16:59 Şeýtanyñ jynsy barmy? | |
ŞEÝTANYÑ JYNSY BARMY?
Şeýtanyñ jynsy barmy? Eger şeýtanyñ jynsy bar bolsa, onda Hezreti Adam ata (a.s) bilen Hezreti How enemizi aldawa salan şeýtan erkekmi ýa urkaçy? Şeýtan barada Gurhanda şeýle setirler bar. Belki-de, bu şeýtanyñ jynsyny anyklamakda bize ýolgörkeziji bolar: "Haçan-da biz perişdelere "Adama sejde ediñ!" diýenimizde, Iblisden başgasy hemmesi sejde etdiler. Ol jynlardandy we Rebbiniñ emrinden çykdy. Siz indi meni goýip ony we neslini (özüñize) ýaran edinýärsiñizmi? Eýsem olar size duşman ahyryn. Zalymlar üçin (bu) nähili erbet üýtgeşmedir" ("Kehf" süresi, 50). Iblis jynlardanmy ýa perişdelerden diýen soraga dürli garaýyşly jogaplar bar bolsa-da, Gurhan aýatlary onuñ hiç haçanam perişdeler bilen bir kowumdan bolmandygyny açyk aýdýar. Perişdeler nurpisint barlyklar bolup, olaryñ erkekligi ýa-da urkaçylygy ýok. Olaryñ maşgala gurmak, hususanam çaga edinmek ýaly adamzada mahsus aýratynlyklary ýok. Emma ýokarky aýatda welin, Iblisiñ neslinden söz açylýar. Perişdeler ýaradylyş taýdan ytagatkär barlyklar bolup, hiç haçan Hudaýa garşy gitmeýärler, olar özlerine emredilenleri ýerine ýetirýärler(Nahl 16/0; Tahrim 66/6). Bularyñ tersine Iblis bolsa, birnäçe aýatda aýdylyşy ýaly Hudaýa garşy gidipdir. Sebäbi onuñ asly jynlardan eken, jynlar bolsa ytagat etme ýa-da garşy gitme aýratynlygyna eýe jandarlardyr. Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) hadyslarynda-da perişdeler bilen jynlaryñ biri-birlerinden tapawutly barlyklardygy aýdylýar. Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: "Perişdeler nurdan ýaradyldy. Jynlar bolsa otdan ýaradyldy. Adamam (Kuranda) size gürrüñ berilen zatdan (toprakdan) ýaradyldy"(Müslim). Diýmek şeýtan jynlardan bolýan bolsa, onuñ belli bir jynsy hem bolupdyr. Jynsy barada anyk aýdylmasa-da, aýatlardan we tefsirlerden çen tutup Iblisiñ (ilkinji şeýtanyñ) erkekdigini bilse bolýar. Çünki Gurhanda-da şeýtan baradaky jümleler erkeklik sypatynda (мужской предложение) geçýär we (arap dilinde işlikler erkeklik we aýallyk görnüşinde iki aýry görnüşde ulanylýar) we Iblisiñ gelip çykyşyndan söz açylýar. Iblisiñ öz bilinden önen nesliniñ barlygy-ýoklugy babatda hem iki aýry garaýyş bar. Bu barada Eş-Şaby şeýle gürrüñ beripdir: "Bir adam menden "Iblisiñ aýaly barmy?" diýip sorady. Menem (degşip) "Ol meniñ gatnaşmadyk toýumdyr" diýdim. Soñra beýik Allatagalanyñ "Ony we onuñ neslini (özüñize weli (halypa) tutunýarsyñyzmy?" diýen sözüni ýatladym, şeýdip men aýaly bolmasa ol näletsiñeniñ nesliniñ bolup bilmejekdigine düşündim we sorag beren kişä: "Hawa, bar" diýip jogap berdim". Mujahyt şeýle diýipdir: "Iblis öz uýat ýerine özüniñ beýleki uýat ýerini sokdy we bäş sany ýumurtga guzlady. Ynha, onuñ nesil öndürme ukybynyñ başy şeýle başlaýar. Başga bir rowaýata görä, Allatagala onuñ sag budunda bir erkeklik agzasyny, çep budunda-da bir urkaçylyk agzasyny ýaradypdyr. Ol näletsiñmiş bolsa, bir agzasyny beýlekisine birleşdirip, her gün on sany ýumurtga guzlaýarmyş. Her ýumurtgadan hem erkek, hem urkaçy ýetmiş şeýtan çykypdyr. Çykan şeýtanlar şobada uçup gidiberýän ekenler. Şeýtanlaryñ arasynda iñ ýokary derejede bolany, adamzadyñ arasynda iñ köp bulagaýlyk döredip bilenidir. Başga bir topar şeýle diýýär: Iblisiñ çagasam ýok, neslem ýok. Onuñ nesli adamlaryñ arasyndaky şeýtana "gaýra dur" diýdirýän adam kömekçileridir". El-Kuşeýri Ebu Nasyr bolsa şeýle diýipdir: "Beýik Allatagala Iblisiñ nesliniñ we oña tabyn kişileriñ bardygyny habar beripdir. Olar adamzat nesliniñ duşmany bolup, bar işi-pişesi adam ogluny was-wasa salmak we azdyrmakdyr. Bizde Iblisiñ nesil öndürijiligi bilen baglanyşykly anyk rowaýatlar ýok. Şonuñ üçin bu barada aýtmak üçin anyk delilleri tutaryk edinmek gerek". Ynha, ýokarda aýdylanlaryñ hemmesi şeýtanyñ nesliniñ barlygyna berilen yşaratlardyr. Hemme zadyñ iñ dogrusyny Alla bilýär. # Ymam Kurtuby "El-Jamiu-li Ahkamy-l Kuran". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |