10:50 Soltanguly Türkmen | |
ADY ULY - SOLTANGULY
Taryhy şahslar
Taryhyñ emri bilen türkmen halkynyñ birnäçe görnükli ogullary öz ata-baba watanyndan uzaklarda uly şöhrata eýe bolupdyr. Olaryñ birisi-de Hindistanyñ taryhynda uly yz galdyran, Kutb şalarynyñ türkmen kabylasynyñ düýbüni tutujy Soltan Kulydyr. Bu kabyla 1512-1687-nji ýyllar aralygynda Golkondy dolandyrypdyr. Emma häzirki wagta deñiç bu zehinli, şöhratly serkerdäniñ hem döwlet işgäriniñ, şahyryñ ady onuñ ildeşlerine - türkmenlere näbelli bolup galýardy. Türkmen halky Mahmyt şa Bahmaniniñ ýegre dosty bolan bu beýik şahs hakynda, onuñ amala aşyran beýik işleri barasynda hiç zat bilmeýärdi. Bijapuryñ hökümdary Ybraýym Adyl şanyñ köşgünde gulluk eden orta asyr taryhçysy Ferişta Muhammet Kazymyñ ýazmagyna görä, Soltanguly "türkmenleriñ baharly tiresinden bolup, ol baharly emiri Aly Şeker begiñ ganybir neslindendi". "Hindistan atly gudrat" diýen kitapda "Soltanguly Garagoýunly taýpasyndandy" diýip nygtalýar. Yslam ensiklopediýasynda Soltanguly "Garagoýunly neberesinden bolan türkmen syýahatçysy" hökmünde häsiýetlendirilýär. Görnükli türk taryhçysy Faruk Sümeriñ ýazmagyna görä, "Garagoýunlylar döwleti dagandan soñ (1468 ý), baharlylaryñ bir bölegi Akgoýunly emirlerine gulluk etmekden boýun towlap, Horasana göçýär, şol ýerdenem olaryñ bir toplumy Hindistana aşyp, Bahmani döwletiniñ hökümdarlaryna gulluga durupdyrlar". Olaryñ içinde megerem, Soltanguly hem bolan bolsa gerek, çünki Feriştanyñ sözlerine görä, ol "Hindistana gelen wagty örän ýaş eken. Ýöne Soltangulynyñ Bahmani döwletinde gullukda durup, alyp baran işleri we at-abraýa eýe bolşy hakynda gürrüñ etmezden öñürti, onuñ öz dogduk ilinden alysdaky nätanyş Hindistana geçmegine sebäp bolan ýagdaýlar barada durup geçeliñ. Birnäçe çeşmelere görä, Soltanguly Hemedan ülkesinde ýerleşýän Saadabat ojagynda dünýä inipdir. Eger-de onuñ nesil şejeresini ýedinji arkasyna çenli yzarlasañ, onda onuñ Garagoýunly döwletiniñ beýik hökümdarlarynyñ biri Garaýusubyñ çowlugy bolandygyny görmek bolýar. "Tarih-i Muhammedi Kutb şahi" atly kitapda bu nesil şejeresi şeýle tertipde görkezilýär: "Şazada Soltanguly Öwezgulynyñ ogly bolupdyr, Öwezgulynyñ kakasy Pirguly, onuñ kakasy Elwent bolsa emir Isgenderiñ ogludy, emir Isgender öz şejerebaşysyny Nuhuñ ogly Ýafetiñ nesli bolan Oguz handan alyp gaýdýar". Öñde ýatlap geçişimiz ýaly, 1468-nji ýylda Garagoýunlylar döwleti synyp, onuñ ýerine beýleki bir türkmen döwleti Akgoýunlylar döwleti döreýär. Akgoýunlylar taýpasy Garagoýunlylar bilen köne duşmandylar; şonuñ üçin Akgoýunlylar olary rehimsizlik bilen yzarlap başlaýarlar. "Elwendiñ ogly we Isgenderiñ agtygy Pirgulynyñ parahat adam bolandygy, öz häkimligini güýçlendirmek üçin çalyşmandygy we Hemedan emirleriniñ onuñ tarapynda durmagy sebäpli Hasan beg diñe Pirgulyny we onuñ maşgalasyny aman galdyrdy" diýip H.Şirwany ýazýar. "Pirguly hakynda gizlin maglumatlary toplap, ol (Hasan beg), onuñ hökümdarlygy kabul etmekden boýun towlap, keýpi-sapa we aw etmek bilen meşgullanandygyna göz ýetirýär. Uzyn Hasanyñ köşgüne gelen hemedanly emirler-de bu habary tassyklapdyr. Hemedanyñ abraýly emirleriniñ birisi, öz gyzy Merýem hatyny Öwezgula (Pirgulynyñ ogly) beren Mälik Salyh Hasan bege şeýle diýdi: "Şazadadan (Pirgulydan -B.B.) arkaýyn bolaýyñ, Size onuñ tarapyndan hiç hili zelelçilikli iş edilmejekdigine biz kepil geçýäris. Hasan beg Hemedan baýaryna ynandy we öz hökümdarlygyny hat üsti bilen Şazada sowgat berdi" diýip, Minorskiý dowam edýär. Pirguly Jahan şanyñ agtygy Hatyja begime öýlenýär. Olaryñ iki ogly - Allaguly we Öwezguly dünýä inýär. Öwezguly öñde aýdylyşy ýaly, Mälik Salyh Hemedanynyñ gyzy Merýem hatyna öýlenýär. "Merýem hatyn bir ogul dogurdy, oña Soltanguly (Soltan Kuly) diýip at goýdular". Oglanjyk ulalanda, oña harby sungaty hem şol döwürlerde däp bolan dürli ylymlary öwredip başladylar. Taryhy çeşmelerde habar berlişine görä, ol mukaddes "Gurhany" we matematika, astrologiýan magiýa (jadygöýlük) ýaly ylymlary örän ýagşy bilipdir. Haçan-da, atasy Pirguly aradan çykanda, Soltanguly 12 ýaşynda eken. Ýöne maşgaladaky betbagtçylyklar 1478-nji ýylda Hasan begiñ ölüminden soñ, Akgoýunlylar döwletiniñ tagtyna onuñ ogly Ýakup geçenden soñ başlanýar. Ýakup öz kakasyndan hem zabun bolup, Garagoýunlylar neberesiniñ galan adamlaryny hem yzarlap başlaýar. Minorskiý onuñ ilki bilen Soltangulyny ýok etmegi ýüregine düwendigini, çünki, onu Garagoýunly häkimligini dikeltmek üçin baş garşydaşy hasaplandygyny ýazýar. "Tarih-i Muhammed Kutb-şahi"-de şeýle ýazylýar: "Hatda Ýakup Hasan öz münejjimlerine Soltangulynyñ täleýnamasyny hem düzmegi buýurdy. Şonda olar onuñ geljekde hökümdar boljakdygyny aýtdylar. Şygyr: Bu Yrak soltanlygyndanl däl, Hindistanda bolar". Emma, öz münejjimlerine müñkür bolan Emir Ýakup Soltangulyny ýok etmegi ýüregine düwýär. Bu ýowuz habary eşiden Öwezguly öz oglunyñ janyny aman gutarmak üçin ony öz dogany Allaguly bilen Hindistana ugradýar. Käbir möwritnamaçylar olaryñ Hindistana iki gezek gelip gidenligini ýazýarlar. Şirwanynyñ aýtmagyna görä, ilkinji syýahat Demirgazyk Hindistana bolupdyr. Şirwany "Hindistanyñ demirgazygyny ýaşamak üçin amatsy tapyp, öýlerine gaýdyp geldiler" diýip ýazýar. Onuñ pikiriçe, ikinji gezek Hindistanyñ günortasyna, Dekana sapar edilýär. Olar bu ýeriñ Hindistanyń beýleki ýerlerinden has amatlydygyny görýärler. Ýöne biziñ pikirimizçe, hakykata has golaý maglumat "Tarihi Muhammed Kutb-şahi" ýazgysynda, hut Soltangulynyñ öz agzyndan berilýär: "Öz taýpamyzyñ Akgoýunly döwletine boýun egen pursatyndan soñ, men öz ýurdumy häli çagakam, daýym Emir Allaguly bilen bilelikde taşlamaly hem Hindistana - Dekana gitmeli boldum. Bu ýerde biraz wagt bolup, men öz kakamyñ ýanyna - Hemedana dolanyp bardym, ýöne Bahmanylar köşgündäki hezillikli durmuş mende şeýle bir täsir galdyrdy welin, göwnüme men Dekan we Hindistan hakynda öñem hemişe arzuw edip gezen ýalydym". Soltangulynyñ Hindistana ikinji sapary Ýezdiñ üstünden geçýär, ol bu ýerde özüniñ "Ýakyn garyndaşy hem ruhy halypasy Nureddin Nygmatulla bilen duşuşýar". Bu keramatly weli kişi Soltangulyñ täleýnamasyny tassyklaýar: "Eý, balam, göwnüñi giñ tut, çünki, seniñ tutan ýoluñ dürsdür. Ähli arzuwyñ hasyl bolar. Çünki, Alla saña we seniñ perzentleriñe Hindistanyñ ülkeleriniñ birini eçilýär". Ol şeýle diýip Soltangula birnäçe altyn teññeleri berýär: "Bu bagtyñ gözbaşydyr, indem özüñ üçin niýetlenen ýurda sary eglenmän ýola düş". Onuñ ak patasyny alyp, Soltanguly öz daýysy bilen ýollaryny dowam edýär. Olar deñizden geçip, Bidaryñ paýtagty - Muhammedabada ýetýärler. Bu sagt Hindistanda Bahmanylar döwletiniñ tagtyna Mahmyt şa çykypdy, bularyñ duşuşygy "Tarihi Muhammed Kutb Şahi"-de beýan edilýär. Soltangulynyñ Bahmanylar döwletine gullukda durmagy we ýokary derejelere ýetmegi Mahmytşa döwründe bolup geçýär. Emma bu wagta çenli, onuñ aýdyşy ýaly, 20 ýaşan Soltanguly: "bärde özüm üçin oñat wezipelere ýetip biljekdigimi duýamsoñ... men onuñ Aly hezretlerine gulluk etmegi ýüregime düwdüm" diýip ýazýar. Bu sözleri eşiden Allaguly ony Mahmyt şa Bahmanynyñ köşgünde goýup, öýüne dolanýar. Soltangulyy ilkibaşda hökümdaryñ hususy goragyna gulluga alýarlar, soñ Feriştanyñ habat bermegine görä, ol "jemgyýetçilik edaralarynyñ birine kätip edilip bellenýär". "Tarih-i Muhammet Kutb şahi"-de Soltangulynyñ ýokary wezipelere galşynyñ taryhy beýan edilýär. Emma, Şirwanynyñ ýazyşy ýaly, bu maglumat ynandyryjy däldir. Bu maglumata görä "hökümdar bir gün köp sanly wezir-wekillerini, janpenalaryny ýanyna alyp awa-şikara gitdi. Hökümdaryñ ýakyn hemşerileriniñ awy az bolup, Soltanguly kän aw awlansoñ, hökümdaryñ oña syny düşdi. Haçanda olar paýtagta dolanyp gelende, hökümdar Soltangula altyn-zerli we agyzdyrykly 150 sany arap, türk we yrak atlaryny sowgat berdi. Munuñ yzysüre oña Howas han we Jagir Karangal derejesini berdi". Bize Soltangulynyñ Kutb al-Mülk derejesini almazyndan öñ ony Howas Han Hemedany diýip tanandyklary belli. Ýöne Şirwany ýokarky maglumaty gümürtik hasap edýär, onuñ pikiriçe, Soltangulynyñ Bahmanylar döwletinde ýokary gulluk wezipelere ýetmegi diñe bir wakanyñ netijesinde däl-de, uzak ýyllaryñ dowamynda bolup geçdi we "onuñ hökümdaryñ öñündäki köp sanly hyzmatlary bilen artdy". Ferişta Soltangulynyñ ýokary gulluk wezipelere ýetişiniñ taryhyny başga bir kesgitli däl arabaglanyşykdaky şekilde gürrüñ berýär. Ol Soltangulyny hökümdaryñ maşgalasynyñ agzalaru bilen ýakyn gatnaşykda bolan gul sypatynda suratlandyrýar. Soltanguly matematikadan gowy başyy çykýan sap ýürek adam hökmünde köşkdäki zenanlaryñ uly hormatyna eýe bolýar. Aýallar oña öz pullaryny we hat-peteklerini ynanypdyrlar. Şol wagtda patyşalyk ilatyñ gün-güzeranynyñ peselmegi zerarly salgytlary ýygnamakda çynlakaý kynçylyk çekýärdi. Ülkelerde tolgunyşyklar ýüze çykýar, ýollar bolsa täjirlerdir syýahatçylaryñ janyna we emlägine uly howp salýan ogrudyr garakçylardan doludy. Tolgunyşyklaryñ merkezi Telingandy, patyşa ol ýere gozgalañçylary köşeşdirmek üçin 3-4 müñ adamdan ybarat nöker ýollarýar. Hökümdaryñ niýetini eşiden Soltanguly köşk hanymynyñ üsti bilen özüjiñ bu harby topara ýolbaşçy bellenilmegini haýyş edýär. Onuñ haýyku kanagatlandyrylýar we ol ýurdy ogrulardan we talañçylardan arassalap, hökümdaryñ göwnünden turýar. Bu bitiren hyzmaty onuñ Şihabuddin Mahmydyñ ýakyn ynamdar adamlarynyñ biri bolmagyna sebäp bolýar. Ýöne çeşmelerde Soltangulynyñ ady Hindistan wakalarynda ilkinji gezek 08.12.1487 ý. diýen sene bilen baglylykda agzalýar. Ol şonda afakiler toparynyñ baştutany hökmünde Düýekany (musulman feodallar - Hindistana öñ göçüp baranlaryñ nesilleri) dildüwşügi wagtynda Mahmytşa Bahmanynyñ janyny halas edipdir, Mahmytşa oña bu hyzmaty üçin Mälik Kutb al-Mülk derejesini berýär we ikinji ministr edip belleýär. Soñraklar Goanyñ hökümdary Bahadur Gilýanynyñ garşysyna guralan gündogar söweşinde ol Mahmytşa wepalylygy üçin Soltanguly Emir al-Umar derejesini alýar we Telinganyñ hem Golkond fortunyñ (1496) hökümdary edilip bellenýär. Çeşmeleriñ güwä geçmegine görä, Soltanguly hut şol wagtdan soñ bu ülkeleri özbaşdak dolandyryp başlaýar. Emma onuñ haýsy sebäplere görä öz garaşsyzlygyny yglan etmändigi we Soltan Şihabuddin bilen gatnaşyklaryny kesmändigi näbelli bolmagynda galýar. "Hatda soltanlyk derejesine ýetensoñam, ol her ýyl Bidara - Mahmyt şa Bahmanä gymmatbahaly sowgatlar ýollaýardy" diýip Ferişta ýazýar. Golkondyñ taryhçylary bolsa Kutb al-Mülküñ öz Garaşsyzlygyny diñe Soltan Mahmyt Bahmaniniñ ölüminden soñ jar edendigini ýazýarlar. "Tarih-i Muhammed Kutb şah"-a görä, Bahmanylar soltany 1506-njy ýylda aradan çykýar we Kutb al-Mülk şondan 6 ýyldan soñ öz garaşsyzlygyny yglan edýär. Eger şundan ugur alsak, ondan garaşsyzlygyñ yglan edilen senesi 1512-nji ýyla gabat gelýär. Ýöne S.Nakwi "Tarih-i Kutbia"-da: "Soltan Mahmyt 1518-nji ýylda aradan çykdy we Kutb al-Mülk öz garaşsyzlygyny hut şol ýyl yglan etdi" diýlip ýazylandygyny hem aýdýar. Muna Golkondyñ Masjidi-Safa türbetindäki (mawzoleýindäki) ýazgy hem güwä geçýär. Mawzoleý Kutb al-Mülk tarapyndan 1518-nji ýylda - Soltan Mahmydyñ aradan çykan ýylynda gurlupdyr. Türbetdäki ýazgyda "Bu türbet Mahmyt şa Bahmanynyñ hökümdarlyk eden wagtynda Soltanguly Kutb al-Mülk tarapyndan guruldy" diýen sözler bar. Şirwany bu ýazga esaslanyp, Kutb al-Mülküñ hiç haçan, hatda 1518-nji Mahmyt şa Bahmanynyñ aradan çykan ýylynda-da özüni patyşa diýip yglan etmändigini ýazýar. Emma "Tarih-i Muhammed Kutb şahi"-iniñ birnäçe böleklerini terjime eden J.Briggs şeýle ýazýar: "Dekan taryhçylarynyñ köpüsi haçan-da Soltanguly Kutb al-Mülk Muhammednagar şäheriniñ düýbüni tutanda, Bijapuryñ hökümdary Adyl hem, Ahmednagarly Nyzam al-Mülk ýaly beýleki ähli hökümdarlar özlerini patyşa diýip yglan edenlerinde, onuñ döwletiniñ harby baştutanlary oña tagta çykmagy we özüni Telinganyñ patyşasy diýip jar etmegini maslahat berdiler... Olar oña Ýusup Adyl şa we Ahmet Nyzam şa tarapyndan ýollanan şeýle mazmunly hatlaryñ birnäçesini getirip görkezdiler, şondan soñ tagta çykmaga razylaşdy... we öz tabynlygyndaky ähli ýerdäki jemgyýetçilik ybadathanalarda 12 ymamyñ ady tutulmaly diýip kanun çykardy. Ol Soltanguly Kutb-şa diýen dereje bilen patyşa diýlip yglan edildi". Tagt başyna geçip, Soltanguly hindi däp-dessurlarynyñ tersine, köşkde öz däplerini girizýär. Häkimiýeti bolsa öz ildeşlerinden düzýär. Mundan başga-da, ol Yslamy döwlet dini diýip yglan edýär. Soñ Soltangulynyñ ähli mirasdüşerleri hem şu ugry bozmandyrlar. Hindiler bilen gatnaşykda Soltanguly ylalaşykly syýasaty alyp barypdyr. Soltanguly Kutb al-Mülk ýurdy uzak wagtlap üstünlikli dolandyrypdyr we 1543-nji ýylda, taryhy maglumatlara görä, öz ogly Jemşidiñ hakyna tutan guly tarapyndan öldürilýär. Jemşit öz kakasynyñ tagtyna eýe bolmagy öñden bäri arzuw edýän eken. Soltanguly diñe bir ajaýyp harby serkerde we uzakdan görüji döwlet işgäri bolman, ol şahyrana ylhamyñ hem eýesi eken. Ol Golkondda XVI asyrda özüniñ ilkinji edebi dilindäki şekilini taman dolni dilinde ýazypdyr. Dahni dili, megerem, döwletiñ hindi musulman ilatlarynyñ arasyndaky ilatlarynuñ arasyndaky ýygjam gatnaşyklaryñ netijesinde döräp, soñ kutbşalar neberesiniñ ähli hökümdarlarynyñ ýazan edebi diline öwrülen bolsa gerek. Bilbil BABAÝEWA. # turkmensesi_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |