21:04 Şeýh Haýdar | |
ŞEÝH HAÝDAR Şeýh Haýdar, sefewi tarykatynyñ ýolbaşçysy Şeýh Jüneýidiñ ogly, heniz dünýä inmänkä, kakasy söweş meýdanynda öldürilen Haýdar ejesi Akgoýunly türkmenleriniñ soltany Uzyn Hasanyñ aýal dogany bolandygy üçin 1459-njy ýylda Diýarbekirde, Akgoýunlylaryñ köşgünde doguldy. Dokuz ýaşyna çenli köşkde terbiýe alan Haýdar daýysy Uzyn Hasan beg bilen bile tarykatyñ merkezi Erdebile gelýär we tarykatyñ ýolbaşçylygyny öz eline alýar. Kiçi ýaşlarda türkmen dilinden başga arap, pars dillerini hem öwrenen Haýdar şol döwrüñ meşhur akyldary Aly Guşçydan hem bilim alypdyr. ■ Şeýh Haýdar kim bolupdyr? Garagoýunly türkmenleriñ hökümdary Jahanşa begi ýeñip, öz agalygyny berkiden Uzyn Hasan beg ýegeni Şeýh Haýdary 1469-njy ýylda ata-babalarynyñ ýaşan şäheri bolan Erdebile gaýtadan ýerleşdirýär. Ol sefewi tarykatyny Siriýadan, Anadolydan gelen müritleri arkaly sistemalaşdypdyr. 1471-1472-nji ýyllarda Uzyn Hasanyñ Trabzon Rum imperatory Yohannes IV Komnenosyñ gyzy Despina Hatyn atly aýalyndan bolan gyzy Älemşa Halyma Begüme öýlenýär. Halyma Begümden Soltanaly, Ybraýym Mürze, Ysmaýyl atly üç ogly dünýä inýär. ■ Şeýh Haýdaryñ maşgalasy Ýokarda agzap geçişimiz ýaly Şeýh Haýdaryñ Älemşa Halyma Begümden üç ogly boldy. ■ Giñişleýin maglumat üçin seret: 1). Tufan Gündüz "Iñ soñky gyzylbaş ~ Şah Ysmaýyl" ("Son Kızılbaş Şah İsmail), 5-nji neşir; 2). Sara Aşyrbeýli "Şirwanşalar döwleti", "Awrasýa Press" neşirýaty, Baku-2006; 3). Peter Jackson, Lawrence Lockhart eds. (1986). The Cambridge History of Iran. 6. Cambridge: Cambridge University Press; 4). Roger Savory (2007). Iran Under the Safavids. Cambridge: Cambridge University Press.
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |