19:41 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Seljuklylar we haçlylar | |
SELJUKLYLAR WE HAÇLYLAR
Taryhy makalalar
Ýokarda Kürbuga serkerdeligindäki Seljukly güýçleriniň Antakyýanyň eteginde ýeňilendigini aýdypdyk. 1099-nji ýylda Kudus haçlylar tarapyndan eýelenenden soň, Damask kazysynyň ýolbaşçylygynda bir ilçi topary apbasly halypasyndan we Seljukly Soltany Muhammet Tapardan kömek soramak üçin Bagdada gitdi. Sybt bin Jöwzi bu topar barada özüniň taryhy kitabynda şeýle diýýär: «Toparda bolanlar saçlaryny syrdyrdylar we aglap kömek soradylar. Damask kazysy diwanda söz sözläp, ähli diňleýjileri aglatdy». Ýöne halypa bilen Soltan şeýle çäresizdi welin, olaryň elinsen hiç zat gelmeýärdi we bu ýalbaryp-ýakarma hiç hili netije bermedi. Mundan soň Damask ilçiler toparynyň baştutany kazy Abu Sagyt Herewi şu beýtleri aýtmaga mejbur boldy: «Söweş ody tutaşýan wagty, ynsanyň iň erbet ýaragy gözýaş dökmegidir. Eý musulmanlar! Siziň arkaňyzda şeýle wakalar bolýar welin, başlary aýaga öwürýär. Ähli ukudakylary oýarýan hadyslar bolup durka, ynsan bolan nädip arkaýyn ýatyp bilýär? Şamdaky doganlarymyz gylyçlara we syrtlanlara şam bolýarlar. Rumlar (haçlylar) olara her hili erbetligi rowa görýän wagty, hiç bir zat bolmaýan ýaly arkaýyn seredip dursuňyz». Seljuklylar we Fatymylar kömek soran birnäçe ilçi toparlaryna we Trablusgalp häkimi Ibn Ammara kömek edip bilmediler. Günorta-gündogar Anadoludaky Artyklylar, Şamdaky Seljukly emirleri ýalňyz, goldawsyz galsalar-da, Halap, Şeýzer, Damask, Hums, Hama, Harran ýaly haçlylaryň alkymynda duran möhüm merkezleri goraýardylar. Musulmanlaryň haçlylardan ikinji gezek üstün çykmaklary Anadoluda boldy. 1101-nji ýylda danyşmentli türkmenleriniň hökümdary Kümüştegin Malatýa töwereklerinde Antakyýa patrigi Bohemundy ýesir aldy. Munuň yzyndan ol Anadoly seljuklylarynyň güýçleri bilen birleşip, Orta Garadeňiz sebitinde Lombardiýa haçlylaryny kül-peýekun etdi. Bu ýeňişi 1104-nji ýylda Urfa grafy Boduin II Harrana hüjüm eden wagty Mardin Artykly türkmenleriniň emiri Ilgazy bilen Mosul Atabegi Çökürmişiň serkerde-ligindäki musulman güýçleriniň Antakyýa-Urfa birleşen güýçlerinden gazanan uly ýeňşi dowam etdirdi. Bu ýeňişde haçlylar uly ýitgä sezewar boldular. Alnan ýesirleriň arasynda Boduin II hem bardy. Ýöne bu ýeňişden soňra Çökürmiş bilen Seljukly Soltany Muhammet Taparyň aralary bozuldy. Soltan Muhammet Tapar Mosul Atabegligine Çawly Sakawyny belledi. Halap häkimi Ryzwanyň haçlylaryň tarapyny tutmagy netijesinde Çawly hiç hili üstünlik gazanyp bilmedi. Çawly öz garaşsyzlygyny yglan edenden sonra, 1108-nji ýylda Mosula Mewdut atabeg belle-nildi. Mewdut haçlylara garşy jyhada uly üns berýän serkerdedi. 1109-njy ýylda Atabeg Mewdut Mosulda dolandyrylyşy eline alyp, işlerini ýola goýansoň, Ahlat we Meýafarykyn hökümdary Nejmeddin Ilgazy bilen ylalaşyp, haçlylara garşy uly söweşe başlady. Öňürti, 1110-njy ýylyň ýaz paslynda Urfany gabady. Haçlylaryň goraglaryndan geçip bilmänsoň, Damask atabegi Togteginiň güýçleri bilen birleşmek üçin Harrana gitdi. Soň olar bilen birleşip, Urfa haçly graflygynyň toprak-laryny talady we Fyrat derýasynyň kena-rynda hem haçly goşunyny derbi-dagyn etdi. Ýöne musulmanlaryň bu ýeňişleri haçlylary, aýratyn hem Antakyýa hökümdary Tankredi herekete getirdi. Haçlylar Halaba hüjümlerini has hem köpeltdiler. Netijede Halap halkyndan bir topar musulman döwletlerden kömek soramak üçin Bagdada gitdi. Bagdatda ulamalardan we halkdan birnäçeleri olaryň daş-töweregine ýygnanyşdylar. Olar Soltanyň juma namazyny okaýan metjidine gidip, ondan kömek soradylar. Soltana namaz okatman münberi weýran etdiler. Soltan hem olara kömek etmäge söz berdi. Ertesi gün gahar-gazaba münen has uly bir topar halypanyň juma namazyny okaýan metjidine gidip metjidiň içine hüjüm etdiler. Halypanyň namaz okaýan maksurasynyň kapasalaryny we metjidiň münberini ýykdylar. Halypa rejäniň geň däldigine göz ýetirdi. Soltan Muhammet Tapara ilçi iberip, bu ýagdaýa çäre tapmagyny haýyş etdi. Soltan Muhammet Tapar hem ogly Mesgudyň we Mosul atabegi Mewdudyň serkerdeliginde ikinji gezek ýöriş guramaga buýruk berdi. Şol wagt haçlylaryň özara oňşuksyzlygy şeýle derejä barypdy welin, hatda Wizantiýa imperatory Aleksios hem Soltan Muhammet Tapara bir ilçi iberip, haçlylara garşy bilelikde ýöriş etmegi teklip etmäge mejbur bolupdy. Imperatoryň ilçisi heniz Halap ilçi topary Bagdada gelmänkä geldi. Halap toparynyň gelmeginden soň tolgunan halk Soltana ýüzlenip: «Rumlaryň hökümdarynyň yslamyýeti goramak meselesinde senden has gaýratlydygyny görüp durkaň, heý Alladan gorkmaýarsyňmy?» diýdiler. Aradan köp wagt geçmezden Mewdudyň serkerdeliginde uly goşun toplandy. Bu goşunyň Halaba gelmegi halky rahat dem aldyrdy. Mewdut 1111-nji ýylda öňürti Urfany gabady. Ýöne haçlylaryň Urfa kömegi gelmegi netijesinde Mewdut hiç hili üstünlik gazanyp bilmedi. Soň Fyratyň günbataryna geçip Tell Başyry gabawa saldy. Gabaw mahaly, Halap hökümdary Ryz-wanyň kömek sorap iberen çapary gelýär we Mewdut gabawy goýbolsun edip Halaba kömege howlugýar. Ol Halaba ýakynlaşanda, haçlylar şähere hüjümi bes etdiler. Netije-de, seljukly güýçleriniň şäheri eýelemeginden howatyrlanan Ryzwan Halap galasynyň derwezelerini ýapdy. Soňra özi haçlylar bilen ylalaşdy. Ibn Adimiň aýtmagyna görä, Halap halky Ryzwanyň bu hereketlerine gaharlandy, Ryzwan bolsa gala girip halkyň gozgalaňynyň öňüni aldy. Bu wakadan soň Mewdut Asy derýasynyň aňyrsyna geçdi. Ol haçlylaryň toprakla-ryna hüjüm etmek isledi. Edil, şol mahal Damask atabegi Togtegin goşundan bölünip aýryldy. Ibn Adimiň aýtmagyna görä, Togtegin goşundaky beýleki serkerdeleriň özi baradaky niýetleriniň gowy däldigini aňypdyr we Damasky ýitirmekden gorkandygy üçin haçlylar bilen ylalaşypdyr. Ibn Adim bular baradaky gürrüňinden soň şeýle diýýär: «Musulman hökümdarlar özleriniň ýagdaýlaryny gorap saklamak üçin haçlylaryň galmaklaryny isleýärdiler». Netijede 1111-nji ýylda guralan ýöriş doly şowsuzlyk bilen gutardy. Mewdut hem goşuny bilen Mosula gaýdyp geldi. 1113-nji ýylda haçlylar Sur şäherini gaban wagtlary fatymylardan köp zada garaşmadyk şäher halky Damask atabegi Togteginden kömek soradylar. Ýöne Togte-giniň ýeke özi duşmanyň öňünde durup bilmedi we Mosul atabegi Mewdutdan kömek isledi. Güýçlerini birleşdiren Mewdut bilen Togtegin öňürti Tabaryýany gabadylar. Bu birleşen goşun şäheriň kömegine gelen korol Boduin I Sinnebre diýen ýerde derbi-dagyn etdiler. Bu wakadan ruh alan fatymylar Kudus şäherini gysyp başladylar. Aradan köp wagt geçmänkä, günbatardan gelen täze haçly harby goşun bölümleri kyn ýagdaýa düşen gündogardaky haçlylary halas etdiler. Mundan soň Mewdut bilen Togtegin hem Damaska gaýdyp geldiler. Mewdut bir gün juma namazyny okap metjitden çykyp gelýärkä, bir haşhaşy tarapyndan öldürilip, şehit boldy. Şol wagtlar Halabyň hökümdary Ryzwan hem aradan çykdy we Halapda häkimýet ugrundaky dawa başlandy. Mewdudyň şehit bolmagyndan soň Seljukly Soltany Muhammet Tapar Aksungur Porsukyny Mosula atabeg belläp, oňa jyhady dowam etdirmelidigini sargady. Aksungur 1114-nji ýylda aralaryna Mälik şa tarapyndan Halap häkimliginiýe bellenen Kasymeddöwle Aksunguryň ogly Ymadeddin Zeňňiniň goşuny bilen ýörişe çykdy. Ol ilki Urfany gabady. Urfanyň berk goralýan-dygyny görensoň, şäheriň töweregindäki galalara tarap süýşdi. Ýöne hiç hili netije gazanyp bilmedi. Soltan Muhammet Tapar onuň ýerine Mosula Juýuş begi belledi. Bu ýagdaýlardan belli bolşuna görä, Seljukly Soltany bu ýörişlerde diňe haçlylary däl, eýsem bu garma-garyşyk syýasy ýagdaýdan peýdalanyp, merkez bilen aragatnaşygyny kesen Damask, Halap beglerini we Artykly hökümdarlaryny tabynlyga almagy göz öňünde tutupdyr. Şol sebäpli hem bu emirler haçlylary öz häkimýetleriniň saklanmagynda kepillik hökmünde garaýardylar. Özlerine howp abanan wagtynda bolsa olar (haçlylar) bilen ylalaşyk baglaşmakdan hem çekinmeýär-diler. Şonuň üçin 1115-nji ýylda Soltan bu emirleri tabynlyga almak hem-de Antakyýa we Urfa haçly döwletlerine garşy ýöriş guramak üçin Emir Porsugyň serkerdeligindäki bir goşuny ýörişe iberdi. Özlerini howp astynda hasaplan Artykly hökümdary Ilgazy, Damask atabegi Togtegin we Halap häkimi Bedreddin Lulu haçlylar bilen ylalaşyp, 1115-nji ýylyň sentýabr aýynda Emir Porsugy Danisda (Halabyň töweregi) ýeňlişe sezewar etdiler. Bu hadysadan soň seljukly Soltany Şam we günorta-gündogar Anadoludaky bu beglikleriň işlerine goşulmady. Ýöne Seljukly goşunynyň bu ýeňlişi esasan haçlylaryň bähbidine laýyk gelýärdi. Öňlerinde durup biljek uly güýjüň ýokdugyny gören haçlylar Halap we Damask topraklaryna hüjümleriniň sanyny artdyrdylar. Birnäçe berk galalary basyp aldylar. Damask bilen Halaby paç tölemäge mejbur etdiler. Halap şäheriniň haçlylaryň eline geçäýmek howpy ýüze çykdy. Netijede, ýerli halk Mardin hökümdary Ilgazyny çagyryp 1119-nji ýylda şäheri oňa tabşyrdylar. Haçlylaryň Halap ugrundaky gysyşlary has güýçlüdi. Şäheriň töweregindäki galalary eýeläp, şäheriň diwarlarynyň öňüne çenli gelip ýetipdiler. Ýagdaýyň howpludygyny gözi ýeten Ilgazy töwerekdäki kiçi höküm-darlary kömege çagyrdy. 1119-njy ýylyň tomsunda Antakyýa patrigi Rogeriň serkerdeligindäki haçlylar Halabyň günortasyndaky Wadyl Den diýen ýerde derbi-dagyn edildi. Soňra görseler haçly jesetleriniň arasynda Roger hem bar eken. Şonuň üçin haçlylar bu söweşe «Ganly meýdan söweşi» diýip at goýdular. Ýöne musulmanlar bu ýeňişden doly peýdalanyp bilmediler. Kudus koroly Boduin II we Urfa grafy Žoskelin kömege geldi. Şeýlelikde, bu ýeňiş Halabyň haçlylaryň golastynda geçmegine böwet boldy. 1120-1122-nji ýyl aýaklarynda Ilgazy ölenden soň, Anadoly bilen Halabyň arasyndaky ylalaşyk bozuldy. Haçlylar ýene-de Halap şäherini gabamaga başladylar. Olar 1123-nji ýylda Halabyň gündogaryna çenli geldiler. Bu ýylyň aýaklarynda Halaba Ilgazynyň ýegeni Belegiň kömege gelmegi bilen Halap ýene-de halas edildi. Emma Belegiň 1124-nji ýylyň başlaryndaky wepaty haçlylara täzeden güýç-gaýrat berdi. Olar köp wagtlap gabawda saklansoňlar fatymylaryň elinden Sur şäherini gaýtaryp aldylar we täzeden hüjüm edip Halaby gabadylar. Halaplylar jesetleri we itleri iýmäge mejbur derejede aç galsalar-da şäheri haçlylara bermediler. Şol wagt Mosul atabegi Aksungur Porsukynyň kömege gelmegi halaplylara rahat dem almaga mümkinçilik berdi. Ýöne Aksungur indiki ýyl Halabyň demirgazygynda bolup geçen söweşde haçlylardan ýeňildi. Haçlylaryň Halaby gysmagy ýene-de dowam etdi. Emma şol mahallar haçlylaryň öz aralarynda ýüze çykan düşünişmezlik sebäpli, Halap şäheri haçlylardan halas boldy. Yslam dünýäsiniň haçlylaryň öňünde duran iň uly sarsmaz galalarynyň biri bolan Halabyň kyn günleri başdan geçirýän mahallarynda, 1127-nji ýylda Seljuk Soltany Mahmyt Mälik şanyň Halap häkimlerinden bolan Kasymeddöwle Aksunguryň ogly Ymadeddin Zeňňi Mosul atabegligine bellenildi. Ymadeddin Zeňňi Mosulda diwany düzgün-tertibe salanyndan soňra, 1128-nji ýylda şäher halkynyň kömegi bilen Halaba geldi. Şäheriň diwanhanasyny öz eline aldy. Netijede, Halap ugrundaky bolan söweşler musulmanlaryň peýdasyna gutardy. Ymadeddin Zeňňiniň bu üstünligini çekip bilmedik artyklylar, onuň garşysyna çyksalar-da ondan ýeňildiler. Mundan soňra Zeňňi günorta-gündogar Anadoludaky we Demirgazyk Yrakdaky mülkleriniň serhetlerini giňeltdi. Ol 1131-nji ýylda Seljukly Soltany Mahmydyň wepatyndan soň ýüze çykan tagt ugrundaky göreşlere goşuldy. Ol bu göreşde Tikrit şäheriniň töwereginde halypa Musterşidiň we Garaja Sakynyň goşunlaryndan ýeňlip, Mosula çenli yza çekildi. Mundan soňra Zeňňi Şährizur we Hakkary sebitlerini eýelemek bilen meşgullandy. Ol Siriýadaky birnäçe galalary eýeledi. 1136-1137-nji ýylda bolsa Wizantiýa imperatory Manuýeliň Halaby we Şeýzeri gabawa alan mahaly uly güýç-gaýratynyň bardygyny görkezdi. Ol özüniň baş kazysy Kemaleddin Şährizury kömek soramak üçin Bagdada iberdi. Kemaleddin Bagdat halkyny aýaga galdyrdy. Halk Soltanyň köşgüne we juma namazyny okaýan metjidine hüjüm edip, Şamdaky doganlaryna kömek edilmegini talap etdiler. Netijede, Soltan kömek üçin taýýarlyklaryň görlüp başlanmagyna perman berdi. Şol wagt Ymadeddin Zeňňiniň Wizantiýa we haçly güýçleriniň ýeňlip, yza çekilendigini beýan edýän bir hat gelip gowuşdy. Bu wakalardan soňra 1139-njy ýylda Ymadeddin Zeňňi Baalbegi basyp aldy, soňra bolsa Damasky gabady. Ýöne haçlylar Damaska kömege gelensoň, gabawy goýbolsun etmäge mejbur boldy. Ýöne bu wakadan soň Zeňňiniň ýagdaýy has-da güýçlendi. Ol birnäçe üstünlikleri gazandy. 1144-nji ýylyň aýaklarynda 28 günlük berk gabawdan soň ahyrsoňy Urfa haçly graflygynyň paýtagty bolan Urfany, yz ýany bilen hem Fyrat derýasynyň gündogaryndaky haçlylara degişli birnäçe galalary basyp aldy. Şu wagta çenli bu üstünlikler musulmanlaryň haçlylardan üstün çykan iň uly ýeňşidi. Mundan soň Ymadeddin Zeňňi uzak ýaşamady. Ol 1146-njy ýylda Jaber galasyny gabawda saklaýan wagty, memluklardan biriniň kast etmegi netijesinde şehit boldy. ________________________________ Sybt bin Jöwzi, Mirgatuz-zaman, III, Ahmet nusgasy, warak 127 a-b. A.a.e., warak 127 a-b. Ibn Esir, Kämil, Beýrut, 1966, X, 482-483 s. Ibn Adim, Zubdetul-Halap, Damask, 1954, II, 156-158 s. Ibn Adim, Zubdetul-Halap II, 159 s. Ibn Esir, 505-nji hijri ýylynyň wakalary. Ibn Adim, Zubdetul-Halap II, 159 s. Ibn Esir, X, 53-59. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |