SERKERDE ŞAHYR
Eziz Watany gözüň göreji deýin gorap saklamak halkymyzyň ata-baba gelýän nusgalyk ýörelgesidir. Biz onuň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan beýik taryhymyza ser salanymyzda hem anyk göz ýetirýäris. Geçmişimizde ata Watan üçin jan alyp, jan beren beýik türkmen hanlary, serdarlary biziň şu günki nesillerimize, ylaýta-da Watan goragçylaryna nusgalyk mekdepdir. Olar öz döwürlerinde halkynyň azat-erkin ýaşaýşy, arkaýyn zähmet çekmegi, ýamany ýazgaryp, ýagşylaryň we halallygyň gol ýaýratmagy üçin söweşipdirler, Watanyny gorapdyrlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidendimiziň başda durmagynda taryhy şahsyýetlerimiz has içgin öwrenilip, bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Galyberse-de, türkmen nusgawy edebiýatynda görnükli yz galdyran şahsyýetleriň eserleriniň gaýtadan çap edilmegi, olaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň geçirilmegi ygtybarly subutnamadyr.
Geçmişde öçmejek yz galdyran, türkmen edebiýatynyň gülläp ösen döwründe ilki göze ilýän şeýle şahslarymyzyň biri-de serkerde şahyr Seýdidir.
Seýdiniň çyn ady Seýitnazar bolup, ol Habyp hojanyň ogludyr. Taryhy maglumatlara görä, Seýdi 1768-nji ýylda eneden doglupdyr.
Seýdi ömrüniň köpüsini Garabekewil etrabynda geçiren bolsa-da, birnäçe ýyllar (43 ýaşlaryndan 62 ýaşyna çenli) Hywa, Etrek, Garrygala (Magtymguly), Gürgen, Ahal we Mary töwereklerinde ýaşapdyr.
Seýdi öz döwründe ýüze çykan söweşlerde duşmana garşy ýarag we özüniň çeper döredijiligi bilen gaýduwsyz göreşip gelipdir. Ol Watan, ar-namys üçin bolan söweşiň iň gaýratly gahrymany bolup, goşun toparlarynda serdarlyk edipdir. Seýdi söweşlerde goşgulary bilen ýigitleriň ruhuny göteripdir.
Şahyryň Begnazar, Sahypnazar, Mirhasan we Haýdar diýen dört sany ogly bolupdyr. Bularyň dördüsi hem ýaş wagtynda aradan çykypdyr. Watan üçin janyny pida eden bu şahyryň ömri türkmen halkynyň ykbaly we onuň durmuşy bilen örän bagly bolupdyr. Seýdi ýaşan ömründe watançylyk hyjuwy bilen joşup, öz watandaşlaryny, ähli türkmenleri kese ýerli basybalyjylara garşy göreşe çagyryp, hemmeleri aýaga galdyrýar.
Daşky duşmanlar tarapyndan Watana hüjüm bolan wagty Seýdi öz halkyna şeýle ýüz tutýar:
Bir ýerde top bilen baýdak dikilsin,
Goşun iki ýandan sap-sap çekilsin,
Kelleler kesilsin, ganlar dökülsin,
Arada gurt oýny gurulsyn indi.
Seýdiniň beýik akyldar Magtymgulynyň söweşjeň däplerini ösdürendigini görkezýän esasy häsiýet hem onuň harby raýatlyk lirikasyndaky hakykatlykdyr. Ol häsiýet hem goşgulardaky setirleriň köptaraply göz öňüne gelmegini, suratlandyrýan wakanyň ýatda galmagyny üpjün edýär. Şahyryň şu mowzukdan ýazan köp goşgularyndan söweş meýdanynda çarpaýa galýan atlaryň nalyndan çykýan uçgunlary, çaknyşýan gylyçlardan çabraýan ýalynlary, toplaryň gümmürdisini, sap-sap bolup barýan atlylaryň keşbini görmek bolýar.
Seýdiniň bütin ruhy, eti-gany, süňňi Watan ruhuna ýugrulandyr. Şu ýagdaý onda ýaşlyk döwründen başlap, ahyrky döwre çenli taplanýar we ösýär. Seýdi batyrlygyň, harby tälimiň, gaýratyň ýokary nusgasyny görkezipdir.
Watan üçin çykdym gyrat üstüne,
Tä janym çykynça dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan doýmanam begler!
Watançy şahyr öz begligini, Halaç, Pelwert galalaryny azat etmekden başga pikire üns bermändir. «Begler», «Goçaklar», «Baraýlyň», «Gider» ýaly şygyrlar, ine şol eýýamyň önümidir.
Serkerde şahyr Seýdiniň watançylyk ýol-ýörelgesi şu günki ýaşlara, Watan goragçylaryna nusgalyk mekdepdir. Biz özümiziň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhymyzda şeýle beýik şahsyýetlerimize buýsanýarys.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde geçmiş taryhymyzy öwrenmeklige giň ýol açylyp, ähli mümkinçiliker döredildi. Döredilýän şeýle mümkinçiliklere çyn ýüregimiz bilen düşünip, bize nusgalyk ýol galdyran ata-babalarymyzyň gahrymançylykly durmuş we döredijilik ýollaryny çuňňur-öwrenip, geljekki nesillerimize ýetirmekde, ýaş nesliň arasynda ata Watanymyza bolan mukaddes hem belent söýgüni ösdürmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Arzygül MÖWLAMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Merkezi ylmy kitaphanasy.
Edebiýaty öwreniş