22:01 Şol bir gezek uçan it / erteki-powest | |
Meniň size häzirki okamakçy bolýan eseriňiziň mazmunyny aýdyp bermek maksadym ýok. Ýöne ol eseriň gahrymany sadaja, şol bir wagtda bolsa batyrja, bir sebäp bilen asmana uçan Möngöz atly güjüjek hakyndaky hekaýatyň welin size ýarajagyna ynanýaryn. Sebäp, bir asmana göterilmek gerek, ana, onsoň ozalky adaty zatlaryň hemmesi erteki täsinligine öwrülýär. Iň esasam, uçan mahalyňda diýseň aýdym aýdasyň gelýär. Eýsem, senem şu zatlary arzuw etmeýärmiň näme?
Powestler
Adam düýşünde ösýär. Ag. Allanazarowyň «Şol bir gezek uçan it» atly kitaby size huşda ösmäge kömek eder. Hawa, meniň esasy aýdasym gelýän zatlarymyň biri-de, ine, şu: sen ata-eneňiň hem bu kitaby okamagyny sora. Şonda sen olaryňam pikirlerinde Möngöz ýaly uçup bagtyýar bolanlaryny görersiň. Çagalara uly bolup görmegiň hökman bolşy ýaly, ululara hem çaga bolup görmek hökman. Bu kitabyň hemişe ulularyň çagalar bilen duşuşyp, ýylgyryşyp, has gowy düşünişýän şol çatrygy - pursady bolmagyny isleýärin. Çingiz AÝTMATOW. * * * ▶ ŞOL BIR GEZEK UÇAN IT (Erteki-powest) I. Ol güjüjek Pendi çölünde süri maly bilen gonup-göçüp ýören bir çopanyň goşunda dünýä indi. Onuň enesi sürüdäki beýleki iki köpekden has duýgur hasaplanýan Lakma lakamly bir ganjykdy. ... Şol gün ýagyşly gündi. Ir ertirden üýşüşip-çaşyşyp ugran bulutlar gijara ahyrsoňy bir netijä gelipdiler. Mahal-mahal ýyldyrym çakyp, onuň gazaby emer-damar bolup asmanyň ýüzüne ýaýraýardy. Töwerek biraz ýagtylyp, soňundan gije ýene-de bada-bat öz ornuny eýeleýärdi... Güjüjegiň ilki gözüni açyp göreni it ysly süreniň içinde togarlanyşyp ýören özi ýaly üç sany güjüjek boldy. Bular onuň özi bilen bir günde doglan doganjyklarydy. Bir aýa golaý olar dört bolup bir enäni emipdiler. Ene süýdi ýyljakdy hem ýakymlydy. Şondan soň bir-ä ukyň tutýardy, ikinjidenem, garynjygyň tümmer¬ýärdi. Güjüjekler üçin üçünji bir hezil zat, o-da oýundy. Olar ýagdaý boldugy bir-birlerini dözer-dözmez dişleşip, basalaşyp oýnaýardylar. Güjükläni bäri olaryň enesi-de goşdan uzak gitmezdi, hem-ä goşy saklardy, hemem özüniň çagalaryna göz-gulak bolup gezerdi. Bir ýola çoluk oba gidende, bir wagtlar ýegeni bilen ogluna: «Ýazda size güjüjek getirip bererin» diýen sözüni ýatlap, güjüjekleriň iki sanysyny horjunyň bir gözüne salyp gitdi. Güjügi alnan wagty topulmaz ýaly eşegiň gara ýüpi bilen daňlan Lakma ýüpden boşansoň, horjunda giden çagalarynyň yzyndan «taparyn» tamasy bilen kowup gitse-de, gijara derek tapman ýene-de çyňsap goşa öwrülip geldi. Möngözlüje bilen onuň uýasy bolsa öz oba giden doganlaryny hemmeden öň unutdy. Birinjiden-ä, bu bolan zatlar entek olar üçin düşnüksiz, bolany-bolmadygy näbelli ala¬-sarmyk bir wakady. Ikinjiden bolsa, ol güjüjekleriň git¬megi mönlügi-sadalygy sebäpli hemişe üleşikden öz paýyny doly alyp bilmeýän güjüjek üçin bähbit boldy. Şundan soň, enesiniň süýdi-de, mähri-de, onuň uýasyna-da, özüne-de bolelin ýetdi. Şeýle-de Möngözlüje entek dünýäde çopandyr çolukdan, sürüdir her gün onuň gapdaly bilen örä gidýän iki köpekden, tirkeşip goşa oduk-buduk çekýän eşekdir düýeden başga janly-jandaryň barlygyndan habarsyzdy. Möngözlüje üçinem, onuň özünden çakgan uýasy üçinem dünýä töwerekdäki şu iki gyryň aralygynda ýerleşýärdi. Görmek üçin bolsa ýol söküp gitmelidi. Ýöne hemişe güjüjeklerinden dynmazjan bolup ýören Lakma olary gözüniň öňünden hiç ýere sypdyrmaýardy. Has-da Möngözlüjäniň möňlügi dünýäde erbetligiň barlygy hakynda hiç zat bilesi gelmeýänligi, hemmeleri öz ýüregine osup, oňat hasap edip ýörmegi ony hemişe alada goýýardy. Beýle mönlügiň ertirki günde, bu möjekler-itler iki tarap bolnup ýaka tutuşyp ýörlen döwürde gowulyk getirmejegi köpi gören Lakma aýandy. Möngözlüjäniň uýasy goýun-guzynyň, düýedir eşegiň ysyny bir-birinden aýyl-saýyl etmegi tiz öwrendi. Biraz soňrak bolsa ol ejesi ýaly çopanam, çolugam ýatan ýerinden ysyndan, aýak sesinden tanamagy oňarardy. Möngözlüje bolsa, özüniň mönlügi üçin, itleriň, hökmany bilmeli bolan bu endiklerini hem has soň öwrendi. Ýöne eneleri oturan-turan ýerinde janygyp sakyrdasa-da, diňe Möngözlüje däl, onuň uýasam tä başlaryna iş düşýänçäler, eneleriniň: «Duşman bardyr, ol siziň janyňyza-da kast edip biler, habardar boluň, hüşgär boluň!» diýen sözlerine ynanmadylar. Ine, bir günem Möngözlüjäniň enesiniň hemişe garaşýan, Möngözlüje bilen onuň uýasy ikisiniň bolsa hiç wagt garaşmadyk betbagtçylygy boldy duruberdi. Şol gün Möngözlüje ukudan turanda Gün eýýäm al-asman bilen tigirlenip barýardy. Güneş ýapyda ýaşaýan nakys murtluja, daş sypaty ulumsyja alaka hin gazanda çykaran, indem gapdalynda depe bolup duran guma ýaplanyp, hondan bärsi bolup, sykylyk atyp, töweregi synlap durdy. Möngözlüje daşaryk çyksa-da çykdy welin, ol ýene-de bada-bat ýyljak ýatagyna dolanmak bilen boldy. Bu gün açyk gün bolanda üstüniň gary agaryp görünýän Garly dag tarapdan şemal öwüsýärdi. Şeýle bolanda bu töwerek hemişe sowuk bolýardy. Möngözlüje ýene-de dört aýak-da, iki gulak bolup, ylgap, ligirdäp üşeýänini mälim edip, gelip enesiniň gujagynda ornaşdy. Möngözlüjäniň soragsyz gidip, daşardan üşäp gelenini görüp, hemişe her bir zatda onuň bilen basdaşlyk edýän uýasy oňa enesine bir zat diýdirmek üçin ýarym ýaňsy bilen gürledi: - Ýeri, näme tiz dolandyň, geziberseň bolmaýamy? - Sowuk-laý. - Ejem saňa aýtmadymy näme? - Men eşitmändirin... - Bu mönlügiň bolsa bolmanda-da seniň ne-hä eşiden zadyň bor, ne-de bilen. - Eşidýän, näme eşitmän, häzirem eşidýän. - Nämäni eşidýämişiň? - Senem az-kem dymmagy oňar, senem eşidersiň. - Näme barmyş? - Goňşy alaka hininiň gapdalynda durup, sesini howada hallanlatdyryp, sykylyk atýar. - Hüm, onuň şol sykylyk atmadan başga başarýan zady barmy näme. Gürrüňiň çygry öz küreninden çykyp, iliň üstüne baransoň, çagalarynyň çitde-mit gürrüňlerini göwnübirlik bilen diňläp ýatan ganjyk gobsundy-da, gybata ýazyp barýan gürrüňiň öňüni dolady. - Ýeri, ýeri, aşa geçibermäň, goňşular bilen işiňiz bolmasyn. Köp gepli bolsaňyz halamaryn. Her kim özüni oňarmalydyr. Her kim özüni oňaranlygynda, onda bu dunýäniň kem zady bolmazdy. Sizem özüňizi oňaryň, goňşularyň ýalagy bilenem işiňiz bolmasyn, aşy bilenem. Şu gürrüňden soň Möngözlüjä-de, onuň uýasyna-da il gybatyny etmegiň gowy häsiýet däldigi, gybat edilse, enele¬rine ýaramajagy belli boldy. Möngözlüje-de, onuň uýasy-da enelerini diňlänsoňlar dymdylar. Eneleriniň süňňünden göterilýän ýylylyk birsalymdan olaryň ikisinem meýmiretdi. Ol ikinji gezek öz uýasy bilen tirkeşip ýatakdan çykan mahaly ir ertirki içinden-bagryndan geçip barýan sowuk şemal indi ýagşy kiparlan ekeni. Töwerekdäki körpeçlerden guzujyklaryň mäleşýän sesleri eşidilýärdi. Ýeriň süňňi ýylapdyr. Ýene-de bir gowulyk, bu gün hemişe güjüklere aýratyn bir mähir bilen seredýän çopan daýy hem goşda galypdyr. Ol ýene-de goýun soýsa, Möngözlüje bilen onuň uýasyny ganlyja et bilen naharlar... Çopan olarda çaga täsinlikleri bolany üçin eý görýärdi. Çopana olar özleriniň tomalanyp ýörüşleri bilen obadaky naşyja agtyjaklaryny, olaryň oýunlaryny ýatladýardylar. Lakma çopanyň beýle ýanynda özi üçin ýalak diýlip goýlan bir gulagy uçan çoýun gazana tumşugyny sokup, bir zatlar tamşanýan ekeni. Möngözlüje bilen uýasy ony görüp, ibirtde-zibirt bolşup, ýal iýmäge howlukdylar. Şol arada gapdaldan goňşy alakalaryň howsalaly sykylygy eşidildi. Olar kürseşip, özlerini hinlerine başaşak urdular. Möngözlüje ol ýerde näme bolýanyny bilmek üçin, ýeňsesine öwrülen mahaly, ýokardan äpet bir gara zadyň özüne ýakynlap gelýänini gördi. Depesinde turan güýçli pasyrdydan soň, ol özüniň aýagyny ýerden üzüp göterilip barýanyny, uýasynyň bolsa çyňsap, ala basgy bolup enesine tarap gaçyp barýanyny, enesiniň bolsa, näderini bilmän pelesaň urýanyny gördi. Ýüzugruna tokarja güjüjegi gapan garaguş ganatlaryny pelpelletdi-de, barha ýokaryk göterildi. Gömme nan edinmek üçin birýandan ot ýakyp, birýandan hamyr ýugrup oturan çopan elini hamyrdan sogrup turan mahaly, oljasy oňan garaguş eýýäm arany esli açypdy. Çopan tüpeňe ýapyşsa-da onuňam haýry degmedi, garaguş eýýäm allowarradady. Lakma güjüjegini halas etmek üçin garaguşuň yzyndan birsalym o ýapydan bu ýapa tüwdürilip ylgansoň, onuň bilen giden Möngözlüjäni asmanda gözden ýitirip, näderini bilmän, bir ýapynyň üstünde asmana seredip çyňsap, jowranyp galdy. Garaguşuň penjelän ýeri - iki bykyny birneme agyrýardy diýäýmeseň, uçmak Möngözlüjä ýarady. Häzir ol mönlügi sebäpli enesinden, özi bilen çitde-mit bolşup oýnaýan uýasyndan, gowy günlerinden aýrylýanyndan bihabardy. Şeýle-de asmanyň mylaýym şemaly onuň ýüz-gözlerini sypalap, göwnüni göterýärdi. Bykynyndaky agyra döz gelmäge kömek edýärdi. Töwerek bolsa owsunyp, al-ýaşyl meýdan bolup ýatyr. Alaňdyr depeler bir-birine meňzeşip düňderilişip, düýe ýaly bolşup otyrlar. Bäý, özem olaryň köpdügini, näçe köplügem bolsaň, her kime aýratynlykda bir düýe ýetjek. Möngözlüje hatda pikirinde şol depe-düýeleriň biriniň üstüne münübem gördi. Hemişe uzakdan örküji agaryp görünýän Garly dag häzir hiç görülmedik bir alabeder haýwan bolup garşyňdan çykyp golaýlap gelýär. - Gör, nähili hezillik. Wah, Möngözlüje bu görnüşi enteklerem näler synlajakdy-la, ýöne bykynyndaky barha artýan agyry ony öz gününe goýmady. Eý, wäg-eý! - Möngözlüje başardygyndan ýokarsyna ýaýbaň ganatlaryny ýelpäp, uçup barýan garaguşa seredip, nägilelik bildirdi. - Näme bolanmyş? - Garaguş gyryljyk sesi bilen hondan bärsi bolup, kinaýa bilen onuň habaryny aldy. - Gysaňda gaty gysýaň, onsoňam ýüzümi ýelpemäň näme? - Häý, sammyjak. - Ejem-ä maňa «Mönjäm» diýýärdi. - Ikisem bir zat. - Aldama, ejem-ä beý diýmeýärdi. Wäk, ýöne gaty gysma! - Gysamda nädersiň? - Bilmedim. - Sammyjak, sen sammyjak... - Hä, ýadyma düşdi, gysma, wäk, gaharym geler. - Gaharym geler diýsene, ýeri, senjagazyň gahary gelende näme? - Garaguş ýene-de kinaýaly gepledi. Özi-de görgülijigi şundan soň öňküdenem gaty gysdy. - Wäk, wä-geý!.. - Möngözlüje agyrysyna çydaman, çyňsap ýokarsyna gözledi. Barybir ýokardan ýene-de wagty bilen delalat bolmady. Ýerde çagalary bilen gezelenç edip ýören şagal Möngöz¬lüjäniň asmanda bolup gelşini görüp howpurgap, bada-bat öz çagalaryny onda-munda bukmak bilen boldy. Beýle syýahatyň hemişe näme bilen gutarýanyna belet ene şagalyň Möngözlüjäniň bolup barşyny görüp, oňa nebsi agyrdy. Çaga şagallar eneleriniň raýyny ýykman, çöp-çalama dulanyp gizlenseler-de, Möngözlüjeden gözlerini aýyrma¬dylar. Hemmeleriň oňa gözi gitdi. Olar asmana seredişip oturyşlaryna, heý bolmanda, bir gezejik Möngözlüjä meňzäp uçup görmegi öz ýanlaryndan arzuw etdiler. Enesiniň gapdalynda duran şagaljyk bolsa oglanlyk edip, bada-bat arzuwyny diline aldy. - Wah, menem şeýdip bir uçsadym. - Öç, ýerçeken, agzyňdan alasygyr bassyn! Ene şagal oňa jabjynanynam az görüp, temmi hökmünde kükregi bilenem hütledip süsdi. Uçuldygyça Möngözlüjäniň çep bykyny has beter agyryp ugrady. Ol awusyna çydaman, ýene-de ýokarsyna seretdi. - Eý, agyrýar, eý, gaty gysmasana! - Sammyjak sen, sammyjak. - Ejem-ä maňa «Mönjäm» diýerdi diýdim-ä. - Ikisem bir zat-da oň. - Goýber, ýogsam sögerin. - Sögeniň bilen söküp bilmersiň. - Haý, seniň gözüňi tüsse gapsyn! - Men it däl, it gözüdir ol tüssä bolmaz. - Onda seniň ganatyňa gurt düşsün! - Eý, ganata zada ýetiberme, eý! - Ýetjek, goýber onda meni! - Ganata ýetseň, ine, saňa. Buýsanyp ýören ganatyna dil ýetirilen wagty gara¬guşuň girre gahary geldi. Gazaby öwrüm alyp süňňi düýrügip gitdi. Bu guş özüne sarpa goýýan garaguşdy. Şonuň üçinem ol öz guwanjy - ganatyna sögülmegini gaty gördi. Ol şundan soň gaharyny çykarmak üçin Möngözlüjäni has-da pugta gysdy. - Eý, wäk, gapyrgam-eý... Möngözlüje näderini bilmän, birsalym çyňsap iki ýana urnansoň, ahyr gazap bilen garaguşuň öz golaýyn¬daky çorly aýaklarynyň birini hatyladyp dişledi. Şundan soň garaguşuň aýaklary biraz gowşady. Muňa, Mön¬gözlüje, garaguşuň ahyr özüne nebsi agyrandyr diýip düşündi. Çeýnäp, onuň bir aýagyny sana geçmez edeninden bolsa ol entek habarsyzdy. - Heý, şeýt-de gowşat ahyryn senem, ýogsam, janymy alyp barýaň-la! Möngözlüje agyz salan ýerinden tumşugyny aýryp, ýene-de ýokarsyna seretdi. - Häý, mön bidöwlet, aýagy owradaýdyň öýdýän?! - Nädip? - Merez edip. Dogrudanam, Möngözlüje agyrysyna çydaman, agyz uran aýagyny kemsiz çeýnäpdi. Garaguş öz ömründe köp guzy alyp görüpdi. Onuň hatda tokly göteren wagtlary-da bolupdy. Güjüjekler, möjek çagajyklary, şagaldyr temen burun tilkijiklerem köp gezek onuň girisine düşüpdiler. Ýöne Möngözlüje ýaly dümele-dürs jandara ol heniz gabat gelip görmändi. Özi ýaly garaguşlardanam ol beýle hadysanyň bolanyny eşitmändi. Onuň hemişeki asmana göteren awlary gorkuşyp, bada-bat özlerini ýitirmek bilen bolardylar. Aman dileşip mäleşerdiler, çyňsaşardylar. Şeýle bolansoň, olaryň ähli erki bada-bat garaguşuň eline geçerdi. Onsoň ol islese, ony asmandan kelemenledip goýbererdi, islese-de, özi bilen äkidip, garaguşlar meýlisine söwüş ederdi. Bu gezek welin... Bu gezek ol bela uçrady. Entek enesi Möngözlüjä garaguşlardan gorkmaly¬dygyny aýtmandy. Belki, aýdan bolmagam mümkin, ýöne ol-da onuň gulagynyň duşundan geçen zatlarynyň biridir. Enesiniň möjegiň duşmandygyny aýdany welin onuň ýadyndady. Garaguş «Bu beladan nätseňem tizräk dynmaly» diýen pikire geldi... Häzir muny bir ýere zyňyp, çym-pytrak edeýin, düşen ýerini belläp giderin-de, soňundan neberäm bilen ony iýmäge gelerin» diýip oýlandy. Ýöne garaguşuň bu niýeti hem başa barmady. Onuň Möngözlüjäniň tenine çümen penjeleriniň biri - injikden çeýnelen aýak diýenini etmedi. Yzly-yzyna edilen synanyşyklaryň hem hemmesi peýdasyz boldy. Garaguş çeýnelen aýagynyň awusyna çydaman, aşaklap ugrady. Gör, nähili masgaraçylyk, edenli garaguş nire, bir alasamsyk, dikdüşdi güjüjek nire?! - Eý, pesläp barýas-la! - diýip, Möngözlüje aladaly dillendi. - Hawa - Garaguşuň sesi öýkeli çykdy. - Uçaýsag-a gowy bordy! Meniň uçasym gelýär! - Içimi ýakma! - Näme diýýäň? - Şu uçanyň saňa besdir diýýän. - Aý, bes diýmäýmelidiň-dä, uçaýmalydyk-da. - Häý... - Garaguş ahmyrly dymdy. - Weý, birhili-leý! - Näme birhili, ýene näme hokga tapdyň? - Seniň aýagyňdan meniň halaýan ganlyja etimiň ysy gelýänem ýaly-la! Garaguş bu sözi eşidip, hamala Möngözlüje öz etini çekeläp iýip ugran ýaly ýakymsyz duýgyny başdan geçirdi. Onyň göwnüňedir! - diýen jogaby ynamsyz hem ýangynly çykdy. Şeýle-de bolsa garaguş köpügörenligini edip, syrbermesizlige çalyşdy. Möngözlüje-de töweregi bilen gyzyklanany üçin öz sözüniň yzyna düşmedi. Ýogsam, garaguşuň aýagynyň gany onuň tumşugynda-da bardy. Olar uçup öňde lemmerlenişip barýan ak bulutlara ýakyn gelipdiler. Möngözlüjäniň olaryň sümek-sümek, owadan bolup baryşlaryna gözi gitdi. Ol öz ýanyndan «Hä, şol ýerde bir garaguş bilen ýakalaşyp, togarlanyşyp oýnasakdyk» diýip, dogany bilen ýumşak çägede oýnaýyşlaryny ýatlap arzuw etdi. Olar şol gelişlerine-de bir ýapynyň üstüne tüwdürilip düşdüler. Garaguşdyr Möngözlüjäniň hersi gütläp bir ýana düşdi. Möngözlüje gorkusyna biraz gaçansoň, nämeler bolanyny görmek üçin, bilesigelijiligi artyp ýene-de yzyna dolandy. Garaguş ýapynyň ýüzüni eýeläp, bir ganatyna agram berip, gahar-gazaba öwrülip otyrdy. Möngözlüje ilki onuň ýanyna barmakçy boldy, garaguş gysanda erbet gysýandygyny ýatlansoň bolsa, juda golaýlaşman oňa habar gatdy: - Indi geldikmi? - Ugra şu ýerden! - Nämä gaharyň gelýär? - Möngözlüje garaguşuň nämä gaharlanýandygyny bilmän, onuň ýüzüne mölerilip seretdi. Soňundanam hol beýleräk çekildi-de, it oturyşyny edip, çommaldy oturyberdi. Howany ysyrgady. Özüni dürsedi. Ol gapdaldan alakanyň tanyş sykylygyny eşiden mahaly «Ejem bilen uýam hem şu golaýda bir ýerdedir» diýen pikir bilen begendi. Bu alakany ol öz goşlarynyň golaýyndaky her gün görüp ýören goňşularydyr öýtdi. Gör, gowulyk bolsa nähili golaýda ekeni, ol hemişe şeýdip duýdansyz gelýär. Onuň häzir özüniň uçuşy barada kimdir birine diýseň gürrüň beresi gelýärdi. Alaka iki öň aýagy bilen mahal-mahal ýüz-gözüni sypalaşdyrýardy. Özi-de sykylyk atýar. Güne seredip hondan bärsi bolup, ulumsylyk bilen pors atýar. Alaka häzir Güni synlap: «Gün her gün doganda meniň üçin dogýar, meniň öz ellerim bilen gazan hinimi görüp haýran galmak üçin gelýär» diýip oýlanýardy. Özüne tarap tasap gelýän Möngözlüjäni görenem şoldy welin, ol duýdansyz gapdalyna gütläp daş düşen ýaly alňasap, hinine girip gizlenmek bilen boldy. Möngözlüje: «Alaka ýene birsalymdan çykar, ol meni tanan däldir, ýogsam, beýtmezdi, men ondan ejem bilen uýamy soraryn» diýen tama bilen birsalym alakanyň hininiň beýleräginde çommaldy. Alakanyň welin gaçyşy-gaçyşy boldy, ol wagty bilen dolanyp gara bermedi. Möngözlüje onuň töwereginden öz isleýän ejesidir uýasyny tapmady. Birsalymdan ol ýapydan aşak düşüp barýarka hälki alakanyň gök parç bolup oturan ot-çöpleriň arasynda garalyp görünýän geçen ýylky ýezgeniň gapdalyndaky hiniň öňünde duran başga bir alaka bilen sykylyk atyşyp, gepleşýänini gördi. - Eý, jüp-jüp sykylykçy! - diýip, Möngözlüje golaý barman, ýakynlaşsa, alakanyň bada-bat gürüm-jürüm boljagyny ýatlap, oňa habar gatdy: - Ötübersene! - diýip, alaka-da ulumsylyk bilen onuň ýüzüne-de seretmän, gürrüňiň arasyna goşulany üçin, ondan nägile boldy: - Ýa-da iki alaka gepleşip durka olaryň ýaşynyň uludygyny nazara alman, orta sokulmak siz itleriň häsiýetimi? - Bilmedim. Ýöne men bir zat sorajakdym. - Mönsüreme, şeýdip hile bilen meni ele salaryn öýdýäňmi? Men size beletdirin. Geçen ýyl seň garyn¬daşlaň biri meniň oglumy tutup, oýnap-oýnap keýpden çykdy. Sizimi... - Sen meniň ejemi görmediňmi? - Ejeňi men näbileýin. - Siz biziň goňşymyz ahyry. Belki, görensiň? - Meniň-ä siz ýaly goňşym ýok... - Men Lakmaň güjügi, hol, ýörände agsabrak ýöreýän ganjygyň... Möngözlüje alakanyň ýadyna düşer diýen tama bilen ýene-de jan edip ejesiniň salgysyny aýdyşdyrdy: - Tanamok diýdim, tanamok, - Alaka ernini gyşardyp, ýüzüni turşatdy. Dogrudanam, bu alaka Möngözlüjäniň ejesini-de, uýasyny-da tanamaýardy. Bu düýbünden başga ýerde, başga bir ýapyda ýaşaýan, hemem özüniň keşmeri bilen beýleki ýapylaryň ýüzündäki alakalara meňzeş alakady. Mundan bihabar Möngözlüje öz ýanyndan: «Bu temegi murtluja, gopbamja alaka ejemiň nirededigini bilibem, ony menden gizlän bolýar, meniň bilen ýeňsesi bilen gepleşýär» diýip göwün etdi. Möngözlüje gazaplanyp, alakalaryň üstüne topuldy. Alakalaryň ikisi-de hinleriniň agzyndan bir görnen ýaly etdiler-de, şobada suwa çümen ýaly bolşup, bir wagtyň özünde gürüm-jürüm boldular. Möngözlüje olar bilen düşünişibilmän, lapykeç bolup yzyna dolandy. - Aýtdym-a, siz itlere ynanarlygy ýokdur diýip. Aç bolsaň, güm bol-da git, hol kakyň boýunda möjegiň geçen agşam güjüjekleri bilen iýen keýiginiň esli maslygy ýatyr, bar-da şony iý. Biziň porsy etimizden saňa ýal bolmaz. - Alaka hininde bukulyp oturan ýerinden Möngözlüjäniň yzyndan gygyrdy. (dowamy bar)... Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |