Eýjejikdiñ.
Ýakymlyja peridiñ.
Toýnuk gurap geçip barýan ýyllaryñ
Gabagymyñ töweregne aýlaýan
Halkalarny özüme-de bildirmän
Ýüpek saçlañ bilen ýülmäp, süpürip
Müşki-anbar ysly mähre ýugrulan
Tebigatyñ gülden ýasan ýagydyñ.
Öñ bagtdan jyda bolanam bolsañ
Bagt berip biljekdiñ sen dünýäme
Ýogsa göz ýetirip duranam bolsañ
Mensiz gowşup bilmejegñe döwrana
Täleýmiziñ ikimizi hiç haçan
Duşurmajak bolup zäherli meýin
Içirensoñ yzasyna döz gelmän
Öñler hyýalymda ujundan ogşan
Gözlerime oýun baryn görkezen
Awy siñen göwüslerñi titredip
Şerebäñi meñ ýüzüme pürkeñde
Ähli zat birdenkä özgeriberdi
Ýat bolup birdenkä özüm özüme
Biri beýlekisin ýazgaryberdi.
Dert çöküşen gözler mert durjak durup
Kalbymyñ töründen atylyp çykan
Gyzgyn hem-de ajy gözýaşlarymy
Syzylyp-syzylyp gelen ýerine
Ýene öz üstünden eñteriberdi.
Öz islegim, öz diýenim bolmansoñ
Hesretiñ iñ ýakyn hemdemim boldy.
Seniñ ajy kysmatyñy bölüşmän
Bir gün heläk bolsam bu gam-gussadan
Özüñi hiç haçan günäkärleme.
Çünki gamgyn ýatlamalañ girdabyn
Mekan eýläp ýaşap ýörsem jahanda
Sataşmaly bolsañ saý-sebäp bilen
Gynanarsyñ meniñ düşen halyma.
Ýöne birden amanadym dolmanka
Gelip ýene süýji sözleriñ döküp
Hemişekiñ ýaly süññüm gowşadyp
Geçip giden geçmişimi sorama
Barybir men ony saña bermerin
Sebäbi ol günler geçenem bolsa
Ýañagyñdan taýly gezek ogşadyp
Hoşlaşyk gününde öz eliñ bilen
Maña goýup giden baky mirasyñ!