-de, hüwdi deýin ýakymly mukam-da seň üçin hyýaly bir zat. Ýöne meniň pikirimçe, ol bize ýokardan iberilen nyşan. Meň indi hut şoňa ynanýan. Öz aýdyşyň ýaly, bu gün bolmasa, erte biziňem törümizde sallançak üwreler. Özem edil şol gülleriň arasyndaky çagajyk ýaly buýra-buçra saçlary, garaja gözleri saňa meňzäpjik durar. Ynha, görersiň, ilkinji perzendimiz ogul bolar. Men ony eýýämden duýýanam, söýýänem. Perzent mähri aýal maşgalanyň tutuş süňňünde dömüp, ýüregini eýeleýär diýýänleri çyn eken. Onuň mähri meniň dünýämi bütin barlygy bilen gaplady. Şoň üçinem ýüregimde mekan eýlan şol ajaýyp sähradan, ondaky körpeje baladan bir dem hem aýra düşesim gelenok. Sen edil häzir gözüňi ýum-da türkmeniň ak baharynyň al-elwan geýinen sährasyny, ho-ol, aňňyrrakda bolsa, gül ýygyp ýören oglanjygy hyýalyňa getir. Şonda adaja öwüsýän sähra şemaly gulagyňa ýuwaşjadan çawuş çakar. Onsoň, onsoň, topragyň mähri, al-elwan sähranyň gözelligi perzent söýgüsi bilen garyşar-da, kalbyňa dolar. Ol saňa arzuwlaryň hakykat bilen sazlaşygyny, owadanlygyny duýdurar. Şol halatam sen onuň mährinden ganarsyň. Gülleriň arasyndaky şojagaz çaga saňa ynamyň nämedigini duýdurar. Ana, meniň dünýämiň ajaýyplygy namede? - Hany, dursana, men saňa arzuw etme diýemok. Ýöne her zadyňam, hyýalbentligiňem çaky bardyr. Onsoňam öz aýdyşyň ýaly, tizara biziňem dulumyzda sallançak üwreler, enşalla. - Agzyňdan Hudaý eşitsin. Ýöne men hyýalbent däl, sen doňýürek. - O nähili? Meň ýüregim diňe seň adyň bilen, perzede söýgi bilen urýa. Şol söýgi bilen ýaşaýa. Şol söýginiň hem ahyry bizi myrada ýetirjekdigine ynanýan. – Eýsem şol ynam dälmi näme ikimize ganat berýän. Şoň üçinem biz sallançak mukamynyň dünýäsine durkumyz bilen dolmaly. Ýadyňdamy, hol gezek bilgiç bize näme diýipdi. - Elbetde, ýadymda. Basym ekiz ogluňyz bolýa diýdi. Ýöne men-ä heniz sende üýtgeşiklik duýamok. Ýogsam ondan soň näçeler bejergi aldyk. Palçy- ýalançydyr-da. Ol her kime onuň eşitmek isleýän zadyny aýdýar. Senem onuň ähli aýdanlary çyndyr öýdüp, yňdarylyp otyrsyň. - Näme diýjek bolýaň. Özüň edil ýap-ýaňyja aýtdyň. “Ýurdumyzda adamyň saglygy, geljegi üçin hemme zat edilýar” diýip. Bizem şol emeli usullardan peýdalanyp, myradymyza ýetip bileris. Şeýdip, perzentli bolaýn maşgalalar bir ýa iki däl. Belki, bilgijiň aýdyşy ýaly, biziňem ekiz ogully bolaýmagymyz gaty mümkin. - Indiki hepdede şu ugurdan gaty köp işleri bitiren, şol emeli usullary ýurdumyzyň lukmançylygyna ornaşdyran professoryň ýanyna barmalydygymyzam unutma. Hany göreli, ol näme em salgy berýär. Emeli usulmy ýa-da başga bir ýol barmy, onam eşideli. Ikimiz belli bir karara gelenimizden soň, ynjalyk tapdym. Onsoňam şol gül ýygyp ýören çagajyk maňa teselli berýärdi. Gündiz huşuma, gije düýşüme öwrülen balajyga şeýle bir ysnyşdym weli, käte onuň hyýalymdygynam unudaýýan. “Yhlasa-myrat” diýleni. Hernä kän mahal geçmänkä, özümde bir üýtgeşikligiň bardygyny duýdum. Indi biziň şatlygymzyň çeni-çaky ýokdy. Bagtyň röwşen sallançagy bizi öz şirin mukamlary bilen hüwdüläp başlady. Men indi altyn güýzüň saralan ýapraklarynyň arasyndan jyklaýan Güneşe-de, ho-ol, gözýetimde hellewleýän lälezar sähra-da, gül ýygyp ýören çagajyga-da, adaja öwüsýän mymyk şemala-da, gulagymda ýaňlanýan sallançak mukamyna-da başgaça garap başladym. Şonda haçandyr birmahal okan rowaýatym hakyda dolýar. Rowaýata görä indi dünýä inmeli bäbäjikler alys Aryşda oturyp, özlerine ene-ata saýlaýarmyşlar. Kimi halasalar, şonuň gursagyna-da dolýarmyşlar. Men Hak Alladan perzent diläp, ak sähralara çykamda asmandan aşak düşüp, gülleri boýlaýan balajygyň bizi saýlandygyna indi çynym bilen ynandym. Asyl görüp otursam, sergin sährda bökjekläp ýören balajyk meň hyýalymda ýöne ýere ýaşamaýan eken. Ol biziň durmuşymyzyň hakyky manysy eken. Şondan soň, her gezek sähranyň sergin şemaly ýüzümi sypanda türkmen topragynyň göwsünden syzylyp çykýan şirin mukamyň gulagyma çakýan çawuşyndan lezzet alýan. Gadyrdanym, şol çawuşy indi diňe ikimiz däl, üç bolup, belki, bilgijiň aýdyşy ýaly dört bolup diňläris. Bu toprakda ýaňlanýan şirin hüwdiniň, meniň kalbymy eýelän sallançak mukamynyň neneňsi gudratlydygyny, ezizligini ýaňy dünýäniň ujundan girip barýan perzendimiz bizden has öň duýýandyr. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |