11:54 Serdar Nepes ogly | |
ÝAGŞYLYKDA ÝATLANÝAN ÝAŞULY
Taryhy şahslar
• ýa-da Serdar Nepes ogluny ýatlap... Aramyzda ep-esli ýaş tapawudynyñ ýatandygyna garamazdan, goñşy bolup baran ilkinji günlerimden Mämmedaly Orazalyýew diýen ýaşuly bilen gürrüñimiz alşyp gitdi. Mämmedaly aga bilen günde-günaşa diýen ýaly türkmeniñ geçmiş taryhy, däp-dessurlary, edebiýaty, meşhur adamlary barada söhbet edýäris. Bir gezek gürrüñiñ çeti Baýram şahyra baryp diredi. Şonda goñşym şahyryñ söwer dosty Serdar Nepes ogly bilen ir döwürlerde golaý gatnaşyk saklandygyny, onuñ aýatda diri wagty düşürilen suratlarynyñ maşgalanyñ şahsy arhiwinde bardygyny aýtdy. Şeýdibem, şu makalanyñ ýazylmagyna goñşym sebäp boldy. Nepes mergen öz döwrüniñ şahandaz, awçy adamy bolupdyr. Onuñ Türkmenbaşy şäheriniñ golaýynda gazan guýusy "Nepes guýy" diýen at bilen biziñ günlerimize çenli saklanyp galyp, telim suwsuzyñ teşneligini gandyrypdyr onuñ Mämmetmyrat, Gylyçmyrat, Hojamyrat, Serdar, Weli, Amanjan, Aşyr diýen ogullar bolupdyr. Serdar ýa-da il arasynda uly hormat bilen atlandyrylyşy ýaly, Serdar kaka molla, bagşy we pälwan hökmünde tanalypdyr. "Magaryf" neşirýaty Baýram şahyryñ 120 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, 1992-nji ýylda onuñ goşgularydyr degişmelerini "Saýlanan eserler" diýen at bilen çapdan çykarypdy. Filologiýa ylymlarynyñ kandidaty Allaberdi Oraztaganow tarapyndan çapa taýýarlanan we giñişleýin sözbaşy ýazylan bu kitapdaly "Galdy" diýen goşgy: Aýdar Baýram, gitse başym, Razy boluñ deñi-duşum, Gylyçmyrat ~ söhbetdeşim, Weli, Serdar begler galdy ~ - diýen setirler bilen jemlenýär. "Onuñ" diýen goşgusy bolsa, nähoşluk tapynyp, başy ýassyga ýeten Serdar Nepes ogluna bagyşlanypdyr. Şol goşgudan iki bende salgylanasym gelýär: Arzymy eşidiñ agalar, begler; Bir bela sataşdy janyna onuñ. Güýjüni kemeltdi, kuwwatyn aldy, Basymrak gelsenäñ ýanyna onuñ. Baýram pikrin tamam etse söz bilen, Ömrüni ötürsin hoş owaz bilen, Elmydam gezerdi söhbet-saz bilen, Lal bolup galarmy dutary onuñ? Eýsem, meşhur şahyr bilen Serdar kakany näme birleşdirdikä? Bu sowalyñ jogabyny gürrüñi edilýän kitabyñ "Sözbaşysyndan" tapmak bolýar: "Baýram şahyr ýaşlykda Balkan töwereginiñ atly bagşysy, Käriz, Daşarbat sebitlerinde ýaşan Serdar bagşy bilen tanyş bolýar. Serdar Nepes ogly oña Magtymgulynyñ, Seýdiniñ, Misgingylyjyñ goşgularyny, türkmen halk dessanlaryny okap beripdir. Şonuñ ýaly-da, Baýram şahyryñ birnäçe goşgularynu öwrenipdir we öz sazyna goşup, Hally bagşynyñ, Mätäjiniñ goşgularynu halk arasyna ýaýradyşy ýaly, olary giñ halk köpçüligine ýetirip gelipdir". Türkmeniñ geçmiş edebiýatynyñ wekilleriniñ döredijiliginiñ biziñ günlerimizde, esasan, bagşy-sazandalaryñ üsti bilen gelip ýetendiginden hemmämiz habarlydyrys. Sebäbi döwürleriñ synagyndan geçen, çuñ many-mazmunly, terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan eserler toý-meýlisleriñ bezegi bolupdyr. Klassyky edebiýatymyzyñ göwher däneleriniñ ýitip gitmezligi üçin Serdar kaka-da mynasyp hyzmatlary bitiripdir. A.Oraztaganow 100 ýaşly Serdar Nepes oglundan Seýdiniñ "Goşa pudagym" dessanyny ýazyp alypdyr. Serdar agamyz ony ýaş wagtlary kyssasy bilen gürrüñ eder eken. Arman, ol gartaşansoñ, ony gysgaldyp aýdypdyr. • Indi Mämmedaly Orazalyýewiñ Serdar kakanyñ öz agzyndan eşiden gürrüñlerinden parçalar Sowet hökümetiniñ gurlan uçurlary Türkmenistanyñ günbataryndaky obalarda käbir ýigitler täze syýasat bilen oñuşman, billerine ýarag dakynyp, at üstüne çykýarlar. Günleriñ birinde GPU-nyñ işgäri Serdar Nepes ogluny ýanyna çagyryp: "Siz bir oturylyşyklarda töre geçirilip, aýdan-diýeni ýerde galmaýan adam. Belki, ýanyñyza ýoldaş alyp, çölde mesgen tutan ýigitleriñ üstüne gidip, olary höre-köşe bilen pällerinden gaýyararsyñyz?" diýýär. Serdar kaka: "Hudaýyñ bize dil bereni-hä çyndyr, ýöne diñläre gulak tapylsa" diýip, jogap gaýtarýar. Soñra ol ýanyna iki sany adam alyp, çöle tarap rowana bolýar. Aññat-aññat gum depelerinden aşyp, ahyry ýüz-gözlerini tüý basyp giden ýigitleriñ bolýan ýerine ýetýärler. Sowet hökümetinden içi kitüwli adamlar öz ýanlaryna ýöriteläp gelenleri sowuk garşylaýarlar, hersini bir gara öýe gabap goýýarlar. Üç-dört gün geçýär, ýumşa iberilen bigünäleriñ ýanlaryna gelýän ýok. Ahyry Serdar kaka ýigitleriñ birinden: "Heý, golaý-goltumdan bir tamdyra tapylmazmy?" diýip soraýar. Dutaryñ adyny eşiden ýigitleriñ ýüzlerinde şatlyk peýda bolýar. Derrew bir ýerden dutar tapyp gelýärler. Bigünä hallaryna kyn güne galan Serdar kaka girýär köne aýdymlaryñ bir çetinden. Ýagşy ýadap, töweregine göz aýlasa, daşy doly adam. "Haý, berekella, bagşy!", "Ömrüñ uzak bolsun!" diýşip, her kim öz göwnünden çykaran baýragyny orta goýýar. Şeýdip, aradan birnäçe gün ötýär. Bir ýere gürüm-jürüm bolan topar ýolbaşçylary dolanyp gelýärler. Ýigitler mal soýup, uly oturylyşyk guraýarlar. Soñra özara gizlin maslahat edilýär we gelen üç adamy bolýan ýerlerinden uzaga äkidýärler. Bir oý ýerde atdan düşürip, el-aýaklaryny dañyp: "Alan galañyz özüñiziñki!" diýip, taşlap gidýärler. Olar jokrama yssyda guran dodaklaryny ýalaşyp, öz ölümlerine kaýyl bolup ýatyrkalar, Hudaý garaşyk edip, üstlerinden Baýramguly batyr diýen adam gelýär. Şeýdibem, olar göni gelen ajaldan aman galýarlar... • "Garşydaşynyñ gursagyna belent ýerini oýkasa..." Günleriñ birinde Serdar kakanyñ ýoly bir obanyñ üstünden düşýär. Ol aý berip duran märekä gözi kaklyşandam: "O-how, uly göreşiñ üstünden geldim-ow!" diýip oýlanýar. Onýança bir adam oña tarap ylgap gaýdýar. Saglyk-amanlyk alşylandan soñ: "Serdat kaka, orta bir gyz maşgala çykyp, billeşenin ýere çalyp dur. Sen onuñ bilen göreşip biljek dälmi?" diýýär. Serdar kaka: "Näme göreşmän. Ýör, hany, baraly" diýip, jogap gaýtarýar. Olar tirkeşip märekäniñ ýanyna gelýärler. Duranlar: "Indi berk dur, pälwan gyz. Hakyky garşydaşyñ gelendir" diýip gygyryşýarlar. Serdar kaka öz göreşmeli gyzyna syn edýär. Ynha, belendi-belent, pesi-pes bolup duran, eginlek, maýa ýaly gazak gyzy. Serdar kaka özüne içmek getirip bermeklerini soraýar. Ony egnine geýäge-de: "Guşakdan berk tut, pälwan gyz. Soñra armanly bolma" diýýär. Göz açyp-ýumasy salymda hem onuñ ýagyrnysyny ýuwaşlyk bilen ýere degirýär. Toý aman-sag sowlup, adamlar saçak başynda jem bolup otyrkalar, ýaşulularyñ biri: "Serdar jan, sen ol gyzy ýaman çalt ýykdyñ-la?" diýip soraýar. Serdar kaka: "Men ýöne ýere egnime içmek geýmedim. Aýal maşgala pälwan bolmak hökman däldir, egnine ýukajyk köýnek geýäge-de garşydaşynyñ gursagyna belent ýerini oýkasa, men diýen pälwanyñam ysgyn-mydary gidip, dyzyna çöker duruberer. Men içmekli bolamsoñ, gyz maña kär edip bilmedi. Gelşime orta çykaýan bolsam-a, ol menem heläk ederdi" diýenden, oturan adamlar pakyrda berýärler. • "Gaplañdan size zowal ýok..." Serdar kaka günleriñ birinde ýanyna iki sany ýoldaşyny alyp, daga aýlanmaga gidýär. Birden olaryñ gözi gapana düşen gaplaña kaklyşýar. Serdar kaka ýanyndaka: "Hany, tüpeñi bäri ber. Janawer horlanyp ýörmesin, azapdan dyndaralyñ muny" diýýär. Olar: "Aklyña aýlan-how, Serdar, ýaraly mahlugyñ gany depesine urup durandyr. Üçümizem bölek-bölek edip taşlar" diýşip, onuñ aýdanyna kes-kelläm garşy çykýarlar. Serdar kaka pikirimden dänmeýär, tüpeñi siltäp alaga-da, gaplaña çenäp atýar. Belli awçy-da bolsa, şol gezek oky boş geçýär. Gözüne gan inip duran gaplañ oña tarap ýöneljek ýaly edýär-de, ýene duruberýär. Serdar kaka töweregine göz aýlasa, gelen ýoldaşlary hol uzakda eñip barýarlar. Ol: "Haý, gorkaklar, aýak çekiñ-how! Gaplañdan size sowal ýok" diýip gygyransoñ, ýoldaşlary aýak çekýärler. Serdar kaka olaryñ ýanyna barýar. Ýöne ýoldaşlaryndan göwni galansoñ, tä oba barýançalar, olara ýagşydan-ýamandan habar gatmaýar. Ol ertesi bolan wakany dosty Guljagaza gürrüñ berýär. Guljagaz garadan gaýtmaz adam bolansoñ: "Bar, tüpeñi al. Ýaraly gaplañ uzaga gidip bilmez" diýýär. Olar iki bolup daga tarap ugraýarlar. Aýlana-aýlana gaplañyñ üstünden barýarlar. Serdar kakanyñ atan oky bu gezek gaplaña degýär. Öñem janyýangynly gaplañ arlap, olara tarap eñýär. Guljagazam jaýdar atansoñ, gaplam ýere ýazylýar. Iki dost äpet haýwany oba alyp geýärler. • Il-güne ýagşylyk nuruny paýlan ajaýyp ynsan Serdar Nepes ogly baryp-ha patyşa hökümeti tarapyndan Zakaspide çekilen demir ýolda zähmet ýoluna başlaýar. Ol ýerde 40 ýyldan agarak wagt işleýär. Ol sowet ýyllarynda gizlinlik bilen molla hökmünde birgiden ýaş çatynjalara nika gyýyp, olary durmuşyñ ak ýoluna atarýar. Merhum bolan adamlara jynaza çykýar, sünnet toýlarynda beýemçilik edýär. Özüni ajaýyp ynsan hökmünde il-güne tanadan goja daş-töweregine haýyr-sahawat, ýagşylyk nuruny paýlapdyr. Serdar kaka 1976-njy ýylda bir asyrdan köpräk ýaşap aradan çykýar. Onuñ agtyk-çowluklarynyñ köpüsi Balkanabat şäheriniñ Käriz obasynda ýaşaýarlar. Ýaşulynyñ aradan çykanyna ep-esli ýyl öten hem bolsa, onuñ bitiren işleri il-günüñ ýadynda. Amanmyrat KIÇIGULOW. # edebiyatwesungat | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |