21:36 Satira-ýumor | |
• DEGIŞMELER
Degişmeler
Habarçy: - Alýo! Salam. Men siziñ agzybir kollektiwiñiz barada makala ýazmakçy. Magazin müdiri: - Azara galmañ. Size gerek haryt bizde ýok. * * * - Kakasy, ukyñy haram edip, nämä dümtünip otyrsyñ? - Roman ýazýan, keýwany. - Onda men dañ agardygy, syçan tutulýan gapanyñ ugruna çykaýyn. * * * - Men-ä bir çykalga tapaýmasam, goşgularymy hiç ýerde çap edenoklar. - Aýdymçy şahyrlaryñ sany artar-ow. * * * - Size seredip doýup bilemok. Ýañagyñyz nar, gözüñiz garaly, dodagyñyz pisse, alkymyñyz süýjän alma... - Aý, ýigit, gök bazary indiki duralgada. • TÄZE NAKYLLAR - Iş bitirseñ, direktor tanar. - Az bolsun, uz bolsun. - Aglasy gelen oglan atasynyñ "Žigulisini" oýnar. - Akylly är meýi söýmez, taksiçiler şaýy. - Garga bagyñ güli ýaramaz, magazinçä tereziñ dili. • OL... üýşmeleñde dynman gürleýärdi. Oturanlar bolsa, dymyp, onuñ sözlerini ýalana çykarýardylar. * * * geçmişine atanak çekdi. Şeýdibem, geljeginiñ öñüne böwet basandygyny duýmady. * * * aýalyny, çagalaryny taşlap, bagtyñ gözlegine çykdy. * * * balyk ýaly dymmagy, şeýdibem akmakdygyny ussatlyk bilen gizlemegi başarýardy. • ÇYKYŞLARDAN: Ýoldaşlar! Ýeriñize wagtlaýyn adam tapar ýaly, syrkawlajak günüñizi öñünden duýduraweriñ! (Mekdep direktory). Şu aýda biziñ kinoteatrymyzda 600-e golaý adam oñat uklap, dynç aldy. (Kinoteatryñ direktory). Hormatly Syrkyn Saryýewiç! Işdeş ýoldaşlaryñyza uly ýagşylyk edýändigiñiz - wagtynda pensiýa gidýändigiñiz üçin, size çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. (Kärhana ýolbaşçysy). • EDEBIÝATA TÄZELIK GETIRMEK ÜÇIN HARS URÝAN KÄBIR AWTORLARA GOLLANMA: Gyzyñ gözleri käsä meñzeşdi. Olara togsan bäşlik çaýdan guýup hezil edip içesiñ gelýärdi. Hamala diýersiñ, süýtli bidon alkaşyñ titreýän ellerinden gaçyp dökülýän ýaly, daglaryñ başy akdy. Amanmyrat KIÇIGULOW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |