11:24 Seda | |
Pynhan görkli sen ýaly gyz
Goşgular
Diňe düýşde görülýändir. Hem kemmagal, ýöne şahyr Ýigitlere berilýändir. Men saňa ýarym diýerdim, Men saňa ýa:ry:m diýerdim. Sensiz ýarty galyp, dilber, Çekdim yşkyň bitin derdin. Ýaşlyk düýne sary gitdi, Söýgi düýşe sary gitdi. Gijäm—gara basyrganma, Gündizlerim—sary ýitgi. Gujagymda owsun atan Derýamdyň sen, men hanadym. Boşap galdym, Kim köp gördi Humaý mähriňden gananym!? Halyň niçik, ýatan bagtym, Del gapyda bir ýat bile? Tüweleý deý ýanan bagryň Daraýarmyň perýat bile? Meni şindem ýatlaýarmyň Günler ýanyp ýaşanynda? Güýzde sary sapak bolup Murgap derýa ýatanynda? Gije—Leýliniň ahy deý Gara saçyn ýaýanynda, Solgun güýz sessiz agy deý Gamgyn ýagyş ýaganynda? Ýatla meni, ýaşla didäň, Ýatda meni, eýleme terk! Aglaşmasaň, ýalňyz meniň Agym bilen egsilmez dert! Odum öçüp—ýylysy däl, Garaört ýeri galypdyr. Posaň yzy deý sähere Gam duman deý garylypdyr. Aýlar geçer, günler geçer, Kä undaryn, Aglaryn kä. Gynanamok eger-eger Sensiz ömür geçende nä... Nobatguly Rejepow. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |