21:44 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Ýakyn Gündogara haçlylaryň gelmegi we olaryň irki döwürleri | |
ÝAKYN GÜNDOGARA HAÇLYLARYŇ GELMEGI we OLARYŇ IRKI DÖWÜRLERI
Taryhy makalalar
Papa Urbanus II 1095-nji ýyldaky çagyryşyna haçlylaryň we normanlaryň feodallary, halkyň içinden ýitirere hiç zady bolmadyk höwesjeňler we aşa dindarlar uly höwes bilen we meýletin seslendiler. Gündogarda öz söwda merkezlerini döredip, gündogar söwda merkezlerini öz golastyna almak isleýän Wenesiýa, Genuýa, Amalfi we Piza ýaly italýan şäher-respublikalary hem bu ýöriş özleriniň bähbitlerine hyzmat eder diýen düşünje bilen haçly ýörişleri goldadylar. Ilki bilen 1096-njy ýylda pop Piýerre L'Hermitiň serkerdeligindäki çapawulçy we düzgün-tertipsiz bölümlerden toplanan harby goşun ýörişe başlady. Bu goşun geçen ähli ýerlerini talap Stambula çenli geldi. Anadoly serhetlerine gelensoň, heniz Iznik şäherine ýetmänkä, Anadoly Seljuklary tarapyndan derbi-dagyn edildi. 1097-nji ýylda uly graflardan we meşhur rysarlardan düzülen düzgün-nyzamly goşun ýörişi dowam etdirdi. Ol goşun Wizantiýalylaryň kömegi bilen ilki Iznik şäherini eýelediler. Soňra bolsa Eskişäher töwereklerinde Dorelon meýdan söweşinde Anadoly Seljukly Soltany Gylyç Arslan I goşunyny ýeňip, Konýany zabt etdiler. Ol ýerde iki bölüme bölünip, Tankrediň serker-delerindäki kiçi bölüm Kulek bogazynyň üsti bilen Çukuroba hüjüm etdi we ol ýeri basyp aldy. Kaýsary we Maraşdan geçen beýleki uly bölüm hem Antakyýa barmazdan öňürti ikä bölünipdi. Boduiniň serkerdeliginde Urfa taraplaryna giden bir bölüm, 1097-1098-nji ýyllarda ermenileriň kömegi bilen Urfa haçly graflygyny gurdy. Günorta tarapa giden Godefroi de Buillon, Raýmond de Stgille we Bohemund serker-deligindäki esasy bölüm Antakyýanyň üstüne çozdy. Şol wagtlar fatymylaryň weziri bolan Afdal 1098-nji ýylyň başlarynda haçlylara ilçi iberip, seljuklylara garşy ylalaşyk teklip etdi. Haçlylar 1098-nji ýylyň aýaklarynda ýene-de ermenileriň kömegi bilen Antakyýany eýelediler. Bu ýerde gurlan patrikligiň ýolbaşçylygyna Bohemund bellenildi. Antakyýanyň häkimi Ýagysyýana kömege gelen Damaskyň häkimi Dukak bilen Halabyň häkimi Ryzwanyň serkerdelegindäki yslam güýçleri haçlyla-ryň öňünde durup bilmediler. Bulardan soň Mosul Atabegi Kürbuganyň serkerdeliginde gelen Seljukly güýçleri hem Antakyýanyň eteginde ýeňildiler. Mundan soň haçlylar günortada öňlerinden çykan aňsatlyk bilen basyp alyp bolaýjak birnäçe ýerleri eýelediler. Olar Palestina tarap ýörişlerini dowam etdirip, biraz möhletden soň Fatymylaryň elinde bolan Hezreti Isanyň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Kudus şäheriniň golaýyna bardylar. Hemmetaraplaýyn berk gabawdan soň 1099-nji ýylyň oktýabr aýynda Kudus şäherini basyp aldylar. Şäherde bar bolan musulman alymlardan, zahytlardan we halkdan 70 000 töweregi adamy gylyçdan geçirdiler. Kudus-da döredilen korollygyň hökümdarlygyna Godefroi de Bouillon saýlanyldy. Fatymylar bu ýörişden we Kudusyň eýelenmeginden soňra Askalany merkez edinip, Kudus haçlylaryna garşy birnäçe gezek hüjüm etseler-de, hiç hili oňaýly netije gazanyp bilmediler. Haçlylar söwdagär we deňizçi italýan şäher respublikalarynyň harby kömegi bilen Fatymylaryň elinden 1104-nji ýylda Akka, 1110-nji ýylda Haýfa we Beýrut, 1116-njy ýylda hem Eýle (Eliot) şäherlerini basyp aldylar. 1118-nji ýylda bolsa Müsüriň derwezesi bolan Ferama şähe-rini eýelediler. Palestina töwereklerinde Fatymylaryň golastynda diňe Sur bilen Askalan şäheri galdy. Haçlylar uzak wagtlaýyn gabawdan soňra Trablusdaky Beni Ammar emirligini ýok edip, ol ýerde Trablus graflygyny gurdular. Netijede, gündogardaky haçly döwletleriniň sany dörde ýetdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |