01:06 Serdesse | |
SERDESSE
Goşgular
"Adam özün adamlara paýlaýar..." A.Agabaýew. Men özümi adamlara paýladym, Hergiz-hergiz paýlamakdan doýmadym. Kemter gördüm bildigimçe bilenmi Gözledim her ýerden bilmedigimi. Kireý gözlemedim eden işimden Güzeranmy aýlyk bilen güýmedim Ýörmesem-de onda-munda syrtaryp, Gizlejek bolmadym oýnap-gülenmi... Tekepbirdim. (Muny boýnuma alýan). Ýöne hiç haçanam bolmandy mende Şeýtanyñ deminden bereketlenen Ulumsy gylykdan zerre nam-nyşan. Ikiýüzli, Arabozar, Şermende. Töhmetçill, Gybatçyll, Hyýanatçyllar, Erte ýene birniñ berjek ýalagna ymsynyp, Düýnki ýal iýen ýerne Çyrşamakçy bolup öz ýüz-gözüne Öz pohuny bulaşdyrýan köpekler... Ýa bolmasa, Bulañ barsynyñ tersi bolan ynsa-jynsa dertsiz-azarsyz Eneden halal süýt emen ynsanlar diýmedim, Ýa diýmelidirem öýtmedim, "Hudaýyñ bendesi" diýip at alan Iki aýakly, Kyrk gylykly jandara Ýogam bolsa ýanyp duran talantym Gursagymdan näme çyksa joş urup Ýeter ýaly lükgeligne paýladym. Çünki men ynandym (Ynanarynam!) Möwlana Rumynyñ, Goja Ýunusyñ, Pygamberden pata alan Pyragyñ Kuranda gizlenip ýatan dürleri Ölmez-ýitmez setirlerne siñdirip Ýanyp-ýanyp ýazyp giden pentlerni Undañkyrlap adamçylyk hüýüni, Bähbide, Wezipä, Dollara çalşan Köki gurap barýan ynsap tüýüni Täzeden nem berip täze döwüriñ Özüne bap gelýän düşnükli dilde Uzyn-uzyn beýan etdim bilenmi... Ynsaba suw ýaly teşne ynsanlar Hiç terslik tapmady paýlaýanymdan Ynsabyn birmahal ýuwdan hunsalar Ajysy kükeýän Duzy gaýnaýan Hem Arap Reýhanyñ gürzüsi ýaly Degen ýerni mynjyradyp taşlajak Özgeleñkä meñzemeýän sözümden, Hernäçe nädürslük gözleseler-de, Içen kasamyma Iýen duzuma Il-günüme Jandan eziz Watanma Ikilik etmämsoñ gaýtam olaryñ Özleri-de Atýan töhmetleri-de Geçmedi gulagmyñ ýele ýanyndan. Häzirem şol öñki edähedimde Şu bolşuma galarynam ömürlik Men özümi adamlara paýlaýan, Tä ölýänçäm paýlamakdan doýmaryn. ...Ýol üstünde durup kemçinlik eýlän Jelepler nyrh sorar göwnüñi tapyp. Goý, şolar bar zadyñ bahasyn kessin, Ýygnanja zerini döşüne dakyp! Orramsy beýgelsin, Ogrular össün! Azatlyk bagş edip ganhor Warawwa Ölini direlden Isa Mesihi Otuz teññä satan biderek dünýäñ Bir künjünde ýaşap ýörsek salamat Ýagşydan-ýamandan etmeris minnet. Ujuna gödeñsi jümleler dañlan Serdessämi golda sag-sola aýlap, Hut şonuñ üçinem arman-ýadaman, Men özümi adamlara paýlaýan! Surat: Salwador Dali. | |
|
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |