15:58 Şowly ýyl bolsun! / satiriki hekaýa | |
ŞOWLY ÝYL BOLSUN!
Satiriki hekaýalar
Hoşlaşýan ýylymyzyñ iñ soñkuja günüdi. Ýok, iñ soñkuja sagatlarydy. Çagalarym iñirdäp halys gulak etimi guratdy. - Kaka, ähli kişiñ öýünde Täze ýyl ýolkasy bar how. Bizem alaýalyñ-la... - Wah-eý, sözüñizi zaýalap näme etjek. Hudaý diýiñ-de oturyñ, kakañyzdan agzyñyz ýagjarasy ýok - diýip, keýwanym tosañ-tosañ etdi. Gulagyñdan iglemek agyr keselmiş diýýärler. Baga bakylýan öküz ýaly, törde gölerilip ýatmaýyn-da, çykaýyn, ýolkañ gözlegine. Walla, şäheri elek-soky etdim. Elime ilen zat bolmady. Be, näme etsemkäm? Ýa ýüzümi garañka tutup ýoluñ gyrasyna ekilen ýolkalañ birini çiläýsem näderkä?! Aý, ýok, birden ýöne täze ýyly gözenegiñ añyrsynda garşylamaly bolaýmasyn. Pälimden el çekip, kimdir birinden haraý gözleýän ýaly garanjaklap töweregime seretdim. O-ho, han-ha bir-ä eli ýolkaly hasanaklap gelýär. Ylgap öñünden çykdym. Salamdan öñürti sorag berdim. - Nireden aldyñyz? Ol gaty sypaýyçylykly adam eken. Ýylgyryp gürledi. - Inim, birinjiden-ä, ýetip gelýän Täze ýylyñyz gutly bolsun! Ikiniidenem, siziñ o soragyñyz ogra berilýändir. Han-ha, ho ýerde, gutaran bolaýmasa, satylyp dur - diýip, ol elini gündogara tarap salgady. Etek alty, ýeñ ýedi, eñdim şo tarapa. Men öz gözüme-de ynanmadym. Maşynyñ üstünde berlip dur. Saýlap aldym, goçagragynyñ birini. Özüñiz bilýäñiz, gyşyñ güni ir garañky düşýär. Duralga baranymda iñrik mazaly garalypdy. Wah, öz başyña ulagyñ bolmasa kyn-da. Täze ýyl üçin alan ýolkamy döwmänjik öýe bir eltip bilsem. Bar aladam şo boldy. Häzir, ynha, öýe bararyn welin, çagajyklarym boýnuma böküp gujaklarlar, begenşerler. Indi kän garaşdyrman çaltrajyk awtobus bir gelse. Gözümi dikip ýoluna garadym. Göwnüme bolmasa duralgada duran adamlaryñ ho iki çetkisi meniñ gybatymy edýän ýalydy. - Be, bi bendäñ çagasy indiden soñ ýolka bezäp, haçan täze ýyly garşylajakka? - Aý, onam diýme, entek tutuş bäş sagat dagy bar, ýetişer. Olaryñ gepine gulak gabardyp durşuma, sagadyma seretdim. Dogrudan hem, eýýäm ýedi bolaýypdyr. Howlukmaly. Taksi tutaýyn diýsenen ýagdaýym ýabygorlurak. Jübim efil bilbiliñ ketegi ýaly, ap-arassaja. Awtobusa garaşmakdan başga alaç ýok. Ýoluna seredip, boýnum üzülip gitdi. Ahyry geldi-aý. Gör, nähili hezillik, içinde kän bir adamam ýok. Gözüm ýok ýaly, girdim süssürlip. Şofýor eline mikrofonyny aldy-da: - Hormatly ýolagçylar! Täze ýylyñyz mübärek bolsun! Bagyşlañ, men siziñ keýpiñizi gaçyrmaly boljak. Awtobus arakesmä çykýar. Hemmejäñiziñ düşmegiñizi towakga edýärin - diýip, ýüzüni kese-kese sowdy. Be, bi nähili boldy-aý. Arakesmä çykjak bolsañ başga wagt tapan dälsiñ. O-da bir bahanadyr-la, kireý etjekdir. Hüñürdäp düşdüm maşyndan. Pyýadalap gitmäge-de ýol uzak, öýüm bäri-bärde däl. Onsoñam, dogrusyny aýdaýyn, garañkyñ içinde ýöräp gitmäge çekinmänem duramok. Onda o bolupdyr, munda bu bolupdyr diýen gulaga ýakymsyz gürrüñ häli-şindi eşidilip dur. Birden biri depäme berip, elimdäki ýolkamy alyp gidiberse näderin. Ölüp ýatanda-da, geçip barýanlardan-a haraý gözlemeli däl, her kim görmedik bolup gidiberýä. Howlugyp içimi it ýyrtyp barýardy. Zol sagadyma seredýän. Bir zada garaşsañ wagt geçmeýän ýaly bolýa diýýärler welin, şu wagt meniñ sagadymyñ-a edil yzyndan ýagy gelýän ýaly. Aýamyñ aşagyna gor guýlan dek, zowzanaklap bir ýerde durup bilmedim. Öñem awtobusyñ gelmänine içim ýanyp dur welin, ýeri, ýeksurunlaryñky näme diýsene. Iki sany ýetişen pyýada üstüme sürnüp başlady. - Bi ýolkany, näme, ekmäge alyp barýañmy? - Pahan, täze ýyly bir hepde yza süýşürdiler, habaryñ barmy? "Ýamandan boýuñy satyn al" diýlen nakyla eýerip, sesimi çykarman adamlaryñ gürmegine girdim. Onýança-da bir trolleýbus gelip saklandy. Aý, nirä gitse şoña gitsin-le, şu ýerden bir üýtgäýin. Ýañky maşyna münüp, bary-ýogy ýekeje duralga geçdim. Ýene-de gözümi dikip öz marşrutyma garaşdym. Ahyry geldi-aý, gelmän geçen. Yzdaky oturgyçlaryñ birinde joñkardym. Bu zatlaram meniñ bagtymadyr, içiñi ýakaýyn diýen ýaly, ýañky awtobus gara görnen ýerinde duryberýär. Ine, ýarylyp ölýän bolsañ, tarkylda-da ýatyber. Şofýor keýpime sogan dogrady. - Ýoldaşlar, ýoly gazypdyrlar. Şundan añryk gidip biljek däl, düşüñ. Al, bi ýol gazýanlañ ýeteşiklidigin-aý. Ýoly gömüp ony asfaltlaýanlaram şeýle çalasyn bolaýsa! Häli geçemde-de beýle-beýle zatlar ýokdy. Gargynjyrap düşdüm, awtobusdan. Etjek alajyñ ýok, galan ýoly paý-pyýada geçmeli boldum Gapymyzyñ düwmesini basanymdan, daşarda tüpeñ sesi eşidildi. Diýmek, adamlar täze ýyly garşylaýarlar. Işik açylaryna mähetdel, girdim kürsäp. Aýalym boýurganyp boýnumdan aslyşdy. Muşakgat ýagdyryp başlady. - Wah, özüñ sag-aman gelseñ, ýolkadan elli bizar geçdik. Çagajyklam atasyz galarmykan öýdüp gara janym galmady. Şuwat Aýaz babañ ýoluna bir tamdyr çörek aýdyp otyrdym... Dogrusy, men aýalymdan beýle hoşamaýlyga garaşmandym. "Öten ýylky gidişiñ, getireniñem şujagaz ýolkamy?" diýip gygyrar öýtdüm. Sataşalym bäri onuñ agzyndan şular ýaly ýyly söz çykmandy ahyry. Görýän welin, täze ýyl şowly başlanýar öýdýän. Hernä, şeýle bolsun-da! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |