08:42 Şklowskiniñ galamyndan Lenin: Ol geplände şemala garşy uçýan guş kimindi | |
ŞKLOWSKINIÑ GALAMYNDAN LENIN: OL GEPLÄNDE ŞEMALA GARŞY UÇÝAN GUŞ KIMINDI
Taryhy makalalar
Her günüñ ahyrynda Wiktor Şklowskiniñ iki tomluk eseriniñ başyna "Sonýa Şklowskaýa. Gün hemişe gysga. Ýaş gidip barýar" diýip ýazandygyny ýatlamak nähili duýgy eýse? 92 ýyllyk ömrüniñ her gününe "Hemişe gysga" diýen ýazyjynyñ şeýle pikirde bolandygyny bilenden soñam häzire çenli geçiren wagtymyzy şolar ýaly biderek sarp edendiris öýdemzok. Dünýäniñ iñ galmagally geografiýasynyñ iñ çarkandakly döwürlerine şaýatlyk eden ýazyjynyñ gören-eşiden zatlaryny başgalardan üýtgeşik teswirler bilen okamagyñ şu günüñ okyjylary üçinem gyzykly boljakdygyny pikir edip, onuñ "Bir bar eken, bir ýok eken" kitabyndan bir bölejigi terjime edip kitapcy.ru edebi saýtynyñ okyjylarynyñ dykgatyna ýetirýäris: Wiktor Şklowskiý • Lenin "Motoatyjylyk polkunyñ içinde birnäçe işçi bardy: Demirçiler, tokarlar. Olar bolşewik gözeneklerini döredipdiler. Bolşewikler Petrograd tarapyndaky ussahanalardady. Finlandiýa otly duralgasynyñ öñünde Lenini garşylan bronemaşynam şol tarapdan gelipdi. Biziñ şofýorlarymyzyñ mekdebi kärini meýletin saýlap alanlaryñ täsiri bilen goranyş häsiýetine eýedi. Mihaýlowsk manežindäki garaž topary ikirjiñlenmededi (häzir ol ýerde Gyşky stadion bar). Ol gündiz iki tarapyñam penjiresinden düşýän öçügsi ýagtysynyñ ýere çenli uzaýan gojaman binasydy, aýnalary çañ basyp gidipdi. Binanyñ içinde bronemaşynlar durdy: Goşa diñli "Ostinler", ýeke diñli "Lançesterler", agyr toplar ýerleşdirilen "Harfordlar" we beýleki maşynlar. Biz maşynlaryñ hemmesini daşary ýurtdan alýardyk we ýaraglanma ugrunda "ýeke elden alma" prinsipi ýokdy. Lenin bu ýere geldi. Bu 1917-nji ýylyñ 15-nji aprelinde bolup geçdi. Uly ýük awtoulaglaryndan biriniñ bortunyñ gapdal böleklerini aýyrdylar. Ulagyñ tirsek sütünlerini platforma goýlan adamlar gurşap alypdy. Adamlar Lenine ýokardan aşaklygyna seredýärdi. Boýy kelte, döşi gapak ýaly adamy gördüm. Lenin kasketini çıkardı. Gyzyl-sary saçly, giñ mañlaýly adam eken. Leniniñ ýany bilen gelenler onuñ paltosyny we paltosynyñ ýany bilen penjegini çykardylar. Men Leniniñ pälwansypat göwresini, fiziki taýdan örän güýçli adamyñ berdaşly ellerini gördüm. Lenin penjegini geýdi we rewolýusiýanyñ wezipeleri barada gürlemäge başlady. Sowukganly, göýä keýik deýin janlanyp, hamana şemala garşy uçýan uly guş şemaly gönükdirip duran ýalydy. Umuman alanda bizde beýik şahsyýetleri tragiki çaprazlyklary başdan geçiren, horluk barsyny gören betbagt adamlar hökmünde suratlandyrýarlar. Hamana beýiklik agyr bir dert ýaly. Men Lenini iki gezek uly çykyş edende gördüm. Men şonda bu adamyñ uçursyz bagtlydygyny gördüm. Ol näme isleýändigini, näme boljakdygyny gowy bilýärdi. Rewolýusiýanyñ şular ýaly köp garaşylan güni gelipdi. Rewolýusiýany amala aşyran adamlar Leniniñ öñünde durdy. Adamlaryñ ruhuny rewolýusiýa gurşap alypdy. Bu olaryñ işidi. Rewolýusiýa şolar üçin amala aşyrylýardy. Olara öz şahsy bähbitleriniñ gürrüñ berilmegi gerekdi. Olara geljekdäki günleriniñ gürrüñ berilmegi gerekdi we bu Lenin üçin keýpdi. Ol mantykly we ýönekeý gürleýärdi: Şol bir pikir barha parahat we konkret ýagdaýda zynjyr ýaly bolup yzyna gelýärdi. Munuñ özi dünýä kapitalizmnine garşy çykyş işçileriñ toparlanma zerurlygynyñ gürrüñ berilmegidi. Bärde gürleýän adam bilen ony diñleýänleriñ arasynda hiç hili gizlin syr ýoldy. Ol platformanyñ üstünde hereket edip dürli ugurlara ýüzlenýärdi. Gaty sesli däl-de, sypaýylyk bilen gürleýärdi, diksiýasy soñuna çenli aýdyñlyldy. Bärde aýtmagymyñ ýerimi ýa dälmi bilmesem-de, bir zady aýdaýyn: Talyp hökmünde men Leniniñ şahsyýetinde başgalardan üýtgeşik adam görýärdim. Ol hakyky professor. Gepläp bolandan soñ ýük awtoulagynyñ üstünden düşdi we skameýkada oturdy. Bir aýal oña seslendi, ol ýerinden turdy we özü-de bilmän aýal bilen gepleşmäge başlady. Yzyndan arkasyny köpçülige öwrüp we hiç hili çekinmän bloknotyna bir zatlar ýazdy. Ol işleýän adamdy, işeññirdi. Gaýtalap aýdýaryn, ol howadaky guşdy. Lenin çakdanaşa bagtly we uzakdan görýän adamdy. Ol şu gün bilen bagtly däldi, ertiriñ müñ ýyly bilen bagtlydy". Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 21.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |