01:31 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Haçly ýörişleriň sebäpleri | |
SELAHEDDIN EÝÝUBY we DÖWLET
Taryhy makalalar
G I R I Ş HAÇLY ÝÖRIŞLERIŇ SEBÄPLERI Yslamyň ýüze çykan döwürlerinde Ýakyn Gündogarda iki sany uly syýasy güýç bardy. Bular paýtagty Stambul şäheri bolan Wizantiýa döwleti bilen paýtagty Medaýyn şäheri bolan Sasanly döwletidi. Bu iki döwlet şol döwrüň medeni dünýäsiniň ylym we tehnika taýdan iň ösen ýurtlarydy. Hezreti Muhammet alaýhyssalamyň 622-nji ýylda Mekgeden Medine şäherine hijret etmegi bilen dörän yslam döwleti gysga möhletiň içinde sasanlylary hem-de wizantiýalylary ýeňip, özüniň topraklaryny Türküstandan tä Pireneý daglaryna çenli giňeltdi. Bu täze yslam döwleti Sasanly döwletini düýbünden ýok edip, Wizantiýanyň Anadoludan galan Aziýadaky we Afrikadaky topraklaryny öz topraklaryna birikdirdi. Şol mahallar hristian dünýäsinden bolan Günbatar Rimiň mirasdüşeri Günbatar Ýewro-pa latyn dünýäsi bulam-bujarlygyň içinde we güýçsiz bolandygy üçin, Wizantiýa kömek eder ýaly mejaly ýokdy. Heniz Ýewropada güýçli syýasy-harby goşun döredilmändi. Esasy güýji araplardan ybarat bolan musulman goşunlarynyň ýeňişleri VIII asyryň birinji ýarymynda Fransiýa bilen Stambulyň galalarynyň öňünde we Anadoluda saklandy. Şeýle hem X asyryň başlaryna çenli yslam dünýäsi harby hem syýasy taýdan Ýewropadan ýokary derejededi. Bu ösüş Apbasly döwletiniň bölünişiginden soň, ilki gündogarda pese düşdi. Munuň öwezine, Wizantiýanyň harby we syýasy taýdan ösüş döwri başlandy. Wizantiýa Anadoludaky, Kawkazdaky, Ortaýer deňzindäki we Balkanlardaky öňki topraklaryna täzeden eýe boldy. Ol Günorta-Gündogar Anadoly, Siriýa, Liwan, hatda Palestinadaky musulman häkimýetine howp salmaga başlady. Gündogar Anadolunyň uly bölegini yzyna aldy. Bu ýerde ýaşaýan arap, kürt we türkmen halk-larynyň ýerine hristian ermenilerini getirip ýerleşdirdi. Ilki Müsürde, soňra Siriýada Fatymylaryň häkimýetlerini giňeltmekleri Siriýada harby deňagramlylygynyň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Ýöne Fatymy halypalygy şaýydygy üçin Bagdatdaky Apbasly halypalygy bilen garşy ýagdaýdady. Hatda buweýhliler özleriniň häkimýetleriniň ahyrlarynda Bagdat goşunbaşysy bolan Besasurynyň hemaýaty bilen Apbasly halypasyny göztussaglykda sakladylar. Seljukly türkmenleriniň orta çykmagy bilen ýakyn Gündogardaky harby deňagramlylyk bozuldy. Seljukly Soltany Togrul beg Bagdady eýeläp apbasly halypasyny buweýhlileriň we fatymylaryň golastyndan halas etdi. Anadoluda we Kawkazda wizantiýalylary, Siriýada bolsa fatymylary ýeňdi. Gündogar Anadolunyň ýerli musulman halky bolan türkmenler, kürtler we araplar seljuklylara goşuldylar we 1071-nji ýylda Seljukly Soltany Alp Arslan tarapyndan Malazgirt ýeňşiniň gazanylmagyna kömek etdiler. Bu ýeňişden soň Anadoludaky we Kawkazdaky Wizantiýa topraklarynyň köp bölegi, şeýle hem Siriýa we Palestina tutuşlygyna seljukly türkmenleriň golastyna geçdi. Wizantiýanyň güýjüni ýitirip, dargamaga başlan bu döwürlerinde Günbatar Ýewropada uly güýç ýüze çykdy. XI asyryň birinji ýarymynda Fransiýada, Germaniýada we demirgazyk Ispaniýada harby we syýasy güýçler döräp, täze şalyklar emele geldi. Günbatar Ýewropada başlanan bu harby we syýasy galkynyşlar netijesinde yslam häkimýeti ilki bilen Ispaniýada peselip başlady. Mundan soň, 1052-1068-nji ýyllarda Normanlar tarapyndan Angliýa we Sisiliýa basylyp alyndy. Netijede bu adada deňiz kuwwatly iki sany Norman şalygy döredi. Şol wagtlar Italiýa ýarymadasyndaky Wizantiýa häkimýeti hem bütinleý dargady. Bu ýarymadanyň kenarlarynda gurulan Wenesiýa, Genuýa, Piza, Amalfi, Napoli ýaly söwda we harby deňiz şäher döwletleri ýüze çykdy. Deňize we söwda uly ähmiýet berýän bu döwletler Yslam dünýäsine we Wizantiýa garşy durup, Ortaýer deňzindäki öz söwda we harby häkimýetlerini döretdiler. Netijede Ortaýer deňiz söwdasy Günbatar Ýewropanyň golastyna geçdi. Ýewropada syýasy, harby, söwda we ylym-bilim esasly güýçler döräp başlady. Wagtyň geçmegi bilen, ösen güýçler bu günki ylym we tehnika güýjüni emele getirdi. Ýüze çykan galkynyş netijesinde Günbatar Ýewropa daşarky dünýä bilen has içgin gyzyklanmaga başlady. 1081-nji ýylda tagta çykan Wizantiýa imperatory Aleksios seljukly we peçenek türkmenleriniň Stambula ýerden we deňizden salýan howplarynyň öňünde çäresiz galdy we haçlylar-dan kömek sorady. Netijede Ýewropada haçly ýörişleri guramak pikirleri möwç almaga başlady. 1095-nji ýylda Papa Urbanus II Isa pygamberiň guburyny keseki dinlilerden halas etmek üçin yglan eden çagyryşyna täze topraklary eýelemek isleýän feodal hökümdarlar bilen bir hatarda ýitirere zady bolmadyk meýletin haçly ýörişlere taýýarlyk görüp başlady. Bu ýöriş, Günbatar Ýewropa haçly dünýäsiniň umumy bähbitleri üçin birleşen ilkinji harby ýörişidi. Günbatar Ýewropanyň umumy bäh-bit üçin birleşen bu döwürlerinde Yslam dünýäsi täzeden syýasy we harby taýdan pese gaçyşlyga duçar bolupdy. 1092-nji ýylda Mälik şanyň biwagt ölüminden soň seljukly döwletinde tagt ugrundaky söweşler başlandy. Şazadalaryň arasynda tagta çykmak üçin elhenç söweşler bolup geçýärdi. Döwletiň welaýatlarynyň häkimleri bolan kiçi hökümdarlar bolsa, dürli şazadalaryň tarapyna geçýärdiler ýa-da bolmasa özbaşdaklyklaryny yglan edýärdiler. Fatymy döwleti bolsa özüne howp salýan seljukly türkmenlerine garşy birleşer ýaly özlerine ýaran gözleýärdi. Şazadalaryň arasyndaky tagt ugrundaky söweşler iň soňy 1103-nji ýylda Berkýaryk bilen Muhammet Taparyň bilelikde «Soltan» diýlip yglan edilmegi bilen gutardy. Berkýarygyň 1104-nji ýylda aradan çykmagyndan soň, Muhammet Taparyň ýeke özi Seljukly Soltany bolup galdy. Ýöne Muhammet Taparyň uzak ýerlerde kän bir abraýy ýokdy. Anadoluda Rum Seljuklary, Danyşmentler, Siriýada Tutuş ogullary, Horasanda Sanjar we Eýranda Seljukly neberesinden bolan birnäçe döwletler özbaşdak hereket edýärdiler. Bu dagynyklykdan peýdalanan Wizantiýa täzeden aýaga galmaga başlady. Kawkazda Gürjüler, Orta Aziýada Garahytaýlar täze güýç hökmünde orta çykdy. Ine, şeýle ýagdaýda, gündogara gelen haçlylar öňlerinde dagynyk, biri-biriniň üstünligine bahylçylykly garaýan ýerli hökümdarlar bilen häkimleri gördüler. Olar bulary ýeke-ýekeden ýeňip, Ortaýer deňzindäki harby flotuň kömegi bilen Urfa, Antakyýa, Trablusgap we Kudus şäherlerini merkez etdiler, ululy-kiçili haçly döwletlerini gurdular. Şeýlelikde, olar iki asyrlap yslam dünýäsiniň merkezinde höküm ýöretdiler. Bu sebitlerde gurlan haçly döwletleri Aziýa yslam dünýäsi bilen Afrika yslam dünýäsini birleşdiriji aýgytly nokatlary ellerinde sakladylar. Haçlylaryň howpy Marokkada muwahhydylar döwletiniň gurulmagy bilen Ispaniýada wagtlaýyn durzulypdy, Gündogarda Zeňňiler, Eýýuplylar we Memluklar döwletleriniň ýerlerini çalşyp yzly-yzyna biri-birlerini dowam edip gelmekleri netijesinde XII asyryň aýagynda Salahaddiniň döwründe güýçden gaçyryldy. XIII asyryň aýagynda Memluk Soltany Kalawun döwründe bolsa bütinleý ýok edildi. Gündogardaky söweşler musulmanlaryň, günbatardaky söweşler bolsa hristianlaryň ýeňşi bilen gutardy. Şeýle ýagdaýy hem belläp geçmelidiris, ýagny gündogar bilen günbataryň arasyndaky bu dini söweşlerde haçly dünýäsi Yslam dünýäsine garanyňda has gujurlydygyny görkezdi we umumy bähbitleri üçin bilelikde hereket edip biljekdigini ýüze çykardy. Aralaryndaky menzilleriň uzaklygyna garamazdan, Günbatar Ýewropanyň ähli ülkeleri we hökümdarlary bu söweşe goşuldy. Gündogar Ýewropada bolsa bu göreşe haçlylardan galan beýleki ülkeler we hökümdarlar meýil hem bildirmändirler. Hatda Zeňňileriň we Eýýuplylaryň döwletleriniň döredilmegine çenli haçly döwletleriniň daş-töweregindäki yslam döwletleri hem özara ylalaşygy saklap bilmändirler. Müsürdäki Fatymy döwleti bu göreşe meniňki diýer ýaly derejede goldaw bermändir. Zeňňileriň emele gelmegi we onuň yzyndan Eýýuplylar bilen Memluklaryň ýüze çykmagy bu döwletleriň sebiti öňürti haçlylardan, soňra mongollardan goramaýar. Sebitde ösen medeni durmuş döremeýär. Biri-birleriniň dowamy bolan bu döwletler Seljukly döwletiniň günorta uzap giden bölegi bolup, harby we dolandyryş puda-gynyň esasy şahasy türkmenlerden ybaratdy. Bu döwletler, baryp Osmanlylardan öňürti üç ýarym asyrlap Siriýada, Palestinada, Iordaniýada, Müsürde, Hyjazda, Ýemende, Liwiýada we Tunisda türkmen häkimýetini dowam etdiripdirler. Şonuň netijesinde bu ýerlerde Osmanly häkimýeti aňsatlyk bilen ornaşdy. Salahaddiniň döwründe bolsa gündogar bilen günbataryň arasyndaky göreş hem-de arap ülkelerinde oguzlaryň öz häkimýetlerini gurmaklary döwrüň esasy wakasy bolup durýar. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |