ŞETDAT
Ol uçara münenden kalbyny gaplap alan ýatlamalaryñ ummanyndan çykyn, rahat dynç alaryn öýtdi. Emma hemmesi tersine boldy. Uçarda mazaly ornaşyp, kellesini arka atandan, garym-gatym pikirler ony aldym-berdime salyp başlady. Şonda-da ol ähli zady unudyp, ap-ak bulutlaryñ üstünden galkynyşly diýaryñ mährem topragyny synlamak isledi. Ýöne, saýgyjy ýeten ýüñ ýaly peşmek-peşmek bolup üýşüp duran bulutlar onuñ bu islegine böwet bolýardy. Kalbyny gemrip barýan oýlardan ara açyp bilmän, oturyşyna indi onuñ uçaryñ aýnasyndan görünýän ak bulutlaryñ üstünden aýak ýalañ yglasy geldi. Deñiz tolkunlarynyñ öz kenaryna birsyhly urnup durşy ýaly, onuñ uç – gyraksyz pikirleri-de beýnin mähir şu pursat, onuñ ýüreginiñ üstünden aýakýalañaç ylgaýardy.
Şol gün hem edil şu uçaryñ üstünden görünýän ýaly bulutlar her ýerde, her ýerde gaýyp ýördi. Ol işden gelip, öñüne bir käse çaý alanda, ejesi gapdalynda çökdi.
- Geldiñmi, balam! Arma-da, işleriñ gowuny?
- Gowy, eje.
Aksoltan gepi nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly, bir pursat dymyp oturdy-da, soñ köp manyly gepledi:
- Ýazam düşdi, balam.
- Hawa, eje, bahar geldi, töwerek bireneýy owadan, aýdyp diýer ýaly däl. Bizem ertir oglanlar bolup, çöle çykalyñ diýişdik. Ekişi tamamladyk, hemmämiz gitmekçi. Şagalañ edeliñ diýdik.
Aksoltan gürrüñiñ öz-özünden açylyp gidenine begendi:
- Hä, menem şol şagalañ barada gürrüñ edäýsem diýýän.
Artyk gözlerini tegeläp, ejesine soragly nazaryny dikdi.
- O nä, şagalañ? Sen ony nireden eşidip ýörsüñ?
- Hiç zadam eşidemok. Men öz şagalañymyz barada aýdýan. Saña-da il deñinde öýli-eşikli bolmaga wagt ýetdi. Deñ-duşlaryñ tükel çaga atasy. Señ welin, henizem şol sallahlygyñ.
Artyk ejesiniñ ýene şol öñki heñine tutup ugrandygyny añdy.
- Eje, özüñ diýýäň ahyry, nika hökman öz pursatyna barmaly diýip. Diýmek, meniñ nika pursatym gelen däldir-dä.
- Ony getirmek her kimiñ öz elende. Sen ýeke agyz bor diýäý. Halan gyzyñy öýe getirip, toý tutmak biz bilen.
Artyk degişmä saldy:
- Näme ol şeýle añsatmy?
- Hudaý ýazsa, kynam däl, gudaçylyga barsañ, ur-tut toý sähedi belleniläýär.
- Hä, görýäñmi! Hudaý ýazsa…
Ol çaýly käsesini beýläk geçirip, birdem oýlandy:
-Hudaý şu çaka çenli nika pursatyny ýazmandyr öýdýän. Belki, ol meni ýadyndan çykarandyr, belki-de, dynç alyşdadyr.
Aksoltan oglunyñ soñsuz degişmä başlandygyna düşünip, aýgytly gürledi.
- Señ ýadyña oýun düşýär. Biz hem il deñinde gelin edinsek, agtyga guwansak. Ýa sen bize şojagaz bagtam rowa göreñokmy?
Şu pursat eneli – ogluñ ikisi-de şol bir zat – öz ýakynyña mähir barada oýlandylar. Ene öz ýanyndan “Eger oglumyñ ýüreginde maña azajyk-da rehim bar bolsa, onda ol dile getirip bilmän goýan sözlerimi syzmaly” diýip oýlansa, ogly:
“Eger ejem meni agda-kände gowy görýän bolsa, meniñ Şetdat barada aýdyp bilmän ýörendigimi duýaýmaly” diýýärdi.
Bu gezegem eneli ogluñ gürrüñi alyşmady. Aksoltan toýly meseläni ýene bir pursata galdyrmagy müwessa bildi.
Şol günüñ ertesi Artyk deñ-duşlary bilen çöle gitdi. Baharyñ tämiz howasy, göm-gök bolup oturan ymgyr sähra üýtgeşik bir gözellige bürenipdi. Ýylaklar, selin – sazaklar ak çägäniñ göwsüni ýaryp çykan çomuçlar, gelin kömelekler, ho-ol añyrda süri-süri bolup agyp – dönüp ýören owlak-gyzylaryñ ýakymly sesi üýtgeşik bir şirinlik bolup ýürege ornaýardy. Bu gözellige aşyk bolan Artyk ak çägäniñ üstünde aýak ýalañ gezdi. Ülpüldäp oturan güljagazlary ysgap-ysgap doýmady.
Mal soýup, nahar bişirmek aladasy bilen gümra bolup ýören oglanlar onuñ bu boluşyny özleriçe ýordular.
- Eý, Arryk, sen beýdip döşüñi ýazyñ güljagazlaryna bermän, Ýazgüllere beräýseñ bolmaýarmy.
- A-how, Annam, men Arryk däl, Artyk. Bilmeýän bolsañ, bilip goý şony.
- Bar sen Artykmyşyñam-da, onnoñ gyz ýaly bolup, gül ysgap ýörmäñ name, çölüñ içinde. Biz-ä başga zat bilen başagaý, senem gülüñ yzynda. Ondan-a öýlenäýerler beýdip, çölde gül gözläp ýörenden.
- Annam, señ meniñ bilen nä işiñ?! Boluber-dä çişligiñ bilen.
- Işim ýok, inijik. Toý göräýjekdik-dä.
- Entejik howlama.
Oglanlaryñ bary diýen ýaly birden dillendi.
- Mundan artyk sallah gezip, müjerret ötjekmi? Şu bolup bolup ýörşüñ-ä ibaly däl señ. Eliñ sypyndygy ýa şähere, ýa-da çöle eñäýýäñ.
Artyk gürrüñi başga ýana sowmak isledi.
- Nätdiñiz-aý, walla, muny! Görüñ-a nähili owadan töwerek – daşymyz. Siz näme bu gözelligi göreñzokmy?
- Bary düşnükli, gözellik diýen bolýañ, ýene diýýäñ, garaz, aýtjak däl-dä sen kimiñ yzynda yglaýandygyñy.
- Nämäni aýtmaly?
- Şähere kim üçin gatnaýanyñy.
Artygyñ gahary geldi.
- Eý, Annam, keýpe sogan dograjak bolma-da, goý, şu gürrüñi. Öýlenesim gelen çagy ilki seniñ ýanyña maslahata bararyn.
- Sözüñ sözmi?
- Sözdür.
Şol gün oglanlaryñ gep ýassygy Artyk boldy. Olar tä oba dolanýançalar Artyga degdiler. Ol weli diýýäñizmi hem diýmedi. Bu gepler öz adyna aýdylýandyram öýtmedi. Gaýta sähranyñ parç bolan otlarynyñ, onuñ gaýtalanmajak gözelliginiñ ýesiri boldy.
Soñky döwürde oglunda bir üýtgeşikligiñ bardygyny duýýan Aksoltan ýene birwagtky gürrüñe dolandy:
- Oglum, men-ä öñem biriniñ “göleli sygyrdan gürrüñ edelile” diýşi ýaly, ýene gelinli, toýly gürrüñe dolanjak. Hany, sen bize haçan belliñi aýtjak. Özüñ bir zat tapan bolsañ, oña baraly, ýogsa-da bize rugsat ber.
- Eje, senem aý, gyssap alaýýañ halys. Biraz pursat ber ahyryn.
- Puryja berip-berip, 25-i arka atdyñ. Indi näme?
- Nämesi şol. Meniñ halaýanym bar. Öýlenmeli bolsam, maña şondan başgasy gerek däl.
Aksoltan rahat dem aldy.
- Kim ol? Kimiñ gyzy? Adam çykýan ýeriñ maşgalasymy?
Artyk ejesiniñ soraglaryna birbada ýaýdandy:
- Eje, ol neme-le…
- Näme?
- Ol ýetim gyz, özem şäherden. Ene-atasy, dogan-garyndaşy ýok.
- Ýerden ýeke çykan däldir-ä ol. Dur-la, sen şäherli gyzy nirden tapyp ýörsüñ?
- Aý, tapdym-da.
Aksoltan bir pursat sesini çykarmady. Ol oýlandygyça, oglunyñ ykbal birikdirmek isleýän gyzynyñ şübheli tarapy köpelýän ýaly göründi.
- Salgy ber, ol gyzy nireden tapmaly?
Artyk ejesiniñ oslamadyk zadyny morta aýdyp göýberdi:
- Islän günüñ özüni getiräýerin, eje. Gidip, azara galyp ýörmeli däl.
Aksoltanyñ ýakasyndan köz atylana döndi:
- Ol näme diýdigiñ, näme bolýar? Bu heý ile-güne sygjak zatmy? Deñläp – derejeläp gelmedik gelinden gelin bolarmy? Sen biziñ ýekeje oglumyz, ýekeje guwanjymyz. Duluna nüň arzuw bilen gelin geçirmek ene-atañ arzuwy. Biriniñ gyzynyñ ýakasyndan tutaga-da yzyña tirkäp alyp gaýdybermek bolmaz-a. Indi bizi toý tutmakdan, gudaçylyga gitmekden mahrum etjekmi sen. – Birdenem ol başga hörpden gopdy: - Oglum, Artyk jan, obada islän gyzyñ adyny tut, boýuna deñe-deñ gyzyl bermeli bolsa-da biz bar. Ýöne beýdip nätänyş birini, onda-da ýetim maşgalany öýe getirme. Soñ kyn bolar. Her zat şu pursat çözen ýagşydyr bu meseläni. Oýlan-ölçer, biziñ saña ýamanlygymyz ýok.
Öz dünýäsine gümra bolan Artyk ejesiniñ henizem gepläp oturanyny duýsa-da Şetdatdan başga biri bilen ykbal birikdirmek hakynda oýuna-da getirip bilmedi. Ol oturdy-turdy oýlandy. Oýlandygyça-da ony çapraz pikirleriñ girdaby özüne dartdy: “Agyr pursatlarda adamyñ köñli ýumşaýar, gahar-gazaby gowşaýar, nebsine haý diýýär, ýaman işlerini goýup, ýagşylyk etmäge howlugýar” diýýärler. Men Şetdatdan başga gyz bilen ykbal birikdiren günüm ölerin. Şondan soñ maña ýaşaýyş ýok. Ýöne üç uýanyñ içinde ýeke özüñ ulalyp ýetişeñsoñ, söýgi diýip, eneñ-atañdan geçseñ, niçik bolar?! Adamçylykdan daşlaşýandygyñy subut etmeýärmi näme ol? Perzentlik borjumy ödedigim bolýarmy onsoñ. Näme etmeli? Mañlaýyñy nirä urmaly…?” Şol pursat soñsuz pikirler gara bulut ýaly bolup, Artygyñ dünýäsini gysaja gysyp, aldym-berdime salyp ugrady.
Bir pursat bu zatlar barada pikir etmegi soña goýup, ol daşaryk çykdy. Agşamyň hoştap howasy ýüzüni sypanda Artyk özüne gelen ýaly boldy. Gözelligini güjeñläp oturan mahmal bägülleriñ ýanynda bir pursat eglendi. Onuñ gözellige aşyk kalby bägülleriñ baryny birden gujagyna gysasy, her haýsyny tä mähri ganýança ysgasy geldi. Ýöne beýdip durmaga ejap etdimi – nämemi, elini birgeñsi bolup oturan bägülleriñ üstünden aýlap göýberdi.
- Siz bu gözelligi nireden alýarsyñyz? Onuñ gözbaşy niredekä? Ysyñyz hem birbaş beýnä ýetip, huşuñy başyñdan uçurara getirýär. Älhapus, beýik Allanyñ bu gudratyny?! Ýaradan zatlarynda birjik-de kemter ýer ýok. Allam öz bendesini ýaradanda-da şeýdäýmeli eken-dä. Ýa-da akyldaryñ aýdyşy ýaly, biziñ böwrümizde şeýtan oturmyka? Biz şeýtanyñ alyna gidýärmikäk?!
Bir pursat pikirlerini añynda aýladygyça, onuñ dünýäsi daraldy. Ol bu pikirleri köwmak isleýän ýaly, eglip, bägülleri sypady. Şol pursat gözüniñ alynda Şetdadyñ kamaty örboýuna galdy. Onuñ nerkes gözleri ýigidiñ bar ünjüsini dargatdy. Şol pursat ur-tut geýnip, şähere gidibermäge onuñ bogny ysmady. Öz ýanyndan gülleri Şetdada deñän Artyk çalajadan pyşyrdady: “Men sizi eý görýän, mahmal bägüller, siziñ ysyñyzdan, siziñ gözelligiñizden jahyl göwnüm telwaslanýar. Siziñ dünýäñiz meniñ barlygym bilen garyşanda has belentde pelpelleýär. Bu nämedenkä? Siziñ hoşboý ysyñyzdanmy ýa-da mahmal perlerñiziñ näzikliginden? Belki, bu aşyk ýüregiñ aýdymyny şol mahmal perleriñ duýup bilýänligindedir. Belki-de, siziñ Şetdada meñzeşligiñizdedir. Haýsy bolsa-da, tapawudy ýok. Barybir siz meniñ göwün küýsegim. Sizi tirmäge elimem baranok, bognymam ysanok. Eger men sizi tirsem, onda gözellige kast etdigim bolar. Siz öz ornuñyzda has ajap görünýärsiñiz. Uzak mahallap bu dünýä, adamlara gözellik paýlaýañyz. Sizi tirip mahmal öwüşginiñizden, hoşboý ysyñyzdan bir özüm lezzet alsam, ol birhili bolar. Ýöne sizi Şetdada sowgat beresim gelip, ýüregim üzülip barýar-da. Sebäbi, Şetdadam siz ýaly ajaýyp, siz ýaly gözel, siz ýaly mährem”.
Süýji pikirleri boýladygyça, Şetdatly, toýly mesele ony gark edip barýana döndi. Indi ol tiziräk şähere ýetmäge alñasady. Şol pursat Artygyñ kalbyna dolan hyýallar ony idirdikledip alyp barýardy. Aslynda, köñül derýasy joşanda arzuwlar umman bolup çyrpynýar diýýärler welin, Artygyñ bu bolup barşy ummanyñ astyndan çogup çykýan gomlaryñ goltugyna düşen kiçijik balyga meñzeýärdi. Ol bu pursat baharyñ lälezarlygyny-da, owadanlygyny-da unudana çalymdaşdy. Ol diñe öz arzuw – hyýallarynyñ bir ujunyñ obada, beýlekisiniñ şäherdedigini duýýardy. Ejesi, uýalary bir tarapda, Şetdadam beýleki tarapda oña gol bulaýardy. Haýsy ýana gitmeli? Haýsysynyñ agramy çökder? Artyk şu zatlary seljermek isleýän ýaly, bir pursat kellesini tutdy-da köçäniñ gyrasyna sowuldy. Indi onuñ töweregini baharyñ gyzyl gülälekleri gurşap alypdy. Bu ýyl bahar türkmen sährasyna ýapylan ajaýyp haly ýaly öwüşgin atýardy Niräñe seretseñ, gyzyl gülälekler, owadan gelinçekler şemala başyny yrap, ajaýyp gözellik döredýärdiler.
Beýikli – pesli baýyrlaryñ her tarapy bir hili öwüsýärdi. Ýaşyp barýan Günüñ al şapagy şol meýdana aýratyn öwüşin çaýýardy. Artyk bu gözelligi ilkinji gezek görýän ýaly bolup, kürtdürip durdy. Soñam owadan gelinçekler bilen güne meñzeş çopantelpeklerden çemen baglady-da şähere tarap ynamly ädimläp ugrady.
Ol şähere girende Gün beýik dagyñ añyrsynda gizlenipdi. Ýöne onuñ lowurdap durap şapagy agşama üýtgeşik bir mähir çaýýardy. Ol talyplaryñ umumy ýaşaýyş jaýyna baranda owadan şapak daglaryñ añyrsynda gizlendi. Artygyñ eli gülli gelenini gören Şetdat çaga ýaly begendi:
- Waý, bu gülleriñ owadandygyny! Sen nireden beýle ajaýyplygy tapdyñ! Bu gülüñ ady näme?
- Muña gelinçek diýýärler, bu-da çopantelpek.
Artyk degişmä saldy:
- Senem gelin bolañda, şu güllere-gelinçeklere meñzärsiñ.
Şetdat uýaljyrap, Artyga näz etdi.
- Goýsana, oglan.
- Men çynymy aýdýan. Ine, şu pursatam men señ toýa razylygyñy almaga geldim.
Şetdat bir zatlar diýmäge hyýallananda, Artyk onuñ agzyny tutdy:
- Dur, läläm, men gepläp bolaýyn, sözümi bölme. Ejem meseläni keserdip goýdy. Öýlen diýýär, özem tiz wagtda. Dogrymy diýsem, şu bahar sowulmaka. Ýöne bir zat bar – men seniñ ýetimdigiñi, hiç kimiñ ýokdugyñy aýdanymda ejem gaty gynandy. Dogrusyny aýtsam, ejem gudaçylyga barman, eneñ-atañ razylygyny alman, gelin edinmegi birhili görýär.
Şetdat bir pursat dymyp durdy-da soñam ýuwaşjadan:
- Men ejeñe düşünýän, ol biriniñ gyzyny törüne gelin edip geçirende maşgalañ halallykdan başlanmagyny isleýär. Seniñ ejeñ göwnüni ýykyp bolmaz, bir alajyny taparys. Döwletliler köşgüniñ terbiýeçisi Bahargül gelnejem meni öz gyzy ýaly eý görýär, menem ony ejem diýip hasaplaýaryn. Meniñ üçin Bahargül gelnejemlere gudaçylyga baryp bilersiñiz. Ýöne bir şert bilen. Bahargül gelnejem näme diýse, şol bolmalydyr. Süýt haky diýse-de, başga näme diýse-de, ýerine ýetirmeli borsuñyz.
Artygyñ arkasyndan agyr ýük aýyrlan ýaly boldy. Ol Şetdadyñ gara gözlerini, gyýlyp duran gaşlaryny göýä ilkinji gezek görýän ýaly, mähir bilen synlady. Artygyñ kalbynda möwç uran mahir onuñ gözlerinde röwşenlik tapdy-da, Şetdadyñ gursagyna tarap akyp ugrady. Şol pursat olaryñ ikisi-de ne gepläp bildi, ne-de gymyldap. Şol pursat olary bir göwrä öwrüp, örkläp goýupdy. Olaryñ teni-de, kalby-da, pikiri-de, arzuwy-da indi diñe şol bir zatdady. Söýgi odunyñ çabyrap, bu iki juwany öz dünýäsine salandygyny olaryñ daşyndan añmak kyn däldi. Olar hut şuş-şu pursat birek-birege teşne mähri saklajagam bolanokdylar. Gaýta olar dünýäni unudyp, kalba guýulýan ýylylykdan lezzet alýardylar. Onuñ ýüreklere ýetişini, ýakymly howrunyñ tutuş bedeni eýeländigini duýýardylar. Bu çak diliñ diýip, sözüñ düşündirip bilmejek duýgusy şol guýup durdy, guýup durdy.
Yşkyñ ody sere uranda, tutuş süññüñe aralaşýan ýakymly serhoşlyk bu pursat olaryñ ikisiniñem erkini elinden alypdy. Baharlar joşup gelende daglaryñ belent başyndaky äpet-äpet daşlary sil suwuna akdyryşy ýaly, Artyk bilen Şetdadam şu pursat özlerini söýgi siline beripdiler. Gijäniñ garañkylygyna duwlanan juwanlary baharyñ myýmyk şemalyna yranýan mahmal bägüller adaja hüwdüleýärdi. Töwerek-daşyñ ýakymly ysy serhoş beýnilere tenekardy. Şuş-şu pursat durmuşyñ neneñsi süýjüdigine göz ýetiren juwanlar ertirki günüñ ýakymly wakasyna dolanyp, birek-birek bilen hoşlaşanda, ap-ak bulutlara bürenen asmanda günüñ tylla nury çala bildirýärdi…
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar