05:12 Şeýdip aýlanyp dur bu çarhypelek | |
ŞEÝDIP AÝLANYP DUR BU ÇARHYPELEK
Goşgular
Diňe tukatlyk bar meniň kalbymda, Gussa bilen örtülipdir keşbimem. Galamymam sandyraýar elimde, Gamly çykdy bu gün ýazan goşgymam. Ýene wagt hakda oýlanýaryn men, Oýlanýaryn, onuň gurluşy niçik? Men ylgap yzyndan ýetjek bolýaryn, Ol bolsa çalt gaçýar, öňümden uçup. Howlukdykça çalt ýitirýän wagtymy. Alňasamak nämä gerek boldukä? Wagty kowup, görmändirin bagtymy, Haçan, nirde, haýsy öwrümde galdyka? Wagt bolsa öwrüm-öwrüm ýollardan, Gidip barýar bir säginmän garaşman. Her öwrümde maňa synag garaşýar, Geçermikäm men ýykylman, sürüşmän? Ynhada öňümde täze bir öwrüm, Bilmedim, ol näme taýýarlap goýdy. Ünji döräp, syzlap sançdy çep böwrüm, Elhenç bir hadysaň gorkusyn duýdy. Goýaldymy ganym, doňdymy ganym? Ýa ýere berdimmi men eýýäm ýanym? Ýerindemi janym, çykdymy janym? Ýa gaýyp boldummy ýeriň ýüzünden? Ýada ýetdimmikäm wagtyň yzyndan? Ömrümi kowalap tutdummy ahyr. Birden gulagyma eşdildi owaz, -“Gözüňi aç, aýňal, oýan sen, şahyr.” -“Şahyr, ýamana-da, ýagşa-da ýorma, Unut ýatdan çykar bu gören düýşüň. Beýdip wagt hakda oýlanyp ýörme, Ömrüňde bolmaz seň bitiren işiň.” Düýş diýýärmiň, ömrüm düýşde geçdimi? Wagt ukydakam alyp gaçdymy, Meniň ýaşlygymy, dost-ýarlarymy, Dogan garyndaşy, hossarlarymy? Men wagtyň yzyndan kowupdym ahyr, Ýitiren ýitgimi tapmaklyk üçin, Öten-geçenlemden hem Ejemjandan, Ötünç sorap, dyzym epmeklik üçin. (Bolmanda ýene-de ýekeje sapar, Oň ýyljak aýasyn öpmeklik üçin.) “-Wagt geler, geler özi ýanyňa, Oň yzyndan ylgamaklyk hökman däl. Häzir bolsa haýpyň gelsin janyňa, Ýöräber ugruňa, howlukman, haýal. Öten-geçenleriňi yrza etjekmi? Sen yzyňda galýanlary ýada sal, Ana şolaň aladasy bilen bol. Wagty kowup, tutjak bolmagyň özi, Wah, şahyr, ynanaý, bu bir boş hyýal. Indi bolsa gitdim,sag otur,hoş gal.” - Salamly geldiňmi, hoşlaşar ýaly? “-Hoşlaşyp gidýänme şükür et häli, Sen doly geçmänsiň,entek bu ýoly. Ýol uzakdyr, ýene gabat geleris, Ýalňyşan ýeriňde ýola salarys.” Men böwrümi diňläp, oturdym biraz, Daş töweregime nazar aýladym. Nireden geldiň sen,eý syrly owaz, Näme üçin, diňe meni saýladyň? Ýada menden başga wagtyň yzyndan, Ýokmy ýetjek bolup, elewräp ýören? Ýa-da diňe menmi, egridyzyndan, Laýa batyp, aljyrap, ejizläp duran. Hanha adam bary howlugyp barýar, Seň bilen işi ýok bolsaň-da heläk. Her kimiň ýeterlik aladasy bar. Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Adamlary saýlap, elekden eläp, Kä gundoga dolap, kä kepen dolap. Birsini agladyp, birni hüwdüläp, Biri aç gezip ýör, biri suw diläp, Birisini kowup, birne gol bulap, Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Birisini dalap, birsini ýalap, Birsini äsgermän, birsini sylap. Kä derdiň ýeňledip, kä duz sepeläp, Kä ýaraň bitirip, kä gana bulap. Kä serpaýyn ýapyp, kate depeläp, Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Kä şir deýin arlap, käte-de uwlap, Käte azat eýläp, kä goluň baglap, Kä göwnüňe degip, kä göwnüň çaglap, Kä arşa göterip, kä ýere duwlap, Ömrüň geçip gidýär, şemal deý şuwlap, Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Şeýdip aýlanyp dur bu çarhy pelek. Birni ejizledip, birni apalap, Birni çarha salyp, birsini talap, Birni götergiläp, başyn sypalap, Birsini ýigrenip, birsini halap, Biri hoş bolup ýör, birisi nalap... “-Dur, dur şahyr, saklan gaty gitdiň sen, Sen dälmidiň dünýe çüýrük däl diýen? Dünýä günä atmak ýaman päl diýen? Sözleriň haýsy çyn, haýsysy ýalan?” Tanadym, okyjym, tanadym seni. Öte geçipdirin, bagyşla meni. Elbetde özüňe bagly durmuşyň, Duşmanyňy tana hemde gardaşyň. Durmuşda kynçylyk böwet bolarmy, Barka meň ýanymda sen deý syrdaşym. Diňe seniň bilen paýlaşaryn men, Ähli syrlarymy, dik bolsa başym. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||
| |||