21:36 Şol terakt | |
ŞOL TERAKT
Publisistika
Üç gün bäri Päkistan hakda ýazmagymyñ sebäbi bar: Aslynda Türkiýäniñ düýnüni we ertirini ýazýaryn! Gelejege çyra tutýaryn. Başlaýyn: Päkistan-ABŞ gatnaşyklary premýer-ministr Liýakat Ali Hanyñ döwründe 1950-nji ýylda ýola goýuldy. Aslynda Päkistan goñşusy SSSR-e ýakynlaşmak isläpdi. Emma SSSR-iñ Hindistan syýasaty muña böwet boldy. "Sowuk uruş" döwrüdi, Prezident Trumeniñ birinji talaby Päkistanda MRU-nyñ (CIA) harby bazasyny gurmak boldy. Dowamy-da geldi... Daşary işler ministri Jon Foster Dalles, Päkistana bugdaý kömeginiñ berilmeginiñ sebäbini kongrese şeýle düşündirdi: "Päkistan halky ajaýyp harby tradisiýa eýe!" Ykdysadyýetden daşarky syýasata çenli Päkistanyñ her bir ädimine ABŞ karar berdi. Meselem, 1971-nji ýyldaky Päkistan-Hindistan urşunda ABŞ Eýranyñ, Türkiýäniñ we Iordaniýanyñ üstünden “Sowet ýapjasy” diýýän Hindistana garşy Päkistana ýarag kömegini etdi. Halk partiýasynyñ lideri Ali Bhutto Päkistany ýetmişinji ýyllarda SSSR-e ýakynlaşdyrdy. ABŞ şobada sanksiýalary girizmäge başlady. Yzyndan harby döwlet agdarlyşygyny geçirdip, Bhutto ölüm jezasyny berdirtdi... ABŞ-Päkistan gatnaşyklaryna ölümler labyryny urdy. Ali han öldürildi, gyzy Benazir Bhuttonyñ janyna kast edildi. Ziýa ül Hak şübheli uçar heläkçiligine uçrap öldi. 1958-nji, 1977-nji, 1999-njy ýyllarda üç harby döwlet agdarlyşygy boldy. Ýetmiş bäş ýyllyk ýurduñ otuz dört ýyly amerikançy harby diktaturanyñ astynda geçdi... • TÄZE STRATEGIK HYZMATDAŞ 2013-nji ýylyñ 5-nji iýuly. Taryhyñ iñ uly tranzit taslamasy hökmünde baha berilen "Guşak we Ýol" maksatnamasynyñ çäginde orta goýlan Hytaý-Päkistan Ykdysady Koridoryna (CPEC) gol çekildi. Ilkibaşda bahasy 47 milliard dollara barabar bolan CPEC maksatnamasynyñ gymmaty 2020-nji ýyldan soñ 62 milliard dollara çykdy. Hytaý ýüküni Afrika we Günbatar Aziýa deñiziñ üstünden daşamak üçin Gwadar we Karaçi portlarynyñ açylmagy bilen CPEC herekete geçdi... Päkistanda: Karakoram ýaly (umumy 4 müñ 423 km-lik) gara ýollary… Hunjerab (682 km-lik) ýokary tizlikli demirýoly… Lahor (27.1 km-lik) metrosy… Bostan ýaly (6 müñ 449 gektar) dört senagat raýony… Karot gibi bent-gurluşyk maksatnamalary-da ýa dyndy, ýa-da dynmanyñ öñüsyrasynda dur. 2023-nji ýylda gurlup gutarylmaly halkara howa menzilini gurýarlar. "Kohala" gidroelektrik, "Quaid Azam" gün alleýasy, "Sahiwal" kömür zawody, "Dawood" gün energiýasyny öndürýän bekedi ýaly umumy bahasy 33 milliard dollara barabar 21 taslama we Hytaýyñ "Zonergyn" kompaniýasynyñ dünýäniñ iñ uly gün energiýasyny öndürýän elektrik bekedini gurmagy bilen Päkistanyñ elektrik meselesi doly çözülmelidi. Şeýle-de: 2 müñ 775 km uzynlykda tebigy gaz geçirijisi çekilip ýör. Bilelikde kosmos barlaglary geçirilýär. Bahasy 1,5 milliard dollarlyk ylmy-tehnologik merkezi gurulýar. 820 km uzynlykdaky optiki süýümli kabel geçirijini gurýarlar. Hünär institutlaryny açdylar. Hassahanalary gurdylar. Ekerançylyk dökünleriniñ önümçiligi üçin 800 müñ tonna dökün we 100 bin tonna bio-organiki dökün önümçiligine başladylar. Iki ýurduñ arasyndaky söwda gatnaşyklary häzirden 25 milliard dollara golaýlady. Ýaraglaryny doly ABŞ-dan satyn alýan Päkistan indi 47%-ni Hytaýdan alýar. Harby-deñiz güýçlerini Hytaýyñ sowgat beren gämileri bilen täzeden gurnaýar. Hemmesini ýazsam kitap bolar... Goýumlar añsat düşenok: Hytaýly inženerleri daşaýan awtobusa, bolýan otellerine we Hytaýyñ Karaçi şäherindäki konsullygyna kast edijilikli hüjümler gurnaldy! Aziýada täze gurulýan geosyýasy sazlaşygy kimdir birileri bozmak isleýär. Kimkä eýsem? • BEÝANATDAN SOÑRA 2022-nji ýylyñ 7-nji marty. ABŞ-nyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary, Aziýa boýunça ýörite hünärmen we Päkistanda syýasy ofiser bolup işlän Donald Lu, Aziýa boýunça ýörite hünärmen we ýakynda ABŞ-nyñ Gyrgyzystandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işe başlamaly Lessli Wigeri Päkistanyñ ABŞ-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Asad Majid dagy duşuşdy. Duşuşygyñ gysgaça mazmuny barada premýer-ministr Imran Han SAMAA TV-de beýanat berdi: Amerikanlar Ak tamyñ adyndan gelip Imran Hanyñ häkimiýetden agdarylmagynyñ netijesinde ABŞ-Päkistan gatnaşyklarynyñ düzeljekdigini we derhal IMF-niñ 1 milliard dollar kredit berjekdigini aýdypdylar! Iñ soñunda... Imran Han Hytaýa bil baglap, "Her aýdýan zadyñyzy edip, biz näme siziñ guluñyzmy?" diýip, ABŞ-na harby baza bermejekdigini aýtmagy, Ak Tamy pitige mündüripdi. Munuñam üstesine Ukraina konfliktinde Russiýanyñ tarapyny tutmagy bilen ara mazaly açyldy… Netijede: Imran Han häkimiýetden gyrakladyldy. Bu waka ençeme ýyl mundan öñ bolup geçen bir terakty ýadyma saldy: 1951-nji ýyl. Premýer-ministr Liýakat Ali Han, Päkistanyñ Hytaýdan bölünen Taýwany ykrar etmegini bes edip, Hytaý Halk Respuikasyny ykrar edýändigini mälim edipdi. Soñra näme bolandyr öýdýärsiñiz? Öldürildi! Göreliñ bakaly, öñümizdäki günlerde Päkistanda ýene nämeler bolarka? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |